Medeniýet we jemgyýet

Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy
28.08.2025 06:41
4.2k+

Angliýadan dokuz ýaşly alpinist 700-den gowrak dag depesine çykdy

Angliýadan dokuz ýaşly Frenki Makmillan 700-den gowrak dag depesine, şol sanda Ýewropanyň iň beýik on depesine çykdy diýip, What’s the Jam habar berýär. Frenki üç ýaşynda alpinizm bilen meşgullanyp başlady. Onuň ejesi Basýa hem ogly bilen bilelikde dag depelerine işjeň çykýar we ömrüniň köp böleginiň daglarda geçýändigini belleýär
Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi
28.08.2025 06:36
5.4k+

Repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar, onuň baýlygy 2,6 mlrd dollara ýetdi

Forbes neşiriniň wersiýasy boýunça, repçi Jay-Z dünýäniň iň baý sazandasy bolmagynda galýar. Onuň baýlygy 2,6 mlrd dollar diýlip hasaplanýar. 2019-njy ýylda Jay-Z ilkinji hip-hop-artist-milliarder boldy. Soňky ýyllarda onuň baýlygy ep-esli: 2023-nji ýyldaky 1,4 mlrd dollardan 2,5 mlrd dollara çenli artdy
Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady
27.08.2025 16:03
6.9k+

Belgiýaly adam Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady

Belgiýaly Stiwen wan Daýk Lego heýkeljikleriniň dünýäde iň uly kolleksiýasyny ýygnady. Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri onda 11 803 predmeti hasaba aldy. Bu öňki rekord eýesiniňkiden iki müň heýkel köpdür
Netflix-iň çykaran filmi ilkinji gezek ABŞ-da prokatyň öňdebaryjysy boldy
27.08.2025 16:00
2.7k+

Netflix-iň çykaran filmi ilkinji gezek ABŞ-da prokatyň öňdebaryjysy boldy

Netflix-iň “Keý-pop melgun awçylary” animasion filmi amerikan prokatynda birinji orny eýeledi. Ilkinji dynç günleri film 18-20 mln dollar töweregi gazandy diýip, Variety habar berýär. Adatça Netflix kinoteatr relizlerinden gaça durýar
Kosmosdan alnan suratlar Aziýada gijeki yşyklandyryşyň 10 ýylda näderejede üýtgändigini görkezdi
27.08.2025 15:59
14k+

Kosmosdan alnan suratlar Aziýada gijeki yşyklandyryşyň 10 ýylda näderejede üýtgändigini görkezdi

2014-nji we 2024-nji ýyllaryň dowamynda Aziýanyň çäklerinde gijeki yşyklandyryş kartalaryny deňeşdirmek arkaly soňky on ýylda sebitde emeli ýagtylandyryşyň paýlanylyşynyň näderejede üýtgändigini görmek bolýar. Şeýle kartalar adamyň işjeňligini wizual öwrenmäge kömek edýär
Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi
27.08.2025 14:40
8.9k+

Samsung 86 dollardan Galaxy A07 smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy 2025-nji ýylda özünde iň amatly bahadan satyljak smartfonyny — Galaxy A07 modelini resmi taýdan hödürledi. Täze model eýýäm Indoneziýada alyjylar üçin elýeterlidir. Esasy aýratynlyklary: Ekran:
«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär
27.08.2025 14:29
5.6k+

«Awatar 3-iň» täze kadry peýda boldy. Onda öňki ganhor gaýdyp gelýär

«Awatar: Ot we kül» (Avatar: Fire And Ash) filminiň premýerasy şu ýylyň iň köp garaşylýan kino wakalarynyň biridir. Jeýms Kemeronyň franşizasynyň üçünji bölüminiň 19-njy dekabrda görkezilmegine garaşylýar. Häzirlikçe döredijiler taslama barada bölekleýin maglumatlary paýlaşýarlar
Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi
27.08.2025 14:21
1.8k+

Telegram-da indi “statusyňyza” saz goşmaga mümkinçilik döredi

Telegram messenjeriniň MacOS üçin niýetlenen beta wersiýasynda profiliňize saz goşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu barada Telelakel kanalyna salgylanýan Rozetked portaly habar berdi. Işleýiş nukdaýnazaryndan ol “Wkontakte-däki” aýdym-saz statusyna meňzeýär
Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?
27.08.2025 14:16
12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär
Apple 9-njy sentýabrda iPhone 17-ni we beýleki täzeliklerini tanyşdyrar
27.08.2025 11:24
4.2k+

Apple 9-njy sentýabrda iPhone 17-ni we beýleki täzeliklerini tanyşdyrar

Apple kompaniýasy her ýylky tanyşdyryş çäresiniň senesini mälim etdi. Çäre 9-njy sentýabrda, sagat 22:00-da (Aşgabat wagty bilen) kompaniýanyň Kaliforniýadaky Kupertino şäherindäki baş edarasynda ýerleşýän Stiw Jobs adyndaky teatrda geçiriler
Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi
27.08.2025 11:12
7.7k+

Mask iPhone-a ChatGPT-niň goşulmagy sebäpli Apple bilen OpenAI-i kazyýete berdi

Milliarder Ilon Maskyň X we xAI kompaniýalary Apple we OpenAI (ChatGPT çat-botuny dörediji) kompaniýalaryna garşy şikaýat arzasy bilen Tehasdaky kazyýete ýüz tutdy. Bu barada 25-nji awgustda Bloomberg agentligi habar berdi
Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy
26.08.2025 21:51
11k+

Meksikaly aşpezler tako taýýarlap, birbada üç rekord goýdy

Sýerra-Madre daglarynyň etegindäki Guadalupe şäherçesinde geçirilen La Discada festiwalynda meksikaly aşpezler Ginnesiň birbada üç rekordyny goýdy. Olar bir sagatda hödür edilen iň köp tako, iň uly gowrulan tagam we iň uly saç üçin hasaba alyndy
Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?
26.08.2025 14:37
4.6k+

Google-yň aýtmagyna görä, Gemini her soraga jogap bermek üçin bary-ýogy 5 damja suw sarp edýär. Hakykatdan hem şeýlemikä?

Google kompaniýasy Gemini emeli aňynyň daşky gurşawa ýetirýän täsiri barada öz barlagyny çap etdi. Kompaniýa netijeliligiň ýokarlanmagy bilen häzirki modeliň ortaça 0,24 watt sagat elektrik energiýasyny (telewizoryň dokuz sekuntlap işlemegine deň) we bir tekst soragy üçin takmynan 0,26 millilitr suw (bäş damja) sarp edýändigini tassyklaýar
Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar
26.08.2025 14:13
2.5k+

Lego «Willi Wonka we şokolad fabrigi» filmi esasynda toplum çykarar

Lego 1971-nji ýylda çykarylan «Willi Wonka we şokolad fabrigy» filminiň esasynda täze konstruktoryň çykarylýandygyny mälim etdi diýip, HypeBeast habar berýär. Toplum 2025 sany detal bilen düzülip, şokolad şaglawugyny we derýany ýygnamaga mümkinçilik berýär
Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer
26.08.2025 14:03
3k+

Warner Bros. basketbolçy Kobi Braýant hakynda film düşürer

Warner Bros. Pictures kompaniýasy basketbolçy Kobi Braýant hakynda film taýýarlamaga girişýär. Variety neşiriniň habar bermegine görä, studiýa onuň durmuşy barada ýazylan deslapky ssenarini satyn alypdy. Filmiň wakalary hakyky durmuş wakalaryna esaslanýar
Kanadada guş dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli 400 düýeguşy ýok ediler
26.08.2025 13:40
5.6k+

Kanadada guş dümewiniň ýaýramak howpy sebäpli 400 düýeguşy ýok ediler

Kanadada federal şikaýat kazyýeti Britan Kolumbiýasyndaky Universal Ostrich Farms fermasynda 400 düýeguşy ýok etmek baradaky çözgüdi tassyklady. Bu çäre guş dümewiniň ýaýramak howpy bilen baglanyşykly diýip, The Washington Post habar berýär
Aşgabatda okuwçylaryň arasynda “Ozon we klimat” ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi
25.08.2025 15:49
3k+

Aşgabatda okuwçylaryň arasynda “Ozon we klimat” ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanda ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli mekdep okuwçylarynyň arasynda “Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigi “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy BMG-niň Senagat Ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde guraýar
Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi
25.08.2025 13:01
5.6k+

Angliýada rim esgerine degişli bolan ýaşy 2000 ýyllyk başgap dikeldildi

Angliýadaky Bolton muzeýinde ýaşy 2000 ýyl töweregi bolan ýüpekden ýasalan başgaby dikeltmek işleri tamamlandy. Ony rimli esger geýipdir. Dünýäde şeýle görnüşli diňe üç nusga saklanyp galypdyr: biri Mançesterde, beýlekisi Florensiýada, üçünjisi bolsa Boltonda ýerleşýär diýip, muzeý habar berdi
Daniýada kagyz poçta hat alyşmalary 400 ýyllyk taryhyny tamamlanýar
25.08.2025 12:50
3.4k+

Daniýada kagyz poçta hat alyşmalary 400 ýyllyk taryhyny tamamlanýar

Döwlet poçta kompaniýasy PostNord Danmark 2025-nji ýylyň ahyryna çenli kagyz hatlaryny eltip bermegiň bes ediljekdigini yglan etdi diýip, BBC habar berýär. Bu ýurtda poçta hatlarynyň 400 ýyldan gowrak taryhynyň tamamlanmagyna getirer
“Hakyky detektiw” filminiň bäşinji möwsüminde Nikolas Keýj baş keşbi alar
25.08.2025 12:46
1.8k+

“Hakyky detektiw” filminiň bäşinji möwsüminde Nikolas Keýj baş keşbi alar

“Oskar” we “Altyn globus” baýraklarynyň eýesi Nikolas Keýj “Hakyky detektiw” (Настоящий детектив) atly meşhur serialyň bäşinji möwsüminde baş keşbi ýerine ýetirmek barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada Deadline habar berýär
Honor içi nauşnikli simsiz syçanjygy çykardy
25.08.2025 12:25
3.3k+

Honor içi nauşnikli simsiz syçanjygy çykardy

Honor kompaniýasy bir wagtyň özünde nauşnikler üçin zarýad gutusy bolup hyzmat edýän Select Yuewo Wireless Ear Mouse Pro simsiz syçanjygyny çykardy. Nauşniksiz syçanjygyň agramy 78 grama, onuň bilen birlikde 88 grama barabar
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)
25.08.2025 07:29
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser
Britaniýaly adam bir hepdede 55 sany "amerikan depejikleri" attraksionyna münüp Ginnesiň rekordyny goýdy
24.08.2025 17:19
9.2k+

Britaniýaly adam bir hepdede 55 sany "amerikan depejikleri" attraksionyna münüp Ginnesiň rekordyny goýdy

Britaniýaly Din Stouks Ginnesiň rekordlar kitabyna adyny ýazdyrdy – ol bir hepdäniň içinde "amerikan depejikleri" diýlip belli bolan 55 sany attraksionlara münüpdir diýip, BBC habar berýär. Rekordçy ilkibaşda diňe Beýik Britaniýadaky we Irlandiýadaky şeýle attraksionlara baryp görmegi maksat edinendigini, ýöne soňundan rekord goýmagy ýüregine düwendigini aýtdy
Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi
24.08.2025 16:24
6.2k+

Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi

Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy
Xiaomi täze Redmi Note 15 hataryny çykardy
23.08.2025 18:36
18k+

Xiaomi täze Redmi Note 15 hataryny çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda Redmi Note 15 smartfon hataryny hödürledi. Oňa üç model girdi: esasy Redmi Note 15, Redmi Note 15 Pro we Redmi Note 15 Pro+. Smartfonlar öňki nesil bilen deňeşdirilende has kämil displeýlere, prosessorlara we akkumulýatorlara eýe boldy
Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi
23.08.2025 18:35
3.6k+

Weýmarda ChatGPT-niň pýesasy boýunça “FaustX” spektakly görkezildi

Nemes şahyry Iogann Wolfgang fon Gýoteniň ýaşan we işlän ýeri bolan Germaniýanyň Weýmar şäherindäki sungat festiwalynda “FaustX” spektaklynyň premýerasy boldy. Ol günorta afrikaly režissýor Brett Beýli we onuň garaşsyz teatry Third World Bunfight tarapyndan sahnalaşdyryldy
Netflix dürli ýyldyzlar üçin filmleriň we seriallaryň sanawyny düzdi
23.08.2025 18:29
3.8k+

Netflix dürli ýyldyzlar üçin filmleriň we seriallaryň sanawyny düzdi

Netflix akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi: indi ulanyjylar ýörite ýyldyzlar boýunça saýlanan filmleriň we seriallaryň sanawyny tapyp biler diýip, Variety neşiri habar berýär. Sünbüle, Eset we Akrap üçin ilkinji saýlamalar geljek dynç günlerinde platformanyň agzalarynyň baş sahypalarynda peýda bolar
102 ýaşly ýaponiýaly Fudzi dagyna çykan iň garry adam boldy
23.08.2025 12:41
15k+

102 ýaşly ýaponiýaly Fudzi dagyna çykan iň garry adam boldy

102 ýaşly ýaponiýaly Kokiti Akudzawa Fudzi dagyna çykan iň garry adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Adatça, daga çykmak 6 – 10 sagat wagt alýar, ýöne ol organizme agram salmazlyk üçin bu ýoly üç günde geçdi: Kokiti ýürek nogsanlygyndan ejir çekýär
McDonald's BTS topary bilen bilelikdäki taslamany hödürledi
23.08.2025 12:39
3.6k+

McDonald's BTS topary bilen bilelikdäki taslamany hödürledi

Tiz iýmit restoranlar ulgamy McDonald's Günorta Koreýanyň BTS topary bilen täze hyzmatdaşlygyny hödürledi. Bu barada Today habar berýär. Sentýabrdan başlap ulgamyň restoranlarynda toparyň agzalarynyň heýkeljikleri bilen Happy Meal toplumyny satyn alyp bolar
«Umman suratçysy 2025» bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
23.08.2025 06:51
13k+

«Umman suratçysy 2025» bäsleşiginiň finalçylary belli boldy

Oceanographic Magazine neşiri tarapyndan geçirilýän «Umman suratçysy» (Ocean Photographer of the Year 2025) bäsleşiginiň eminleri şu ýylyň finalçylarynyň halkara baýraklarynyň, şu ýylyň finalçylaryny yglan etdi
Ýaponiýanyň üstünden “otly şar” uçup geçdi
22.08.2025 18:57
12k+

Ýaponiýanyň üstünden “otly şar” uçup geçdi

Ýaponiýanyň günbatar prefekturalarynyň üstünden sişenbe güni ýerli wagt bilen 23:00-da ýiti otly şar uçup geçdi diýip, The Guardian habar berýär. Birbada birnäçe sebitiň ýaşaýjylary bu hadysa syn edip, sosial ulgamlarda wideo ýerleşdirdi
Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy
22.08.2025 18:51
7.1k+

Forbes: Ilon Maskyň Grok çat-boty ulanyjylar bilen ýüzlerçe müň söhbetdeşligi internete ýaýratdy

Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tötänleýin ýüzlerçe müň ulanyjynyň Grok çat-boty bilen ýazyşan söhbetlerini açyk elýeterlilige hödürledi. Köp ulanyjylar öz söhbetdeşliginiň köpçülige ýaýrap biljekdigini bilmeýärdi diýip, Forbes žurnaly habar berdi
WhatsApp adamyň deregine özi habar ýazýan funksiýany synagdan geçirýär
22.08.2025 18:50
3.6k+

WhatsApp adamyň deregine özi habar ýazýan funksiýany synagdan geçirýär

WhatsApp-da ulanyja emeli aňyň kömegi bilen habar ýazmaga we redaktirlemäge kömek edýän synag funksiýasy peýda boldy. Şeýle aýratynlyk iPhone üçin messenjeriň soňky beta-wersiýasynda bar diýip, MacRumors habar berýär
Ýaş türkmen zehinleri TÜRKSOÝ-yň geçiren bäsleşiklerde baýraklary orunlary aldylar
22.08.2025 18:47
3.2k+

Ýaş türkmen zehinleri TÜRKSOÝ-yň geçiren bäsleşiklerde baýraklary orunlary aldylar

Ýakynda Gazagystanyň Aktau şäherinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan yglan edilen çagalaryň halkara döredijilik festiwaly geçirildi. Çagalaryň döredijilik festiwalyna ýurdumyzdan hem ýaş zehinler gatnaşdylar
Aşgabatda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär
22.08.2025 15:03
3.3k+

Aşgabatda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy dowam edýär

22-nji awgustda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işini dowam etdi. Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda guralmagy däbe öwrülen ýöriteleşdirilen
HBO “Garri Potter” serialynda Uizli maşgalasyny oýnajak aktýorlary aýtdy
22.08.2025 13:24
4.8k+

HBO “Garri Potter” serialynda Uizli maşgalasyny oýnajak aktýorlary aýtdy

HBO “Garri Potter” serialynda Uizli maşgalasynyň agzalarynyň keşplerini ýerine ýetirjek aktýorlaryň atlaryny yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Fred Uizliniň keşbini ekranda Tristan Harland, Jorj Uizlini – Gabriel Harland, Persi Uizlini – Rori Spuner, Jinni Uizlini – Greýsi Kokreýn janlandyrar
Horwatiýaly fridaýwer 29 minut 3 sekunt demini saklap, rekord goýdy
22.08.2025 13:17
5.7k+

Horwatiýaly fridaýwer 29 minut 3 sekunt demini saklap, rekord goýdy

Horwatiýaly fridaýwer Witomir Mariçiç 29 minut 3 sekunt demini saklap, rekord goýdy. Ol 14-nji iýunda arassa kisloroddan dem alyp, basseýnde ýatdy we tas ýarym sagat hereketsiz durdy. Netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynda hasaba alyndy
Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy
22.08.2025 13:11
4.5k+

Täjigistandaky gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda keramik suw geçiriji tapyldy

Täjigistanyň Hujand döwlet uniwersitetiniň arheologlary gadymy Mugtepa şäher harabaçylygynda geçirilen gazuw-agtaryş işleri wagtynda birnäçe artefaktlary, şol sanda gadymy suw geçirijini tapdy. Tapyndy nobatdaky gezek Merkezi Aziýada ýaşan halklaryň ýokary inženerlik bilimine eýe bolandygyny görkezdi diýip, Arkeonews ýazýar
New Line Cinema gorkunç Annabel gurjagynyň şekilinde patrak bedresini çykardy
21.08.2025 23:55
4.3k+

New Line Cinema gorkunç Annabel gurjagynyň şekilinde patrak bedresini çykardy

New Line Cinema horror filmlerinden Annabel gurjagynyň şekilinde patrak üçin bedre çykardy. Onuň çykarylmagy “Doga-4: Soňky dessurlar” (The Conjuring: Last Rites / Заклятие-4: Последние обряды) filminiň çykmagyna bagyşlandy
70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Wenada geçiriler
21.08.2025 23:51
1.3k+

70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” aýdym-saz bäsleşigi Wenada geçiriler

70-nji ýubileý “Ýewrowideniýe” bäsleşigi 2026-njy ýylda Wenada geçiriler. Bu barada çäräniň resmi saýtynda habar berildi. “Final 16-njy maýda ýurduň iň uly arenasynda, Winer-Ştadthallede geçiriler” – diýlip, metbugat relizinde aýdylýar
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.