Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy

22.01.2026, 10:0117,084

20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir.

Güýçli gar we gar gatyşykly ýagyş, esasan, gije we irden ýagdy – 12 sagatda 14 mm ygal düşdi.
Irden sagat 5 töweregi temperatura noldan aşak düşdi, sagat 8-e çenli 4 sm galyňlykda gar örtügi emele geldi. Günüň dowamynda gar dowam etdi, ýöne gowşak boldy, bir günde ýene 4 mm ygal goşuldy, garyň galyňlygy hem birnäçe santimetr ýokarlandy.
Ýylyň başyndan bäri Aşgabatda 41 mm ygal ýagdy, bu aýlyk mukdaryň 195%-ine barabardyr.  

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.