Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
25.01.2026 21:28
1.8k+
Fornite oýnunda «Ofis» serialynyň gahrymanlary peýda boldy
Fortnite oýnunda «Ofis» («The Office») komediýa serialy bilen bilelikdäki kollaborasiýa peýda boldy. Oýunçylar üçin sitkomdaky gahrymanlaryň keşpleri we ýörite oýun esbaplary elýeterli edildi. Bilelikdäki taslama 24-nji ýanwarda başlandy
25.01.2026 17:53
2.8k+
«Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde 6,7 million gezek görüldi
«Tagt oýunlarynyň» täze prikweli bolan «Ýedi patyşalygyň rysary» serialy ilkinji üç günde hemme platformalarda 6,7 million tomaşa gazandy. Serial eýýäm ikinji möwsüm üçin uzaldyldy. Bu barada Variety žurnalynda habar berilýär
25.01.2026 17:29
1.2k+
Robbi Willýams täze «Britpop» albomy bilen The Beatles toparynyň rekordyny täzeledi
Britaniýaly aýdymçy Robbi Willýamsyň täze «Britpop» albomy Official Albums Chart Top 100-de birinji orny eýeledi we onuň bu çartda ilkinji setirde durýan 16-njy albomy boldy. Şunlukda, ol 15 albomy bilen iňlis hit-paradynda öňdeligi saklap gelen «The Beatles» toparynyň rekordyndan hem öňe geçdi
25.01.2026 12:26
3.9k+
iPhone Air Hytaýda satuwa çykandan bary-ýogy birnäçe aý soň 30%-e golaý arzanlady
Meşhur insaýder Ice Universe Hytaý bazarynda iPhone Air smartfonynyň kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, smartfonyň bahasy gysga wagtyň içinde ep-esli aşak düşdi. Bu bolsa enjama bolan islegiň pesdigini we satuwy höweslendirmegiň zerurdygyny görkezýär
25.01.2026 12:00
1.1k+
"Google Photos" programmasynda şahsy suratlaryňdan mem döretmek üçin täze gural peýda boldy
Google kompaniýasy "Google Photos" (Google Foto) serwisinde täze funksiýany işe girizdi. Android we iOS üçin niýetlenen mobil goşundysynda ulanyjynyň şahsy suratlarynyň esasynda memleri döretmäge mümkinçilik berýän "Me Meme" guraly peýda boldy
24.01.2026 17:13
1.5k+
Windows 11-iň Paint programmasy indi emeli aň arkaly reňklemeli suratlary döredip bilýär
Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylary üçin «Notepad» we «Paint» programmalarynyň täze synag wersiýalaryny hödürledi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, bu täzelikler häzirki wagtda «Windows Insider» maksatnamasyna gatnaşyjylar üçin elýeterlidir
24.01.2026 16:30
3.4k+
Uelsdäki seýilgähiň aşagyndan gadymy Rim willasy tapyldy
Arheologlar Uelsiň Margam şäherindäki boşan seýilgähiň aşagyndan eldegrilmedik gadymy Rim willasyny tapdylar. Popular Mechanics-iň habaryna görä, gözlegçiler üçin uzak wagtlap näbelli bolan bu açyş rim-britan döwrüne degişlidir
24.01.2026 16:19
7.5k+
Enaýyja, emma howply: EA arkaly döredilen haýwanlar tebigata bolan garaýşymyzy nädip üýtgedýär?
Emeli aň arkaly döredilen haýwanlaryň wideolary — batutda bökýän towşanlardan başlap, restoranda nahar edinýän pandalara çenli sosial mediada millionlarça tomaşa toplaýar. Bu wideolaryň köpüsi şeýle bir hakyky görünýär welin, olaryň ýasamadygyny-da aňşyrmak kyn
24.01.2026 12:10
3.4k+
Gulaklykmy ýa gulakhalka?: Sony gulak kanalyny ýapmaýan LinkBuds Clip nauşniklerini çykardy
Sony doly simsiz, gulakhalka dizaýnly LinkBuds Clip nauşnigini tanyşdyrdy. Açyk görnüşli nauşnik gulak kanalyny ýapmaýar we uzak wagtlyk dakynanyňda-da birahatlyk döretmeýär. LinkBuds Clip gulaga jebis oturýar we daşyndan klips gulakhalka meňzeýär
24.01.2026 09:49
1k+
Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär
Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär
24.01.2026 09:44
2.1k+
Indoneziýada dünýäde iň gadymy gaýa suratlary tapyldy
Halkara alymlar topary Indoneziýadaky gowakda gaýanyň ýüzüne çekilen we ýaşy, takmynan, 68 müň ýyla barabar bolan suratlary tapdy. Bu olary ilkidurmuş sungatynyň mälim bolan suratlarynyň iň gadymy nusgasyna öwürýär diýip, Nature žurnaly habar berýär
24.01.2026 03:48
29k+
Fewral aýynda Türkmenistanda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi yglan edildi
Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň fewral aýynda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geljek aýyň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz
24.01.2026 00:30
1.5k+
Brit Awards 2026 aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi
2026-njy ýylyň Brit Awards 2026 aýdym-saz baýragyna dalaşgärleriň sanawy yglan edildi. Baýrak gowşurylyş dabarasy 28-nji fewralda Mançesterde geçiriler. Mundan öň, dabara tas 50 ýyla golaý wagt bäri Londonda geçirilýärdi
23.01.2026 20:46
8.9k+
Dubaýda ýagty saçýan gökdirän gurlar
Dubaýda Inaura gökdiräniň taslamasy tanyşdyryldy. Şäheriň täsin binalary öň ýetik hem bolsa, täze bina olardan özboluşly aýratynlygy – ýokarky gatlarynyň arasyndaky ýagty saçýan sferasy bilen tapawutlanar. Bu teklip MVRDV binagärlik firmasy tarapyndan işlenip düzüldi
23.01.2026 20:40
4.8k+
Türkmen brendleri Pariždäki abraýly sergilerde öz kolleksiýalaryny görkezdiler
Türkmenistanyň zenan telekeçileriniň topary Pariž şäherinde geçirilen «Maison & Objet» we «Who's Next» halkara sergilerinde öz brendleriniň önümlerini tanyşdyrdylar. Bu sapar Halkara söwda merkezi tarapyndan Ýewropa Bileleşiginiň goldawy bilen, Türkmenistanyň söwda durnuklylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň çäklerinde guraldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar portaly habar berýär
23.01.2026 20:06
7.1k+
Samsung Galaxy S26 Ultra nähili bolar? Çaklanýan dizaýny, tehniki tarapy we bahasy
Samsung kompaniýasy 2026-njy ýylyň gyşynyň ahyrynda görkezilmegine garaşylýan Galaxy S26 Ultra flagman smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam 25-nji fewralda San-Fransiskoda geçiriljek Galaxy Unpacked çäresinde görkeziler, global satuwa bolsa 11-nji martda çykarylar
23.01.2026 18:28
3.2k+
«Tagt oýunlarynyň» ruhy dowamy: «Ýedi patyşalygyň rysary» serialyna ilkinji seslenmeler
«Buzuň we oduň aýdymy» äleminde täze sahypa açyldy: 19-njy ýanwarda «Ýedi patyşalygyň rysary» (A Knight of the Seven Kingdoms) serialynyň ilkinji bölümi ekrana çykdy. Jemi 30 minut dowam edýän birinji bölüm eýýäm tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanmagy başardy
23.01.2026 15:47
3.3k+
Er-Riýadda Kibersport boýunça dünýä kubogynyň baýrak gaznasy rekord 75 million dollar bolar
2026-njy ýylyň 6-njy iýulyndan 23-nji awgusty aralygynda Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde geçiriljek Kibersport boýunça dünýä kubogynyň (Esports World Cup, EWC) baýrak gaznasy rekord derejä — 75 million dollara ýeter
23.01.2026 15:27
2.1k+
Mett Deýmon: Netflix filmleri smartfona güýmenýän tomaşaçylara görä uýgunlaşdyrýar
Mett Deýmon we Ben Afflek tomaşaçylaryň endikleriniň Netflix-iň film döretmek usulyna nähili täsir edýändigi barada gyzykly maglumatlary berdiler. Deýmonyň aýtmagyna görä, platformanyň algoritmleri we adamlaryň film görüp oturanlarynda smartfona güýmenmek endigi döredijilikli çözgütlere gönüden-göni täsir edýär
23.01.2026 12:02
8.8k+
Awstriýada zähmet guralyny ulanmaga ukyply sygyr tapyldy
Awstriýada öz kowum-garyndaşlaryndan üýtgeşik ukyplara eýe bolan Weronika atly 13 ýaşly sygyr tapyldy. Onuň hojaýyny haýwanyň taýagy, sübsäni we dyrmygy ýokary göterip, olary endamynyň ýetmeýän ýerlerini gaşamak üçin ulanýandygyna syn etdi
23.01.2026 11:26
2.2k+
Amerikanlar Roždestwoda onlaýn kinoteatrlarynda 55 mlrd minutdan köp wagt sarp etdi
Geçen Roždestwo ABŞ-da gözegçiligiň taryhynda striming platformalary üçin tomaşa wagty boýunça rekordly boldy. Analitikleriň maglumatlaryna görä, baýramçylyk döwründe tomaşaçylar onlaýn kinoteatrlarda kontent görmek üçin 55,1 mlrd minut sarp etdi
23.01.2026 11:17
1.9k+
Clair Obscur: Expedition 33 taryhda iň köp baýrak alan oýun boldy
«Sandfall Interactive» fransuz studiýasy tarapyndan döredilen fentezi görnüşli Clair Obscur: Expedition 33 oýny, baýraklarynyň sany boýunça meşhur «Elden Ring» oýnuny yzda galdyryp, taryhda iň köp baýrak alan taslama öwrüldi
23.01.2026 10:03
3.2k+
«Oskar» baýragyna dalaşgärler yglan edildi: «Günäliler» filmi 16 baýrak üçin göreşer
Los Anjelesde 98-nji Oskar baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Bu gezek «Günäliler» («Грешники») honnor filminiň 16 ugurda dalaşgär bolmagy «Oskar» üçin rekord derejedir. Mundan öň iň köp dalaşgärlige mynasyp bolan filmler - «Ähli zat Ýewa hakda» («Все о Еве»), «Titanik» we «La La Lend» filmleridi (14 nominasiýada)
22.01.2026 23:34
2.2k+
«28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokata çaklamalardan pes başlady
«28 ýyl soň» horror filminiň dowamy bolan «28 ýyl soň: Süňk ybadathanasy» prokatda garaşylan netijeleri görkezip bilmedi. Ilkinji uik-endiň jemi boýunça film bary-ýogy 13 mln dollar töweregi gazandy, analitikler bolsa kassa ýygymynyň 15-17 mln derejesinde bolmagyny çaklapdy
22.01.2026 15:25
23k+
Hytaýda täsin toý boldy: Ekiz doganlar ekiz uýalar bilen durmuş gurdy. Toýa olaryň ekiz daýylary hem gatnaşdy
Hytaýda adaty bolmadyk bir toý dabarasy geçirildi: Sun familiýaly ekiz erkek doganlar Şan familiýaly ekiz uýalar bilen durmuş gurdular. Emma täsinlik diňe munuň bilen çäklenmedi — toýda ýaş çatynjalaryň her biriniň ekiz daýylary hem bar bolup çykdy
22.01.2026 15:18
5.7k+
Meýletinçiler ýetim durna jüýjelerine uçmagy öwretmek üçin guş sypatyna girdiler
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wiskonsin ştatynyň Barabu şäherinde ýerleşýän Halkara durnalary goramak gaznasynyň meýletinçileri ýetim galan jüýjeleriň diri galmagy üçin täsin usuly ulanýarlar. Olar uly durnalaryň keşbine girip, jüýjelere iýmit gözlemek, ýyrtyjylardan goranmak we uçmak ýaly iň zerur başarnyklary öwredýärler
22.01.2026 15:09
2.9k+
Bruno Mars Roblox-da wirtual konsert berip, 12 milliondan gowrak tomaşaçy ýygnady
Amerikaly meşhur aýdymçy Bruno Mars 2025-nji ýylyň maý aýynda çykan «Steal a Brainrot» oýnunyň çäklerinde Roblox wirtual sahnasynda çykyş etdi. Bu oýun çykan gününden bäri bir wagtyň özünde 25 milliondan gowrak oýunçyny bir ýere jemlemegi başardy
22.01.2026 15:04
2k+
76-njy Berlin kinofestiwalynyň esasy bäsleşik maksatnamasy mälim edildi
76-njy Berlin Halkara Kinofestiwalynyň guramaçylary şu ýylky esasy baýraklar ugrunda bäsleşjek filmleriň sanawyny yglan etdiler. Dünýäniň iň abraýly kino bäsleşikleriniň biri hasaplanýan bu festiwal 12–22-nji fewral aralygynda geçiriler
22.01.2026 15:01
17k+
Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy
20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir
22.01.2026 12:22
2.6k+
Airbus gumanoid robotlaryny awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenýär
Airbus kompaniýasy gumanoid robotlary awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenip başlady. Munuň üçin korporasiýa Hytaýyň UBTech Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Walker S2 robotyny satyn aldy diýip, South China Morning Post gazeti habar berdi
22.01.2026 12:20
1.9k+
Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar
Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi
21.01.2026 18:49
1.6k+
Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär
21.01.2026 15:13
1.6k+
Google soňky birnäçe ýylda ilkinji gezek Android-de ses gözleginiň interfeýsini üýtgedýär
Google kompaniýasy Android-de ses arkaly gözlegiň interfeýsini tapgyrlaýyn täzelemäge başlady. Bu soňky birnäçe ýylda ilkinji uly üýtgeşme boldy: indi dört nokatdan ybarat adaty animasiýanyň deregine ulanyjylara has döwrebap we sazlap bolýan dizaýn hödürlenýär
21.01.2026 11:56
4.4k+
«Arassa zeminiň ýyldyzy»: Şri-Lankada 3,5 müň karat agramly iň uly ýakut daşy görkezildi
Şri-Lankada 3 563 karat agramly, ýyldyz öwüşginini berýän dünýäde iň uly benewşe ýakut daşy görkezildi. Hünärmenleriň hasaplamalary boýunça, onuň bahasy 300-400 mln dollara barabar diýip, Associated Press habar berýär
21.01.2026 10:50
2.4k+
Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy
Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar
21.01.2026 10:07
2.9k+
Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar
2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär
20.01.2026 23:33
4.3k+
Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy
Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy
20.01.2026 14:35
8k+
Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar
Dubaý dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Onuň howandary hökmünde Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) çykyş edýär
20.01.2026 12:53
2.4k+
Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi
«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi
20.01.2026 12:03
6.2k+
Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Gum aýdymlary» atly giň gerimli sergi açyldy. Tomaşaçylara 110-dan gowrak özboluşly eseri hödürleýän bu sergi suratkeşiň medeniýetleriň dialogyna goşan halkara goşandynyň ykrarynyň görnükli mysaly boldy
«
1
…
38
39
40
…
276
»
«
1
…
35
36
37
38
39
40
41
42
43
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.