Iki otly, garasar we dumandaky ak kerk: Black & White Photo Awards bäsleşiginiň ýeňijileri

Düýn, 17:092,152
1 / 17

«Black & White Photo Awards 2026» fotobäsleşiginiň guramaçylary onuň bäşinji möwsüminiň ýeňijilerini yglan etdiler. Gatnaşyjylaryň işleri alty ugur boýunça sylaglanyldy.

Eminler topary aýratyn baş baýragyň eýesini hem saýlady. Oňa «Bishwa Ijtema 2» atly suraty üçin Şenweý Daýa mynasyp görüldi.

Suratda bir adamyň iki otlynyň arasynda böküp geçýän pursady şekillendirilýär. Eminler topary suratyň kompozisiýasyny, hereketiň täsirli görkezilişini we ýagtylygyň oýny ussatlyk bilen ulanylyşyny aýratyn belledi.

Silent Majesty / © Mohammad Mirza

«Haýwanat we ösümlik dünýäsi» kategoriýasynda Muhammet Mirzanyň Keniýadaky Solio goraghanasynda düşüren suraty ýeňiji boldy. «Ümsüm beýiklik» atly fotosuratda agaçlaryň arasynda, dumanyň içinden görünýän ak kerk şekillendirilýär.

Convergence / © Lloyd Lane

Täze «Erkin tema» (Open Theme) ugry boýunça Lloýd Leýniň suraty tapawutlandyryldy. Onda Braýtonyň gämi duralgasynyň üstünde uçup ýören garasarlar şekillendirilýär.

Flamingo in Flight 2 / © Jie Fischer

«Iň gowy peýzaž» kategoriýasynda Jeý Fişeriň «Uçup barýan flamingolar 2» atly işi ýeňiji boldy.

Guramaçylar bäsleşigiň finalçylarynyň we ýeňijileriniň 50 sany suratyny öz içine alýan galereýany hem köpçülige hödürlediler. Olaryň arasynda aşakdaky işler hem bar:

Donna Samburu / © Caterina Romeo

Back to the Past/ © Jurica Galic

CHI´GAG-El vocan de fuego / © Francisco Cortes Arias

2027-nji ýyldaky bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 1-nji ýanwardan kabul edilip başlanar. Oňa islendik kişi gatnaşyp bilýär.