9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

21.05.2025, 15:1711,917

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler.

Barlagyň netijeleri Alzheimer's & Dementia žurnalynda çap edildi.
Barlaga 27 ýaşdan 85 ýaş aralygyndaky 1853 adam gatnaşdy. Olary dört topara böldüler:

  • depressiýadan ejir çekmeýän we antidepressantlary kabul etmeýänler;
  • depressiýa alamatlary bolan, ýöne antidepressantlary kabul etmeýän adamlar;
  • depressiw alamatlary bolmazdan antidepressantlary kabul edenler;
  • depressiýa alamatlary bolan we antidepressantlary kabul edýän adamlar.

Derňew aşa köp uklamagyň (bir günde dokuz sagat ýa-da ondan hem köp) aň ukyplaryň ýaramazlaşmagyna we ýat hem-de görüş-giňişlik ukyplary ýaly käbir akyl funksiýalarynyň peselmegine sebäp bolýandygyny görkezdi. Barlagçylaryň baha bermegine görä, köp uklaýan gatnaşyjylaryň beýnisindäki üýtgeşmeler hakykatda bolmalysyndan 6,5 ýaş ulularyňky ýaly bolup çykdy.
Antidepressantlary kabul edýändiklerine garamazdan, uzak wagtlap uklap, depressiýadan ejir çekýänlerde munuň hasam ýaramazlaşýandygy ýüze çykdy. Depressiýa alamatlary bolmadyk gatnaşyjylarda hem aşa köp ýatmaklygyň akyl öndürijiligini peseldýändigi, ýöne munuň az derejede bolup geçýändigi anyklandy.
Awtorlar beýniniň sagdynlygynyň uky režimi bilen berk baglanyşyklydygyny bellediler. Uly adamlaryň ukysynyň dowamlylygy günde ýedi-sekiz sagat bolmaly. Islendik gyşarmalar ýadyň, ünsüň, meýilnamalaşdyryş ukybynyň peselmegine, öz hereketiňe  gözegçilik etmek we wezipeleri çözmek ýaly ukyplaryň  ýaramazlaşmagyna sebäp bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.