Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy
07.07.2025 10:47
4.4k+

Messi we adidas täze Superstar krossowkasyny çykardy

Futbolçy Lionel Messi adidas brendi bilen täze hyzmatdaşlygyny – iki reňkde Superstar krossowkasyny hödürledi. Bu barada Hypebeast neşiri habar berýär. Modelleriň biri Messiniň 2023-nji ýyldan bäri çykyş edýän “Inter Maýami” klubundan ylham alýar
UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy
06.07.2025 20:11
12k+

UEFA “Çelsä” €31 mln, “Barselona” €15 mln jerime saldy

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) “Çelsä”, “Barselona” we ýene on kluba maliýe fair play düzgünlerini berjaý etmändigi üçin jerime saldy. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Klublaryň maliýe gözegçilik edarasynyň (CFCB) birinji palatasy London klubuna 31 mln ýewro, katalon klubuna bolsa 15 mln ýewro jerime saldy
15 ýaşly türkmenistanly dzýudoçy Almatyda kadetleriň arasynda Aziýa Kubogynda bürünç medal aldy
06.07.2025 14:19
6.7k+

15 ýaşly türkmenistanly dzýudoçy Almatyda kadetleriň arasynda Aziýa Kubogynda bürünç medal aldy

15 ýaşly Käkilik Derýaýewa kadetleriň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynda bürünç medal gazandy. Bu halkara ýaryş Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilýär. Türkmenistanly türgen 48 kilogram agram derejesinde çykyş etdi
Aýdogdy Atabaýew IBCA küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy
06.07.2025 12:11
7.1k+

Aýdogdy Atabaýew IBCA küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň ilkinji medalyny gazandy

FIDЕ-niň ussatlygyna dalaşgär Aýdogdy Atabaýew Görüş ukyby pes küştçüleriň arasynda Bütindünýä küşt olimpiadasynda medal gazanan ilkinji türkmenistanly küştçi boldy. Ol Serbiýanyň Wrnýaçka-Banýa şäherinde geçirilen 17-nji Olimpiadada bürünç medal gazandy
Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy
06.07.2025 11:52
11k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “PSŽ” dokuz bolup “Bawariýany” utdy, “Real” “Borussiýadan” üstün çykdy

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň futbolçylary Klublaýyn dünýä çempionatynyň dörtden bir finalynda Mýunheniň “Bawariýasyny” utdy. Atlantadaky duşuşyk parižlileriň peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlandy. Oýnuň 78-nji minutynda Dezire Due hasaby açdy
“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar
05.07.2025 13:51
5.7k+

“Çelsi” Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýarym finalynda “Fluminense” bilen oýnar

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji ýarym finalçylary belli boldy. Finala çykmak üçin Angliýanyň “Çelsisi” bilen Braziliýanyň “Fluminense” topary oýnar. Dörtden bir finalda “Fluminense” Saud Arabystanynyň çempionatynyň ýeňijisini – Er-Riýaddan “Al-Hilýaly” utdy
“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy
05.07.2025 06:21
6.8k+

“Barselonany” gyzyklandyran Niko Uilýams “Atletik” bilen şertnamany 2035-nji ýyla çenli uzaltdy

Bilbaodan “Atletik” futbol kluby ispaniýaly ýarymgoragçy Niko Uilýams bilen şertnamanyň möhletiniň uzaldylandygyny habar berdi. Täze şertnama 2035-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýär. Bellenilişi ýaly, 22 ýaşly futbolçynyň şertnamany möhletinden ir ýatyryp, başga bir kluba geçmegi üçin tölemeli mukdar 50%-den gowrak ýokarlandy
Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy
04.07.2025 17:08
10k+

Taýson Fýuri Usik bilen üçünji söweşiniň senesini aýtdy

Britaniýaly boksçy Taýson Fýuri Instagram-da 2026-njy ýylda ukrainaly Aleksandr Usik bilen üçünji gezek söweşjekdigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, söweş 18-nji aprelde Londondaky “Uembli” stadionynda geçiriler
“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy
03.07.2025 23:14
9.6k+

“Çelsi” 81 mln dollara braziliýaly hüjümçi Žoao Pedrony aldy

Braziliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Žoao Pedro “Braýton end Houw Albiondan” Londonyň “Çelsisine” geçdi. Bu barada klubuň saýtynda resmi taýdan yglan edildi. 23 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2033-nji ýyla çenli hereket edýär
Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy
03.07.2025 22:52
8.1k+

Anhel Di Mariýa Ýewropadaky karýerasyny tamamlap, “Rosario Sentrala” gaýdyp bardy

37 ýaşly argentinaly futbolçy Anhel Di Mariýa Ýewropadaky 18 ýyllyk karýerasyny tamamlaýandygyny we öz eziz kluby “Rosario Sentrala” gaýdyp barýandygyny habar berdi. Ýarymgoragçy professional karýerasyna bu klubda başlapdy
ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar
03.07.2025 18:15
8k+

ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynda 2 million bilet satyldy, oýunlara ortaça 35 müň tomaşaçy barýar

Klublaýyn dünýä çempionatynyň oýunlaryna satylan biletleriň umumy sany 2 milliona ýetdi. Ýaryşyň her oýnuna ortaça 35 müň tomaşaçy gelýär. Bu barada žurnalist Kawe Solekol habar berdi. Ýaryşyň iň köp tomaşaçy ýygnan oýny toparlaýyn tapgyrda «Pari Sen-Žermen» bilen «Atletikonyň» (4:0) arasyndaky duşuşyk boldy — bu oýna 80 819 adam tomaşa etdi
“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi
03.07.2025 18:04
6k+

“Barselona” Fati bilen täze şertnama baglaşyp, ony “Monako” kärendesine berdi

Ansu Fati “Barselona” bilen şertnamasyny 2028-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada katalon klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. Täze şertnama gol çekilenden soň, 22 ýaşly hüjümçi “Monako” kärendesine berildi
“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy
03.07.2025 17:54
14k+

“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy

Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Diogu Žota ulag heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Futbolçy 28 ýaşyndady diýip, Marca neşiri habar berýär. Onuň bilen bilelikde heläkçilikde onuň 26 ýaşly jigisi Andre hem ýogaldy
Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi
03.07.2025 10:25
13k+

Iliýa Topuriýa UFC-niň iň gowy söweşijileriniň umumy reýtinginde Islam Mahaçewden öňe geçdi

UFC Las-Wegasda (ABŞ) geçen dynç günleri geçirilen UFC 317 ýaryşyndan soň iň gowy söweşijileriň reýtingini täzeledi. Gruziýadan ýeňil agramda (70 kg çenli) çempion Iliýa Topuriýa UFC-niň Pound-For-Pound (agram derejesine garamazdan) umumy reýtinginiň başyna geçdi, ol birinji orundan russiýaly Islam Mahaçewi gysyp çykardy
Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar
02.07.2025 19:19
18k+

Ronaldu “Al-Nasr” bilen täze şertnamasy boýunça minutda 158 ýewro gazanar

Kriştianu Ronaldu “Al-Nasr” saud kluby bilen şertnamanyň ýene iki ýyla uzaldylandygyny habar berdi. Oýunçy sport taryhynda rekord teklipden ýüz öwrüp bilmedi. “Al-Nasra” geçenden soň, Ronaldu klub bilen ýekeje-de uly kubok gazanmady, diňe 2023-nji ýylda ýarym-ýoldaşlyk Arap çempionlarynyň kubogyny utdy
“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy
02.07.2025 14:05
9.9k+

“Liwerpul” ÇL-iň taryhynda klubuň iň ýaş oýunçysy bilen professional şertnama baglaşdy

“Liwerpul” häzire çenli Çempionlar ligasynda klub üçin çykyş eden iň ýaş oýunçy bolan Treýmoris Nýoni bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. 30-njy iýunda 18 ýaşyny dolduran güni ýarymgoragçy ilkinji professional şertnamasyny baglaşmaga mümkinçilik gazandy
Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar
02.07.2025 11:49
8.4k+

Klublaýyn dünýä çempionaty: “Real” “Ýuwentusy” utdy we çärýek finalda “Borussiýa” bilen oýnar

Madridiň “Realy” Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda Turiniň “Ýuwentusyny” utdy. Oýun Maýamide geçirildi we 1:0 hasabynda tamamlandy. Ýeke-täk goly 54-nji minutda Gonsalo Torres geçirdi. 1/4 finalda “Real” Meksikanyň “Monterreý” klubuny 1:2 hasabynda utan Dortmundyň “Borussiýasy” bilen duşuşar
Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy
02.07.2025 11:06
1.9k+

Formula-1 Awstriýa Gran-prisini 2041-nji ýyla çenli uzaltdy

Formula-1-de Awstriýanyň Gran-prisi tapgyryň promouteri Projekt Spilberg bilen täze ylalaşyk gazanylandan soň, 2041-nji ýyla çenli uzaldyldy. Muny "patyşalyk ýaryşlarynyň" metbugat gullugy yglan etdi. "Formula-1-iň köp ýyllaryň dowamynda “Red Bull Ringde” galjakdygyna begenýärin
Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy
01.07.2025 18:49
10k+

Give me Sport häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçysyny atlandyrdy

Give me Sport iňlis neşiri häzirki wagtda dünýäniň iň gowy futbolçylarynyň sanawyny hödürledi. Reýtingde birinji orny “Barselonanyň” ispaniýaly wingeri Lamin Ýamal eýeledi. Ikinji orunda Usman Dembele (“PSŽ”) ýerleşdi
«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi
01.07.2025 18:26
4.1k+

«Lion» FK 1-nji Ligadan düşürilensoň prezidentini üýtgetdi

Geçen hepde «Lion» futbol kluby maliýe kynçylyklary sebäpli, Fransiýanyň 1-nji Ligasyndan ikinji diwiziona düşürildi. L'Équipe gazetiniň maglumatlaryna görä, klubuň bergisi 175 mln ýewro barabar. Klubuň düşürilmegi baradaky karary Milli administratiw gözegçilik departamenti (DNCG) kabul etdi
“Bawariýa” erkin agent hökmünde klubdan giden Zane we Daýer bilen hoşlaşdy
01.07.2025 18:17
7.1k+

“Bawariýa” erkin agent hökmünde klubdan giden Zane we Daýer bilen hoşlaşdy

Mýunheniň “Bawariýasy” merkezi goragçy Erik Daýer we winger Leroý Zane bilen hoşlaşdy. Futbolçylaryň ikisiniň hem nemes kluby bilen şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýärdi. Şeýlelikde, oýunçylar kluby erkin agent hökmünde terk etdi
Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy
01.07.2025 13:33
7.2k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalynda “Inter” “Fluminenseden”, “ManSiti” “Al-Hilýaldan” utuldy

ABŞ-da geçirilýän futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda Milanyň “Interi” garaşylmadyk ýagdaýda “Fluminenseden” 0:2 hasabynda utuldy. Toparlar Şarlottdaky “Bank of Amerika” stadionynda oýnady
Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy
30.06.2025 19:16
11k+

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew halkara ýaryşda bürünç medal gazandy

Türkmenistanly bilýardçy Kadyrberdi Çalyýew «Stawropol ülkesiniň gubernatorynyň kubogy» atly bilýard boýunça halkara Dünýä kubogy ýaryşynda üstünlikli çykyş edip, erkekleriň arasynda bürünç medal gazandy. Ýaryş 23-30-njy iýun aralygynda Stawropolda geçirildi
Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy
30.06.2025 11:22
2.4k+

Lando Norris “Formula-1-iň” Awstriýanyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy

“Maklareniň” britaniýaly sürüjisi Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 11-nji tapgyry bolan Awstriýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Şpilbergde geçirildi. Ikinji orny onuň topardaşy awstraliýaly Oskar Piastri eýeledi (2,695 sekunt yza galdy)
«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy
30.06.2025 11:10
8.9k+

«PSŽ» «Bawariýa» bilen duşuşar: Klublaýyn dünýä çempionatynyň ikinji çärýek finalçylary belli boldy

2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň pleý-off oýunlarynyň 1/8 finalynyň ýene iki duşuşygy tamamlandy. Olaryň netijesinde ýaryşyň dörtden bir finalynyň ikinji garşydaş toparlary belli boldy. “PSŽ” “Inter Maýamini” jogapsyz 4:0 hasabynda utdy
«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi
30.06.2025 08:36
6.2k+

«Monako» Pol Pogba bilen gol çekişdi

Fransiýanyň “Monako” futbol kluby 32 ýaşly ýarymgoragçy Pol Pogba bilen şertnama baglaşandygyny resmi web sahypasynda habar berdi. Şertnama 2027-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli niýetlenendir. Pogba futbol karýerasyna Parižiň “Ruassi-an-Bri” we “Torsi” atly höwesjeňler klublarynda başlady
Saparmyrat Atabaýew UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda 1-nji orny eýeledi
30.06.2025 08:29
6.4k+

Saparmyrat Atabaýew UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda 1-nji orny eýeledi

Saparmyrat Atabaýew Daşkentde geçirilen UzChess Cup halkara küşt ýaryşynda birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Futures toparynyň grossmeýsteri mümkin bolan 9 utukdan 6 utuk toplap, goşmaça görkezijiler (Koneborn-Berger) we şahsy duşuşyklardaky netijeleriň hasabyna ýaryşyň umumy sanawynda birinji orna çykdy
Gurbanguly Berdimuhamedow taekwondonyň dokuzynjy danyny aldy
29.06.2025 19:23
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow taekwondonyň dokuzynjy danyny aldy

Koreýanyň Taekwondo Federasiýasy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa taekwondonyň iň ýokary ussatlyk derejesini – dokuzynjy dany bermek barada çözgüt kabul etdi. Bu barada ýurdumyza sapar bilen gelen «Daewoo Engineering & Construction Co
«Çelsi» we «Palmeýras» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň çärýek finalynda duşuşarlar
29.06.2025 14:18
4.9k+

«Çelsi» we «Palmeýras» ABŞ-da Klublaýyn dünýä çempionatynyň çärýek finalynda duşuşarlar

San-Paulu şäheriniň «Palmeýras» we Londonyň «Çelsi» toparlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirilýän 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatynyň ilkinji çärýek finalçylary boldular. 1/8 final tapgyrynda «Palmeýras» Rio-de-Žaneýro şäheriniň «Botafogo» toparyny ýeňdi
Bloger-boksçy Jeýk Pol WBC-iň öňki dünýä çempiony Çawes-kiçini ýeňdi
29.06.2025 14:11
9.4k+

Bloger-boksçy Jeýk Pol WBC-iň öňki dünýä çempiony Çawes-kiçini ýeňdi

29-njy iýunda Anahaým şäherinde (Kaliforniýa, ABŞ) professional boks agşamy geçirilip, onuň esasy wakasy ilkinji agyr agram derejedäki 10 raundlyk reýting söweşi boldy. Ringe amerikaly bloger we professional boksçy Jeýk Pol bilen orta agram boýunça WBC-niň öňki dünýä çempiony, meksikaly Hulio Sezar Çawes-kiçi çykdy
Topuriýa birinji raundda Oliweýrany nokauta gidirip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy
29.06.2025 12:13
15k+

Topuriýa birinji raundda Oliweýrany nokauta gidirip, ýeňil agramda UFC-niň çempiony boldy

Ispan-gruzin gelip çykyşly söweşiji Ilýa Topuriýa UFC-niň ýeňil agram derejesindäki boş guşagyň täze eýesi boldy. Ol UFC 317 ýaryşynyň esasy söweşinde braziliýaly Çarlz Oliweýrany ýeňdi. Ýaryş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçirildi
UFC 317: Topuriýa bilen Oliweýranyň titul söweşini nirede we haçan görüp bolar?
28.06.2025 17:03
11k+

UFC 317: Topuriýa bilen Oliweýranyň titul söweşini nirede we haçan görüp bolar?

29-njy iýunda irden Las-Wegas şäherinde (ABŞ) UFC 317 turniri geçiriler. Turniriň esasy çäresi Ispaniýadan gruziýaly pälwan Iliýa Topuriýa bilen braziliýaly Çarlz Oliweýranyň arasynda ýeňil agram (70,3 kg-a çenli) boýunça boş galan çempionlyk titulynyň ugrundaky uruş bolar
«Barselona» öýüne dolanýar: Täzelenen "Kamp Nouda" geçiriljek ilkinji duşuşygyň senesi belli boldy
28.06.2025 11:36
11k+

«Barselona» öýüne dolanýar: Täzelenen "Kamp Nouda" geçiriljek ilkinji duşuşygyň senesi belli boldy

  "Barselona" futbol kluby resmi taýdan "Spotify Kamp Nou" stadionyna dolanýandygyny yglan etdi. Abatlaýyş işleri tamamlanandan soňky ilkinji duşuşyk 2025-nji ýylyň 10-njy awgustynda - her ýyl geçirilýän Joan Gamper Kubogynyň çäginde geçiriler
EA Sports FC 26-da Ibragimowiç, Inýesta, Totti we beýleki rowaýaty oýunçylar peýda bolar
27.06.2025 19:28
4.2k+

EA Sports FC 26-da Ibragimowiç, Inýesta, Totti we beýleki rowaýaty oýunçylar peýda bolar

Electronic Arts kompaniýasy futbol simulýatorynyň täze görnüşiniň — EA Sports FC 26 oýnunyň tanyşdyrylyşyna taýynlyk görýär. Oýun iýul aýynda resmi taýdan hödürlener, onuň çykjak senesi bolsa sentýabryň soňlaryna garaşylýar
Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy
27.06.2025 12:05
12k+

Klublaýyn dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna gatnaşyjylaryň ählisi belli boldy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji duşuşyklarynyň soňky oýun güni tamamlandy. H toparyň jemleýji duşuşyklarynda Madridiň «Realy» «Zalsburgy» 3:0 hasaby bilen ýeňdi
Ronaldu "Al-Nasr" bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
27.06.2025 10:22
11k+

Ronaldu "Al-Nasr" bilen şertnamasyny 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

Kriştianu Ronaldu Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» futbol kluby bilen şertnamasyny 2027-nji ýylyň tomsuna çenli uzaltdy. Bu barada toparyň resmi saýty habar berdi. 40 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň öňki şertnamasy 2025-nji ýylyň 30-njy iýunynda tamamlanmalydy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi litwa klubuna bellenildi
25.06.2025 16:41
17k+

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi litwa klubuna bellenildi

Türkmenistanly hünärmen Mergen Orazow Litwanyň “Dainawa” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi. Ýewropa klubuna geçmegi tälimçiniň karýera  ösüşinde täze tapgyr boldy
«Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlylygyny bozandygy üçin 2-nji Liga düşürdiler
25.06.2025 12:04
6.9k+

«Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlylygyny bozandygy üçin 2-nji Liga düşürdiler

Fransiýanyň Milli gözegçilik we dolandyryş direktoraty (DNCG) «Lion» futbol klubuny maliýe hasabatlarynda ýüze çykan düzgün bozmalary sebäpli 2-nji Liga düşürmek kararyna geldi. Bu barada Fransiýanyň Professional futbol ligasynyň resmi saýtynda habar berilýär
Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy
24.06.2025 00:07
2.9k+

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň prezidenti boldy

Kirsti Kowentri resmi taýdan Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) prezidenti wezipesine girişdi. Dabara duşenbe güni Şweýsariýanyň Lozanna şäherinde geçirildi. 2013-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden HOK-yň öňki prezidenti Tomas Bah öz ygtyýarlyklaryny oňa geçirdi
Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy
23.06.2025 13:50
2.3k+

Alkaras Londondaky ATP 500 ýaryşynda 21-nji titulyny gazandy

Dünýäniň ikinji raketkasy ispaniýaly Karlos Alkaras Londonda geçirilen ATP 500 ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda reýtingiň 30-njy ornuny eýeleýän çehiýaly Irži Legeçkany utdy. Oýun 7:5, 6:7 (5:7), 6:2 hasabynda tamamlandy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.