Medeniýet we jemgyýet

YouTube adblock ulanýan ulanyjylardan teswirleri we wideonyň düşündirişlerini gizläp başlady
17.02.2026 15:36
1.4k+

YouTube adblock ulanýan ulanyjylardan teswirleri we wideonyň düşündirişlerini gizläp başlady

​YouTube mahabat bloklaýjylaryny ulanýanlara garşy çärelerini güýçlendirdi. Hyzmat diňleýjileriň bir bölegi üçin teswirler we wideonyň düşündirişleri bölümini çäklendirmäge başlady. Bu ýagdaýa AndroidAuthority çeşmesi üns çekdi
Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi
17.02.2026 15:30
2.2k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar
2025-nji ýylyň iň gowy etrabyna $1 mln pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy
17.02.2026 13:03
8.8k+

2025-nji ýylyň iň gowy etrabyna $1 mln pul baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy

2025-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyna 1 million ABŞ dollary möçberindäki pul baýragy gowşuryldy. Gowşurylyş dabarasy 16-njy fewralda ýurduň demirgazyk sebitiniň Bitaraplyk şäherçesinde boldy
Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi
17.02.2026 02:30
3.7k+

Balkanabatda «Galkynyş» toparynyň hormatyna dabaraly ýöriş geçirildi

Balkanabat şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Ýatlap geçsek, topar Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy
Argentinada agramy 720 kilograma ýetýän äpet köke bişirildi
16.02.2026 18:09
6.8k+

Argentinada agramy 720 kilograma ýetýän äpet köke bişirildi

Argentinada 720 kilogram agramly däp bolan äpet alfahor kökesi taýýarlanyldy diýip, «La Capital S.A.» neşiri habar berýär. Konditerleriň kärdeşler arkalaşygy tarapyndan guralan bu çäre Mar-del-Plata şäheriniň esaslandyrylmagynyň 152 ýyllygyna bagyşlandy
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar
16.02.2026 16:54
3.5k+

Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri 16 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary gadagan etmäge taýýarlanýar

Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy
Ýewropa şäherleri köçe yşyklaryny ak reňkden gyzyl reňke geçirýärler. Sebäbi?
16.02.2026 16:39
12k+

Ýewropa şäherleri köçe yşyklaryny ak reňkden gyzyl reňke geçirýärler. Sebäbi?

Kopengageniň esasy köçeleriniň biriniň ak yşyklaryny gyzyl reňkli yşyklara çalyşdylar. Çyralaryň reňkiniň beýle görnüşde üýtgedilmegi gijeki haýwanlar üçin aýratyn zyýanly bolan yşyk hapalanmasyny azaltmak baradaky maksatnamanyň bir bölegi bolup durýar
YouTube 21 ýaşady: Startapdan iň uly wideoplatforma çenli ýol
16.02.2026 15:36
1.7k+

YouTube 21 ýaşady: Startapdan iň uly wideoplatforma çenli ýol

​21 ýyl ozal YouTube wideolary ýüklemek we görmek üçin ýönekeý hyzmat hökmünde işläp başlady, bu gün bolsa dünýädäki iň uly wideoplatforma hasaplanýar. Bu wagtyň içinde ol tutuş internetiň, media senagatyň we diňleýjileriň endikleriniň ösmegine ep-esli täsir etdi
«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar
16.02.2026 14:40
1.4k+

«Melodiýa» orkestri Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert taýýarlaýar

«Melodiýa» orkestri Aşgabatda özüniň ikinji uly konsertini geçirer. «“Melodiýa” äheňindäki bahar» atly konsert 6-njy martda «Watan» kinokonsert merkezinde bolar we Halkara zenanlar gününe bagyşlanar. Konsertiň maksatnamasyna Waleriý Meladzeniň we Grigoriý Lepsiň meşhur aýdymlarynyň orkestr üçin işlenip taýýarlanylan görnüşleri girizildi
Ussat operaçy zenanyň Gresiýadaky ägirt portreti köçe sungatynyň naýbaşy nusgasy diýlip ykrar edildi
16.02.2026 12:25
4.1k+

Ussat operaçy zenanyň Gresiýadaky ägirt portreti köçe sungatynyň naýbaşy nusgasy diýlip ykrar edildi

XX asyryň beýik opera aýdymçysy Mariýa Kallasyň şekillendirilen ägirt uly muraly köçe sungatyny resmileşdirýän we wagyz edýän halkara Street Art Cities platformasy tarapyndan 2025-nji ýyl boýunça dünýäde iň gowusy diýlip ykrar edildi
Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi
16.02.2026 10:09
6.3k+

Londonyň merkezi Oraza aýy mynasybetli 4-nji gezek baýramçylyk yşyklary bilen bezeldi

​Londonyň merkezindäki meşhur Kowentri köçesi musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy mynasybetli dördünji gezek ýörite yşyklandyryş bilen bezeldi. Yşyklandyryş ulgamy ýene-de Pikadilli-Serkusdan Lester-Skwere çenli bolan aralykda gurnaldy
Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy
16.02.2026 09:50
1.7k+

Näçe sany iPhone iOS 26-a geçdi? Apple statistikasyny paýlaşdy

​Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ýaýradylmagy baradaky ilkinji resmi hasabatyny hödürledi. Maglumatlar App Store programmalary dükanyndaky ulanyjy işjeňligine esaslanýar we 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndaky ýagdaýy görkezýär
Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"
15.02.2026 21:55
1.7k+

Spotify: "Öňdebaryjy inženerlerimiz dekabrdan bäri elde kod ýazmagyny bes etdiler"

Spotify akym (streaming) hyzmaty kompaniýanyň öňdebaryjy inženerleriniň dekabr aýyndan bäri "bir setir hem kod ýazmandygyny" mälim etdi. TechCrunch neşiriniň habar bermegine görä, bu täze iş usuly arkaly 2025-nji ýylyň dowamynda platforma 50-den gowrak täze funksiýa we üýtgeşme girizildi
Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi
15.02.2026 20:51
7.8k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär
Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler
15.02.2026 17:03
2k+

Kurt Wonnegutyň ýarym asyr öň döreden öňdengörüji romany esasynda film düşüriler

Kurt Wonnegutyň ilkinji romany bolan «Mehaniki pianino» (Player Piano) esasynda çeper film surata düşüriler. Filmiň režissýory Rid Morano bolar, ssenariýasyny bolsa Metýu Woker ýazar diýip, Deadline neşiri habar berýär
26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler
15.02.2026 09:14
3.3k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler
Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi
14.02.2026 19:15
6.1k+

Pitt we Kruz ekranda söweşýär: Emeli aň aktýorsyz ekşn-film düşürmegiň mümkinçiliklerini görkezdi

Joyrider Films-iň amerikaly režissýory Ruairi Robinson Bred Pitt bilen Tom Kruzuň biri-biri bilen söweşýän örän realistik wideosyny tanyşdyrdy. Bu iş ByteDance kompaniýasynyň Seedance 2.0 neýroulgamy arkaly taýýarlanyp, hakyky düşürilişden diýen ýaly tapawutlanmaýar
Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy
14.02.2026 19:03
1.3k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi
Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy
14.02.2026 18:43
1.6k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär
Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär
14.02.2026 18:16
1.2k+

Google indi EA-modellerine Disney gahrymanlarynyň suratlaryny döretdirmeýär

Google-yň emeli aň modelleri Disney gahrymanlary bilen baglanyşykly tabşyryklary ret edip başlady. Üýtgeşmeler dekabr aýynda Disney-iň kompaniýany intellektual eýeçilik hukuklaryny bozmakda aýyplamagyndan soň başlandy
"Jon Uik" äleminden uly wideooýun taýýarlanylýar: Lionsgate taslamanyň ilkinji jikme-jikliklerini paýlaşdy
14.02.2026 16:12
2.6k+

"Jon Uik" äleminden uly wideooýun taýýarlanylýar: Lionsgate taslamanyň ilkinji jikme-jikliklerini paýlaşdy

State of Play tanyşdyrylyş çäresinde Lionsgate kompaniýasy "John Wick" älemine esaslanýan täze, iri göwrümli wideooýun taslamasyny görkezdi. Häzirki wagtda taslamanyň resmi ady ýok we ol entek işlenip taýýarlanylmagyň başlangyç tapgyrynda durýar
2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler
14.02.2026 15:23
12k+

2026-njy ýylda Türkmenistanda 900 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýy ulanmaga berler

2026-njy ýylda Türkmenistanda umumy meýdany 900 müň inedördül metrden gowrak bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmak we ulanmaga bermek meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti anna güni geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde aýtdy
YouTube Music "Siziň hepdelik synyňyzy" taýýarlap başlar
14.02.2026 15:22
713

YouTube Music "Siziň hepdelik synyňyzy" taýýarlap başlar

YouTube Music emeli aň (AI) bilen işleýän “Siziň hepdelik synyňyz” atly täze funksiýany synagdan geçirip başlady. Bu gural ulanyjylaryň şahsy diňleýiş statistikasyny has jikme-jik görkezmek we aýdym-saz isleglerini seljermek üçin niýetlenendir
Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy
14.02.2026 13:58
7.8k+

Köneürgenç etraby Türkmenistanda iň gowy etrap diýlip ykrar edildi we $1 mln möçberinde baýrak aldy

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby 2025-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň etraplarynyň arasynda geçirilýän her ýylky döwlet bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa habar berdi
Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy
14.02.2026 10:40
1.8k+

Ertekiler dünýäsine syýahat: "Jadyly agaç bilen ýokary" filminiň ilkinji treýleri çykdy

Entertainment Film Distributors kompaniýasynyň YouTube kanalynda iňlis ýazyjysy Enid Blaýtonyň klassyky eseri esasynda surata düşürilen "The Magic Faraway Tree" («Вверх по волшебному дереву») filminiň resmi treýleri köpçülige hödürlendi
Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi
13.02.2026 16:13
2.8k+

Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi

Balkan welaýatynda «Ýylyň zenany» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bu çäre «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli hem-de Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guraldy
Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer
13.02.2026 14:10
2.5k+

Tahyr Ataýewiň orkestri 26-27-nji fewralda «Mult-konsertini» geçirer

26-27-nji fewralda dirižýor Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky orkestr «Mult-konsertini» geçirer. Sazly çäre Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň sahnasynda bolar. Guramaçylar Disney we Pixar studiýalarynyň häzirkizaman meşhur multfilmlerini Netflix-iň meşhur seriallarynyň sazlary bilen utgaşdyrýan täsirli programmany taýýarlady: Tropiki joşgun: «Moana» multfilmdäki adalaryň owazlary
ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy
13.02.2026 10:59
1.2k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar
«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar
13.02.2026 09:10
6.7k+

«Waranasi» filmi hindi kinosynyň taryhynda iň gymmat film bolar

«RRR» we «Bahubali» filmleri bilen tanalýan hindi režissýory S.S. Rajamuli hindi kinematografiýasynyň taryhynda iň gymmat taslama boljak «Waranasi» atly täze filminiň üstünde işleýär. Bu barada Variety neşiri habar berýär
Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy
12.02.2026 23:38
8.3k+

Mumbaýda Hindistanyň iň beýik täze gökdiräni gurlup gutaryldy

​Mumbaýda Minerva Tower atly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy tamamlandy. Bu bina 301 metr beýikligi bilen Hindistanyň iň beýik gökdiräni boldy. Bu barada taslamany işläp düzen "Architect Hafeez Contractor" arhitektura býurosy habar berdi
Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar
12.02.2026 23:27
2.2k+

Jeýson Momoa "Helldivers" oýnunyň ekranlaşdyrylyşynda baş keşbi janlandyrar

​Jeýson Momoa "Arrowhead Game Studios" tarapyndan döredilen meşhur wideo oýnunyň esasynda surata düşüriljek "Helldivers" filminde baş keşbi janlandyrmaga hukuk gazandy. Bu barada "The Hollywood Reporter" neşiri habar berýär
Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar
12.02.2026 23:21
3.2k+

Ilon Mask: X platformasyny (öňki Twitter-i) 1 milliarddan gowrak adam ulanýar

​X sosial ulgamynyň (öňki Twitter) eýesi Ilon Mask bu programmany gurnan adamlaryň sanynyň bir milliarddan aşandygyny mälim etdi. ​"Biziň bir milliard ulanyjy barada aýtmagymyzyň sebäbi, ortaça aýlyk ulanyjylarymyzyň sany 600 million töweregi bolsa-da, goşundyny ýükläp alanlaryň sany bir milliarddan ep-esli köpdür
Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi
12.02.2026 19:48
3.9k+

Bikanun kontenti aýyrmak üçin 3 sagat: Hindistan sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirdi

Hindistanyň hökümeti sosial ulgamlara bolan talaplary güýçlendirip, bikanun diýlip ykrar edilen kontenti aýyrmagyň möhletini habarnama alnan pursatyndan başlap, 36 sagatdan üç sagada çenli gysgaltdy. Täze düzgünler Meta, YouTube we X ýaly iri platformalara degişli bolup, olar 20-nji fewralda güýje girer
Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy
12.02.2026 18:59
4.6k+

Britni Spirs öz aýdymlaryna bolan hukugy 200 mln dollara satdy

Amerikaly aýdymçy Britni Spirs öz aýdym-saz katalogyna bolan hukugy, takmynan, 200 mln dollara satdy. Bu barada NBC teleýaýlymy şertnamanyň şertleri bilen tanyş bolan çeşmä salgylanyp habar berýär. Maglumatlara görä, şertnama aýdymçy bilen Primary Wave kompaniýasynyň arasynda baglaşyldy
Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?
12.02.2026 17:41
5.9k+

Galaxy S26: Haçan çykýar we Samsung-yň täze flagmanlary barada nämeler belli?

​Samsung Hindistanda täze Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin öňünden sargytlary kabul edip başlady. Maksatnama 24-nji fewrala çenli dowam eder, resmi tanyşdyrylyş dabarasy bolsa 25-nji fewralda San-Fransiskoda (Kaliforniýa, ABŞ) geçiriljek Galaxy Unpacked çäresiniň çäklerinde bolar
Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler
12.02.2026 14:08
3.5k+

Ankarada «Kompozitor» atly türkmen filmi görkeziler

17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeniýet merkeziniň «İnce Memed» zalynda Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen «Kompozitor» filminiň görkezilişi bolar. Bu çäre Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde guralýar
Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi
12.02.2026 13:27
10k+

Batyr Çaryýew Stambulda türki dünýäsiniň iň gowy aktýory diýlip ykrar edildi

Stambul şäherinde türki dünýäsiniň teatr sungatyny ösdürmäge goşan goşantlary üçin sungat işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çäre Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) we Anadolu gazeti tarapyndan bilelikde guraldy
BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy
12.02.2026 12:10
2.2k+

BMGÖM we Türkmenistan batgalyk-suwly ýerlere sanly gözegçiligi maslahatlaşdy

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy Daşky gurşawy goramak ministrligi we Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi bilen bilelikde Bütindünýä batgalyk-suwly ýerleriň güni mynasybetli tegelek stol maslahatyny geçirdi
«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady
12.02.2026 12:07
2.5k+

«Týudorlaryň ýüregi»: britanlar XVI asyr patyşa tumaryny saklap galmak üçin 3,5 million funt sterling toplady

Britan muzeýi týudorlar neslinden bolan patyşa Genrih VIII-e dahylly  altyn tumary saklap galmak we ony köpçülige görkezmäge elýeterli etmek üçin zerur bolan 3,5 million funt sterlingi toplamagy başardy. Bu barada Independent neşiri habar berýär
Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär
12.02.2026 11:38
6.2k+

Apple-yň yzyna eýerip, Samsung hem Galaxy S27-niň korpusyny we kamerasyny üýtgedýär

Samsung kompaniýasynyň häzirki strategiýasy köplenç Apple-yň ädimlerine esaslanýar. Meşhur insaýder Ice Universe-iň habar bermegine görä, Apple-yň girizýän islendik täzeçilligi derrew Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdiniň meýilnamalaryna täsir edýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.