Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
03.09.2025 13:08
6.3k+
“Rokkiniň” döredilişi barada film düşüriler. Ýaş Stalloneniniň keşbini Entoni Ippolito oýnar
Aktýor Entoni Ippolito “Rokkiniň” döredilişi baradaky filmde Silwestr Stalloneniň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ippolitonyň özi taslama barada bilen badyna prodýuserlere diňlenişikden ýazgy iberdi
03.09.2025 12:28
2.9k+
Apple akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Huawei-den yza galdy
2025-nji ýylyň II çärýeginiň jemi boýunça Huawei ilkinji gezek akylly sagatlaryň üpjünçiligi boýunça Apple-den öňe geçip, dünýäde birinji orna çykdy. Bu barada Counterpoint Research statistikasy habar berýär. Hytaý bazary kompaniýanyň global üpjünçiliginiň 8% ösüşini üpjün edip, bu netijä ýetmekde möhüm orun eýeledi
03.09.2025 12:26
5.7k+
Awgust aýynda dünýäde iň gymmatlan harytlar belli boldy
Awgust aýynyň jemi boýunça dünýä bazarlarynda has gymmatlan haryt kofe boldy. Bu barada ICE Futures, CME Group biržalarynyň we Şanhaýyň metal biržasynyň maglumatlaryna salgylanyp, “RIA Nowosti” habar berýär. Robusta kofesiniň bahasy bir aýda 1,5 esse, arabika kofesiniň bahasy bolsa 29% ýokarlandy
03.09.2025 12:23
2.4k+
OpenAI ChatGPT bilen alşylan hatlary barlaýar we howply mazmuny polisiýa habar berýär
OpenAI kompaniýasy öz blogunda ChatGPT-niň ulanyjylarynyň hat alyşmalarynyň indi zyýanly mazmun taraplarynyň derňelýändigini habar berdi. Potensial howply habarlar gözden geçirmek üçin işgärlere iberilýär we käbir ýagdaýlarda polisiýa iberilip bilner
03.09.2025 11:51
1.5k+
Disney jadylaýyş ukyplary bolan ýetginjek hakda täze multfilm çykarar
Orlandoda D23 Destination-niň tanyşdyrylyş dabarasynda Walt Disney Animation Studios “Hexed” (“Jadylanan” (“Заколдованный”)) atly özboluşly animasiýa filmini taýýarlaýandygyny habar berdi. Onuň ilkinji görkezilişini 2026-njy ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär diýip, Deadline habar berýär
03.09.2025 11:48
9k+
ABŞ-nyň ýaşaýjysy 3,5 müň Crocs aýakgabyny ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Konnektikut ştatyndan (ABŞ) internetde “Krokodil” lakamy bilen tanalýan Dugi Sandtiger 3,5 müň Crocs aýakgabyndan kolleksiýa ýygnady. Bu barada News 8 habar berýär. Sandtigeriň üýtgeşik aýakgap bilen gyzyklanmasy tötänleýin ýüze çykdy
03.09.2025 11:06
4.4k+
Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar. Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly sirk çykyşy hödürleniler
02.09.2025 22:20
9k+
Teýlor Swiftiň adaglanmagy gymmat bahaly daşlaryň bazarynyň ösüşine itergi berdi
Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy
02.09.2025 20:11
5.3k+
Black and White Photo Awards 2025 monohrom surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Black and White Photo Awards bäsleşiginiň guramaçylary 2025-nji ýylyň ýeňijilerini yglan etdiler. Emin agzalary monohrom fotosuratynyň ebedi manylylygyny we çeperçilik taýdan çuňlugyny bellediler. Bäsleşigiň ýeňijileri:
02.09.2025 20:05
12k+
Türkiýede tilki derisini geýen adamyň 8000 ýyllyk heýkeli tapyldy
Arheologlar Türkiýede bir adamyň toýundan ýasalan uly bolmadyk heýkeljigini tapdylar. Bu artefaktyň ýaşy, takmynan, 8000 ýyl töweregi diýip, DHA habarlar gullugy habar berdi. Dokuz santimetrlik heýkel Izmir welaýatynyň Kemalpaşa etrabynyň Ulujak depesinden tapyldy
02.09.2025 20:00
4k+
Prints for Wildlife taslamasy 2025-nji ýyldaky iň oňat ýabany tebigatyň suratlaryny görkezdi
Prints for Wildlife taslamasynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň täze çap edilen surat albomyna girizilen, ýabany tebigatyň iň gowy suratlaryny hödürlediler. Prints for Wildlife taslamasy maliýeleşdirmegiň kemeldilmegi bilen ýüzbe-ýüz bolan milli seýilgählere we dürli daşky gurşawy goramak programmalaryna serişde toplamak üçin eýýäm birnäçe ýyl bäri çap edilen suratlary goýberýär
02.09.2025 19:21
4.5k+
Beýik Britaniýada şokoladyň tagamyny güýçlendirýän saz döredildi
Beýik Britaniýada diňläniňde şokoladyň süýji tagamyny has güýçlendirýän saz döredildi diýip, New York Post habar berýär. Bristol uniwersitetinden kompozitor we ses boýunça hünärmen Natali Hiasint soňky 60 ýylda sazyň tagam duýgularyna ýetirýän täsiri baradaky ylmy gözlegleri öwrendi
02.09.2025 14:57
6.8k+
Infinix Hot 60 Pro+ dünýäde egri displeýli iň inçe smartfon diýlip ykrar edildi
Bir aý töweregi mundan ozal dünýä bazarynda hödürlenen Infinix Hot 60 Pro+ Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan egri 3D displeýli iň inçe smartfon diýlip resmi taýdan ykrar edildi. Onuň korpusynyň ýogynlygy 5,95 mm barabar
01.09.2025 17:03
11k+
“Gladiatoryň” režissýory hatda 20 mln dollar üçin “Terminator 3-i” düşürmekden ýüz öwürdi
“Gladiator”, “Keseki” ýaly filmler bilen tanalýan britaniýaly režissýor Ridli Skott işi üçin 20 mln dollar teklip edilse-de, “Terminator 3-i” düşürmekden ýüz öwürdi. Bu barada ol The Guardian bilen söhbetdeşlikde aýtdy
01.09.2025 16:59
3.3k+
LEGO “Karib deňziniň garakçylarynyň” stilinde täze toplum çykardy
LEGO kompaniýasy “Kapitan Jek Serçäniň garakçylyk gämisi” ady bilen “Karib deňziniň garakçylary” filmi boýunça täze toplum çykardy. Ol 2862 bölekden ybarat bolup, olardan “Gara dür” gämisiniň modelini ýygnap bolýar
01.09.2025 15:41
3.4k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Pekinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýa saparynyň çäklerinde «Gugun» taryhy köşkler toplumyna baryp gördi
01.09.2025 14:12
11k+
Samsung-yň Galaxy S26 Pro, Edge we Ultra flagmanlary öňkülerden inçe bolar
SammyGuru çeşmesi geljekki Samsung Galaxy S26 flagmanlarynyň hatary barada täze maglumatlary berdi. Olaryň esasy aýratynlygy Galaxy S25 hatary bilen deňeşdirilende korpuslarynyň inçe bolmagy boldy. Çeşmäniň maglumatlaryna
31.08.2025 20:37
3.4k+
Hünärmenler EA bilen işleýän ilkinji kompýuter wirusyny ýüze çykardy
ESET Research Labs-yň hünärmenleri emeli aňyň kömegi bilen işleýän zyýanly wirusy tapdy. Ol şeýle görnüşli ilkinji mälim bolan wirus boldy we PromptLock adyny aldy. Wirus taýýar promptlaryň toplumyny ýerli EA modeline iberýär, bu model hem jogap hökmünde Lua dilinde skriptleri döredýär (1993-nji ýylda döredilen dil programmirlemesi bolup, köplenç, oýunlary döretmekde ulanylýar)
31.08.2025 20:31
4.6k+
Günorta Koreýa mekdeplerde smartfonlaryň ulanylmagyny gadagan eder
Günorta Koreýanyň Milli mejlisi täze okuw ýylyndan mekdep okuwçylary tarapyndan smartfonlaryň we beýleki sanly gurluşlaryň ulanylmagyny çäklendirýän gaýtadan seredilen kanuny tassyklady. Bu barada Yonhap agentligi habar berýär
31.08.2025 20:25
6.4k+
Starlink eýýäm 150 ýurtda işleýär, oňa 7 milliondan gowrak ulanyjy birikdi
SpaceX kompaniýasynyň Starlink hemra internet ulgamy taryhy görkezijä ýetdi – ol 7 milliondan gowrak ulanyjyny birikdirip, 150 ýurdy we sebiti gurşap aldy. Ulgam 200 Mbit/s çenli tizligi we gijikdirmeleriň pes bolmagyny üpjün edýär, bu bolsa kabel ýa-da optiki süýüm birleşmesiniň elýeterli däl ýa-da has gymmat bolan sebitlerinde internete birikmäge mümkinçilik berýär
31.08.2025 08:51
2.5k+
Google Android-e tassyklanmadyk işläp düzüjileriň programmalaryny guramagy gadagan edýär
Google Android üçin programmalary barlamak ulgamyny girizmegi meýilleşdirýär. Bu onuň taryhynda ekoulgamdaky iň uly üýtgeşme bolar. Indi kepillendirilen enjamlara diňe tassyklanan işläp düzüjileriň programmalary guralyp bilner
31.08.2025 08:47
8k+
Samsung EA-nyň we eplenýän iPhone-yň ýokdugy üçin Apple-iň üstünden güldi
Samsung korporasiýasy X sosial ulgamynda mahabat wideosyny hödürledi we onda degişme äheňinde özüniň eplenýän Galaxy Z Fold 7 smartfonynyň iPhone-dan artykmaçlygyny görkezdi. Sýužet boýunça basseýniň gyrasynda dynç alýan iki adam iPhone bilen eplenýän Samsung smartfonyny deňeşdirýär
30.08.2025 18:22
2.8k+
Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar
30.08.2025 18:10
1k+
Microsoft ilkinji hususy EA modellerini görkezdi: biri sözleýiş, beýlekisi tekst döredýär
Microsoft ilkinji gezek özüniň emeli aň modellerini hödürledi. Mundan öň kompaniýa, esasan, OpenAI-iň çözgütlerini ulanyp, olary Azure infrastrukturasyna we Copilot önümlerine goşýardy. Indi bolsa onuň öz ulgamlary – MAI-Voice-1 we MAI-1-preview bar
30.08.2025 18:08
3.8k+
Huawei tizerde üç eplenýän Mate XTs smartfonyny resmi tanyşdyryşdan öň görkezdi
Huawei kompaniýasy ikinji nesil Mate XTs eplenýän smartfonynyň tizerini görkezdi. Onuň resmi tanyşdyrylyşy 4-nji sentýabrda Şençžende bolar. Täze smartfon öňki modeliň dizaýnynyň esasy elementlerini: digir-digir çarçuwany, sekizburç kamera bloguny we S şekilli eplenmäni saklar (şarnirleriň biri ekrany daşyna, beýlekisi içine epleýär)
30.08.2025 18:04
3.1k+
Honor 1999 ýewrodan inçe Magic V5 eplenýän smartfonynyň global satuwyna başlady
Honor kompaniýasy dünýäde iň inçe eplenýän smartfon hökmünde mahabatlandyrylýan Magic V5 smartfonynyň global satuwyna başlady. Bir aý ozal ol Hytaýda çykypdy, häzir bolsa Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesinde elýeterli boldy
30.08.2025 13:29
4.3k+
Google Translate-e dil öwrenmek funksiýasy goşuldy: ol nähili işleýär?
Google resmi taýdan emeli aňyň esasynda Google Translate-e iki täze funksiýany goşdy: hakyky wagtda janly terjime guraly we dil öwrenmek boýunça şahsylaşdyrylan ulgam. Indi hyzmaty diňe bir terjime üçin däl, eýsem eşidiş we sözleýiş tejribesi üçin hem ulanmak bolýar
30.08.2025 10:44
7.4k+
Hökümet mejlisinde sentýabr aýynda geçiriljek dabaraly çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy
29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy
29.08.2025 20:04
13k+
Apple iPhone 17 çykandan soň iPhone-yň dört modeliniň satuwyny bes eder
Täze iPhone 17 çykandan soň, Apple dört sany smartfon modelini öndürmegi we satmagy bes eder diýip, 9to5Mac habar berýär. Neşiriň habaryna görä, Apple iPhone 15-i we iPhone 15 Plus-y öndürmegi bes eder. Bu modeller üçünji tarap satyjylarynda satylyp bilner, ýöne olar kompaniýanyň resmi dükanlarynda bolmaz
29.08.2025 20:00
3.3k+
Samsung Galaxy S25 FE smartfonynyň we Tab S11 planşetleriniň tanyşdyrylyş senesini aýtdy
Samsung nobatdaky Galaxy Event çäresiniň 2025-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda geçiriljekdigini yglan etdi. Tanyşdyrylyş onlaýn geçer we kompaniýanyň resmi saýtynda hem YouTube kanalynda UTC boýunça 9:30-da (Aşgabat wagty bilen 14:30) ýaýlyma berler
29.08.2025 19:57
2.2k+
“Keý-pop melgun awçylary” Netflix-iň iň köp tomaşa edilýän filmi boldy
Täze animasion film “Keý-pop melgun awçylary” (KPop Demon Hunters) Netflix amerikan platformasynyň taryhynda iň meşhur taslama boldy. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Sony Pictures Animation bilen hyzmatdaşlykda döredilen multfilm eýýäm 236 milliondan gowrak tomaşa ýygnady
29.08.2025 19:56
13k+
Hytaýda soňky 30 ýylda ilkinji gezek dýugon göründi: bu jandar ýitip giden hasaplanypdy
Hytaýda Günorta-Hytaý deňziniň Nanşa arhipelagyndaky Ýunşu rifiniň töwereginde 2022-nji ýylda ýurtda resmi taýdan ýitip giden diýlip ykrar edilen suw süýdemdirijileriniň bir görnüşi – dýugon göründi. Bu barada China Daily habar berýär
29.08.2025 19:50
7.9k+
Häzirki günde dünýäde iň ýokary IQ-sy bolan adamlar atlandyryldy
Adamlarda aň koeffisientiniň (IQ) hasaba alnan iň ýokary görkezijileri 200-den 250 bala ýetýär. BBC Science Focus žurnaly häzirki adamlaryň arasynda kimde iň ýokary derejäniň hasaba alnandygy barada maglumatlary hödürledi
29.08.2025 19:48
15k+
Ispaniýada “pomidor söweşi” geçirildi: adamlar birek-birege 120 tonna pomidor zyňdy
Ispaniýanyň Bunýol şäherinde 80-nji La Tomatina festiwaly geçirildi, onuň çäklerinde bolsa däbe öwrülen “pomidor söweşi” boldy. Baýramçylyga dünýäniň dürli ýerinden syýahatçylar geldi, olar giriş petegi üçin 15 ýewro töledi
29.08.2025 01:03
3.8k+
Lionsgate “Alagaraňkylyk” filmlerini 4K formatda gaýtadan prokata çykarar
Lionsgate “Alagaraňkylyk” (Сумерки) filmlerini gaýtadan prokata çykarýandygyny mälim etdi. Franşizanyň ähli filmleri ABŞ-da täzelenen 4K görnüşde görkeziler. Filmleriň görkezilişi oktýabrda başlar diýip, Discussing Films twitter-akkaunty habar berdi
29.08.2025 00:27
12k+
Londonda şa gyzy Diana we iki çaga tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy
Beýik Britaniýada Uels şa gyzy Diana tarapyndan goýlan wagt kapsulasy açyldy. Bu barada The Guardian ýazýar. Agaç guty 1991-nji ýylda Londonyň merkezindäki Greýt-Ormond-Stritde Variety Club hassahanasynyň binasynyň düýbi tutulanda gömüldi
28.08.2025 17:21
2.3k+
Wenesiýa kinofestiwaly badalga aldy: Werner Hersog “Altyn ýolbarsa” mynasyp boldy
Italiýada 82-nji Wenesiýa kinofestiwaly öz işine başlady. Festiwalyň ilkinji güni kinematografda bitiren hyzmatlary üçin “Altyn ýolbars” hormat baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl ony germaniýaly režissýor Werner Hersog aldy
28.08.2025 15:58
11k+
Apple iPhone 17-niň hataryna täze adaty bolmadyk reňkleri goşar
Apple ýene birnäçe hepdeden iPhone 17 hataryny hödürlär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň maglumatyna görä, adaty reňk görnüşlerinden başga-da, käbir modeller täze reňk wariantlaryny alar. Şeýlelikde, flagman modelleri bolan iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max mämişi reňkde çykar we iPhone 16 Plus-yň ornuny tutjak iPhone 17 Air açyk gök reňkde bolar
28.08.2025 07:12
6.7k+
Özbegistanda ýaşy 9,2 müň ýyla barabar bolan ekerançylyk gurallary we däneleri tapyldy
Özbegistanyň günortasynda, Surhandarýa derýasynyň jülgesinde, Toda gowagynda Özbegistandan, Hytaýdan we Ýewropadan arheologlaryň topary gadymy adamlaryň gonalgasyny tapdy. Onuň ýaşy, takmynan, 9,2 müň ýyla barabar
28.08.2025 07:09
4.8k+
Google Play-den 77 zyýanly programma aýryldy: olar 19 mln gezek ýüklendi
Google Play programmalar dükanyndan jemi 19 mln gezek gurnalan 77 zyýanly programma bozuldy. Howpy Zscaler ThreatLabs gözleg toparynyň hünärmenleri ýüze çykardy diýip, BleepingComputer neşiri ýazýar. Gözlegiň maglumatlaryna görä, ýüze çykarylan programmalaryň 66%-den gowragy mahabat görkezýän programmalardy
«
1
…
64
65
66
…
276
»
«
1
…
61
62
63
64
65
66
67
68
69
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.