«Interneşnl hanymy 2025» bäsleşiginiň ýeňijisi Kolumbiýanyň wekili boldy

29.11.2025, 14:418,249

Kolumbiýanyň wekili Katalina Duke «Interneşnl hanymy 2025» halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Şu ýyl bäsleşik 80 gözeliň gatnaşmagynda Ýaponiýada geçirildi.

Täze «Interneşnl hanymy» 26 ýaşynda, ol Medelin şäherindäki EAFIT uniwersitetiniň sosial aragatnaşyk fakultetini tamamlady.
Galan baýrakly orunlar şeýle görnüşde paýlandy:

  • ·Birinji wise-hanym Zimbabweden Ýollanda Çimbarami boldy.
  • ·Ikinji – Boliwiýadan Paola Gusman Sançes.
  • ·Üçünji – Indoneziýadan Melliza Ksawýera Ýulian.
  • ·Dördünji – Filippinlerden Mirna Esguerra.

«Interneşnl hanymy” bäsleşigi 1960-njy ýyldan bäri geçirilýär we «Dünýä hanymy», «Älem hanymy» we «Ýer hanymy» bilen bir hatarda gözellik bäsleşikleriniň «Uly dörtlügine» girýär. Bäsleşigiň esasy mazmuny «Bütindünýä gözellik baýramçylygy» bolup, bu ýerde gatnaşyjylaryň diňe bir daşky keşbine däl, eýsem ahlak häsiýetlerine baha berilýär.
Geçen ýyl Hýuin Thi Than Tuý ýeňiş gazanyp, täji alan ilkinji wýetnamly gözel boldy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.