Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Sport
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Sport
11.09.2025 19:52
11k+
Superkompýuter Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanyp biljek topary aýtdy
Opta analitiki kompaniýasynyň superkompýuteri toparlaýyn tapgyr başlamazdan öň 2025/26 möwsüminiň Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgäri aýtdy. Superkompýuter uly artykmaçlygy Angliýanyň “Liwerpul” klubuna berýär
11.09.2025 16:21
12k+
Ýekşenbede Kanelo – Krouford söweşi bolar. Ol meksikaly söweşijä $150 mln getirer
14-nji sentýabrda Las-Wegasda (Newada ştaty, ABŞ) meksikaly Saul “Kanelo” Alwares bilen amerikaly Terens “Bad” Kroufordyň arasynda söweş geçiriler. Olar ikinji orta agramda (76,2 kg çenli) absolýut dünýä çempiony ady ugrunda göreşer
11.09.2025 00:04
11k+
Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowa garşy 11 gol geçirdi: Holand rekord goýdy
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Ýewropada saýlama ýaryşynyň 6-njy tapgyr oýunlarynyň birinde Norwegiýanyň milli ýygyndysy Moldowadan uly hasap bilen üstün çykdy. Oslodaky oýun 11:1 hasabynda tamamlandy. “Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand bäş gol geçirip, iki assist etdi
09.09.2025 23:42
14k+
Özbegistan CAFA Milletler Kubogynyň finalynda Eýrandan üstün çykdy
Özbegistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda (CAFA Nations Cup 2025) final oýunda Eýrany ýeňdi. Duşuşyk 8-nji sentýabrda Daşkentdäki täze «Olimpik» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy
09.09.2025 23:10
6.8k+
“Liwerpul” deňiz tolkunynyň reňkinde täze eşik toplumyny hödürledi
Angliýanyň “Liwerpul” futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin üçünji eşik toplumyny hödürledi. Ol tomusdan bäri toparyň tehniki hemaýatkäri hökmünde çykyş edýän adidas tarapyndan taýýarlandy. Täze eşik deňiz tolkunynyň reňkinde ýerine ýetirildi we 1990-njy ýyllardaky we 2000-nji ýyllaryň başyndaky klub eşiginiň stilinde döredildi
09.09.2025 23:03
7.5k+
16 ýaşly wunderkind dünýä çempiony Gukeş Dommarajuny utup, dünýä rekordyny täzeledi
16 ýaşly amerikaly küştçi Abhimanýu Mişra täze dünýä rekordyny goýdy. Ol Samarkantda geçirilýän Grand Swiss ýaryşynda häzirki dünýä çempiony, 19 ýaşly Gukeş Dommarajuny utdy. Mişra taryhda klassyk döwde dünýä çempionyny utmagy başaran iň ýaş oýunçy boldy
09.09.2025 10:01
10k+
ESPN XXI asyryň iň gowy 25 boksçysynyň sanawyny neşir etdi
Abraýly ESPN amerikan sport portaly XXI asyryň iň gowy 25 boksçysyny neşir etdi. ESPN-niň wersiýasyna görä, XXI asyryň iň gowy 25 boksçysy aşakdakylar boldy: Floýd Meýwezer-kiçi (XXI asyryň rekordy - 28-0). Menni Pakýao (35-6-3)
08.09.2025 17:16
15k+
Braziliýaly işewür Neýmara 1 mlrd dollar miras goýdy
Braziliýaly işewür “Santos” klubunyň hüjümçisi Neýmara 1 mlrd dollar miras galdyrdy. Bu barada Terra ispan neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, işewür 31 ýaşynda. Onuň ady aýan edilmeýär, ýöne onuň maşgalasynyň we çagalarynyň ýokdugy hem-de saglyk näsazlygyndan ejir çekýändigi belli
08.09.2025 13:25
6k+
“Tottenhemiň” ýolbaşçysy 25 ýyldan soň wezipeden aýryldy
Londonyň “Tottenhem” futbol kluby Deniel Lewiniň 25 ýyl bäri eýelän başlyk wezipesinden gidendigini habar berdi. Ol Angliýanyň premýer-ligasynyň toparlarynyň arasynda iň köp işlän ýolbaşçy boldy. Indi bu wezipäni klubuň esasy paýdary bolan Lýuis maşgalasynyň bähbitlerine wekilçilik edýän Piter Çarrington eýeledi
08.09.2025 12:01
2.3k+
Werstappen Italiýanyň Gran-prisini utdy, Norris – ikinji, Piastri – üçünji
“Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen 7-nji sentýabrda Monsada geçirilen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Niderlandly ýaryşa gatnaşyjy pouldan başlady, ýöne ilkinji aýlawlarda Lando Norrisden (“Maklaren”) yza galdy
08.09.2025 11:36
2.8k+
Karlos Alkaras US Open-iň finalynda Ýannik Sinnerden üstün çykdy
Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras erkekleriň arasynda geçirilen ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň (US Open) ýeňijisi boldy. Ol finalda italiýaly Ýannik Sinneri dört setde 6:2, 3:6, 6:1, 6:4 hasabynda utdy. 22 ýaşly türgen üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynda altynjy titul boldy
07.09.2025 23:07
12k+
Ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenler Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyplary boldular
Halkara we ýurt derejesindäki ýaryşlaryň ýeňijileri, şeýle hem ýurdumyzyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary 2025-2026-njy okuw ýylynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna talyplyga kabul edildi. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär
07.09.2025 19:48
6k+
Sobolenko Anisimowany utup, yzygider ikinji gezek US Open-iň ýeňijisi boldy
Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko yzygider ikinji gezek ABŞ-nyň Açyk çempionatynda (US Open) ýeňiji boldy. Ýaryşyň finalynda belarusly tennisçi dünýäniň dokuzynjy raketkasy, amerikaly Amanda Anisimowany 6:3, 7:6 (7:3) hasabynda utdy
06.09.2025 17:42
20k+
59 ýaşly Maýk Taýson 48 ýaşly Floýd Meýwezer bilen söweşi yglan etdi
Boks boýunça öňki absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson X sosial ulgamynda bäş agram derejesinde öňki dünýä çempiony Floýd Meýwezer bilen geljekki söweşi yglan etdi. Söweşiň geçiriljek ýeri we senesi barada entek maglumat ýok
06.09.2025 16:38
2k+
Sinner we Alkaras US Open-iň tituly we dünýäniň birinji raketkasy ady ugrunda göreşer
US Open-iň final oýnunda dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner bilen ATP reýtinginde ikinji orny eýeleýän ispaniýaly Karlos Alkaras duşuşar. Bu olaryň şu möwsümde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda yzygider üçünji finaly bolar we onda diňe ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň çempiony däl, eýsem dünýäniň birinji raketkasy-da kesgitlener
06.09.2025 12:53
9.6k+
Türkmenistan CAFA Milletler Kubogynda Omandan utuldy
5-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň Milletler kubogynyň (CAFA Nations Cup) toparlaýyn tapgyrynyň üçünji oýnunda Omandan utuldy. Daşkentdäki “Jar” stadionynda geçirilen oýun Omanyň futbolçylarynyň peýdasyna 1:2 hasabynda tamamlandy
05.09.2025 18:45
14k+
Günorta Amerikadan DÇ-2026 üçin göni ýollama alan toparlaryň ählisi belli boldy
2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin Günorta Amerikanyň saýlama ýaryşynyň gutarmagyna bir tapgyr galanda gönüden-göni dünýä çempionatyna gatnaşjak alty toparyň ählisi belli boldy. Göni ýollamany Argentinanyň (38 utuk), Braziliýanyň (28), Urugwaýyň (27), Ekwadoryň (26), Kolumbiýanyň (25) we Paragwaýyň (25) milli ýygyndylary aldy
05.09.2025 16:00
3.3k+
US Open – 2025-iň finalynda Arina Sobolenko we Amanda Anisimowa oýnar
Nýu-Ýorkuň hard kortunda US Open-2025 “Uly tuwulga” ýaryşynyň finalçylary kesgitlendi. Aýgytly oýunda titul üçin Belarusdan dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko we WTA reýtinginde dokuzynjy orny eýeleýän amerikaly Amanda Anisimowa göreşer
04.09.2025 12:13
9.1k+
Forbes tomusda oýunçylar üçin has köp çykdajy eden 10 futbol klubunyň reýtingini düzdi
1-nji sentýabrda Ýewropa futbolynda tomusky transfer penjiresi ýapyldy. Bu gezek Angliýadan klublar örän köp şertnama baglaşdy. Premýer-liganyň klublary oýunçy satyn almak üçin rekord 3,11 mlrd funt sterling (3,5 mlrd ýewrodan gowrak) sarp etdi, bu bolsa beýleki öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň bilelikdäki çykdajylaryndan hem ýokarydyr
03.09.2025 09:47
14k+
CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Özbegistandan utuldy
2-nji sentýabrda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler Kubogynyň ikinji tapgyrynda Özbegistanyň ýygyndysyna garşy oýnady. Duşuşyk Daşkentdäki «Olimpiýa» stadionynda geçirildi we ýer eýeleriniň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy
02.09.2025 14:54
6.5k+
Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär
Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi
02.09.2025 13:07
6.8k+
“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer
Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi
01.09.2025 19:09
10k+
“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy
Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär
01.09.2025 17:08
10k+
Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi
“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy
01.09.2025 14:26
2.6k+
Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler
01.09.2025 14:09
7.5k+
“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy
“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi
01.09.2025 14:04
5.9k+
7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy
Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerim Babaýew Abu-Dabide geçirilen 31-nji Halkara küşt festiwalynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýaryşlar Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilip, ol 83 ýurtdan 3000-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi diýip, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy habar berdi
01.09.2025 12:19
2.8k+
Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji
“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy
31.08.2025 09:17
11k+
Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan bilen 1:1 oýnady
30-njy awgustda CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň garşysyna meýdança çykdy. Oýnuň ilkinji minutlarynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy topa has köp erk etmegi başardy
30.08.2025 18:01
5.7k+
Esasy transferler: Simons “Tottenhemiň” oýunçysy boldy, Garnaço “Çelsä” geçýär
“Tottenhem” resmi taýdan 22 ýaşly hüjümçi Hawi Simons bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Klub “RB Leýpsige” 52 mln funt (60 mln ýewrodan gowrak) tölär. Futbolçy ýene iki möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdy
30.08.2025 17:55
4.7k+
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi
UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi
30.08.2025 12:24
9.6k+
Zlatan Ibragimowiç we “Çelsi” UEFA-nyň prezidentiniň baýraklaryna mynasyp boldy
Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir Zlatan Ibragimowiç UEFA-nyň prezidentiniň her ýyl berilýän baýragyna mynasyp boldy. Dabara penşenbe güni Monakoda geçen Çempionlar ligasynyň bije çekişigi wagtynda geçirildi
29.08.2025 19:51
13k+
Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler
Ýarym orta agramda UFC-niň çempiony, awstraliýaly Jek Della Maddalena (18-2) bilen ýeňil agramda promouşeniň öňki çempiony, russiýaly Islam Mahaçewiň (27-1) arasyndaky titul söweşi UFC 322 ýaryşynyň esasy wakasy bolar
29.08.2025 19:36
9.2k+
“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy
Stambulyň “Fenerbahçe” futbol kluby portugaliýaly Žoze Mourinýuny toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýyrdy. Bu barada klub X sosial ulgamynda habar berdi. Çözgüt klubuň pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň “Benfikasyndan” utulyp, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmezligi bilen baglanyşykly boldy
29.08.2025 13:31
12k+
Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi
28-nji awgustda 2025/26 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. Ýewropanyň esasy ýaryşyna 36 gatnaşyjynyň ählisi umumy tapgyr boýunça öz garşydaşlaryny bildi. Her topar sekiz garşydaş: reýting boýunça düzülen 4 sebediň hersinden iki topar bilen duşuşar
29.08.2025 07:25
11k+
«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular
29.08.2025 00:59
12k+
Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder
“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda geýjek köýnekçesiniň arkasyndaky familiýasyny üýtgeder. Bu barada milli ýygyndynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda habar berilýär
29.08.2025 00:20
11k+
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi
UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnunyň başlanýan wagtynyň üýtgedilendigini habar berdi. 2025/26 möwsüminden başlap, ýaryşyň aýgytly oýny Merkezi Ýewropa wagty boýunça 21:00-da däl-de, 18:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00) başlar
28.08.2025 13:20
7.4k+
“Mançester Ýunaýted” ilkinji gezek Liganyň kubogyndan 4-nji diwizionyň klubundan utulyp çykdy
“Mançester Ýunaýted” ikinji tapgyrda “Grimsbi Taundan” utulandan soň (2:2, penalti boýunça 11:12) Angliýanyň ligasynyň kubogyndan çykdy. Squawka portalynyň habar bermegine görä, bu taryhda klubuň ýaryşda dördünji diwiziondaky garşydaşdan ilkinji gezek utulmagy boldy
28.08.2025 12:35
6.8k+
Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy
MLS (ABŞ we Kanada) we MX ligasynyň (Meksika) klublarynyň arasyndaky futbol boýunça demirgazyk amerikan ýaryşynyň – Ligalaryň kubogynyň ýarym final oýunlary geçirildi. Aýgytly oýunda kubok ugrunda göreşmek hukugyny “Inter Maýami” we “Sietl Saunders” gazandy
«
1
…
25
26
27
…
161
»
«
1
…
22
23
24
25
26
27
28
29
30
…
161
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.