Medeniýet we jemgyýet

Adaty gözleg ulgamlarynyň hereketi 2025-nji ýylda 25% pese düşdi
25.10.2025 15:34
1.8k+

Adaty gözleg ulgamlarynyň hereketi 2025-nji ýylda 25% pese düşdi

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda Google, Yahoo we Bing ýaly adaty gözleg ulgamlarynyň ýerine adamlar emeli aň esasly hyzmatlara has köp ýüz tutup başladylar. Ulanyjylar bu hyzmatlaryň has amatlydygyny, sebäbi onlarça linki açyp gözlemän, derrew taýýar jogap berýändigini belleýärler
iPhone 17-ler öňki modellerden has meşhur boldy: isleg garaşylandan ýokary
25.10.2025 11:34
6.3k+

iPhone 17-ler öňki modellerden has meşhur boldy: isleg garaşylandan ýokary

Täze iPhone 17 modelleri özünden öňki enjamlardan has meşhur bolup çykdy. Financial Times neşirine salgylanyp berilýän maglumatlara görä, üpjünçilik zynjyrynda täze Apple smartfonlaryna degişli sargytlar geçen ýylky iPhone 16-lara garanyňda has köp
Billboard Hellouin üçin 25 meşhur aýdymy saýlady
24.10.2025 16:43
1.7k+

Billboard Hellouin üçin 25 meşhur aýdymy saýlady

Billboard žurnaly Hellouin üçin 25 meşhur aýdymdan ybarat reýtingi hödürledi. Ol Billboard Hot 100 çartynda aýdymlaryň ýeten üstünlikleriniň esasynda düzüldi, şonuň üçin sanaw aýdym-saz muşdaklaryny geň galdyryp biler
Sanly internet arhiwi 1 trln sahypa görkezijisinden geçdi
24.10.2025 16:39
1k+

Sanly internet arhiwi 1 trln sahypa görkezijisinden geçdi

Wayback Machine (Web.archive) arhiwinde saklanyp galnan web-sahypalaryň sany 1 trilliona ýetdi. Bu barada Internet Archive täjirçilik däl guramasy öz blogunda habar berdi. Wayback Machine topary bu wakany 22-nji oktýabrda belledi: guramanyň San-Fransiskodaky ştab-kwartirasynda islendik adam üçin onlaýn ýaýlyma berlen dabara gurnaldy
Nature’s Best International Awards “Täsin haýwanlar” kategoriýasynda iň gowy suratlary hödürledi
24.10.2025 12:30
6.2k+

Nature’s Best International Awards “Täsin haýwanlar” kategoriýasynda iň gowy suratlary hödürledi

Nature’s Best International Awards bäsleşiginiň guramaçylary baýragyň 30 ýyllygyna bagyşlap, “Täsin haýwanlar” kategoriýasy boýunça 2025-nji ýylyň iň gowy suratlaryny hödürlediler. Bu suratlarda professional we höwesjeň suratçylar ýabany tebigatyň durmuşyndan ýürekde galjak, täsirli we köplenç gülkünç pursatlary surata almagy başarandylar
Ilkinji eplenýän iPad 2029-njy ýyldan ir çykmaz
24.10.2025 11:27
2.1k+

Ilkinji eplenýän iPad 2029-njy ýyldan ir çykmaz

Apple-iň eplenýän displeýli ilkinji planşeti 2029-njy ýyldan ir çykmaz diýip, Bloomberg habar berýär. Ilkibaşda kompaniýa ony 2028-nji ýylda hödürlemegi meýilleşdiripdi, ýöne taslama tehniki kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy
Türkmenistanda Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy belleniler
24.10.2025 11:22
5.8k+

Türkmenistanda Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy belleniler

Noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara guralar. Bu barada 23-nji oktýabrda wise-premýer B
Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär
24.10.2025 09:38
2.1k+

Samsung täze Galaxy XR garniturasyny hödürledi: Apple-yňkydan iki esse arzan we Gemini bilen işleýär

Samsung kompaniýasy Galaxy XR garyşyk hakykat garniturasyny – Apple Vision Pro-nyň  Android-e esaslanýan bäsdeşini hödürledi. Garnitura Google we Qualcomm bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Onuň bahasy 1800 dollar bolup, bu ýakynda hödürlenen M5 çipli Apple Vision Pro-dan ($3500) iki esse diýen ýaly arzandyr
Nýu-Ýorkda “millionerleriň köçesinde” 102 gatly bina ýumrulyp başlady
23.10.2025 18:09
18k+

Nýu-Ýorkda “millionerleriň köçesinde” 102 gatly bina ýumrulyp başlady

Ýakynda Nýu-Ýorkdaky Park-awenýuda gurlan 102 gatly ýaşaýyş jaýy ýumrulmak howpunyň astynda düşdi. The New York Times-yň maglumatlaryna görä, munuň güman edilýän sebäbi gurluşykda ulanylan betonyň düzüminiň üýtgedilmegi boldy
Tutanhamonyň aramgähine jaýryklar we çyglylyk sebäpli ýumrulmak howpy abanýar
23.10.2025 18:07
8.8k+

Tutanhamonyň aramgähine jaýryklar we çyglylyk sebäpli ýumrulmak howpy abanýar

Müsüriň Patyşalar jülgesindäki ýaşy 3,3 müň ýyldan geçýän Tutanhamonyň aramgähine weýran bolmak howpy abanýar. Kair uniwersitetiniň alymlarynyň gözlegi desganyň içinde uly jaýryklaryň emele gelendigini we çyglylygyň derejesiniň ýokarlanýandygyny görkezdi
Disney “Tron: Ares” filminiň şowsuz bolmagy sebäpli $133 mln möçberde ýitgi çeker
23.10.2025 18:04
3.8k+

Disney “Tron: Ares” filminiň şowsuz bolmagy sebäpli $133 mln möçberde ýitgi çeker

Belli “Tron” ylmy-fantastik franşizasynyň dowamy bolan “Tron: Ares” filmi Disney üçin şowsuz taslama boldy. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, kompaniýa onuň önümçiligine, takmynan, 220 mln dollar sarp etdi – bu tutuş franşiza üçin rekord mukdardyr
Netflix baş keşpde Maýkl Fassbenderiň oýnamagynda Kennedi maşgalasy barada serial düşürer
23.10.2025 17:43
2k+

Netflix baş keşpde Maýkl Fassbenderiň oýnamagynda Kennedi maşgalasy barada serial düşürer

Netflix we Chernin Entertainment ABŞ-nyň 35-nji Prezidenti Jon Kennediniň kakasy, işewür we diplomat Jozef Patrik Kennedi-ulynyň durmuşyna bagyşlanan “Kennedi” drama serialynyň üstünde işläp başlady diýip, Deadline ýazýar
Täze Xiaomi 17 Pro Max berklik synagyndan geçirildi: smartfon kynçylyklara döz geldi
23.10.2025 17:29
7.3k+

Täze Xiaomi 17 Pro Max berklik synagyndan geçirildi: smartfon kynçylyklara döz geldi

JerryRigEverything YouTube kanalyndan bloger Zak Nelson hytaý flagmanlaryny seýrek synagdan geçirýär. Ýöne täze Xiaomi 17 Pro Max kadadan çykma boldy. 6,9 dýuým ekranly smartfon daşky görnüşi boýunça iPhone 17 Pro-ny ýada salýar, ýöne yzky paneldäki kamera blogunda oturdylan ikinji displeýi bilen tapawutlanýar
Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi
23.10.2025 13:02
4.4k+

Hytaýda emeli aňyň kömegi bilen 1600 ýyllyk söýgi golýazmasy dikeldildi

Pekin uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň kömegi bilen, takmynan, 1600 ýyl mundan ozal meşhur hytaý kalligrafy Wan Sýançži tarapyndan ýazylan söýgi barada gadymy golýazmany dikeltdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär
Çagalar hassahanasynyň hassalary Nike-a täze kolleksiýany döretmäge kömek etdiler
23.10.2025 13:00
3.8k+

Çagalar hassahanasynyň hassalary Nike-a täze kolleksiýany döretmäge kömek etdiler

Nike bilen Doernbecher çagalar hassahanasy Oregon saglyk we ylym uniwersitetiniň (OHSU) goldaw bermeginde alty sany ýaş hassa tarapyndan döredilen Nike Doernbecher Freestyle 21 haýyr-sahawat kolleksiýasyny hödürledi
Awstraliýada şahtanyň golaýyna näbelli jisim gaçdy. Ol kosmos zibiliniň bölegi bolup biler
23.10.2025 12:56
11k+

Awstraliýada şahtanyň golaýyna näbelli jisim gaçdy. Ol kosmos zibiliniň bölegi bolup biler

Awstraliýanyň günbataryndaky Pilbara sebitinde demir-magdan şahtasyndan uzak bolmadyk ýerde ýanan jisim tapyldy. Deslapky maglumatlara görä, bu kosmos zibiliniň bölegi diýip, 9News teleýaýlymy habar berýär. Şahtanyň işgärleri ýolda bu jisimi görüp, derrew dessin gulluklary çagyrdy
Rimde Kapitoliý muzeýinde ilkinji gezek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler
23.10.2025 11:51
4.2k+

Rimde Kapitoliý muzeýinde ilkinji gezek «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler

2025-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 12-nji apreli aralygynda Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýiniň Palazzo dei Conservatori zallarynda «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly sergi geçiriler. Italiýaly tomaşaçylara ilkinji gezek Margiana we Parfiýa gadymy medeniýetleriniň arheologik tapyndylary görkeziler
Alymlar Sahara çölüniň häzirkisinden 75%-e çenli “ygally” bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar
23.10.2025 09:57
7.3k+

Alymlar Sahara çölüniň häzirkisinden 75%-e çenli “ygally” bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar

XXI asyryň ikinji ýarymynda Sahara çölünde ýagşyň mukdary häzirki döwrüň görkezijileri bilen deňeşdirilende takmynan 75% ýokarlanyp biler diýip, ABŞ-nyň Illinoýs uniwersitetiniň klimatologlary çaklaýarlar. Barlaglaryň netijeleri npj Climate and Atmospheric Science žurnalynda çap edildi
2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar
23.10.2025 09:54
6k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler
Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar
23.10.2025 09:48
1.1k+

Windows 11 ekranyňyzda bolup geçýän zatlary eşider we yzarlar

Microsoft operasion ulgamynyň 40 ýyllygynyň şanyna Windows 11 üçin uly emeli aň täzelenmesini taýýarlaýar. Täze mümkinçilikler diňe Copilot Plus kompýuterlerinde däl, eýsem ähli goldanylýan enjamlarda elýeterli bolar diýip, The Verge habar berýär
Tebigatyň göze görünmeýän gözelligi: Nikon Small World 2025 bäsleşiginiň netijeleri
23.10.2025 09:44
4.5k+

Tebigatyň göze görünmeýän gözelligi: Nikon Small World 2025 bäsleşiginiň netijeleri

Nikon kompaniýasy mikroskopik dünýäniň gizlin gözelligini açyp görkezýän, dünýäniň dürli künjeklerinden alymlary we suratçylary birleşdirýän 51-nji “Small World” mikrofotografiýa bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi
Ýabany gözelligiň ýyl ýazgysy: “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijeleri
22.10.2025 21:56
6.8k+

Ýabany gözelligiň ýyl ýazgysy: “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” bäsleşiginiň netijeleri

Günorta afrikaly suratçy Wim wan den Hiwer “Salgym şäheriň myhmany” atly suraty üçin “2025-nji ýylyň ýabany tebigat suratçysy” baýragyna mynasyp boldy. Suratda Namibiýadaky göwher gazylan, soň bolsa taşlanan Kolmanskop şäheriniň galyndylarynyň arasynda aýlanyp ýören goňur syrtlan görkezilýär
Prisypkadaky asbest sebäpli 3 müň britaniýaly “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi
22.10.2025 15:02
10k+

Prisypkadaky asbest sebäpli 3 müň britaniýaly “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi

Beýik Britaniýada üç müň töweregi ýaşaýjy Amerikanyň “Johnson & Johnson” kompaniýasynyň üstünden kazyýete arza berdi. Şikaýatçylar kompaniýanyň düzüminde rak keselini döredýän asbest maddasynyň bolmagynyň mümkindigini bilibem, talk prisypkasyny birnäçe ýyllap satandygyny öňe sürýärler diýip, BBC habar berýär
LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi
22.10.2025 14:21
4k+

LEGO toplumy 1 milliondan gowrak çaga MRT-den gorkusyny ýeňmäge kömek etdi

Daniýanyň meşhur oýnawaç öndürijisi bolan LEGO kompaniýasy özüniň «LEGO MRI Scanner» atly okuw toplumy arkaly dünýä boýunça 1 milliondan gowrak çaga MRT barlagyndan öň dörän gorkularyny ýeňmäge kömek edendigini mälim etdi
CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi
22.10.2025 14:14
5.6k+

CR450 dünýäde iň tiz elektrik otly boldy, ol sagatda 453 km tizlige ýetdi

Hytaýda geçen ýyl hödürlenen dünýäde iň tiz CR450 elektrik otlusy synaglaryň dowamynda ýeke otly üçin täze tizlik rekordyny goýdy. Ol sagatda 453 km ýetdi diýip, MyDrivers portaly ýazýar. Tehniki talaplara doly laýyk gelmek üçin, otly ýolagçy gatnadyp başlamazdan ozal synag režiminde 600 000 km geçmeli
Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder
21.10.2025 16:20
7.8k+

Ýewropa Bileleşigi öndürijilerden aýrylýan USB-C zarýad kabellerine geçmegi talap eder

Ýewropa Bileleşigi 2028-nji ýyldan başlap sarp ediş elektronikasyny öndürijilerden zarýad berijileri we daşarky energiýa bloklaryny bir umumy ülňi boýunça – USB-C porty bilen çykarmaga borçlandyrjak kanuny tassyklady
Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy
21.10.2025 16:18
4.3k+

Microsoft gizlin maglumatlary ogurlamaga we serwerleri döwmäge mümkinçilik beren gowşaklygy ýapdy

Microsoft birbada birnäçe operasion ulgamlarda işleýän programmalary döretmek üçin ASP.NET Core gurallar toplumynda howply gowşaklygy düzetmek üçin patç çykardy. CVE-2025-55315 ýalňyşlygy Kestrel web-serwerinde ýüze çykaryldy we oňa platformanyň taryhynda iň çynlakaý howp diýip baha berildi
Telegramda “Istoriýalarda” göni ýaýlymlar peýda bolar
21.10.2025 16:14
2.6k+

Telegramda “Istoriýalarda” göni ýaýlymlar peýda bolar

Telegram-yň “Istoriýalar” bölüminde göni ýaýlymlary geçirmek funksiýasy peýda bolar. Täzelenme iOS 12.2 üçin programmanyň beta-wersiýasynda ýüze çykaryldy diýip, Telegram Info kanaly habar berýär. Ýaýlymlar Instagram-daky funksiýa meňzeş bolar
“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy
21.10.2025 10:54
3.4k+

“Mahabat” müdirligi «Meniň oýnum» atly täze multfilm çykardy

Ýakynda “Mahabat” müdirligi Mämmetjanyň başdan geçirmeleri dogrusynda gürrüň berýän multfilmiň «Meniň oýnum» atly täze bölümini halk köpçüligine ýetirdi. Multfilmi döretmek üçin döredijilik toparynyň eden yhlasy onuň täsirli sahnalarynda, gahrymanlaryň gyzykly gürrüňlerinde hem-de hereketlerinde, şeýle hem olaryň ýatda galyjy seslendirmelerinde has-da aýdyň görünýär
Ispaniýada Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suraty ýitdi
20.10.2025 17:42
5.5k+

Ispaniýada Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suraty ýitdi

Ispaniýanyň Milli polisiýasy Pablo Pikassonyň “Gitaraly natýurmort” suratynyň ýitmegini derňeýär. Ideal neşiriniň çeşmelere salgylanyp habar bermegine görä, surat Madridden Granada eltilmelidi, ýöne ol bellenilen ýere gelip gowuşmady
Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi
20.10.2025 17:30
10k+

Erkek adam öz garažynyň kölegesiniň kömegi bilen Ýeriň tekiz däldigini görkezdi

Dünýäde Ýeriň tekizdigine ynanýan adamlar häli-häzirem ýeterlik. Pikir soraşmalara görä, diňe ABŞ-nyň özünde 2022-nji ýylda ýaşaýjylaryň 11%-i şeýle pikirdedi. Reddit ulanyjylarynyň biri öz garažynyň wideo gözegçilik kamerasyny ulanyp, olaryň pikirini üýtgetmek kararyna geldi
Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy
20.10.2025 14:10
9.5k+

Luwr muzeýinden ýedi minutyň içinde gymmatly şaý-sepler ogurlandy

19-njy oktýabrda irden Luwrda ogurlyk bolup geçdi. Ýedi minutda jenaýatkärler fransuz imperatorlarynyň dokuz sany gymmatly şaý-seplerini – bezeg önümleriniň toplumyny, gap-gaç toplumyny, monjugy, gulakhalkany, iki täji we gülýakany ogurlady diýip, Le Parisien habar berýär
Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy
20.10.2025 10:52
12k+

Angliýada bitewi diýen ýaly “gylyç şekilli ażdarha” tapyldy

Beýik Britaniýanyň Ýura kenarynda alymlar öň belli bolmadyk, delfiniň ululygyndaky gadymy deňiz süýrenijisi — ihtiozawryň bitin diýen ýaly skeletini tapdylar. Britan paleontologlary Papers in Paleontology žurnalynda çap eden makalasynda bu tapyndynyň ihtiozawrlaryň ewolýusiýasynyň taryhyndaky boşlugy doldurmaga kömek edýändigini belleýärler
Redmi Turbo 5 9000 mA·s kuwwatly batareýa we ýokary derejede suwdan gorag ulgamyna eýe bolar
20.10.2025 10:40
4.1k+

Redmi Turbo 5 9000 mA·s kuwwatly batareýa we ýokary derejede suwdan gorag ulgamyna eýe bolar

Redmi Turbo 5 smartfony 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda tanyşdyrylar diýlip garaşylýar. Bu barada Hytaýyň radio enjamlaryny sertifikasiýalaşdyyrş platformasynyň maglumatlaryna we Digital Chat Station atly insaýderiň paýlaşan maglumatlaryna görä aýdylýar
FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular
20.10.2025 10:13
1.8k+

FIFA we Football Manager birleşdi: oýna resmi dünýä çempionaty goşular

Sega bilen Sports Interactive studiýasynyň Football Manager oýun seriýasy 20 ýyllygyny belleýär. Öz taryhynda ilkinji gezek oýun FIFA-nyň resmi ygtyýarnamasyna eýe bolar. Işläp düzüjiler Halkara futbol federasiýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk barada habar berdi, bu bolsa oýunlarda FIFA-nyň howandarlygynda uly ýaryşlaryň peýda bolmagyna mümkinçilik berýär
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.10 - 26.10)
20.10.2025 10:01
7.6k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.10 - 26.10)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser
Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy
19.10.2025 16:54
7.9k+

Tim Kuk baryp gaýdandan soň Hytaýda iPhone Air birnäçe minutda satyldy

Hytaýda iPhone Air smartfonlarynyň ilkinji toplumy deslapky satuw başlandan soň bary-ýogy birnäçe minutda satyldy. Diňe eSIM-i (smartfonyň içinde oturdylan we fiziki plastik kartyň ornuny tutýan sanly SIM karty) goldaýan smartfona, Android modelleri bilen güýçli bäsdeşlige garamazdan, alyjylar tarapyndan isleg ýokary bolup çykdy
Ženewadaky auksionda XIX asyryň iň baý maşgalalarynyň biriniň gymmat şaý-sepleri satylar
19.10.2025 16:36
6k+

Ženewadaky auksionda XIX asyryň iň baý maşgalalarynyň biriniň gymmat şaý-sepleri satylar

10-njy noýabrda Ženewada Phillips “The Geneva Jewels Auction: V” auksiony geçiriler. Bu ýerde seýrek şaý-sepler, şol sanda XIX asyryň iň baý maşgalalarynyň birine – Wanderbiltlere degişli bolan bezeg önümleri hödürlener
Türkmenistanyň teatrlarynda daşary ýurt nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
19.10.2025 08:31
5.1k+

Türkmenistanyň teatrlarynda daşary ýurt nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň teatrlarynda “Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady” atly hepdelik geçiriler. Bu babatda görülýän taýýarlyk işleri barada wise-premýer B
Google Play Services-däki näsazlyk Pixel 10 ulanyjylaryna köpsanly kynçylyk döretdi
19.10.2025 08:03
1.5k+

Google Play Services-däki näsazlyk Pixel 10 ulanyjylaryna köpsanly kynçylyk döretdi

Täze Google Pixel 10 smartfonlarynyň eýeleri programmalaryň işinde duýdansyz bökdençlikleriň ýüze çykýandygyny habar berýärler. 9to5Google neşiriniň maglumatlaryna görä, ulanylýan programmanyň görnüşine ýa-da iş tertibine garamazdan, käbir programmalaryň öz-özünden ýapylýandygy bellenilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.