Saglyk

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy
06.07.2025 20:51
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine we Aşgabadyň lukmançylyk edaralaryna iş saparyny amala aşyrdy

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Uçuşyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Aşgabadyň çäklerinde bar bolan we täze gurulýan saglyk merkezleriniň ýagdaýy, olaryň gurluşyklarynda alnyp barylýan işleriň derejesi bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi
06.07.2025 20:34
9.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda lukmançylyk edaralarynyň gurluşyklary boýunça maslahatlaryny berdi

5-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäginde gurluşyk toplumyna we Aşgabat şäherine gözegçilik edýän wise-premýer B
BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi
03.07.2025 14:22
2.9k+

BSGG ýalňyzlygy saglyk we jemgyýet üçin global howp diýip ykrar etdi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sosial aragatnaşyk boýunça komissiýasy ýalňyzlygyň we sosial üzňeligiň ýaýrawy barada hasabat hödürledi. Hünärmenleriň hasaby boýunça, her altynjy adam diýen ýaly ýiti ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýär, bu gönüden-göni saglygyň ýaramazlaşmagy bilen baglanyşyklydyr
Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler
02.07.2025 11:43
7.4k+

Buýan köküniň maddasy ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesini bejermekde netijeliligi ýokarlandyryp biler

Nowosibirskli rus alymlary buýan kökünden tapylan madda - glisirin turşusyna esaslanýan birleşmäni işläp düzdüler we patentlediler. Ol çiş öýjüklerinde antibiotik doksorubisiniň ýygnanmagyny güýçlendirýär. Bu bolsa ýatgy boýunjygynyň howply täze döremesinde köp sanly dermana durnuklylygy ýeňip geçmäge kömek edip biler diýip, TASS habar berýär
Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär
01.07.2025 18:01
6.5k+

Dünýäde sanjym edilişiniň peselmegi millionlarça çaganyň kesele garşy gowşak bolmagyna getirýär

Çagalara howply ýokançlyklara garşy sanjym edilişiniň dünýä boýunça derejesi ösmegini bes etdi. Kä ýurtlarda bolsa, hatda aşaklap başlady. Bu barada The Lancet ylmy žurnalynda çap edilen barlaga salgylanýan Bi-bi-si habar berýär
ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy
28.06.2025 13:15
8.7k+

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan, robot arkaly ýürek oturdyldy

ABŞ-da ilkinji gezek döş kapasasyny açmazdan robot arkaly ýürek oturtmak operasiýasy geçirildi. Bu operasiýa ABŞ-nyň Hýuston şäherindäki Baylor St. Luke’s lukmançylyk merkezinde geçirildi. Täze ýürek agyr ýürek ýetmezçiligi bilen kesellän 45 ýaşly erkek adama oturdyldy
Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi
27.06.2025 19:10
10k+

Bekhem 2002-nji ýylda oýun wagtynda alan şikesi üçin operasiýa geçirdi

Beýik Britaniýanyň futbol boýunça ýygyndysynyň öňki oýunçysy Dewid Bekhem 22 ýyl mundan ozal alan şikesiniň netijesinde bileginde operasiýa geçirmeli boldy. Bu barada britan metbugaty, şol sanda The Sun gazeti habar berýär
ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy
27.06.2025 17:46
4k+

ABŞ-da sütün öýjüklerini oturtmak arkaly hassasynyň görüşini bölekleýin dikeltmek başartdy

Kaliforniýanyň 28 ýaşly ýaşaýjysy Nik Harufehiň görüşini sütün öýjüklerini oturtmak arkaly bölekleýin dikeltmek başartdy diýip, Daily Mail neşiri habar berýär. Harufeh bäş ýyl ozal ABŞ-nyň Garaşsyzlyk baýramçylygynda şikes alypdyr
Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi
26.06.2025 14:27
6.4k+

Süýji keseline we semizlige garşy ýokary täsirli dermanlaryň täze synpy - “madda-15” döredildi

Awstraliýanyň we Ýewropanyň molekulýar biologlary süýji keseline we semizlige garşy, ganda glýukozanyň derejesini peseldýän we iýmit siňdiriş bilen bagly meseleleri ýa-da etiňi ýitirmek ýaly zyýanly täsirleri bolmazdan agramy azaldýan dermanlar toparyny döretdiler
Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy
24.06.2025 10:30
8k+

Gwadelupaly zenanda ganyň täze topary ýüze çykaryldy

Gwadelupanyň ýaşaýjysy "Gwada negatiw" (Gwada negative) adyny alan täze gan toparly dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada Fransiýanyň Gan edarasynyň (EFS) hünärmenleri habar berdiler diýip, Medical Xpress ýazýar
Birnäçe ýurtda “kitaplar bilen bejergi” – biblioterapiýa giňden ýaýrap başlady
23.06.2025 12:41
2.7k+

Birnäçe ýurtda “kitaplar bilen bejergi” – biblioterapiýa giňden ýaýrap başlady

Beýik Britaniýada we başga-da birnäçe ýurtda biblioterapiýa – çeper eser okamak arkaly adamyň psihiki ýagdaýyny gowulandyrmak usuly giň gerime eýe bolýar. Bu barada Bi-bi-si ýazýar. Biblioterapiýa psihika oňyn täsir edip biljek kitaplary saýlamagy göz öňünde tutýar
Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler
22.06.2025 19:28
8.4k+

Ispaniýada saç ekilmeginiň ornuny tutup biljek derman döretdiler

Ispaniýaly barlagçylar androgenetik alopesiýaly (erkek adamlaryň saçynyň dökülmegi bilen deň) laboratoriýa syçanlarynda tüý örtüginiň doly dikeldilmegini gazandylar. Bu üstünlik saç dökülmegine garşy täze dermanlar üçin esas bolup biler diýip, New-York Post ýazýar
Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi
20.06.2025 17:30
3.1k+

Amerikada robot ilkinji gezek ýürek operasiýasyny geçirdi

SS Innovations International kompaniýasy Amerikada ilkinji gezek kardiohirurgiýa üçin SSi Mantra 3 robotizirlenen ulgamynyň ulanylandygyny habar berdi. Operasiýa 2025-nji ýylyň 8-nji iýunynda Guaýakildäki (Ekwador) Interhospital hassahanasynda geçdi
Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar
20.06.2025 10:47
3.9k+

Britaniýaly lukmanlar bagyr çişini ultrases bilen bejerip başlar

Beýik Britaniýanyň Saglygy goraýyş ulgamynda (NHS) fokusirlenen ultrasesiň (HIFU) kömegi bilen bagyr çişlerini bejermegiň täze usuly resmi taýdan tassyklandy. Bu tehnologiýa çişleri hirurgiýanyň, himioterapiýanyň ýa-da şöhläniň gatyşygy bolmazdan, ultrases tolkunlary bilen ýok etmäge mümkinçilik berýär diýip, Medscape  neşiri ýazýar
Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler
18.06.2025 10:22
4.5k+

Hytaýly alymlar doňuz düwünçeginde adam ýüregini ösdürip ýetişdirdiler

  Hytaýly alymlar doňuz düwünçekleriniň içinde kiçijik adam ýürekleriniň ösdürilendigini habar berdiler. Bu baradaky maglumatlar sütün öýjükleriniň barlagy boýunça halkara jemgyýetiniň mejlisinde hödürlendi diýip, Nature žurnaly ýazýar
Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseline garşy täze bejergi ulanylýar
17.06.2025 13:10
5.7k+

Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseline garşy täze bejergi ulanylýar

Beýik Britaniýada dünýäde ilkinji gezek ganyň rak keseliniň iň köp duş gelýän görnüşleriniň biri bolan köp sanly miýeloma üçin täze bejeriş usuly ulanylyp başlandy. Bu bejergi «troýa atyna» meňzeýär – derman zäherli öýjüklere aralaşyp, olary içinden ýok edýär diýip, «BBC» ýazýar
Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar
16.06.2025 13:28
10k+

Alymlar indi-indi parasetamolyň nähili işleýändigini anykladylar

Parasetamol dünýäde iň köp ulanylýan agyryny aýryjy dermanlaryň biridir. Ony kellagyryda, gyzgyn galanda we beýleki agyrylarda ulanýarlar. Bu derman ilkinji gezek 1878-nji ýylda sintez edildi, ýöne alymlar onuň nähili işleýändigine indi doly düşünip bildiler diýip, IFL Science habar berýär
Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär
16.06.2025 13:11
5.3k+

Deňiz hyýarlaryndaky şeker rak keseliniň ösüşi bilen bagly fermenti petikleýär

Amerikaly alymlar deňiz hyýarlarynyň düzüminde rak öýjükleriniň ösüşine gatnaşýan fermenti böwetläp bilýän maddany ýüze çykardylar. Onuň artykmaçlygy ozal öwrenilen birleşmelerden tapawutlylykda, adam organizmi üçin howpsyz bolmagydyr
The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy
09.06.2025 13:55
2.9k+

The Guardian: Melburndaky barlag ylmy AIW-e garşy bejergini tapmaga ýene bir ädim ýakynlaşdyrdy

Awstraliýanyň Melburn şäherindäki Piter Doerti adyndaky Ýokanç we immunitet institutynyň alymlary ak gan öýjükleriniň (leýkositleriň) içinde adamyň immunýetmezçilik wirusyny (AIW) ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän usuly işläp düzdüler
Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy
04.06.2025 15:47
4.4k+

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi
01.06.2025 19:16
6k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar
Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi
30.05.2025 16:54
5.7k+

Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi

Russiýada glaukomany hirurgiki bejermek üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) prezidenti Gennadiý Krasnikow 28-30-njy maý aralygynda Moskwada geçirilýän RYA-nyň umumy ýygnagynda mälim etdi
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy
26.05.2025 23:21
3.4k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 78-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler
26.05.2025 16:58
7.3k+

Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler

ABŞ-da gaty seýrek genetiki bozulmasy bolan çaga halas edildi. Alymlar onuň DNK-syndaky ýalňyşlygy düzedýän dermany işläp taýýarladylar. Bu diňe bir näsag üçin ýöriteläp derman döredilen ilkinji ýagdaýdyr diýip, “Bereg” neşiri ýazýar
BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi
23.05.2025 12:05
2.4k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi
Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi
23.05.2025 11:44
4.4k+

Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi

Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň barlagçylary D3S-001 dermanynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamladylar. Derman ownuk däl öýjükli öýken, kolorektal we KRAS-G12C mutasiýaly aşgazan asty mäziniň çişlerini (rak keseli) bejermek üçin niýetlenendir diýip, South China Morning Post habar berýär
Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar
21.05.2025 15:54
5.9k+

Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy
9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir
21.05.2025 15:17
11k+

9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler
ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi
20.05.2025 15:33
9.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi

Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi
Alymlar uzak oturmagyň Alsgeýmer keseliniň ösüşini çaltlaşdyrýandygyny subut etdiler
18.05.2025 16:36
4.8k+

Alymlar uzak oturmagyň Alsgeýmer keseliniň ösüşini çaltlaşdyrýandygyny subut etdiler

Amerikaly neýrofiziologlar uzak wagtlap oturmagyň beýniniň çal maddasynyň mukdarynyň azalmagyna we Alsgeýmer keselli adamlaryň epizodik ýadynyň ýaramazlaşmagyna getirýändigini anykladylar diýip, EurekAlert ýazýar
Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar
17.05.2025 09:11
7k+

Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar

Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler
BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar
15.05.2025 11:52
5.8k+

BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar

Ýyl geçdigisaýyn global saglygy goraýyş ulgamynda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barha artýar. 2030-njy ýyla çenli olaryň ýetmezçiligi 4,1 mln adama barabar bolup biler diýlip, Bütindünýä saglygy gorayş guramasy, Halkara şepagat uýalarynyň geňeşi we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar
Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy
14.05.2025 15:50
2k+

Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy

Russiýaly alymlar Morrisonyň goriçnigi (Peucedanum morisonii) atly dermanlyk ösümlikden alnan kumarin esasynda guş dümewine garşy täze birleşmeleri işläp taýýarladylar. Bu birleşmeler lukmançylykda wirusly ýokanç keselleri bejermek üçin ulanylyp bilner diýip, patente salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär
Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler
13.05.2025 13:17
4.8k+

Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler

Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir
Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler
12.05.2025 16:12
2.4k+

Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler

Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar
Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler
12.05.2025 06:48
7.7k+

Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler

Ýaponiýanyň Rýukýu uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, adamyň derisiniň gaýtadan dikeliş tizligi beýleki süýdemdirijilere we gemrijilere garanyňda has haýal bolýar. Munuň sebäbi, adamlarda tüý follikulalarynyň ýitmegi we der mäzleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr
Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar
08.05.2025 16:41
6.3k+

Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar

Amerikaly neýrohirurglar göz hanasyndan aralaşmak arkaly kelleçanagyň düýbündäki çişi aýyrmak bilen özboluşly operasiýany amala aşyrdylar. Operasiýa 19 sagat dowam etdi we munuň üçin ýokary takyklyk gerek boldy
800 ýylan çakmasyndan aman galan adamyň ganyndan 13 sany howply ýylanyň zäherine garşy derman döredildi
06.05.2025 11:54
23k+

800 ýylan çakmasyndan aman galan adamyň ganyndan 13 sany howply ýylanyň zäherine garşy derman döredildi

Alymlar 13 sany howply ýylan görnüşiniň, şol sanda gara mambanyň, şa kepjebaşynyň we gaplaň ýylanynyň zäherini netijeli zyýansyzlandyryp biljek üç komponentli serişdäni hödürledi. Bu barada Cell ylmy neşirinde habar berildi
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi
06.05.2025 11:17
4.2k+

BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi

Golaýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, TDH habar berýär
Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy
01.05.2025 13:07
7.4k+

Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.