4 noýabr 2026
Ulgama girmek
TMCars News
  • Awtoulaglar
  • Spestehnika
  • Awtoşaýlar
  • Beýleki Bildirişler
  • Biznes Hasaplar
  • Habarlar
TMCars News
TMCars NewsUlgama girmek
Baş sahypaAwtoulaglarAwtoşaýlarBeýleki BildirişlerBiznes HasaplarHabarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim

Habarlar

  1. Baş sahypa
  2. /Habarlar
Filtr

Kategoriýa

  • Ählisi
  • Peýdaly maglumat
  • Syýasat we ykdysadyýet
  • Medeniýet we jemgyýet
  • Ylym we tehnika
  • Bilim
  • Syýahatçylyk
  • Moda we stil
  • Sport
  • Hi-tech
  • Awto
  • Biznes
  • Hadysalar
  • Saglyk
  • Nebit we gaz

Teg

TürkmenistanSerdar Berdimuhamedow«Awaza» milli syýahatçylyk zolagysaglykylymfutbolHytaýABŞfilmler we multfilmlerAwaza sammiti
Türkmen talyplary akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa bardylar
25.09.2025 14:29
5187

Türkmen talyplary akademik alyş-çalyş maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa bardylar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň üç talyby hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Ýaponiýa döwletine gitdiler. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär
Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär
25.09.2025 14:23
2040

Balkandaky döwlet drama teatry TÜRKSOÝ-nyň teatr festiwalyna çykyş edýär

Balkan welaýatyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry III Halkara TÜRКSOÝ teatr festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär. Forum 21–26-njy sentýabrda şu ýyl Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde geçirilýär
iPhone 17 Pro synagdan geçirildi: ony açardan we teňňeden uzakda saklamaly
25.09.2025 14:12
12872

iPhone 17 Pro synagdan geçirildi: ony açardan we teňňeden uzakda saklamaly

JerryRigEverything ady bilen tanalýan YouTube blogeri Zak Nelson bu gezek iPhone 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň berkligini barlady. Täze modellerde Apple titandan ýüz öwrüp, korpusy alýumin böleginden ýasady
Geljekki eplenýän iPhone barada täze maglumatlar belli boldy
25.09.2025 14:06
3621

Geljekki eplenýän iPhone barada täze maglumatlar belli boldy

Ilkinji eplenýän iPhone Apple-iň 2026-njy ýylda hödürlemegi meýilleşdirýän iPhone 18 hatarynda esasy smartfon bolar. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, daşky görnüşi boýunça smartfon goşa iPhone Air-i ýada salar – inçe model ýaly ol hem titan korpusa eýe bolar we açylan görnüşde iň az ýogynlygy saklar
Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika
25.09.2025 14:05
6670

Haýsy ýurtlarda howa menzilleri has köp: infografika

Howa gatnawlary global aragatnaşykda möhüm orun eýeläp, yklymlaryň arasynda söwdany, syýahatçylygy we medeni alyş-çalşygy üpjün edýär. MAG-yň Bütindünýä maglumat kitapçasynyň (The World Factbook) maglumatlarynyň esasynda taýýarlanan infografikada häzirki günde dünýäniň dürli ýurtlarynda näçe howa menziliniň we aerodromlaryň bardygy görkezilýär
Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer
25.09.2025 13:55
3376

Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşdy
25.09.2025 13:51
5471

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-da Şweýsariýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

ABŞ-da BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisiniň geçirilýän günlerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zutter bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy
25.09.2025 13:46
3741

Serdar Berdimuhamedow Awstriýanyň Prezidenti bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellen bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşygyň dowamynda
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy
25.09.2025 13:39
4671

Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidentini Aşgabatda geçiriljek halkara foruma çagyrdy

ABŞ-a iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň Prezidenti Marselo Rebelо de Souza bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler häzirki wagtda hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda atçylyk toplumlaryna baryp gördi
25.09.2025 13:36
9019

Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda atçylyk toplumlaryna baryp gördi

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyna baryp, Garaşsyzlygyň 34 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri we toplumyň döwrebaplaşdyrylyşy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş etdi
25.09.2025 10:01
11687

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde çykyş etdi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisiniň ilkinji gününe gatnaşdy we maksatnamalaýyn çykyş etdi
Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi
24.09.2025 23:51
22257

Bangkokda köçäniň bir bölegi aşak çöküp, uly oý emele geldi

24-nji sentýabrda irden Bangkokyň taryhy böleginde Wajir hassahanasynyň golaýynda uly oý emele geldi. Onuň çuňlugy, takmynan, 50 metre, diametri bolsa 30 metre barabar. Köçäniň bir böleginiň aşak çökmegi netijesinde awtomobiller we elektrik geçiriji liniýalaryň sütünleri ýeriň aşagyna gitdi
iOS 26 ýüzüň hereketi bilen dolandyrmaga we diliňi çykaryp TikTok lentasyny geçirmäge mümkinçilik berýär
24.09.2025 19:02
7018

iOS 26 ýüzüň hereketi bilen dolandyrmaga we diliňi çykaryp TikTok lentasyny geçirmäge mümkinçilik berýär

iOS 26-da gyzykly bir funksiýa peýda boldy – indi smartfonlary ýüzüň hereketi bilen dolandyryp bolýar. TikTok ulanyjylary eýýäm täze mümkinçilikleri barlap gördi we öz täsirleri bilen paýlaşýar. Indi iPhone ýylgyrmak, gaşyňy galdyrmak, agzyňy açmak, gözüňi gyrpmak, burnuňy mürşertmek, dodagyňy bir tarapa süýndürmek we hatda diliňi çykarmak ýaly hereketlere seslenýär
Ankalaýew – Pereýra, Dwalişwili – Sendhagen: UFC 320-niň söweşleriniň sanawy
24.09.2025 18:59
14442

Ankalaýew – Pereýra, Dwalişwili – Sendhagen: UFC 320-niň söweşleriniň sanawy

2025-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda Las-Wegasdaky T-Mobile Arena-da UFC 320 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy söweşlerinde tomaşaçylara ýarym agyr agramda russiýaly çempion Magomed Ankalaýew bilen braziliýaly Aleks Pereýranyň, şeýle-de has ýeňil agramda titulyň eýesi gruziýaly Merab Dwalişwili bilen amerikaly Kori Sendhageniň tutluşyklary garaşýar
Suzuki soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma nyşanyny üýtgetdi
24.09.2025 14:43
3645

Suzuki soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma nyşanyny üýtgetdi

Suzuki ýapon kompaniýasy soňky 22 ýylda ilkinji gezek firma logotipini üýtgetdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat gullugy habar berýär. Üýtgeşmeler düýpgöter bolmady we birbada göze ilmeýär diýen ýaly. Kompaniýanyň bellemegine görä, brendiň tanalýan “S” harpy saklanyp galdy, ýöne ol sanly tehnologiýalaryň eýýamyna gabat gelmek üçin has tekiz boldy
Android üçin Chrome indi web sahypalary podkast görnüşinde gürrüň berip biler
24.09.2025 14:33
1851

Android üçin Chrome indi web sahypalary podkast görnüşinde gürrüň berip biler

Android üçin Google Chrome-da AI bilen işleýän “Audio synlar” (Audio Overviews) atly täze funksiýa peýda boldy. Ol diňe bir web sahypasyny okamak bilen çäklenmän, onuň gysgaça mazmunyny hem döredýär we ony iki sany "esasy podkastyň" arasyndaky gepleşik hökmünde hödürleýär
Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy
24.09.2025 14:29
1719

Windows 11-de Vista-dan bäri ilkinji gezek wideooboýlar peýda boldy

Microsoft Windows 11-e täze mümkinçilikleri goşmagy dowam etdirýär. Ulgamyň iň täze synag ýygnamasynda iş stoly üçin wideooboýlary gurmak funksiýasy peýda boldy. Bu aýratynlyk häzirki wagtda diňe deslapky baha beriş programmasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
Beýik Britaniýada gadymy “arwahly gala” satuwa çykaryldy
24.09.2025 14:23
12498

Beýik Britaniýada gadymy “arwahly gala” satuwa çykaryldy

Beýik Britaniýada XVI asyryň ortasynda gurlan gadymy Danski galasynyň satuwy barada bildiriş peýda boldy. Gala deňziň gyrasyndaky beýik gaýada ýerleşýär we internet ulanyjylary onda arwahlaryň bardygyny aýdýar diýip, The Mirror habar berýär
Volkswagen Porsche-niň elektromobiller bilen bagly meseleleri zerarly 6 milliard dollar ýitirer
24.09.2025 14:16
5588

Volkswagen Porsche-niň elektromobiller bilen bagly meseleleri zerarly 6 milliard dollar ýitirer

Volkswagen Group özüniň golçur kärhanasy bolan Porsche-niň çykarýan elektrik ulaglary sebäpli 2025-nji ýylda ýitgileriniň 5,1 milliard ýewro (takmynan 6 milliard dollar) ýetip biljekdigini duýdurdy. 20-nji sentýabrda Porsche "bazar şertleri sebäpli" täze elektrik ulagynyň önümçiligini ýatyrjakdygyny mälim etdi
"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" ýapon multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasiýa boldy
24.09.2025 14:13
3756

"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" ýapon multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasiýa boldy

"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" («Истребитель демонов: Бесконечная крепость») atly ýapon animasiýa filmi dünýäniň kassa ýygynda 555 million dollar gazanyp, häzirki döwürde iň köp girdeji gazanan anime filmine öwrüldi
Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlandy
24.09.2025 13:22
3547

Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlandy

Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň täze prezidenti wezipesine bellendi diýip, Variety neşiri habar berýär. “Interstellaryň” we “Oppengeýmeriň” döredijisi 2021-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden Lesli Linka Gletteriň ornuna geçdi
Serbiýada gladiatorlaryň söweşine gatnaşan aýynyň galyndylary tapyldy
24.09.2025 13:17
4290

Serbiýada gladiatorlaryň söweşine gatnaşan aýynyň galyndylary tapyldy

Häzirki Serbiýanyň Wiminasium şäherindäki gadymy Rim amfiteatrynyň golaýynda ýaşy takmynan 1700 ýyllyk aýy kellesiniň bölekleri  tapyldy. Bu açyş aýylaryň gladiator söweşine gatnaşandygyny görkezýän ilkinji göni subutnamany berýär diýip, Live Science ýazýar
Adamlar ChatGPT-ä haýsy sebäpler bilen has köp ýüz tutýarlar?
24.09.2025 13:13
3840

Adamlar ChatGPT-ä haýsy sebäpler bilen has köp ýüz tutýarlar?

OpenAI-iň gözlegçiler topary ulanyjylaryň ChatGPT-ä 1,5 mln ýüz tutmasyny seljerip, adamlaryň çat-bota ýüzlenmeginiň iň esasy sebäpleriniň sanawyny düzdi. Bu adamlaryň guraly hakykatda nähili ulanýandygyny görkezýän ilkinji uly barlag boldy diýip, The Independent habar berýär
NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady
24.09.2025 13:11
3585

NASA ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady

NASA Gün ulgamyndan daşary ýene 6 müňden gowrak planetanyň bardygyny tassyklady diýip, Science Alert neşiri habar berýär. Ilkinji ekzoplanetalar 1992-nji ýylda açyldy: astronomlar pulsaryň töwereginde aýlanýan birnäçe planetany ýüze çykardy
Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi
24.09.2025 13:07
5153

Bentley ilkinji ombre reňkli sedanyny görkezdi

Bentley kompaniýasy Flying Spur sedanynda ilkinji gezek ombre reňkleýiş tehnologiýasyny ulandy. Şeýle tehnika iki reňkiň biri-birine akgynly geçişini göz öňünde tutýar - awtoulagyň öň tarapy mawy Topaz, arka tarapy dok gök Windsor reňki bilen boýalýar
“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady
24.09.2025 12:38
4006

“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik bilen Mymyjygyň başdan geçirmeleriniň 3-4-nji bölümleriniň önümçiligine girişdi. 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär
Guşlar üçin serhet ýok. Halkara Audubon Photography Awards  bäsleşiginiň netijeleri
24.09.2025 12:00
7630

Guşlar üçin serhet ýok. Halkara Audubon Photography Awards  bäsleşiginiň netijeleri

Her ýyl geçirilýän Audubon Photography Awards-iň emin agzalary 16-njy gezek guşlaryň gözelligine bagyşlanan bäsleşigiň netijelerini yglan etdiler. Bu ýyl eminler ilkinji gezek çilili we kolumbiýaly gatnaşyjylara dokuz, ABŞ-ly we kanadaly suratçylara sekiz baýrak gowşurdy
Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy
24.09.2025 11:42
6917

Atlantik ummanynyň düýbünden süýji suwuň ummasyz ätiýaçlygy tapyldy

Alymlar ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar kenarýakasynda Atlantik ummanynyň aşagyndan süýji suwuň ägirt uly howdanyny tapdylar. Bu barada üç aýlyk ekspedisiýany tamamlan halkara barlagçylar toparyna salgylanýan  CNN habar berdi
SpaceX smartfonlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin ýene 15 müň sany Starlink hemrasyny uçurar
24.09.2025 11:35
3504

SpaceX smartfonlar bilen göni aragatnaşyk saklamak üçin ýene 15 müň sany Starlink hemrasyny uçurar

SpaceX Federal aragatnaşyk komissiýasyna 15 müňe çenli goşmaça hemrany uçurmak üçin ýüz tutdy. Bu hemralar gündelik smartfonlar we beýleki enjamlar üçin, aýratyn anten zerurlygy bolmazdan, göni birikmegi üpjün etmek üçin niýetlenendir
OpenAI Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde täze akylly kolonkalary we äýnekleri taýýarlaýar
24.09.2025 11:28
3897

OpenAI Apple-iň öňki dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde täze akylly kolonkalary we äýnekleri taýýarlaýar

OpenAI Apple-iň öňki baş dizaýneri Joni Aýw bilen bilelikde akylly enjamlaryň hataryny çykarmaga taýýarlanýar. The Information neşiriniň maglumatlaryna görä, ilkinji önüm displeýsiz akylly kolonka bolup biler. Beýleki önümleriň hatarynda äýnek, sanly diktofon we ýanyňda göterilýän "pin" agzalýar
Oksford we Kembrij uniwersitetleri ilkinji gezek The Times-yň reýtinginde ilkinji üçlüge girip bilmedi
24.09.2025 11:22
6164

Oksford we Kembrij uniwersitetleri ilkinji gezek The Times-yň reýtinginde ilkinji üçlüge girip bilmedi

Beýik Britaniýanyň meşhur ýokary okuw jaýlarynyň biri hasaplanýan Kembrij hem-de Oksford ilkinji gezek The Times and Sunday Times Good University Guide 2026 reýtinginiň ilkinji üçlügine girip bilmedi. Bu sanaw 32 ýyl bäri yzygiderli çap edilip gelinýär we ýurduň ýokary bilimiň derejesini kesgitlemekde möhüm görkeziji hasaplanýar
Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler
24.09.2025 11:14
5675

Arheologlar: Gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň üsti bilen baran bolup biler

Arheologlaryň çaklamalaryna görä, gadymy adamlar Afrikadan Ýewropa häzirki Türkiýäniň çäginden geçip baran bolup bilerler. Bu barada Aýwalygyň (Türkiýede kenarýaka şäher) kenarynda tapylan 138 sany daş gurallary maglumat berýär
Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” filminiň prikwelini düşürer
24.09.2025 11:00
7714

Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” filminiň prikwelini düşürer

Režissýor Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” (Безумный Макс: Дорога ярости) filminiň prikwelini taýýarlaýar. Taslamanyň önümçiligi bilen HBO Max akym platformasy meşgullanar diýip, World Of Reel habar berýär
Müsürde Kleopatranyň döwrüniň suw basan porty tapyldy
24.09.2025 10:48
5154

Müsürde Kleopatranyň döwrüniň suw basan porty tapyldy

Müsürde Dominikan missiýasynyň arheologlary Kleopatranyň döwrüne degişli suw basan portuň yzlaryny tapdylar diýip, National Geographic habar berýär. Alymlar gazuw-agtaryş işleri wagtynda daş we metal labyrlary, gadymy amforalary we içerki portuň galyndylaryny tapdylar
Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy
24.09.2025 10:40
8785

Türkmen okuwçysy Moskwada Bütindünýä sungat festiwalynyň baş baýragyny aldy

Türkmenabadyň Çagalar sungat mekdebiniň okuwçysy, ýaş suratkeş Aziza Bäşimowa Moskwada geçirilen «Parahatçylygyň çagalary: dostlaşmagyň wagty» atly halkara döredijilik festiwalynyň Gran-pri baýragyna mynasyp boldy
Türkmenistan Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşdy
24.09.2025 10:31
6094

Türkmenistan Bişkekde Merkezi Aziýa döwletleriniň Parlamentara forumyna gatnaşdy

23-nji sentýabrda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň III Parlamentara forumy geçirildi. Oňa sebitiň döwletleriniň parlament ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistana bu çärede ýurdumyzyň ilçisi Nury Gölliýew wekilçilik etdi
Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar
24.09.2025 10:27
1986

Türkmen talyplary WSDG 2025 halkara ylmy bäsleşikde ýeňiş gazandylar

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary halkara derejesindäki «Bütindünýä durnukly ösüş maksatlary bäsleşigi – 2025» (WSDG 2025) atly ýaryşda üstünlik gazandylar. Bäsleşik Malaýziýanyň Multimediýa uniwersiteti we Malaýziýanyň ýaş alymlar birleşigi tarapyndan onlaýn görnüşde guraldy
3019 at güýçli Yangwang giperkary sagatda 496 km tizlige çykyp, Nýurburgringiň rekordyny goýdy
24.09.2025 10:08
5570

3019 at güýçli Yangwang giperkary sagatda 496 km tizlige çykyp, Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Hytaýyň BYD kompaniýasy elektrik giperkarynyň täze üstünliklerini mälim etdi. Yangwang U9 Extreme (öňki U9 Track Edition) modeli Germaniýadaky Automotive Testing Papenburg synag meýdançasynda iň ýokary 496,22 km/sag tizlige ýetip, rekord goýdy
Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer
24.09.2025 09:58
2223

Volkswagen Polo, Golf we Touareg ýaly meşhur modellerini täzeläp, elektromobile öwrer

Volkswagen kompaniýasy öz meşhur modellerini täzelemegi we olary elektrik hereketlendirijisine geçirmegi maksat edinýär. Ilki bilen täze ID.2 kompakt hetçbek peýda bolar — ol täze Polo hökmünde çykarylar. Soňra bolsa elektrik Golf, Tiguan we Roc modelleri görkeziler
Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzinde hususy dynç alyş merkezini açar
24.09.2025 09:51
4379

Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzinde hususy dynç alyş merkezini açar

Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzindäki Barbuda adasynda täze dyçn alyş merkezini (kurort) açmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Merkezi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda açmak meýilleşdirilýär
«1…248250…1175»
«1…245246247248250251252253…1175»
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.