Saýlanan şäher
28 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Habarlar
Baş sahypa
/
Habarlar
19.07.2025 12:55
5.9k+
“Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli saglygy goraýyş işgärlerine sowgatlar gowşurylar
Türkmenistanda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. 18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa şanly sene mynasybetli türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Türkmenistanyň Prezidentini gutlady
19.07.2025 12:51
6k+
Hökümet mejlisinde awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada aýdyldy
18-nji iýulda Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa awgust aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, geljek aýda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli maslahatlary, brifingleri, döredijilik duşuşyklaryny, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar
19.07.2025 12:49
5.9k+
Serdar Berdimuhamedow «Türkmenhimiýa» DK-nyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça teklibi goldady
18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň oba hojalyk pudagy üçin mineral dökünleri öndürýän zawodlarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça zerur çäreler görülýär
19.07.2025 12:45
11k+
Serdar Berdimuhamedow TNGIZT-niň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasynyň işine badalga berdi
18-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly göni aragatnaşykda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň nebit we nebit önümleri guýulýan üçünji gämi duralgasyny işe girizmäge ak pata berdi
19.07.2025 12:04
13k+
Türkmenistan Ýadro ýaragyny gadagan etmek baradaky şertnama goşulmagy meýilleşdirýär
18-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow howpsuzlyk meselelerinde halkara guramalar bilen ýurdumyzyň hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi
19.07.2025 11:59
2.7k+
Türkmenistan Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Konwensiýasyna we Ylalaşygyna goşulyşar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň Salgyt meseleleri boýunça özara administratiw kömegi bermek hakynda Konwensiýa hem-de Ygtyýarly taraplaryň maliýe hasaplar boýunça maglumatlaryny awtomatik alyşmagy hakynda köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmagy barada taýýarlanan teklibi makullady
19.07.2025 07:51
21k+
«Türkmenistan» awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi
"Türkmenistan" awiakompaniýasy içerki gatnawlarynyň tertibini täzeledi. Täze tertip 2025-nji ýylyň 25-nji iýulyndan hereket edip başlar. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär. 2025-nji ýylyň
19.07.2025 07:29
16k+
Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnama tassyklanyldy
«Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça 2025 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy
19.07.2025 07:26
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Tailanddaky ilçisini belledi
18-nji iýulda Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Badyýewiç Maşalowy, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi
19.07.2025 07:16
6.9k+
“Tokio driftinden” mämişi-gara Mazda RX-7 1,2 mln dollara satyldy
“The Fast and the Furious: Tokyo Drift” (Тройной форсаж: Токийский дрифт) filminden meşhur Mazda RX-7 Gudwuddaky Tizlik festiwalynyň çäklerinde geçirilen Bonhams auksionynda satyldy. Ahyrky baha 911 müň funt sterling – takmynan, 1,2 mln dollar boldy
19.07.2025 07:11
5.2k+
QS talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäherini saýlady – birinji orunda Seul
Quacquarelli Symonds (QS) analitik agentligi talyplar üçin dünýäniň iň gowy 150 şäheriniň ýyllyk reýtingini hödürledi. Birinji orny iň ýokary 100 baly alan Seul eýeledi. QS Best Student Cities reýtingine girmek üçin şäher ilatynyň azyndan 250 müň adam bolmagyny we global QS reýtingine girýän azyndan iki uniwersitetiniň bolmagyny göz öňünde tutýan talaplara laýyk gelmeli
19.07.2025 07:03
7.5k+
Nokia-nyň eýesi DeepSeek-li düwmeli telefonlary çykardy. Ol emeli aňy nädip ulanmalydygyny düşündirýär
Nokia brendine eýeçilik edýän HMD kompaniýasy DeepSeek EA modeliniň esasynda sesli çat-bot bilen HMD 101 we HMD 102 düwmeli telefonlaryny çykardy. Olar, ilkinji nobatda, gartaşan ulanyjylar üçin niýetlenýär. Telefonlaryň esasy aýratynlygy ses kömekçisini çagyrýan merkezi “AI” düwmesi boldy
19.07.2025 07:00
6.1k+
Coca-Cola ABŞ-da mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalşar
Coca-Cola kompaniýasy amerikan bazary üçin öndürýän içgisiniň düzümini üýtgetmäge razy boldy. Bu barada 16-njy iýulda ABŞ-nyň Prezidenti Donalt Tramp öz Truth Social sosial ulgamynda habar berdi. Ak tamyň ýolbaşçysy kompaniýanyň ýolbaşçylygyna ýokary fruktoza düzümli mekgejöwen şiresini tebigy çiňrik şekeri bilen çalyşmagy teklip edendigini aýtdy
19.07.2025 06:57
4.6k+
Adidas 3D çap krossowkalarynyň giň köpçülik üçin niýetlenen görnüşini çykardy
Adidas kompaniýasy Climacool Laced 3D çap krossowkalarynyň täzelenen modelini hödürledi. Ol has giň köpçülik üçin niýetlenýär diýip, The Verge ýazýar. Aýakgap 3D çap usuly bilen taýýarlanan gözenekli gurluşyny saklady, ýöne başga materiallardan klassyky aýakgap diline we bagjygyna eýe boldy
19.07.2025 06:53
2.9k+
Pixar täze “Bökegenler” multfilminiň tizer-treýlerini çykardy
Pixar studiýasynyň YouTube kanalynda “Bökegenler” (“Hoppers”) animasion filminiň tizer-treýleri hödürlendi. Multfilmiň 2026-njy ýylyň 6-njy martynda çykmagyna garaşylýar. Sýužet täze oýlap tapyşyň kömegi bilen öz aňyny mehaniki samyra oturdýan Meýbl atly gyz barada gürrüň berýär
19.07.2025 06:43
7.5k+
Müşderiniň islegi bilen 2 mln dollarlyk Pagani giperkary “haraplanan” görnüşde reňklediler
Pagani Automobili kompaniýasy Utopia giperkarynyň ýörite sargyt boýunça döredilen özboluşly aýratynlyklary bolan wersiýasyny çykardy. The Coyote atly nusga üýtgeşik bezegi bilen tapawutlanýar – onuň kuzowynda “Le-Manyň 24 sagady” ýaly çydamlylyk ýaryşlaryna gatnaşan, haraplanan ýaly edip görkezýän ýörite çyzyklar we sypjyryklar bar
19.07.2025 06:37
1.7k+
Raýan Gosling we Uill Ferrell “Bet oglanlar” ekşn-komediýasynda düşer
Raýan Gosling we Uill Ferrell täze “Bet oglanlar” (“Tough Guys”) ekşn-komediýasyna gatnaşar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, film Amazon MGM Studios tarapyndan çykarylar. Sýužet jenaýat işlerinde ulanylyp, taşlanmakdan bizar bolan iki ýoldaş barada gürrüň berer
19.07.2025 06:36
9.2k+
Beýik Britaniýada üç adamdan alnan DNK-den sekiz çaga dünýä indi
Beýik Britaniýada nesil yzarlaýan agyr keseliň öňüni almak boýunça synag işleriniň çäklerinde üç adamyň DNK-synden sekiz sagdyn çaga dünýä indi. Lukmançylyk öňegidişligi barada Sky News we The Guardian habar berdi
19.07.2025 06:33
4.5k+
Mitsubishi maşgala we syýahat üçin ýedi orunlyk Destinator krossowerini döretdi
Mitsubishi kompaniýasy ýedi orunlyk täze Destinator krossowerini hödürledi. Tanyşdyryş Indoneziýadaky GAIKINDO halkara awtoulag sergi jaýynda geçirildi. Bu model Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň we Afrikanyň bazarlary üçin niýetlenendir we uly maşgalalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin işlenip taýýarlandy
19.07.2025 06:28
3k+
Mersedes-Benz awtoulag hereketdekä wideo jaňlary etmäge rugsat berer
Mersedes-Benz kompaniýasy Microsoft Teams-iň üsti bilen awtoulagy togtatmazdan, wideo jaňlary etmäge mümkinçilik berýän funksiýanyň girizilendigini habar berdi. Bu täzelik nemes awtoulag öndürijisini ulag hereketdekä wideo jaňlary etmek üçin oturdylan kamera bilen ilkinji bolup üpjün edýän öndürijä öwürýär
18.07.2025 23:58
10k+
Lawa derýalary we iki kilometrlik jaýryklar: Islandiýada uly wulkan atylmasy bolup geçdi
16-njy iýulda Islandiýanyň günorta-günbataryndaky Reýkýanes ýarym adasynda Sundhnukur wulkany atyldy. Bu ýarym adada ozal 800 ýyllap ýatan wulkanlaryň 2021-nji ýyldan bäri 12-nji atylyşy boldy. Ýokaryk böwsülip çykan lawa uly jaýrygy emele getirip, üç inedördül kilometrden gowrak ýere akdy
18.07.2025 19:22
4.1k+
“Lilo we Stiç” 2025-nji ýylyň 1 mlrd kassa ýygymyna ýeten ilkinji golliwud filmi boldy
“Lilo we Stiç” multfilminiň kinoremeýki dünýä prokatynda 1 mlrd dollar ýygnap, 2025-nji ýylda şeýle netijä ýeten ilkinji golliwud filmi boldy. Variety neşiriniň habar bermegine görä, film Demirgazyk Amerikada 416 mln dollar we halkara bazarlarynda 584 mln dollar gazandy
18.07.2025 19:21
5.4k+
Täzelenen Kia Sorento täze opsiýalary aldy, has "akylly" we ygtybarly ulaga öwrüldi
Kia kompaniýasy Günorta Koreýada täzelenen 2026 Sorento krossoweri bilen tanyşdyrdy. Indi modeliň esasy toplumy Lane Keeping Assist 2 we ruluň tutawajyny dolandyrmak ulgamlaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, sürüjä giňeldilen kömek funksiýalary ulagyň ähli wersiýalarynda elýeterli boldy
18.07.2025 12:59
10k+
Hytaýyň Hebeý welaýatynda gös-göni balyk howuzlarynyň üstünde Gün fermasy işe girizildi
Pekiniň Dajin Heavy Industry kompaniýasy Hebeý welaýatynyň Tanşan şäherinde özboluşly energetika desgasyny işe girizdi. Taslama 250 megawattlyk Gün elektrik stansiýasyny balyk hojalygy bilen utgaşdyrýar. 353 gektar meýdanda 370 000 sany ikitaraplaýyn Gün panelleri işläp başlady
18.07.2025 12:35
6.3k+
Xiaomi-niň, Redmi-niň и POCO-nyň 31 modeli Android 16-ny almaz
Xiaomi kompaniýasy Android 16-a çenli täzelenmäni almajak 31 sany smartfon modeliniň sanawyny çap etdi. Bu enjamlar funksiýalar toplumy çäkli bolan Android 15-e esaslanýan täze HyperOS 3 programma üpjünçiligi bilen täzelener
18.07.2025 12:31
2.3k+
Hyundai öz awtoulaglarynyň nawigasiýasyna Google Places hyzmatyny ornaşdyrdy
Hyundai ccNC multimediýa ulgamyna Google Places hyzmatyny birleşdirdi. Täzelenme häzirki wagtda Konany hem öz içine almak bilen, Santa Fe-niň we Tucson-nyň täze nesilleri, şeýle hem Ioniq 5, Ioniq 5 N we geljekki Ioniq 9 ýaly iň täze programma üpjünçiligi bolan modeller üçin elýeterlidir
18.07.2025 12:27
10k+
iPhone 17 täze A19 prosessoryny alar
Apple iPhone 17-niň esasy modelini täze A19 prosessory bilen enjamlaşdyrar. Bu barada insaýder we GF Securities-iň analitigi Jeff Pu habar berdi. Täze önümiň 2025-nji ýylyň ahyrynda çykarylmagyna garaşylýar. Punyň berýän maglumatyna görä, enjamyň adaty wersiýasy geçen ýylky modeline meňzeş 8 RAM göwrümini saklap galar
18.07.2025 12:20
8.2k+
Nissan elektrik awtoulaglarynyň ýerine täze ramly ulaglary çykarar
Nissan ABŞ-nyň Missisipi ştatynyň Kanton şäherindäki zawodynda elektrik ulaglarynyň önümçiligini bes edip, birbada birnäçe ramly modeliň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa elektrikli awtoulaglara bolan gyzyklanmanyň azalmagy, täze gümrük paçlarynyň girizilmegi we ABŞ-da elektrik awtoulaglaryny satyn almak üçin subsidiýalaryň ýatyrylmagy sebäpli strategiýasyny üýtgetmek kararyna geldi
18.07.2025 12:15
6.1k+
Toksuz ýagty saçýan ýanýoda örtüginiň täze düzümi döredildi
Gije pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynyň howpsuzlygyny ýokarlandyrmak üçin luminoforly örtükler - ýagtylyk ýygnanandan soň ýagty saçýan maddalar has köp ulanylýar. Şeýle örtükler welosiped ýollarynda, awtoulag duralgalarynda we pyýadalaryň ýöreýän zolaklarynda ulanylýar
18.07.2025 12:10
3.3k+
Zebra balyklary alymlara adamda eşidişi nädip dikeltmelidigine düşünmäge kömek edýär
Amerikaly biologlar sesleriň kabul edilişine jogapkär duýgur öýjükleriň dikeldilmegine gözegçilik edýän genleri tapdylar. Bu adamlarda kerrewligi we kerligi bejermegiň usullaryny işläp düzmäge kömek edip biler diýip, Stouers lukmançylyk barlag institutynyň (SIMR) metbugat gullugy habar berdi
18.07.2025 10:56
9.9k+
Adamlaryň ChatGPT-den köplenç näme soraýandyklary belli boldy
Sensor Tower analitik platformanyň berýän maglumatlaryna görä, ChatGPT-niň ulanyjylary, köplenç, çat-bot bilen programma kodunyň işlenip düzülişi boýunça habarlaşýarlar - bu kategoriýa ähli ýüz tutmalaryň 29%-ini düzýär
18.07.2025 10:37
4.4k+
Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
Başgyrdystandaky Şulgan-Taş gowagy (Kapowa gowagy hem diýilýär) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu karar Parižde geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 47-nji mejlisinde kabul edildi. Gowak ýene-de 25 sany beýleki medeni ýadygärlikler bilen bilelikde sanawyň üstüni ýetirdi
18.07.2025 07:36
22k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna garabag tohumyndan bolan bedew sowgat berildi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Jydyr düzüne bardylar. Jydyr düzi Şuşa şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almak üçin iň meşhur künjekleriniň biri bolupdyr
18.07.2025 07:28
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň öý-muzeýine we Göwher Aga metjidine baryp gördi
17-nji iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýew bilen bilelikde Azerbaýjanyň meşhur opera aýdymçysy Bülbüliň Şuşadaky öý-muzeýine baryp gördi
18.07.2025 07:18
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi
17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady
18.07.2025 06:54
8.3k+
Renault Fransiýanyň Prezidenti üçin sowutlanan krossower döretdi
Renault kompaniýasy Rafale Hyper Hybrid E-Tech krossoweriniň Fransiýanyň Prezidenti üçin döredilen ýörite görnüşini hödürledi. Awtomobiliň ýeke-täk nusgasy sowutlanan kuzowa, uzaldylan teker bazasyna we aýratyn bezege eýe boldy
18.07.2025 06:51
6.4k+
Federiko Walwerde 2024/25 möwsüminde meýdançada iň köp wagt geçiren futbolçy boldy
Federiko Walwerde geçen möwsümiň iň köp hereket eden oýunçysy boldy. Madridiň “Realynyň” we Urugwaýyň milli ýygyndysynyň oýunçysy meýdançada 72 oýunda 6116 minut sarp etdi. Ikinji orunda “Mançester Ýunaýtediň” we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş ýerleşdi
18.07.2025 06:49
6.4k+
Futbol boýunça DÇ-2026 üçin petek satuwy 10-njy sentýabrda başlar
FIFA 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin petek satuwynyň ilkinji tapgyrynyň 2025-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda başlajakdygyny habar berdi. Şol günden başlap janköýerler petek satyn almak üçin ýüz tutup biler
18.07.2025 06:48
2.8k+
Hytaý “Týangun” orbital stansiýasyna rekord 6,5 tonna ýük iberdi
Hytaýyň kosmos agentligi (CNSA) “Týangun” orbital stansiýasyna “Týançžou-9” ýük gämisini rekord 6,5 tonna agyrlykdaky ýük bilen üstünlikli iberdi. Bu öňki ýük missiýalaryndan 100 kg köpdür. Taýkonawtlara azyk, tejribe üçin enjamlar we materiallar iberildi
18.07.2025 06:46
1.8k+
Android bilen ChromeOS smartfonlar, planşetler we noutbuklar üçin bir OS-a birleşdiriler
Google kompaniýasy Android we ChromeOS ulgamlarynyň esasynda bir umumy operasion ulgamyň işlenip taýýarlanýandygyny resmi taýdan tassyklady. Maglumaty Android ekoulgamynyň prezidenti Samir Samat tassyklady. Ulgamlary birleşdirmek boýunça işler eýýäm birnäçe ýyl bäri alnyp barylýar
«
1
…
233
234
235
…
1118
»
«
1
…
230
231
232
233
234
235
236
237
238
…
1118
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.