Medeniýet we jemgyýet

“Garri Potter” boýunça audiokitaplara 200-den gowrak aktýor ses berer, Dambldora Doktor Haus ses berer
10.08.2025 21:26
2.6k+

“Garri Potter” boýunça audiokitaplara 200-den gowrak aktýor ses berer, Dambldora Doktor Haus ses berer

2025-nji ýylyň noýabr aýyndan 2026-njy ýylyň maý aýyna çenli Garri Potter hakyndaky ýedi kitabyň hemmesiniň iňlis dilinde täze audiokitaplary çykar. Taslama Pottermore we Audible tarapyndan amala aşyrylýar. Ses bermäge hünärmen aktýorlaryň 200-den gowragy gatnaşar diýip, Entertainment Weekly žurnaly habar berdi
Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi
10.08.2025 14:19
2.8k+

Microsoft surat döretmek üçin Bing Image Creator neýroulgamynda GPT-4o-ny mugt etdi

Microsoft korporasiýasy Bing Image Creator hyzmatynda GPT-4o modelini mugt elýeterli etdi. Indi ulanyjylar bu emeli aň modeliniň kömegi bilen surat döredip biler. GPT-4o tekst beýanlaryna has takyk düşünip, ýazgylary surata goşup, olary üýtgedip ýa-da ýüklenen faýllaryň esasynda täze surat döredip bilýär
Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi
10.08.2025 14:11
5.6k+

Samsung kompaniýasy Galaxy A22, Galaxy F22 ýaly modelleriň goldawyny bes etdi

Samsung kompaniýasy dört sany arzan smartfon modeliniň – Galaxy A22, Galaxy F22, Galaxy M32 we Galaxy M42 5G smartfonlarynyň programma üpjünçiliginiň goldawyny bes etdi. Bu smartfonlar 2021-nji ýylda çykdy we soňky uly täzelenme hökmünde Android 13-e eýe boldy
New Line Cinema “Ahyrky nokat 7” filminiň önümçiligine başlady
10.08.2025 14:09
4.3k+

New Line Cinema “Ahyrky nokat 7” filminiň önümçiligine başlady

Warner Bros. kompaniýasynyň bölümçesi New Line Cinema meşhur “Ahyrky nokat” franşizasynyň ýedinji bölüminiň düşürilýändigini yglan etdi. Bu barada The Hollywood Reporter ýazýar. Ssenarini franşizanyň altynjy bölüminiň – “Gan baglanyşygynyň” üstünde işlän Lori Ewans Teýlor ýazar
Jeýms Mengold motosikl ýaryşyna gatnaşyjynyň keşbinde Timoti Şalame bilen triller düşürer
09.08.2025 18:42
3.3k+

Jeýms Mengold motosikl ýaryşyna gatnaşyjynyň keşbinde Timoti Şalame bilen triller düşürer

Paramount Pictures Timoti Şalame bilen täze filmiň – “Beýik tarap” (High Side) atly ýaryş trilleriniň distribýutory bolup çykyş eder diýip, Deadline habar berýär. Filmiň režissýory “Ford vs Ferrari” filmi bilen tanalýan Jeýms Mengold bolar
Germaniýada BMW motosikliniň hereketlendirijisinden kofe taýýarlaýan maşyn döredildi
09.08.2025 18:31
8.9k+

Germaniýada BMW motosikliniň hereketlendirijisinden kofe taýýarlaýan maşyn döredildi

Germaniýanyň ECM kompaniýasy BMW R18 motosikliniň hereketlendirijisini ulanyp, Big Coffee Boxer kofemaşynyny hödürledi. Ol BMW Motorrad bilen resmi hyzmatdaşlygyň çäklerinde döredildi. Kofemaşyndan jemi 80 nusga çykarmak meýilleşdirilýär we olaryň her biri elde ýygnalar
GTA Online çagalar üçin elýeterli bolmaz
09.08.2025 18:25
4.8k+

GTA Online çagalar üçin elýeterli bolmaz

Rockstar Games GTA Online-da oýunçylaryň ýaşyny barlamak ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar. Internetde täze funksiýanyň interfeýsiniň suraty peýda boldy diýip, DTF portaly ýazýar. Ekran suratlary awgust aýynyň başynda oýun faýllarynda ýüze çykarylan maglumatlary tassyklaýar
Robert Pattinson bilen “Betmen 2” filmi 2026-njy ýylyň ýazynda düşürilip başlanar
09.08.2025 18:24
2.3k+

Robert Pattinson bilen “Betmen 2” filmi 2026-njy ýylyň ýazynda düşürilip başlanar

Warner Bros. “Betmen: Bölüm 2” filminiň 2026-njy ýylyň ýazynda düşürilip başlanjakdygyny tassyklady diýip, Variety habar berýär. Filmi düşürmek bilen ýene režissýor we ssenariçi Mett Riwz meşgullanar. Baş keşbe Robert Pattinson gaýdyp geler
Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy
09.08.2025 15:32
6k+

Awazada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti boldy

8-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dabaraly konserti boldy
Google-yň AI-si açyk programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ilkinji gezek özbaşdak kesgitledi
09.08.2025 14:44
1.7k+

Google-yň AI-si açyk programma üpjünçiligindäki gowşaklyklary ilkinji gezek özbaşdak kesgitledi

Google-yň emeli aňy ilkinji gezek açyk programma üpjünçiliginde (Open Source) özbaşdak 20 gowşaklygy ýüze çykardy. Bu barada Google-yň howpsuzlyk boýunça wise-prezidenti Hizer Adkinsiň X sosial ulgamynda beren beýanyna salgylanýan TechCrunch habar berdi
Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi
09.08.2025 14:05
12k+

Samsung 2025-nji ýylda iň elýeterli smartfony bolan Galaxy A17-ni hödürledi

Samsung kompaniýasy Galaxy A17 smartfonyny hödürledi – bu Galaxy A1X hatarynyň ýedinji neslinde ilkinji we 2025-nji ýylda brendiň iň elýeterli smartfony boldy. Dünýä bazarynda modeliň satuwy eýýäm başlandy. Galaxy A17 smartfony 5-nm tehprosesi boýunça döredilen Exynos 1330 prosessoryna eýe boldy, bu Mediatek Helio G99 çipli geçen ýylky Galaxy A16 bilen deňeşdirilende kämilleşmedir
OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi
08.08.2025 17:17
1.9k+

OpenAI täze we ösen GPT-5 dil modelini hödürledi

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň täze wersiýasyny – GPT-5-i hödürledi. “Biz häzirki günde iň gowy emeli aň ulgamymyz bolan GPT-5-i hödürleýäris. Bu haçan çalt jogap bermelidigini we hünärmen derejesinde jogaplar bilen üpjün etmek üçin haçan köpräk pikirlenmelidigini bilýän ýeke-täk ulgamdyr” – diýlip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär
“Açlyk oýunlarynyň” täze filmi surata düşürilip başlandy. Film 2026-njy ýylda çykar
08.08.2025 16:39
4.4k+

“Açlyk oýunlarynyň” täze filmi surata düşürilip başlandy. Film 2026-njy ýylda çykar

Lionsgate studiýasy 2026-njy ýylyň noýabr aýynda prokata çykjak “Açlyk oýunlary: Orak möwsüminiň säheri” filminiň surata düşürilip başlanandygyny habar berdi. Bu “Açlyk oýunlary: Ýylanlar we saýrak guşlar hakynda balladasynyň” dowamy we “Açlyk oýunlary” seriýasyndaky altynjy film
“Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi çykdy
08.08.2025 16:34
3.9k+

“Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi çykdy

Netflix “Uensdeý” serialynyň dowamyny hödürledi. Serialyň premýerasy iki bölege bölündi. Birinjisi, ýagny dört bölüm eýýäm elýeterli boldy, ikinjisi bolsa 3-nji sentýabrda çykar. Ikinji möwsümiň sýužeti “Newermor” akademiýasynyň garaňky syrlaryny öwrenmäge bagyşlanýar
ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar
08.08.2025 16:22
2.2k+

ChatGPT hepdede 700 mln ulanyja golaýlaýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sanynyň tiz wagtdan 700 milliona ýetjekdigini habar berdi. 2025-nji ýylyň martynda bu görkeziji 500 milliona deňdi diýip, TechCrunch ýazýar. OpenAI-iň wise-prezidenti Nik Terliniň aýtmagyna görä, hyzmatyň auditoriýasy geçen ýyl bilen deňeşdirilende dört esse ulaldy
Ledi Gaga MTV VMA – 2025-de 12 baýraga dalaş edýär
08.08.2025 16:18
2k+

Ledi Gaga MTV VMA – 2025-de 12 baýraga dalaş edýär

Amerikaly aýdymçy Ledi Gaga MTV Video Music Awards 2025 baýragy üçin nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň täze MAYHEM albomy “Iň gowy albom” kategoriýasynda baýrak üçin dalaş edýär diýip, Hypebae neşiri habar berýär
Britaniýada köne-sana kitaplaryň arasyndan “Hobbitiň” ilkinji nusgasy tapyldy. Ol 43 müň funt sterlinge satyldy
08.08.2025 16:11
4.3k+

Britaniýada köne-sana kitaplaryň arasyndan “Hobbitiň” ilkinji nusgasy tapyldy. Ol 43 müň funt sterlinge satyldy

Beýik Britaniýada Jon R.R.Tolkiniň “Hobbit” kitabynyň ilkinji neşiriniň seýrek nusgasy tapyldy. Ol auksionda 43 müň funt sterlinge satyldy. The New York Times-yň habar bermegine görä, tapyndy Bristolyň ýaňy-ýakynda aradan çykan ýaşaýjysynyň emlägine baha berlen wagty seýrek kitaplar boýunça hünärmen Keýtlin Raýli tarapyndan ýüze çykaryldy
Estoniýada artistlere derek ýük ulaglarynyň ýerine ýetirmeginde “Romeo we Julýetta” pýesasy görkezildi
08.08.2025 15:37
9.1k+

Estoniýada artistlere derek ýük ulaglarynyň ýerine ýetirmeginde “Romeo we Julýetta” pýesasy görkezildi

Iýul aýynyň ahyrynda Estoniýadaky taşlanan Rummu hek daşy käninde “Romula ja Julia” pýesasynyň - Uilýam Şekspiriň “Romeo we Julýetta” spektaklynyň özboluşly görnüşiniň ilkinji görkezilişi boldy. Onda ähli keşpleri ulaglar - ýük awtoulaglary, awtobuslar, beton garyjylar, ýangyn söndüriji ulaglar we ekskawatorlar ýerine ýetirdi
OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär
08.08.2025 15:13
2.9k+

OpenAI täze modelde gowşaklyklary tapanlara $500 müň tölär

OpenAI açyk parametrler bilen täze pikir ýöredýän EA modellerini – gpt-oss-120b bilen gpt-oss-20b-ni hödürledi. Ulanyjylar olary ýükläp alyp, öz enjamlarynda işledip biler. Modelleriň ikisi-de ädimleýin pikir ýöretme tehnologiýasyny (Chain of Thought) goldaýar
Instagram Live-göni ýaýlym üçin çäklendirmeleri girizdi
07.08.2025 16:15
2.4k+

Instagram Live-göni ýaýlym üçin çäklendirmeleri girizdi

Instagram göni ýaýlymlar üçin täze çäklendirmeleri girizdi: indi açyk akkauntlary bolan ulanyjylar we azyndan 1000 abonenti bolanlar göni ýaýlymda çykyş edip biler. TechCrunch-iň habar bermegine görä, sosial ulgam üýtgeşmeleri resmi taýdan tassyklady
Telegramda indi şahsy akkauntlary barlamak mümkinçiligi peýda boldy. Ony ilkinji bolup Durowyň özi aldy
07.08.2025 13:39
5.9k+

Telegramda indi şahsy akkauntlary barlamak mümkinçiligi peýda boldy. Ony ilkinji bolup Durowyň özi aldy

Telegram indi şahsy akkauntlary barlamaga mümkinçilik berýär. Tassyklama belgisini ilkinji bolup messenjeriň esaslandyryjy Pawel Durow aldy. Platforma adaty "gök belligi" ulanmazlyk kararyna geldi. Munuň ýerine, profili barlamagyň nyşany messenjeriň gök köpburçly çarçuwadaky nyşanyna meňzeýär
Tim Kuk Apple-iň “haýrana galdyryjy” meýilnamalarynyň bardygyny aýtdy
07.08.2025 13:26
3.3k+

Tim Kuk Apple-iň “haýrana galdyryjy” meýilnamalarynyň bardygyny aýtdy

Apple-iň baş direktory Tim Kuk işgärler bilen geçirilen içerki ýygnakda kompaniýanyň geljekdäki ösüşlerine adaty bolmadyk umyt bildirdi. Ol ýakyn ýyllar üçin niýetlenen "ýol kartasyny" "haýrana galdyryjy" diýip atlandyrdy we Apple-iň  köp sanly bildirişleri taýýarlaýandygyny aýtdy diýip, Bloombergiň žurnalisti Mark Gurmana salgylanýan 9to5Mac habar berýär
Sony “Älem kerebinden” Möý Pank barada aýratyn animasion film çykarar
07.08.2025 11:54
2.5k+

Sony “Älem kerebinden” Möý Pank barada aýratyn animasion film çykarar

Sony Pictures Animation studiýasy Möý Pank barada täze animasion filmiň üstünde işläp başlady. Taslama Möý adam baradaky giňeldilen multfilm äleminiň bir bölegi bolar diýip, Deadline neşiri habar berýär. Taslama üçin ssenarini aktýor Deniel Kaluýa we ssenariçi Ajon Singh ýazar
2025-nji ýylda dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň haýsylardygy aýdyldy
06.08.2025 18:10
13k+

2025-nji ýylda dünýäde iň köp gürlenýän dilleriň haýsylardygy aýdyldy

2025-nji ýylda iňlis dili dünýäde iň giň ýaýran dil bolmagynda galdy. Munuň şeýledigine Etnologiýa salgylanma kitabynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Iňlis dilinde gürleýänleriň umumy sany 1,5 milliard adamdan geçýär, ýöne iňlis dili olaryň diňe dörtden bir böleginiň ene dilidir
ABŞ-da “Nika hekaýaty” filmindäki sögüşiň sesi bilen möjekleri mallardan kowýarlar
06.08.2025 18:02
4.2k+

ABŞ-da “Nika hekaýaty” filmindäki sögüşiň sesi bilen möjekleri mallardan kowýarlar

ABŞ-nyň Oba hojalygy ministrligi mallary möjeklerden goramagyň üýtgeşik usulyny ulanýar – sesi güýçlendirijileriň kömegi bilen olara Noa Baumbahyň “Nika hekaýaty” (Брачная история) filminden sögüş sahnasy eşitdirilýär
Tankytçylar “Dünýäleriň urşy” skrinlaýf-filmine 0% baha berdi
06.08.2025 17:55
4.9k+

Tankytçylar “Dünýäleriň urşy” skrinlaýf-filmine 0% baha berdi

30-njy iýulda Amazon Prime akym hyzmatynda Gerbert Uellsiň “Dünýäleriň urşy” (Война миров) romany esasynda täze film çykdy. Bu “skrinlaýf” formatda düşürilen film bolup, onda ähli wakalar kompýuter we telefon ekranlarynda bolup geçýär
Beýik Britaniýada 10 mln dollarlyk 12 müň Samsung smartfony ogurlandy
06.08.2025 17:53
9.6k+

Beýik Britaniýada 10 mln dollarlyk 12 müň Samsung smartfony ogurlandy

Londonyň Hitrou howa menziliniň töwereginde Beýik Britaniýanyň taryhynda iň uly elektronika talaňçylyklarynyň biri bolup geçdi – näbelli adamlar 10,6 mln dollarlyk Samsung enjamlary bolan ýük ulagyny ogurlady. Bu barada Günorta Koreýanyň Yonhap agentligi çeşmelere salgylanyp habar berýär
Netflix “Jadygöý” serialy üçin soňky möwsümleri hasaba almazdan $500 mln sarp etdi
06.08.2025 17:48
4.4k+

Netflix “Jadygöý” serialy üçin soňky möwsümleri hasaba almazdan $500 mln sarp etdi

Netflix akym hyzmaty “Jadygöý” (Ведьмак) fentezi serialy bilen baglanyşykly taslamalara ýarym milliard dollardan gowrak maýa goýdy. Bu barada Redanian Intelligence portaly ýazýar. Çeşmäniň hasaplamalaryna görä, esasy serialyň üç möwsümini, prikweli, şeýle-de geçen ýyl ýatyrylan “Serhet alakalary” (Крысы Пограничья) spin-offuny döretmek üçin platforma eýýäm 500 mln dollardan gowrak sarp etdi
Google çykmadyk Siri-EA üçin Apple-i ýaňsylaýar we “smartfony Pixel 10-a çalyşmagy” teklip edýär
06.08.2025 17:44
3.3k+

Google çykmadyk Siri-EA üçin Apple-i ýaňsylaýar we “smartfony Pixel 10-a çalyşmagy” teklip edýär

Google kompaniýasy Pixel 10 smartfonlarynyň görkezilmegine iki hepde galanda mahabat wideosyny hödürledi. Kompaniýa Siri ses kömekçisiniň EA wersiýasynyň uzaga çeken relizi sebäpli Apple-i ýaňsylamak mümkinçiligini hem elden gidirmedi
EA “bes ediň” diýer: ChatGPT ulanyjylara arakesme almagy teklip eder
06.08.2025 17:37
2.2k+

EA “bes ediň” diýer: ChatGPT ulanyjylara arakesme almagy teklip eder

OpenAI kompaniýasy ChatGPT çat-botuna täze funksiýany girizdi, indi ol ulanyjylara EA bilen aragatnaşyk uzak dowam eden ýagdaýynda arakesme etmek zerurlygy barada ýatladar. Şeýle ýatlatma ýüzýän penjirelerde peýda bolýar
Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy
06.08.2025 15:53
3.9k+

Terjimeçiler, taryhçylar... Microsoft emeli aň bilen çalşyryljak 40 hünäri atlandyrdy

Microsoft korporasiýasy ýakyn 3-8 ýylda neýroulgam tehnologiýalarynyň täsiri astynda ýitip gitjek ýa-da üýtgäp biljek 40 hünäriň sanawyny düzdi. Barlag dokuz aýyň dowamynda geçirildi. Kompaniýanyň hünärmenleri emeli aňyň haýsy ugurlarda işjeň ulanylýandygyny kesgitlemek üçin amerikan ulanyjylary bilen Copilot çat-botunyň arasynda 200 000 sany näbelli gepleşikleri seljerdi
Ýaponiýa orbitany zibilden arassalamak boýunça halkara düzgünleri taýýarlaýar
05.08.2025 23:33
6.3k+

Ýaponiýa orbitany zibilden arassalamak boýunça halkara düzgünleri taýýarlaýar

Ýaponiýa hemralara we Halkara kosmos stansiýasyna howp salýan kosmos zibillerini aýyrmak üçin halkara düzgünleri işläp taýýarlamagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň resmi şahslaryna salgylanyp, Kyodo agentligi habar berýär
Apple ChatGPT ýaly täze gözleg ulgamynyň üstünde işleýär
05.08.2025 23:29
2.1k+

Apple ChatGPT ýaly täze gözleg ulgamynyň üstünde işleýär

Apple ChatGPT çat-botuna meňzeş täze gözleg ulgamyny döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg-iň habarçysy Mark Gurman habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa taslamany işläp taýýarlamagyň irki tapgyrynda bolup, ol internetden maglumat gözlemäge we umumy soraglara jogap bermäge ukyply täze “jogaplar ulgamynyň” peýda bolmagyny göz öňünde tutýar
“Fantastik dörtlük” prokatyň ikinji hepdesinde agsap başlady, kassa ýygymy 66% peseldi
05.08.2025 23:27
6.7k+

“Fantastik dörtlük” prokatyň ikinji hepdesinde agsap başlady, kassa ýygymy 66% peseldi

“Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (Фантастическая четвёрка: Первые шаги) filmi iki uikendiň jemi boýunça amerikan prokatynda 198 mln dollar ýygnap, çartlarda öňdebaryjylygy saklady. Film “Bezzat oglanlar 2” (Плохие парни 2) animasion filminden we “Ýalaňaç sapança” (Голый пистолет) komediýasyndan öňe geçdi diýip, Variety habar berýär
Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi
05.08.2025 21:50
3.9k+

Blue Origin kriptomilliarder Jastin Sany suborbital uçuşa iberdi

Blue Origin kompaniýasy 3-nji awgustda NS-34 missiýasynyň çäklerinde suborbital uçuşy üstünlikli amala aşyrdy. New Shepard raketasynda uçuşa kriptomilliarder Jastin San we ýene bäş gatnaşyjy iberildi. Uçuş günbatar Tehasdaky kosmodromdan boldy
Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsümi üçin täze aýdym ýazdy
05.08.2025 15:16
5.3k+

Ledi Gaga “Uensdeýiň” ikinji möwsümi üçin täze aýdym ýazdy

Aýdymçy Ledi Gaga “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi üçin ýörite täze aýdym çykarar. Bu barada Variety habar berýär. Aýdym “Dead Dance” (Öli tans edýär) diýlip atlandyrylar, aýdymyň resmi taýdan sentýabrda çykmagyna garaşylýar, ýöne takyk sene belli däl
“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy
05.08.2025 15:14
5.2k+

“Formula-1” Bred Pittiň karýerasynda iň girdejili film boldy

“Formula-1” ýaryş blokbasteri aktýor Bred Pittiň filmografiýasynda resmi taýdan iň köp girdeji gazanan taslama adyny aldy. Filmiň dünýädäki umumy kassa ýygymy 545 mln dollara ýetdi. Mundan öň iň girdejili film adyny 2013-nji ýylda çykan “Dünýä söweşi Z” saklaýardy (inflýasiýany hasaba almazdan $540 mln)
“Kasper” filmi 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata goýberiler
05.08.2025 14:58
3.2k+

“Kasper” filmi 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata goýberiler

Universal Pictures we Amblin Entertainment “Kasper” filmini 30 ýyllygy mynasybetli gaýtadan prokata çykarar. Görkeziliş 3-nji oktýabrdan 31-nji oktýabr aralygynda bolar diýip, Bleeding Cool habar berýär. “Kasperiň” premýerasy 1995-nji ýylyň 28-nji maýynda boldy
Team Spirit topary Counter-Strike 2 boýunça IEM Cologne 2025 ýaryşynda 400 müň dollar gazandy
04.08.2025 19:19
3.7k+

Team Spirit topary Counter-Strike 2 boýunça IEM Cologne 2025 ýaryşynda 400 müň dollar gazandy

Düzüminde rus-ukrainaly oýunçylar bolan Team Spirit serbiýaly kibersport topary Counter-Strike 2 boýunça "IEM Cologne 2025" halkara ýaryşynyň ýeňijisi boldy. 3-nji awgustda Kýölnde ýerleşýän Lanxess Arena-da geçen finalda olar Germaniýanyň MOUZ toparynyň Ýewropa düzümine garşy ynamly ýeňiş gazandy – hasap 3:0
Salwador Daliniň arzanlaşykda 200 dollara satyn alnan “geň” kartinasyna 40 müň dollar baha kesildi
04.08.2025 18:14
5.5k+

Salwador Daliniň arzanlaşykda 200 dollara satyn alnan “geň” kartinasyna 40 müň dollar baha kesildi

Cheffins auksion öýi Salwador Daliniň iki ýyl mundan ozal 150 funt sterlinge (200 dollar töweregi) satyn alnan kartinasyny auksiona çykarar. "Vecchio Sultano" ("Garry soltan" (“Старый султан”)) diýlip atlandyrylýan kartina 26-40 müň dollar aralygynda baha kesildi diýip, The Guardian habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.