WhatsApp adamyň deregine özi habar ýazýan funksiýany synagdan geçirýär

22.08.2025, 13:503,599

WhatsApp-da ulanyja emeli aňyň kömegi bilen habar ýazmaga we redaktirlemäge kömek edýän synag funksiýasy peýda boldy. Şeýle aýratynlyk iPhone üçin messenjeriň soňky beta-wersiýasynda bar diýip, MacRumors habar berýär.

EA-kömekçisi düwmesi gifleriň we stikerleriň ýanynda ýerleşdirildi. Ulanyjy oňa basyp, öz tekstini ýazyp bilýär, şondan soň ulgam has şowly görnüşini teklip eder. Ibermezden öň ulanyjy bäş stiliň birini saýlap biler:

  • ·Resmi,
  • ·Gülküli,
  • ·Mylakatly,
  • ·Ýalňyşlyklar düzedilen,
  • ·Üýtgedilen (has laýyk gelýän sözler bilen çalşylan).

Funksiýa Meta AI çat-botunyň esasynda işleýär. Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, habarlar şifrlemek arkaly goralan bolup, olaryň mazmuny üçünji tarapa geçirilmeýär. Şeýle-de, kompaniýa tekstiň ulanyjy tarapyndan ýazylandygyny ýa-da neýroulgam arkaly döredilendigini tapawutlandyrmaýandygyny nygtady. Kabul edijide hem habaryň emeli aň tarapyndan döredilendigi görünmez.
Eger synaglar üstünlikli geçse, tekstleri redaktirlemek guraly bir ýylyň dowamynda WhatsApp-yň indiki täzelenmelerinde peýda bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.