Bill Geýts howply keseller bilen göreşe $912 mln gönükdirer

25.09.2025, 08:553,103

Bill we Melinda Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasy AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreş boýunça Global gazna (The Global Fund) 912 mln dollar gönükdirer. Bu barada Bill Geýts öz çykyşynda aýtdy we ABŞ-ny hem daşary ýurt kömek maksatnamalary üçin çykdajylary azaltmak baradaky çözgüde täzeden garamaga çagyrdy.

Ol beýleki ýurtlaryň hem howply kesellere garşy göreşmek boýunça tagallalary goldamalydygyny belledi.
Microsoft-yň esaslandyryjysy häzir millionlarça çaganyň janynyň howp astyndadygyny we dünýä liderleriniň uly bir iş etmek mümkinçiliginiň bardygyny belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, dünýä liderleri saýlap biler: ýa-ha saglygy goraýyş çykdajylaryny azaltmaly, ýa-da çagalaryň mynasyp sagdyn durmuşda ýaşamagyna mümkinçilik bermeli.

“Bu saýlaw biziň indiki nesle nähili geljegi galdyrjakdygymyzy kesgitlär” – diýip, Geýts belledi.

Gaznanyň maglumatlaryna görä, geçen ýyl dünýäde saglyk maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegi 21% azalyp, soňky 15 ýylda iň pes derejä ýetdi. Global Fund-yň goldawy, käbir ýurtlar ýetmezçilik edýän serişdeleriň öwezini doldurmaga synanyşsa-da, 14,4% azaldy. 2022-nji ýylda hem Geýtsleriň gaznasy gurama 912 mln dollar bölüp berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.