Hökümet mejlisinde sentýabr aýynda geçiriljek dabaraly çäreleriň Tertibi maslahatlaşyldy

30.08.2025, 05:447,373

29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa şu ýylyň sentýabr aýynda maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň Tertibi barada aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, geljek aýda

  • “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny;
  • “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryny;
  • Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertini;
  • Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyny;
  • Welaýatlaryň, Arkadag şäheriniň baş baýdak meýdançalarynda Döwlet baýdagynyň galdyrylyş dabaralaryny;
  • Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk mynasybetli dabaraly ýörişi geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow sentýabr aýyndaky baýramçylyk çärelerine we Döwlet münberiniň öňünde geçiriljek dabaralara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi. Şeýle-de döwlet Baştutany wise-premýere ulanmaga berilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyş dabaralaryna gowy taýýarlyk görmegi hem-de olary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.