Zlatan Ibragimowiç we “Çelsi” UEFA-nyň prezidentiniň baýraklaryna mynasyp boldy

30.08.2025, 07:249,615
1 / 2

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir Zlatan Ibragimowiç UEFA-nyň prezidentiniň her ýyl berilýän baýragyna mynasyp boldy. Dabara penşenbe güni Monakoda geçen Çempionlar ligasynyň bije çekişigi wagtynda geçirildi.

UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr Çeferin Ibragimowiçiň “diňe bir haýran galdyryjy oýunçy däl-de, eýsem hemişe öz düzgünlerine eýerýän ajaýyp adamdygyny”, şonuň üçin bu baýraga mynasypdygyny belledi.

Şol dabaranyň dowamynda Çeferin Londonyň “Çelsi” klubuna hem ýörite baýrak gowşurdy. Klub ähli esasy ýewrokuboklarda: Çempionlar ligasynda, Ýewropa ligasynda, Konferensiýa ligasynda, UEFA-nyň Superkubogynda we Kubok eýeleriniň kubogynda ýeňiji bolan ýeke-täk klub diýlip ykrar edildi:
UEFA-nyň prezidentiniň baýragy 1998-nji ýyldan bäri sportda gazanylan üstünlikler üçin berilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.