Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Moda we stil
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Moda we stil
01.02.2026 12:19
2.1k+
Adidas brendi Bob Marlä bagyşlanan sport aýakgaplar toplumyny taýýarlaýar
Adidas brendi dünýä belli ýamaýkaly sazanda Bob Marlä we onuň futbola bolan söýgüsine bagyşlanan ýörite krossowka toplumyny çykarar. Topluma AdiZero Evo SL, Handball Spezial we SL72 modelleri girer. AdiZero Evo SL modeli — Adidas-yň 2025-nji ýyldaky iň göze ilýän ylgaw aýakgaplarynyň biri bolup, ol 2026-njy ýylda täzelenen dizaýnda dolanyp geler
29.01.2026 17:21
5k+
Nike «Gaty geň zatlara» bagyşlanan täze krossowka toplumyny çykardy
Nike brendi we «Gaty geň zatlar» filmi özleriniň iň soňky bilelikdäki önümini — basketbol sport aýakgabynyň «Air Foamposite One» modelini tanyşdyrdylar. HypeBeast neşiriniň habar bermegine görä, gyzyl-gara öwüşginli bu krossowkalar 13-nji fewralda satuwa çykarylar
29.01.2026 06:27
5.2k+
«Indi beýle geýinme»: şu ýylky modanyň esasy antitrendleri
Moda yzygiderli üýtgeýär. Şu günki döwrebap hasaplan lybaslaryň ertir eýýäm antitrend hasaplanyp bilner. Şundan ugur alyp, Peopletalk neşiriniň bilermenleri 2026-njy ýylda modadan galjak birnäçe stillerdir biçüwler barada ýörite seljerme taýýarladylar
28.01.2026 14:45
1.9k+
«Modanyň şasy»: Jorjo Armaniniň durmuşy barada film düşüriler
«Oskar» baýragyna mynasyp bolan «Çaknyşyk» (Столкновение) filminiň ssenariçisi Bobbi Moresko italýan modelýeri Jorjo Armani barada biografik film düşürer. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Filmiň ady häzirlikçe— «Armani — modanyň şasy» diýlip goýuldy
27.01.2026 21:48
1.7k+
Levi’s brendi amerikan mekdep okuwçylaryna egin-eşikleri tikmegi we ýamamagy öwreder
Levi Strauss & Co. kompaniýasy ýaşlara egin-eşikleri abatlamagyň esaslaryny öwretmäge gönükdirilen «Levi’s Wear Longer» atly bilim taslamasyny işläp taýýarlady. Bu maksatnama ABŞ-nyň mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylary üçin niýetlenendir
26.01.2026 11:38
3.9k+
Aýagynda Air Max 95: Blackpink-däki Lisa Nike-ň täze ambassadory boldy
Blackpink keý-pop toparynyň agzasy Lisa Nike markasynyň täze ambassadory boldy. Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşdy diýip, Hypebae neşiri habar berýär. Ýaňy-ýakynda Lisa Parižde aýagyna Air Max 95 krossowkasyny geýip, köpleriň ünsüni çekdi, bu täze hyzmatdaşlygyň ilkinji alamatlary hökmünde kabul edildi
25.01.2026 13:14
2k+
Crocs kompaniýasy Lego gurnamasynyň bölegi görnüşinde sabo aýakgaplaryny çykardy
Crocs we Lego kompaniýalary bilelikde konstruktor bölekleriniň ulaldylan görnüşinde taýýarlanan sabo aýakgaplaryny çykardy. Täze önüm çagalar we ulular üçin kolleksion aýakgap hökmünde satylýar diýip, Bloomberg habar berýär
24.01.2026 15:31
4.3k+
Arina Sobolenko Gucci modalar öýüniň ilçisi boldy
Dört gezek “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çempiony we dünýäniň 1-nji belgili tennisçisi belarusly Arina Sobolenko Gucci italýan modalar öýüniň ilçisi boldy. Hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygy barada brendiň metbugat gullugy sosial mediada habar berdi
24.01.2026 12:42
1.7k+
Aktrisa Teýlor Rassel Dior moda öýüniň ilçisi boldy
Dior moda öýi aktrisa Teýlor Rassel bilen hyzmatdaşlygy yglan etdi. Ol brendiň ilçisi boldy we döredijilik müdiri Jonatan Anderson tarapyndan hödürlenýän kolleksiýalary görkezer. Rassel eýýäm birnäçe möwsüm bäri Dior-yň moda görkezişlerine we Andersonyň taslamalaryna gatnaşýar
24.01.2026 00:41
3.5k+
Chanel Koko Şaneliň willasynda surata düşürilen 2026-njy ýylyň ýaz-tomus kampaniýasyny görkezdi
Chanel 2026-njy ýylyň ýaz-tomus mahabat kampaniýasyny görkezdi. Bu kompaniýa moda öýüniň täze döredijilik direktory Matýe Blaziniň ýolbaşçylygyndaky ilkinji kampaniýadyr diýip, WWD habar berýär. Surata düşürmek işleri Lazur kenarlaryndaky «La Pauza» willasynda geçirildi
23.01.2026 20:10
1.8k+
Solak mawy we garamtyl garaly: Pinterest 2026-njy ýylyň iň moda reňklerini saýlady
Pinterest platformasynyň seljerijileri 2026-njy ýylda trendde boljagy çaklanylýan reňkleriň sanawyny çap etdiler. Olaryň pikirine görä, bu ýyl solak mawy, nefrit we garamtyl garaly reňkleri öňe çykar. Kompaniýa asuda we öçügsi reňkleriň meşhurlygyny kem-kemden ýitirýändigini belleýär
23.01.2026 15:08
3.2k+
Dolce & Gabbana-nyň modelleri Milandaky görkezilişde adaty tomaşaçylaryň arasyndan ýöräp çykdylar
Milanda Erkekler modasynyň hepdeligi öz işine başlady. Bu möwsümde moda hepdeliginiň maksatnamasynda 76 sany çäre meýilleşdirildi. Instagram-daky Lyst neşiriniň habar bermegine görä, hepdeligiň başynda iň täsirli pursatlaryň biri — «Dolce & Gabbana» brendiniň garaşylmadyk konsepsiýaly görkezilişi boldy
23.01.2026 11:12
5.9k+
Valentino-nyň esaslandyryjysynyň 2 milliard dollarlyk mirasy kime galar?
Italiýanyň «Il Messaggero» gazeti dünýä belli Valentino brendiniň esaslandyryjysy, meşhur modelýer Walentino Garawaniniň mirasy baradaky maglumatlary açyklady. 19-njy ýanwarda 93 ýaşynda aradan çykan dizaýneriň umumy baýlygy takmynan 2 milliard dollar möçberinde çaklanylýar
22.01.2026 23:37
4.3k+
Vogue XIX asyryň geýim stiliniň 2026-njy ýylda ýene moda bolup biljekdigini çaklaýar
Vogue fransuz žurnaly 2026-njy ýylda regencycore stiliniň meşhurlygynyň artjakdygyny çaklady. Gürrüň XIX asyryň modasyndan, ilkinji nobatda, Beýik Britaniýada regentlik döwründen ylham alan egin-eşikler barada gidýär
22.01.2026 23:30
2.3k+
Viktor & Rolf moda öýi Disney multfilminiň 75 ýyllygyna bagyşlap Zoluşka gurjagyny döretdi
Viktor & Rolf moda öýi Disney we Mattel kompaniýasy bilen bilelikde çäkli sanda kolleksiýa üçin niýetlenen Zoluşka gurjagyny döretdi. Onuň tanyşdyrylyşy 21-nji ýanwarda Parižde geçirildi diýip, WWD habar berýär
22.01.2026 00:03
3.8k+
1942-nji ýylyň arhiwindäki bilezikden ylhamlanan Bvlgari täze bezegler toplumyny çykardy
Bvlgari arhiwini täzeden gözden geçirmegi esasynda Bvlgari Eternal atly täze bezegler toplumyny çykardy. Toplumyň ilkinji bölegi 1942-nji ýylda döredilen bilezikden ylhamlanyp döredilen monjuk, ýüzük, bilezik we iki jübüt gulakhalkadan ybarat Vimini liniýasydyr
20.01.2026 14:32
8k+
Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani 93 ýaşynda aradan çykdy
Italýan modelýeri, Valentino moda öýüniň esaslandyryjysy Walentino Garawani Rimde öýünde aradan çykdy. Bu barada 19-njy ýanwarda Corriere della Sera gazeti habar berdi. Ol 93 ýaşyndady. Walentino Garawani 1960-njy ýylda Jankarlo Jametti bilen bilelikde Valentino moda öýüni esaslandyrdy
19.01.2026 15:12
5.9k+
Jennifer Konnelli Louis Vuitton-nyň mahabat kampaniýasynyň täze ýüzi boldy
Amerikaly aktrisa Jennifer Konnelli 2014-nji ýyldan bäri Louis Vuitton brendiniň ýüzi bolup gelýär. Aktrisanyň brendiň zenan eşikleri liniýasynyň döredijilik direktory Nikolas Žeskýer bilen hyzmatdaşlygy onuň Balenciaga-da işlän döwründen başlanýar
18.01.2026 15:44
6.7k+
Kim Kardaşýan we Nike bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi
Skims brendiniň esaslandyryjysy Kim Kardaşýan Nike kompaniýasy bilen Air Rift modeliniň esasynda döredilen ilkinji bilelikdäki aýakgap kolleksiýasyny hödürledi. Täzelenen wersiýa NikeSkims Rift Mesh adyny aldy
17.01.2026 15:54
3.8k+
LVMH-iň ýolbaşçysy Bernard Arno Fransiýanyň Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzasy boldy
LVMH imperiýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy we baş direktory Bernard Arno Fransiýa Institutynyň düzümine girýän Ahlak we syýasy ylymlar akademiýasynyň agzalygyna kabul edildi. Bu barada "WWD" neşiri habar berýär
17.01.2026 15:07
7.8k+
70-nji ýyllaryň jinsi jalbarlary moda dolanyp geldi: 2026-njy ýylda esasy trend boljak görnüşler
Jinsi jalbarlary dörän gününden bäri garderobyň esasy bölegi bolmagynda galýar. Edil şonuň ýaly, olaryň modasy hem beýleki trendler bilen birlikde ösýär. Şoňa görä, Real Simple žurnaly professional stilistleriň 2026-njy ýylda haýsy görnüşli jinsi jalbarlaryň moda boljakdygy we haýsy stillere üns bermelidigi barada çaklamalaryny paýlaşdy
17.01.2026 14:43
2.4k+
Prada Alawly Atyň keşbindäki mahabat kampaniýasyny Hytaý Täze ýylyna bagyşlady
Prada Hytaý Täze ýyly mynasybetli mahabat kampaniýasyny yglan etdi. Mahabatda esays üns taslamanyň merkezindäki moda öýüniň üçburç logotiplerinden düzülen Alawly Ata gönükdirilýär diýip WWD habar berýär. Suratlar malaýziýaly suratçy Çžun Lin tarapyndan düşürildi
16.01.2026 15:21
2.8k+
Loro Piana 2026-njy ýylyň ýaz-tomus toplumyna bagyşlanan kampaniýasyny hödürledi
Loro Piana 2026-njy ýylyň ýaz-tomus möwsüminiň toplumy üçin mahabat kampaniýasyny hödürledi. WWD-niň habaryna görä, täze toplumy surata düşürmek işleri Prowansalyň Sen-Pol-de-Wans obasynda, Kolombe d'Or myhmanhanasynda we hususy sungat gaznasy bolan Fondation Maeght-iň çäklerinde geçirildi
14.01.2026 17:41
5.7k+
«Gaty geň zatlaryň» ýyldyzy Milli Bobbi Braun öz egin-eşik brendini çykardy
Britaniýaly aktrisa we model, «Gaty geň zatlar» («Очень странные дела») serialynyň ýyldyzy Milli Bobbi Braun Mills by Millie Bobby Brown atly egin-eşik brendini çykardy. Fashion Network neşiriniň habaryna görä, brendiň önümleri diňe Walmartyň ABŞ-daky dükanlarynda satylýar
14.01.2026 11:12
4.2k+
Coca-Cola özüniň dekoratiw kosmetika hataryny çykardy
Coca-Cola kompaniýasy Braziliýanyň Bruna Tavares brendi bilen bilelikde dekoratiw kosmetika hataryny çykardy diýip, Sostav neşiri habar berdi. Kolleksiýa 15 önümi öz içine alýar: göz üçin reňk palitrasy, dodak üçin ýylpyldylar we balzamlar, tuş, ýaňak üçin stik görnüşli gyzardyjy, şeýle-de kosmetiki aksessuarlar
13.01.2026 16:23
3.5k+
Britaniýaly aktýor Joş O'Konnor "Dior-yň" täze ýüzi boldy
"Dior" meşhur fransuz moda öýi britaniýaly aktýor Joş O'Konnory özüniň täze ambassadory wezipesine belledi. Ol indi futbolçy Kilian Mbappe bilen birlikde Dior-yň beýleki ambassadorlarynyň hatarynda çykyş eder. Aktýoryň bu wezipä bellenmegine Dior-yň döredijilik direktory Jonatan Anderson sebäp boldy
02.01.2026 12:18
2.1k+
Casio we Madhappy geýim brendi hyzmatdaşlykda Baby-G sagadynyň çäkli seriýasyny çykardylar
Casio kompaniýasy Los-Anjelesde ýerleşýän Madhappy geýim brendi bilen hyzmatdaşlykda döredilen Baby-G BG169MH-7 sagadyny tanyşdyrdy. Bu iki brendiň arasyndaky ilkinji hyzmatdaşlykdyr. Sagat eýýäm ABŞ-da, Ýewropada we başga-da birnäçe ýurtda satuwa çykaryldy
31.12.2025 08:05
3.1k+
«Adidas» brendi «Minecraft» oýnundan ylhamlanyp çagalar kolleksiýasyny çykardy
«Adidas» brendi «Minecraft» oýny bilen hyzmatdaşlykda döredilen «Holiday 2025» baýramçylyk kolleksiýasyny hödürledi. Täze önümler toplumy çagalara we ýetginjeklere niýetlenen: ähli aýakgaplar, egin-eşikler, sumkalar we aksessuarlar diňe degişli ölçeglerde öndürilýär
29.12.2025 00:38
5.5k+
Grenlandiýa deňzinde Arktikanyň iň çuň gaz gidrat ýataklary tapyldy
Arktika sebitinde 3640 metr çuňlukda iň çuň gaz gidrat ýataklary ýüze çykaryldy. Bu ýerlerde işjeň metan we çig nebit syzyplary hasaba alyndy, olar bolsa öz gezeginde dinamiki geologik we biologik gurşawy emele getirýärler
25.12.2025 13:04
6.8k+
«Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamalarynyň dizaýny BIEG-niň iň gowy dizaýnlarynyň sanawyna girdi
Türkmenistanyň HASAR kompaniýasynyň «Şokolad örtükli gawun kaky» süýjüleriniň gaplamasynyň dizaýny Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasynyň (BIEG) ýubileý neşirine goşuldy. Bu neşir Gaaga ylalaşygynyň 100 ýyllygyna
17.12.2025 10:34
4.9k+
Vogue 2025-nji ýylyň iň ýaraşykly stili bolan adamlaryny atlandyrdy
Vogue amerikan neşiri ýylyň jemini jemläp, 2025-nji ýylyň iň gowy geýnen adamlarynyň sanawyny hödürledi. Atlaryň sanawy we iň gowy obrazlaryň suratlary žurnalyň saýtynda ýerleşdirildi. Reýtinge moda, kino, aýdym-saz, syýasat we işewürlik pudagyndan 50 töweregi şahsyýet girdi
10.12.2025 12:02
6.4k+
Levi's brendi Eýnşteýniň meşhur kurtkasyny täzeden dikeltdi
Levi's Vintage Clothing brendi fizik Albert Eýnşteýniň geýen meşhur deri kurtkasynyň çäkli seriýasyny görkezdi. Menlo Cossack diýlip atlandyrylan bu modelden jemi 800 sany öndürildi. Hypebeast-iň habar bermegine görä, olaryň her biri elde belgilenendir
08.12.2025 11:42
2.3k+
Versace-iň döredijilik müdiri Prada Group bilen şertnamadan soň brendden gitdi
Versace-iň döredijilik müdiri Dario Witale brendden gitdi. Bu Versace-iň Prada Group-yň gözegçiligine geçmegini göz öňünde tutýan şertnama ýapylandan iki gün soň bolup geçdi. Maglumaty markanyň wekilleri tassyklady, ýöne giňişleýin maglumat entek ýok diýip, WWD habar berýär
08.12.2025 06:09
7.5k+
Moda dizaýneri dünýädäki iň gara matadan köýnek döretdi: ol ähli ýagtylygy diýen ýaly özüne siňdirýär
Kornell uniwersitetiniň (ABŞ) alymlary häzirki güne çenli mälim bolan matalaryň içinde iň garasyny işläp düzdüler. Täze gara materialyň ýagtylygy yzyna serpikdiriş koeffisienti bary-ýogy 0,13%. Barlagçylar ultra-gara ýelekli täsin galkanly guşlaryň (Ptiloris magnificus) horazynyň ýelek gurluşyndan ylham aldylar
06.12.2025 17:01
19k+
96 ýaşynda häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri aradan çykdy
Häzirki zamanyň iň beýik binagärleriniň biri Frenk Geri 96 ýaşynda aradan çykdy. Binagärlik dekonstruktiwizminiň ussady 5-nji dekabrda uzak dowam etmedik keselden soň Los-Anjelesdäki öýünde ýogaldy diýip, The Guardian neşiri habar berýär
06.12.2025 10:24
2.9k+
“Bulut tansçysy” reňki Pantone tarapyndan 2026-njy ýylyň reňki hökmünde saýlandy
Pantone 2026-njy ýylyň reňkini yglan etdi – ol “Cloud Dancer” (“Bulut tansçysy”) atly bitarap ak reňk boldy. Institut bu barada öz resmi saýtynda habar berdi. Pantone şeýle ak reňkiň “galmagally dünýäde rahatlyk, aýdyňlyk we döredijilik ylhamyny” getirýändigini belleýär
29.11.2025 19:41
8.2k+
«Interneşnl hanymy 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi Kolumbiýanyň wekili boldy
Kolumbiýanyň wekili Katalina Duke «Interneşnl hanymy 2025» halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şu ýyl bäsleşik 80 gözeliň gatnaşmagynda Ýaponiýada geçirildi. Täze «Interneşnl hanymy» 26 ýaşynda, ol Medelin şäherindäki EAFIT uniwersitetiniň sosial aragatnaşyk fakultetini tamamlady
23.11.2025 00:49
4.9k+
Hytaýda häzirki zaman sungatynyň ägirt uly muzeýiniň gurluşygy tamamlanýar
Hytaýyň Suçžou şäherinde Jinji kölüniň kenarynda BIG (Bjarke Ingels Group) arhitektura býurosy tarapyndan taslanan Häzirki zaman sungat muzeýiniň gurluşygy tamamlanyp gelýär. Hypebeast neşiriniň habar bermegine görä, toplumyň umumy meýdany 60 000 inedördül metr bolar we ony 2026-njy ýylda açmak meýilleşdirilýär
21.11.2025 22:09
14k+
Dawaly bolan “Älem hanymy” bäsleşigi meksikaly gatnaşyjynyň ýeňşi bilen tamamlandy
“Älem hanymy – 2025” bäsleşiginde Meksikanyň wekili Fatima Boş Fernandes ýeňiji boldy. Oňa täji titulyň geçen ýylky eýesi, daniýaly Wiktoriýa Kýer Teýlwig gowşurdy. Ikinji orny Tailanddan Prawenar Singh eýeledi
13.11.2025 19:49
6k+
Aýdymçy Dua Lipa deriniň idegi üçin kosmetika toplumyny çykardy
Britaniýaly aýdymçy Dua Lipa özüniň Dua atly täze ideg kosmetika liniýasyny çykardy diýip, Hypebae portaly habar berýär. Bu kolleksiýa kosmetika brendi Augustinus Bader Science bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Oňa üç sany serişde girýär: derini arassalaýjy krem — Balancing Cream Cleanser, deri öýjüklerini täzeleýji krem — Renewal Cream we derini ýalpyldadýan toplum — Supercharged Glow Complex
«
1
2
3
…
16
»
«
1
2
3
4
5
6
…
16
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.