Ronaldu klublaýyn derejede 800 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy

19.10.2025, 17:388,288

Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu futbol taryhynda klublaýyn derejede 800 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. 40 ýaşly portugaliýaly oýunçy bu ýubileý goluny Saud Arabystanynyň çempionatynyň 5-nji tapgyrynda «Al-Fateh» toparyna garşy oýunda geçirdi. Duşuşyk «Al-Nasr» toparynyň 5:1 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy.

Karýerasynyň dowamynda Ronaldu:

  • 450 goly Madridiň «Real» toparynda,
  • 145 goly «Mançester Ýunaýted» toparynda,
  • 101 goly Turiniň «Ýuwentus» toparynda,
  • 99 goly «Al-Nasr» toparynda geçirdi.

Mundan başga-da, ol Lissabonyň «Sporting» toparynda çykyş eden döwründe 5 gol geçiripdi.
Umuman, Ronałdunyň klublar we milli ýygyndy üçin geçiren gollarynyň sany 949-a ýetdi.
Futbolçynyň saud kluby bilen şertnamasy 2027-nji ýylyň tomsuna çenli dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.