Guşlaryň iň gowy suratlary: SINWP Bird Photographer of the Year 2025-iň ýeňijileri mälim edildi

12.02.2026, 06:196,131
1 / 11

Halkara tebigat we haýwanat dünýäsiniň suratçylary jemgyýeti (SINWP) her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year 2025» bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi. Bu bäsleşik guşlaryň tebigatdaky özboluşly pursatlaryny iň täsirli we ýokary hilli şekillendiren suratçylary ýüze çykarýar.

Bäsleşigiň absolýut ýeňijisi diýlip, Angliýanyň Surreý graflygyndan bolan suratçy Geri Newill (Gary Neville) yglan edildi. Ol Gresiýanyň demirgazygyndaky Kerkini kölünde buýraly gotanyň (Pelicanus crispus) suratyny düşürmegi başardy. Suratda guşuň her bir ýeleginiň we suwuň hereketiniň nepisligi eminleriň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Bäsleşikde dürli kategoriýalar boýunça ýokary ussatlyk görkezen şu suratçylar altyn medallar bilen sylaglandy:

Geri Newill (Gary Neville) — Absolýut ýeňiji

Dennis Lýu (Dennis Liu) — Iki sany aýratyn işi üçin

Enn Aweýard (Ann Aveyard)

Sara Kits (Sarah Keates)

Breým Holland (Braeme Holland)

Renato Granýeri (Renato Granieri)


Patrik Kurs (Patryk Kurc)


Liam MakBraýd (Liam McBride)

Arne Biwrin (Arne Bivrin)

Gatnaşyjylaryň we ýeňijileriň beýleki täsirli suratlary bilen SINWP-niň resmi web sahypasynda tanşyp bilersiňiz.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.