Medeniýet we jemgyýet

Germaniýada Bahyň ozal näbelli iki kompozisiýasy ýerine ýetirildi
23.11.2025 21:10
1.3k+

Germaniýada Bahyň ozal näbelli iki kompozisiýasy ýerine ýetirildi

Germaniýaly sazşynas 30 ýyl mundan ozal tapylan iki organ kompozisiýasynyň Iogann Sebastýan Baha (1685 – 1750) degişlidigini anyklady. Bu barada MDR teleradiokompaniýasy habar berdi. 1992-nji ýylda sazşynas Peter Wollni Brýusseliň Patyşalyk kitaphanasynda işleýän wagty “Çakona re minor” we “Çakona sol minor” aýdym-saz eserleri bilen XVII asyryň iki golýazmasyny tapdy
100 ýaşdan uly 150 awstraliýaly Ginnesiň rekordyny goýdy
23.11.2025 21:08
6.7k+

100 ýaşdan uly 150 awstraliýaly Ginnesiň rekordyny goýdy

Awstraliýada uzak ýaşan ýaşaýjylaryň iň uly ýygnanyşygy boldy: ýurduň 100 we ondan uly ýaşly 150 ýaşaýjysy baýramçylyk saçagynyň başynda duşuşdy. Olaryň umumy ýaşy 15 müň ýyldan geçdi. Bu dabara Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy
iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi
23.11.2025 20:58
4.8k+

iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi

Senagat dizaýneri Abidur Çoudhuri Apple kompaniýasyndan gitdi. Ol kompaniýanyň iň soňky modelleriniň biri bolan iPhone Air-iň esasy işläp düzüjisi bolupdy diýip, 9to5mac çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Çoudhuri emeli aň tehnologiýalarynyň üstünde işleýän bir startapa (ýa-da başlangyja) işe girdi
Amazonka we äpet derýalar: Planetanyň iň uly 30 sany suw arteriýasy atlandyryldy
23.11.2025 20:39
4.6k+

Amazonka we äpet derýalar: Planetanyň iň uly 30 sany suw arteriýasy atlandyryldy

Derýalar biziň planetamyzyň arteriýalary bolup, olar süýji suwy yklymlara daşaýar we tutuş ekoulgamlary kemala getirýär. Hünärmenler dünýäniň iň kuwwatly 30 sany derýasyny ortaça akym tizligine görä tertipleýän täze infografika döretdiler
Pol Makkartni aýdym-sazda emeli aňyň ulanylmagyna garşylyk hökmünde sessiz trek ýazga geçirdi
23.11.2025 01:01
4.8k+

Pol Makkartni aýdym-sazda emeli aňyň ulanylmagyna garşylyk hökmünde sessiz trek ýazga geçirdi

Öňki The Beatles toparynyň agzasy Pol Makkartni sözsüz we sazsyz, dowamlylygy 2 minut 45 sekunt bolan trek ýazga geçirdi (ýa-da döretdi). Şeýlelik bilen, sazanda ýewropaly kärdeşlerine goşulyp, aýdym-saz pudagynda emeli aňyň (EA) ulanylmagyna garşylyk bildirdi diýip, The Guardian ýazýar
Frida Kalonyň suraty zenan suratkeşler üçin rekord 54,7 mln dollara satyldy
23.11.2025 00:15
2.6k+

Frida Kalonyň suraty zenan suratkeşler üçin rekord 54,7 mln dollara satyldy

Meksikaly Frida Kalonyň “Düýş” (El sueño) suraty Sotheby’s auksionynda 54,7 mln dollara satyldy – bu zenanlar tarapyndan döredilen suratlar üçin täze rekord boldy diýip, The Wall Street Journal habar berýär. “Düýş” 1940-njy ýylda çekildi
Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlaryny hödürledi
23.11.2025 00:06
2k+

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlaryny hödürledi

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlarynyň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Ledi Gaganyň 7-nji martda çykan Mayhem albomyndan Abracadabra aýdymy eýeledi. “Gürrüňsiz, 2025-nji ýyl Ledi Gaganyň ýyly boldy
Çedwik Bouzman aradan çykandan soň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy
23.11.2025 00:02
5.9k+

Çedwik Bouzman aradan çykandan soň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy

Merhum aktýor Çedwik Bouzman (“Gara Babyr”) aradan çykandan soň Golliwudyň Şöhrat alleýasynda atly ýyldyzyň eýesi boldy. Bu waka bagyşlanan dabara Bouzmanyň ýakynlary, şeýle-de kärdeşleri – “Gara Babyryň” režissýory Raýan Kugler we aktýorlar Maýkl B
Collider geçen asyryň iň gorkunç filmleriniň ilkinji onlugyny hödürledi
22.11.2025 23:54
4.2k+

Collider geçen asyryň iň gorkunç filmleriniň ilkinji onlugyny hödürledi

Collider žurnaly XX asyrda düşürilen nägehanlar baradaky iň gorkunç on filmiň reýtingini taýýarlady. Žurnalist Jeremi Urkhartyň makalasynda nägehanlar baradaky her bir filmiň horror žanryna degişli däldigi, ýöne saýlanan filmleriň howsala we howp duýgusyny güýçli döredýändigi, şol sebäpli onlarça ýyllardan soň hem ýörgünli bolup galýandygy aýdylýar
“Kalmar oýnunyň” amerikan wersiýasy 2026-njy ýylda düşürilip başlanar
22.11.2025 14:43
4.8k+

“Kalmar oýnunyň” amerikan wersiýasy 2026-njy ýylda düşürilip başlanar

Meşhur “Kalmar oýny” serialynyň amerikan spin-offy resmi taýdan önümçilige goýberildi. Kino we telewizion pudagy birleşiginiň maglumatlaryna görä, “Kalmar oýny: Amerika” atly taslama 2026-njy ýylyň fewralynda Los-Anjelesde düşürilip başlanar
Emeli aň “Time” tarapyndan “Ýylyň adamy” diýlip atlandyrylmaga dalaş edýär
22.11.2025 14:33
2.7k+

Emeli aň “Time” tarapyndan “Ýylyň adamy” diýlip atlandyrylmaga dalaş edýär

Emeli aň “Ýylyň adamy” adynyň eýesi hökmünde Time amerikan žurnalynyň daşynda peýda bolup biler. Polymarket bukmeker agentligi şeýle ähtimallygy 37% diýip hasaplaýar. Bu ada eýe bolmak mümkinçiligi boýunça ikinji orunda Nvidia kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jensen Huang ýerleşýär – 17%
Pariždäki Arap dünýäsi institutyna Magtymgulynyň arap dilindäki neşirleri gowşuryldy
22.11.2025 14:14
4.6k+

Pariždäki Arap dünýäsi institutyna Magtymgulynyň arap dilindäki neşirleri gowşuryldy

18-nji noýabrda Pariždäki Arap dünýäsi institutyna türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň arap diline terjime edilen eserleriniň seýrek nusgalary gowşuryldy. Çäre Türkmenistanyň wekiliýetiniň Fransiýa amala aşyran resmi saparynyň çäginde geçirildi
“Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň ilkinji treýleri çykdy
22.11.2025 11:05
3.9k+

“Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň ilkinji treýleri çykdy

Lionsgate kinostudiýasy “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” (Голодные игры: Рассвет жатвы) filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Meşhur franşizanyň täze bölümi indiki ýylyň 20-nji noýabrynda prokata çykar
Türkmenistanda ýüze çykarylan täze arheologik tapyndylar Aşgabat we Arkadag şäherleriniň muzeýlerine gowşurylar
22.11.2025 10:29
5.7k+

Türkmenistanda ýüze çykarylan täze arheologik tapyndylar Aşgabat we Arkadag şäherleriniň muzeýlerine gowşurylar

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-preýmer B.Seýidowa taryhy we medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek, gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Milli taryhy
Türkmen milli senenamasy boýunça garagyş döwri başlandy
22.11.2025 10:23
8.2k+

Türkmen milli senenamasy boýunça garagyş döwri başlandy

22-nji noýabrda türkmen milli senenamasy boýunça güýz we gyş paslynyň çalşygyndaky gysga wagtlyk döwür hasaplanýan garagyş döwri ýetip geldi. "Türkmenistan" gazetinde garagyş barada şeýle maglumatlar getirilýär: "Köp ýyllaryň tejribesine nazar aýlasaň, onda şu döwürde howanyň duýdansyz sowap, gar-ýagşyň ýeriň ýüzüni örtýän halatlary az bolmandyr
Metacritic 2025-nji ýylyň iň şowsuz çykan oýunlaryny saýlady
21.11.2025 22:19
2.7k+

Metacritic 2025-nji ýylyň iň şowsuz çykan oýunlaryny saýlady

2025-nji ýylda geýmerler üçin Clair Obscur: Expedition 33, Donkey Kong Bananza, Hades 2, Hollow Knight: Silksong ýaly köp sanly gyzykly oýunlar çykdy. Ýöne oýunlaryň ählisi garaşylan netijäni görkezmedi – käbir relizler şowsuz boldy
Parasocial adalgasy Kembrij sözlügi tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi hökmünde saýlandy
21.11.2025 12:23
1.2k+

Parasocial adalgasy Kembrij sözlügi tarapyndan 2025-nji ýylyň sözi hökmünde saýlandy

Iňlis diliniň Kembrij sözlügi “Parasocial” (“parasosial”) adalgasyny 2025-nji ýylyň sözi diýip atlandyrdy. “Parasosial” adalgasy adamyň meşhur şahsyýete, kitabyň, filmiň ýa-da serialyň gahrymanyna, ýa-da emeli aňa, mysal üçin, çat-bota birtaraplaýyn psihologik ysnyşygyny aňladýar
Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi
21.11.2025 12:09
1.2k+

Apple 2025-nji ýylyň App Store Awards baýragynyň finalçylaryny yglan etdi

Apple kompaniýasy App Store Awards ýyllyk baýragynyň finalçylarynyň sanawyny yglan etdi. Oňa kompaniýanyň dürli enjamlary üçin iň gowy programmalar we oýunlar gatnaşýar. Şu ýyl App Store-yň redaksion topary 45 programma önümini saýlady
Xiaomi emeli aň sebäpli smartfonlaryň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy
21.11.2025 12:00
3k+

Xiaomi emeli aň sebäpli smartfonlaryň bahasynyň ýokarlanjakdygyny duýdurdy

Xiaomi 2026-njy ýylda ulanyjylaryň smartfon bahalarynyň ýokarlanmagy bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini duýdurdy. Bu ýat çipleriniň ep-esli gymmatlamagy bilen baglanyşyklydyr diýip, kompaniýanyň prezidenti Lu Weýbine salgylanyp, Reuters habar berýär
Adobe marketing üçin Semrush programma üpjünçiligini işläp düzüjisini 1,9 mlrd dollara satyn alýar
21.11.2025 11:50
1k+

Adobe marketing üçin Semrush programma üpjünçiligini işläp düzüjisini 1,9 mlrd dollara satyn alýar

Adobe amerikan kompaniýasy marketing üçin programma üpjünçiligini işläp düzýän Semrush kompaniýasyny satyn alýandygyny habar berdi. Şertnamanyň şertlerine görä, Adobe kompaniýanyň paýdarlaryna her paý üçin 12 dollar tölär, bu bolsa jemi 1,9 mlrd dollara barabardyr
Ilon Mask emeli aň hasaplamalaryny kosmosa geçirmegi teklip etdi
21.11.2025 11:47
3k+

Ilon Mask emeli aň hasaplamalaryny kosmosa geçirmegi teklip etdi

Amerikaly milliarder Ilon Maskyň pikiriçe, geljek bäş ýylda emeli aň bilen baglanyşykly hasaplaýyş güýçlerini ösdürmegiň iň amatly ýoly olary kosmosa göçürmek bolar. Bu barada ol Waşingtonda ABŞ bilen Saud Arabystanynyň ykdysady hyzmatdaşlygyna bagyşlanan forumda aýtdy
Windows 40 ýyllygyny belledi: meşhur operasion ulgamyň taryhy
21.11.2025 11:23
3.5k+

Windows 40 ýyllygyny belledi: meşhur operasion ulgamyň taryhy

Dogry 40 ýyl mundan ozal Microsoft korporasiýasy wagtyň geçmegi bilen dünýäde iň meşhur operasion ulgamlaryň biri bolan Windows-yň ilkinji wersiýasyny çykardy. Häzirki günde Windows 11 ýörgünli, ýöne köp adamlar häzirem öňki wersiýalary ulanmagyny dowam etdirýär
Fýodor Konýuhow Antarktidadaky polýar stansiýada ýekelikde 4 aý geçirer
21.11.2025 11:16
8.6k+

Fýodor Konýuhow Antarktidadaky polýar stansiýada ýekelikde 4 aý geçirer

Fýodor Konýuhowyň ekspedisiýasy Antarktida geldi, bu ýerde syýahatçy ylmy-gözleg stansiýasynda ýekelikde dört aý geçirer. RIA Nowosti agentliginiň syýahatçynyň ogly Oskar Konýuhowa salgylanyp habar bermegine görä, 28 gatnaşyjydan ybarat ekspedisiýa 14-nji noýabrda Argentinadan iki bogaldakly şhunada Antarktida geldi
TikTok programmada wagtyny az geçirýän ulanyjylary nyşanjyklar bilen sylaglar
20.11.2025 14:17
10k+

TikTok programmada wagtyny az geçirýän ulanyjylary nyşanjyklar bilen sylaglar

TikTok sosial ulgamy ulanyjylara öz ruhy saglygy barada alada etmäge kömek etjek täze gurallary işe girizýär. Şeýle aýratynlyklaryň biri programmadaky wagtyny bilgeşleýin çäklendirýän ulanyjylara beriljek nyşanjyklar boldy diýip, TechCrunch habar berýär
Astrosuratçy Günüň fonunda aşak gaçyp barýan adamyň suratyny düşürdi
20.11.2025 13:58
13k+

Astrosuratçy Günüň fonunda aşak gaçyp barýan adamyň suratyny düşürdi

Amerikaly astrosuratçy Endrýu MakKarti Günüň fonunda paraşýutçynyň ajaýyp suratyny düşürdi we wideony öz Instagram sahypasynda ýerleşdirdi. Suratyň ady "Ikaryň Aşak Gaçyşy" diýlip atlandyryldy. MakKartiniň aýtmagyna görä, suraty almak üçin uzak wagtlyk taýýarlyk we takyk hasaplamalar zerur boldy
Google has kuwwatly we mugt elýeterli bolan täze Gemini 3 EA modelini hödürledi
20.11.2025 13:11
1.9k+

Google has kuwwatly we mugt elýeterli bolan täze Gemini 3 EA modelini hödürledi

Google täze nesil emeli aň modelini – Gemini 3-i hödürledi. Kompaniýa ony Gemini hatarynda iň ösen we hemmetaraplaýyn model diýip atlandyrýar. Ol eýýäm Gemini programmasynda, Google gözleginiň AI režiminde, şeýle-de işläp düzüjiler we korporatiw ulanyjylar üçin gurallarda elýeterlidir
Google-yň başlygy "EA köpürjiginiň" töwekgelçilikleri barada duýdurdy
20.11.2025 13:02
2.8k+

Google-yň başlygy "EA köpürjiginiň" töwekgelçilikleri barada duýdurdy

Alphabet we Google kompaniýalarynyň baş direktory Sundar Piçai BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda emeli aň (EA) pudagynyň çalt ösmegi bilen bagly bolup biläýjek töwekgelçilikler barada gürrüň berdi. Sundar Piçai eger EA bazary "köpürjik" derejesine ýetip, soňra ýarylsa, munuň her bir kompaniýa täsir etjekdigini belledi
Rouza aşyk bolan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy
20.11.2025 12:49
6.7k+

Rouza aşyk bolan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy

Öz gündeliginde Rouz atly zenana bolan duýgulary barada ýazan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär. 21 ýaşly Ernest Tomlin üçünji derejeli ýolagçydy. Ilkibaşda ol başga bir gämä – “Adriatige” petek satyn alypdy, ýöne ahyrynda ol “Titanik” gämisine geçirildi
Hytaýda maýmynyň näbelli görnüşiniň galyndylary tapyldy
20.11.2025 12:08
4k+

Hytaýda maýmynyň näbelli görnüşiniň galyndylary tapyldy

Londonyň Zoologiýa institutynyň alymlary we olaryň hytaýly kärdeşleri Sianda takmynan 2200–2300 ýyl ozal jaýlanan zenanyň mazarynda gibbonyň (maýmynyň görnüşi) ozal näbelli görnüşiniň galyndylaryny tapdylar. Skelet ilkibaşda 2004-nji ýylda tapylypdy, ýöne jikme-jik öwrenilmegi onuň Nomascus urugynyň ýok bolup giden görnüşine degişlidigini görkezdi diýip, Arkeonews neşiri ýazýar
Karfagende b.e. öňki IV asyryň oňat saklanan mermer nikaby tapyldy
20.11.2025 12:03
2.2k+

Karfagende b.e. öňki IV asyryň oňat saklanan mermer nikaby tapyldy

Tunisli arheologlar gadymy Karfageniň Tofet ybadathanasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda seýrek artefakty — b.e. öňki IV asyryň zenan mermer nikabyny tapdylar. Arkeonews neşiriniň habar bermegine görä, ony dini desgany bezäp, ene aladasyny we önelgeliligini alamatlandyrýan aýal hudaý Tanita bagyşlanypdyr diýlip çaklanylýar
Russiýada ýaşy 385 million ýyllyk agaç tapyldy
20.11.2025 11:22
8k+

Russiýada ýaşy 385 million ýyllyk agaç tapyldy

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) paleontologlary Leningrad oblastynyň Lužskiý raýonynda ýerleşýän Şalowo-Pereçiskiý çäge karýerinde dewon döwründen galan seýrek tapyndynyň — gadymy agaç sütüniň üstünden bardylar
Belgiýada kömelekden gaplamalar öndürilip başlandy
20.11.2025 11:14
3.2k+

Belgiýada kömelekden gaplamalar öndürilip başlandy

Brýusselde kömelek damarlaryndan (miseliýden) gaplama öndürýän Permafungi fabrigi işläp başlady. Bu "miko-material" doly dargap bilýär we polietileniň hem-de plastigiň beýleki görnüşleriniň ornuna ulanmak üçin işlenip taýýarlanýar
“Keý-pop melgun awçylaryny” döredijiler Labubu barada film düşürerler
20.11.2025 10:37
2.6k+

“Keý-pop melgun awçylaryny” döredijiler Labubu barada film düşürerler

  Sony Pictures studiýasy Labubu atly meşhur oýunjak barada film düşürer. The Hollywood Reporter neşiriniň maglumatlaryna görä, taslamany ozal Netflix üçin üstünlikli "Keý-pop melgun awçylary" multfilmini döreden kompaniýanyň animasion bölümi ýerine ýetirer
Klimtiň suraty Sotheby’s auksionynda rekord 236 mln dollara satyldy
20.11.2025 10:04
4.1k+

Klimtiň suraty Sotheby’s auksionynda rekord 236 mln dollara satyldy

Awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň “Elizabet Ledereriň portreti” suraty Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 236,4 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýi X sosial ulgamynda habar berdi. “Indi ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat häzirkizaman sungat eseri hasaplanýar” – diýlip, habarda aýdylýar
Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy
19.11.2025 23:03
3.1k+

Norwegiýa dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyna dalaş etmek boýunça öňdebaryjy boldy

Norwegiýanyň “Duýgy gymmatlygy” dramasy Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragy üçin iň köp dalaşgär görkezilen film boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ýoakim Trieriň (“Dünýäde iň ýaramaz adam”) filmi “iň gowy ýewropa filmi”, “režissýor”, “ssenariçi”, şeýle-de “aktýor” (Stellan Skarsgard) we “aktrisa” (Renate Reinswe) kategoriýalarynda baýrak üçin göreşer
80 ýaşly amerikaly aýal IRONMAN çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy
19.11.2025 13:49
9k+

80 ýaşly amerikaly aýal IRONMAN çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy

80 ýaşly amerikaly aýal Natali Grabou Kaýlua-Konada (Gawaýi) geçirilen IRONMAN dünýä çempionatynyň iň uly ýaşly gatnaşyjysy boldy. Onuň ady Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Grabou gyzlaryň guramaçylykly sport bilen meşgullanmak mümkinçiligi az bolan döwürde ulaldy, ýöne goýalyşan ýaşda ol işjeň sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip başlady
Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar
19.11.2025 13:38
4.4k+

Alymlar “içki ses” bilen ýürek urşunyň arasynda geň baglanyşyk tapdylar

Daniýanyň Orhus uniwersitetiniň psihologlary adamyň içki sesiniň — ýagny öz-özüne içinden gürlemeginiň — bedeni hereketsiz galanda-da, ýürek ritmini üýtgetmäge ukyplydygyny görkezdiler. Işiň netijeleri Psychophysiology žurnalynda çap edildi
Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar
19.11.2025 13:27
4.9k+

Aktrisa Mişel Ýeo Berlin kinofestiwalynyň abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar

Hytaý gelip çykyşly malaýziýaly aktrisa Mişel Ýeo kinematografiýa goşan goşandy üçin abraýly “Altyn aýy” baýragyny alar. Baýrak oňa 12-nji fewralda Berlin film festiwalynda gowşurylar diýip, Variety habar berýär
Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy
19.11.2025 12:27
1.4k+

Samsung 90Hz ekranly we Dolby Atmos dinamikli elýeterli Galaxy Tab A11+-y çykardy

Samsung sentýabr aýynda satuwa çykarylan has amatly bahaly Galaxy Tab A11-iň kämilleşdirilen görnüşi bolan täze Galaxy Tab A11+ planşetini çykardy. Modele has çalt prosessor, ulaldylan ýat we goşmaça funksiýalar goşuldy
Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?
19.11.2025 12:16
1.5k+

Apple iPhone we Mac üçin täze funksiýalary goşdy: täzelenmelerde näme täzelik bar?

Apple iOS 26.2-iň ikinji beta görnüşini çykardy. Onda iPhone ulanyjylary üçin birnäçe ownuk, ýöne möhüm täzelenmeler bar. Bulara has köp interfeýs sazlama opsiýalary, gowulaşan animasiýalar we täze howpsuzlyk funksiýalary girýär diýip, MacRumors ýazýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.