Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
12.02.2026 11:19
6.1k+
Guşlaryň iň gowy suratlary: SINWP Bird Photographer of the Year 2025-iň ýeňijileri mälim edildi
Halkara tebigat we haýwanat dünýäsiniň suratçylary jemgyýeti (SINWP) her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year 2025» bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bu bäsleşik guşlaryň tebigatdaky özboluşly pursatlaryny iň täsirli we ýokary hilli şekillendiren suratçylary ýüze çykarýar
12.02.2026 10:31
1.5k+
LEGO 80 dollardan köp söwda eden müşderilerine «aşyk» pingwinleri sowgat berýär
LEGO kompaniýasy aşyklar güni mynasybetli möwsümleýin aksiýasyny yglan etdi: 80 dollardan ýokary mukdarda haryt satyn alan müşderilere «Aşyk pingwinler» toplumy sowgat berilýär. Bu toplumyň düzümine ýürek görnüşli galypda ýerleşdirilen iki sany pingwin şekili girýär
12.02.2026 09:07
1.9k+
Täze «Spider-Noir» serialynyň ilkinji suratlary çap edildi: baş keşbi Nikolas Keýj ýerine ýetirýär
Esquire neşiri «Spider-Noir» («Möý-Nuar») serialyndan ilkinji suratlary çap etdi. Sekiz bölümden ybarat bolan birinji möwsüm şu ýylyň baharynda Prime Video platformasynda görkezilip başlanar (anyk senesi heniz belli däl)
12.02.2026 04:24
2.2k+
Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy
Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi
11.02.2026 17:26
5.9k+
TikTok, Instagram we Facebook ýetginjekler üçin howpsuzlyk synaglaryndan geçmäge razy boldylar
Häzirkizaman iň iri sosial ulgamlary bolan TikTok, Instagram, Facebook we Snapchat öz platformalarynyň ýetginjekleriň ruhy saglygy üçin näderejede howpsuzdygyny anyklajak garaşsyz barlaglardan meýletin geçmäge razy boldylar
11.02.2026 15:33
3.2k+
Universal täze «Mumiýada» Brendan Freýzeri we Reýçel Waýsy gaýtaryp getirýär: film 2028-nji ýylda çykar
Universal Pictures studiýasy Brendan Freýzeriň we Reýçel Waýsyň gatnaşmagynda «Mumiýa» franşizasynyň dördünji bölüminiň surata düşüriljekdigini resmi taýdan yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
11.02.2026 10:34
4.4k+
«Karib deňziniň garakçylary» Margo Robbi we täze gahrymanlar bilen dolanýar
Disney dünýä belli «Karib deňziniň garakçylary» filminiň dowamyny surata düşürmäge taýýarlanýar we ony ýakyn wagtda amala aşyrmaly esasy täze taslamalaryň hatarynda görýär. Bu barada studiýanyň öz çeşmelerine salgylanyp, tanymal insaýder Jeff Snaýder habar berdi
11.02.2026 09:54
2.1k+
MrBeast Z we Alfa nesilleri üçin niýetlenen bank goşundysyny satyn aldy
Dünýäniň iň meşhur ýutubçysy Jimmi "MrBeast" Donaldsonyň eýeçiligindäki Beast Industries kompaniýasy ýetginjeklere we ýaşlara hyzmat edýän Step bank goşundysyny satyn alandygyny resmi taýdan yglan etdi. Bu ylalaşyk Donaldsonyň şahsy maliýe serişdelerine we maýa goýumlaryna bagyşlanan täze YouTube kanalyny açmagynyň yzýanyndan baglaşyldy
11.02.2026 09:21
7.1k+
Gartaşýan dünýäde ilatyň azalmagy nähili töwekgelçilikleri döredýär?
Geçen aýda Hytaý 1949-njy ýyldan bäri iň pes dogluş derejesi barada habar beripdi. ABŞ-da bolsa ilatyň ösüşi, immigrasiýanyň azalmagy we dogluş derejesiniň dowamly peselmegi sebäpli, rekord derejede haýallady. Şuna meňzeş ýagdaýlar Hindistanda, Günorta Koreýada, Italiýada, Kolumbiýada we Meksikada hem hasaba alynýar
11.02.2026 00:20
8.2k+
Äpet nemes dogy Minni Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Nemes dogy tohumyndan bolan Minni lakamly it dünýäniň iň uly iti hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça erkek itler daýaw bolýar diýlip hasap edilse-de, boýy gerişden ölçelende 97,5 santimetre ýetýän Minnini-de olardan kemlär ýaly däl
10.02.2026 11:19
2.7k+
"Superboul-2026" dabarasynda hödürlenen iň uly kino-anonslar: Kliff Butdan Supergyza çenli
9-njy fewrala geçilen gije ABŞ-da Milli Futbol Ligasynyň finaly bolan 60-njy "Superboul" geçdi. Dünýä jemgyýetçiligi üçin bu waka diňe bir sport däl, eýsem iň garaşylýan filmleriň täze treýlerleriniň görkezilýän meýdançasy hökmünde hem uly ähmiýete eýedir
10.02.2026 10:47
2.5k+
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady diýip, TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara we myhmanlara Gutlag hatyny ýollady
10.02.2026 10:42
3.7k+
Superboul-yň finalynda hemmeler "Çirkin ses 7-ni" eşitdi
Paramount Pictures kinostudiýasy "Çirkin ses 7" (Крик 7) gorkuly filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideorolik ilki Superboul oýny wagtynda görkezildi, soňra bolsa YouTube platformasynda köpçülige ýaýradyldy
10.02.2026 10:09
918
YouTube Music mugt ulanyjylar üçin aýdymyň sözlerine çäklendirme girizýär
YouTube Music striming platformasy tölegli abunasy bolmadyk ulanyjylar üçin täze we düýpli çäklendirmeleri girizip başlady. Indi mugt hasaplaryň eýeleri bir aýyň dowamynda diňe bäş sany aýdymyň doly tekstini görüp bilerler
10.02.2026 00:22
2.4k+
Multfilmiň täze treýlerinde minýonlar kino düşýärler we nägehanlary gözleýärler
Illumination Entertainment studiýasy tarapyndan döredilen "Ýigrenji men" (Гадкий я) animasiýa franşizasynyň dowamy bolan "Minýonlar we Nägehanlar" (Миньоны и Монстры) multfilminiň ilkinji treýleri ýaýradyldy. Täze taslama "spin-off" görnüşinde bolup, esasy ünsi minýonlaryň nobatdaky başdan geçirmelerine gönükdirer
09.02.2026 19:57
7.4k+
TimeOut dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasyny saýlady (Duýdurýas! Bu makala agzyňy suwardýar!)
TimeOut neşiri dünýäniň iň gowy 18 pizzeriýasynyň reýtingini hödürledi. Sanaw žurnalyň dürli ýurtlardaky awtorlarynyň we redaktorlarynyň gatnaşmagynda taýýarlandy. Saýlamakda pizzanyň hili we kafeleriň nusgawy reseptlere bolan gatnaşygy göz öňünde tutuldy
09.02.2026 18:56
18k+
Aşgabatdaky söwda merkezlerde «Arkadag» — «Al-Nasr» oýnuna bagyşlanan fan-zonalar açyldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynyň çäklerinde geçiriljek Türkmenistanyň «Arkadag» we Saud-Arabystanynyň «Al-Nasr» klublarynyň arasyndaky taryhy duşuşygyň öňüsyrasynda, paýtagtyň «Arkaç» we «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezlerinde ýörite fan-zonalar işläp başlady
09.02.2026 18:30
1.7k+
«Watan» kinokonsert merkezinde jazz konserti geçiriler
28-nji fewralda Aşgabadyň «Watan» kinokonsert merkezinde Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky «Jazz till dawn» jaz orkestriniň konserti bolar. Baýramçylyk maksatnamasynda zehinli aýdymçylar Döwran Şammyýew, Bahar Durdyýewa we Täzegül Baýramowa dagy solist hökmünde çykyş eder
09.02.2026 16:16
2.2k+
Pol Tomas Anderson ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň baş baýragyna mynasyp boldy
Los-Anjelesde ABŞ-nyň Režissýorlar gildiýasynyň (DGA) 78-nji baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi diýip, Variety neşiri habar berýär. Bu baýragyň ýeňijileri, adatça, geljekki "Oskar" baýragynyň hem esasy dalaşgärleri hasaplanýar
09.02.2026 15:19
7k+
Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby gulluga gitdi
Niderlandlaryň konsort şa zenany Maksima 54 ýaşynda harby taýýarlykdan geçip başlady we ýurduň ýaragly güýçleriniň ätiýaçlykdaky düzümine ýazyldy. Asly Argentinaly bolan şa zenany harby okuwlary tamamlanyndan soň, ätiýaçlykdaky harby gullukçylaryň wezipelerini ýerine ýetirip biler
09.02.2026 15:19
1.6k+
Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi
Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar
09.02.2026 12:38
3.7k+
Göze ilmeýänleriñ gözelligi CUPOTY 2025 bäsleşiginiň ýeňijileriniň suratlarynda
«Ýakyn aralykdan düşürýän ýylyň suratçysy» (Close-Up Photographer of the Year, CUPOTY) halkara bäsleşiginiň eminleri geçen ýylyň jemlerini jemläp, ýeňijileri yglan etdiler. Baýraklar makroformatda düşürilen haýwanat dünýäsini, ösümlikleri, mör-möjekleri we tebigy peýzažlary öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça gowşuryldy
09.02.2026 12:17
1.9k+
Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda
Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar
09.02.2026 07:35
836
Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär
Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin
08.02.2026 21:23
4.6k+
Alyp satarlar sebäpli bolmagy ahmal: Ýaponiýada iPhone 17 indi diňe onlaýn satylýar
Apple kompaniýasy Ýaponiýanyň bazarynda iPhone 17 smartfonlar hatarynyň satuw modelini üýtgetdi. 2026-njy ýylyň 6-njy fewralyndan başlap, Ýaponiýadaky resmi Apple Store dükanlary iPhone 17, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max modelleriniň göni satuwyny bes etdi
08.02.2026 21:15
1k+
Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar
Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy
08.02.2026 20:49
1.4k+
M.Naýt Şýamalanyň täze filminiň çykjak senesi indiki ýyla geçirildi
Režissýor M.Naýt Şýamalanyň ýazyjy Nikolas Sparks bilen bilelikde döreden hekaýasyna esaslanýan täze filmi 2027-nji ýylyň Walentin gününe gabatlanyp ekranlara çykar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berýär
08.02.2026 18:20
2.6k+
Netflix Stiwen Spilbergiň «Dinozawrlar» atly dokumental serialynyň treýlerini görkezdi
Netflix Stiwen Spilbergiň prodýuserligindäki «Dinozawrlar» («Динозавры») dokumental serialynyň ilkinji kadrlaryny we treýlerini görkezdi. Filmi meşhur aktýor Morgan Frimen seslendiripdir. Platformanyň beýanatynda aýdylyşy ýaly, «Dinozawrlar» tomaşaçylara «dünýäniň ýitirim bolan eýýamyna syýahaty» hödürleýär
08.02.2026 13:15
3.1k+
Blackpink toparyndaky Lisa komediýada surata düşer
Blackpink k-pop toparynyň aýdymçysy Lisa Netflix tarapyndan taýýarlanylýan romantik komediýada keşp janlandyrar. Bu barada Elle žurnaly habar berýär. Bu film aýdymçynyň ikinji aktýorlyk işi bolar. Ol ekrandaky ilkinji ädimi «Ak lotos» serialynyň üçünji möwsümindäki Mukuň keşbinde ädipdi
08.02.2026 09:05
2.5k+
Ysy eksponat etdiler: Germaniýanyň muzeýinde gadymy müsür balzamlarynyň ysy dikeldildi
Halkara alymlar topary Gadymy Müsürde mumyýalamak üçin ulanylan gadymy balzamlaryň ysyny täzeden dikeltmäge mümkinçilik berýän tehnologiýany işläp düzdüler. Bu täzelik bilen Gannowerdäki Awgust Kestner muzeýinde geçirilen sergide tanyşdyryldy
08.02.2026 05:00
5.2k+
Kriptobirža ýalňyşlyk bilen ulanyjylaryna 44 milliard dollar geçirdi
Günorta Koreýanyň Bithumb kriptobiržasy birnäçe minudyň içinde ulanyjylary üçin "mugt pul" çeşmesine, buhgalterleri üçin bolsa "gorkuly düýşe" öwrüldi. Birža her bir ulanyjysyna simwoliki baýrak hökmünde 2000 koreý wonuny (takmynan 1,4 dollar) paýlamagy meýilleşdiripdi
08.02.2026 03:08
2.6k+
Kong, Godzilla we näbelli nägehanlar: «Monarhyň» ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
Apple TV+ platformasy «Monarh: Nägehanlaryň mirasy» («Монарх: Наследие монстров») serialynyň ikinji möwsüminiň täze treýlerini görkezdi. Kadrlardan görnüşi ýaly, serialyň gerimi has giňeldi: Godzilla we King-Kong indi wakanyň esasy hereketlendiriji güýçlerine öwrüler
07.02.2026 17:24
3.5k+
Aşgabatda Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy bellenildi
Aşgabatda özbek şahyry, akyldary we döwlet işgäri Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy
07.02.2026 16:44
3.5k+
Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty auksionda başlangyç bahadan 15 esse gymmat satyldy
Mikelanjelonyň ozal näbelli suraty Christie's auksionynda 27,2 million dollara satyldy. Bu nyrh suratkeşiň auksionda satylan eserleriniň arasynda rekord görkeziji boldy diýip, auksion öýüniň metbugat gullugy habar berdi
07.02.2026 15:56
1.4k+
Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň resmi treýleri çykdy
Prime Video striming hyzmaty režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» atly täze serialynyň resmi treýlerini görkezdi. Taslamanyň ilkinji premýerasy 2026-njy ýylyň 4-nji martyna meýilleşdirildi. Serialda baş keşbi — ýaş Şerlok Holmsy «Soň» («После») kinofranşizasy arkaly tanalýan aktýor Hiro Faýns Tiffin oýnady
07.02.2026 14:18
6k+
Luwr imperator zenan Ýewgeniýanyň täjiniň ogurlykdan soňky ýagdaýyny görkezdi
Luwr muzeyi imperator zenan Ýewgeniýanyň täjine ogrulyk wagtynda zeper ýeten bolsa-da, onuň asyl durkunyň bitindigini, şoňa görä-de täji doly dikeldip boljakdygyny habar berdi. 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda jenaýatçy topar muzeýden umumy gymmaty takmynan 88 million ýewro (104 million dollara) barabar bolan gymmatbaha daşlary, şol sanda fransuz monarhlarynyň şaý-seplerini ogurlapdy
07.02.2026 14:13
2.1k+
NASA astronawtlara kosmosa uçanda ýany bilen iPhone almaga rugsat berdi
NASA kosmosa we Aýa uçjak astronawtlaryna taryhda ilkinji gezek resmi taýdan ýany bilen smartfon almaga rugsat berdi. Gürrüň iPhone barada gidýär: NASA-nyň ýolbaşçysy (we milliarder-astronawt) Jared Aýzekmanyň habar bermegine görä, hut şu smartfonlar orbital we kosmos şertlerinde işlemek üçin ilkinji etapda sertifikasiýadan geçdi
06.02.2026 19:02
3.7k+
Mark Sukerberg Facebook-yň koduny ýazan wagty diňlän aýdymlaryny paýlaşdy
Mark Sukerberg mundan 22 ýyl ozal Facebook-y işläp düzen döwründe diňlän aýdymlaryndan ybarat bolan pleýlistini Spotify platformasynda köpçülige hödürledi. Bu pleýlistde jemi bäş sany kompozisiýa bar: Trapt toparynyň
06.02.2026 17:57
8.4k+
Saud Arabystanynda düýelere pasport berlip başlandy
Saud Arabystanynyň hökümeti düýeler üçin pasport ulgamyny işe girizdi. Täze resminamanyň girizilendigi barada Patyşalygyň Daşky gurşaw, suw serişdeleri we oba hojalyk ministrligi sosial ulgamlarda habar berdi. «Onuň Alyjenaby ministriň orunbasary “Düýe pasportyny” tanyşdyrdy
06.02.2026 17:00
1.3k+
YouTube 2025-nji ýylda 60 mlrd dollar gazanyp, Netflix-den öňe geçdi
YouTube wideohostingi 2025-nji ýylda täsirli maliýe netijelerini görkezdi: mahabatdan we ýazylyşyklardan gelýän umumy girdeji 60 mlrd dollara ýetdi. Bu görkezijiler platforma 45,18 mlrd dollar gazanan Netflix-den ep-esli öňe geçmäge we dynç alyş-güýmenje pudagynyň lideri bolan Disney kompaniýasyna (95,7 mlrd dollar) ýakynlaşmaga mümkinçilik berdi
«
1
…
34
35
36
…
276
»
«
1
…
31
32
33
34
35
36
37
38
39
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.