Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýyla at bermek we onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy

01.11.2025, 19:0816,430

31-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda her ýyly döwrebap atlandyrmak boýunça ýylyň şygarynyň yglan edilýändigini we nyşanyň kabul edilýändigini aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýüzlenip, deputatlaryň halkymyz bilen maslahatlaşyp, täze, 2026-njy ýyla at bermek hem-de onuň nyşanyny kesgitlemek boýunça degişli teklipleri taýýarlamalydygyna ünsi çekdi.
Belläp geçsek, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”, 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly" diýlip yglan edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.