Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar
31.01.2026 09:29
3.2k+

Alkaras we Jokowiç halys eden çekeleşikli oýunlardan soň Australian Open-iň finalynda duşuşar

Professional tennisçiler assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginiň lideri Karlos Alkaras Australian Open ýaryşynyň finalyna çykdy. Ispaniýaly tennisçi ýarym finalda Germaniýadan dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewi utdy
«Realyň» maňlaýyndan ýene «Benfika» çykdy: ÇL-nyň play-off tapgyrynyň jübütleri belli boldy
30.01.2026 17:57
9.2k+

«Realyň» maňlaýyndan ýene «Benfika» çykdy: ÇL-nyň play-off tapgyrynyň jübütleri belli boldy

UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyllar möwsüminiň utulan-çykdy (play-off) tapgyrynyň bije çekişligi geçirildi. Onuň netijesine görä «Real» ýene-de arada özüni «öýkeleden» topar bilen ýüzbe-ýüz bolar. Madridli klub öňňün ýaryşyň umumy tapgyrynyň jemleýji oýnunda Lissabonly «Benfika» garşy oýnapdy
Ýekeje oýnuň hatyrasyna: Klopp «Liwerpula» dolanýar
30.01.2026 15:40
9.3k+

Ýekeje oýnuň hatyrasyna: Klopp «Liwerpula» dolanýar

Ýurgen Klopp «Liwerpuldan» gideli bäri ilkinji gezek tälimçi hökmünde Enfild stadionyna dolanar. Emma bu diňe bir gezeklik oýun bolar, özem resmi ýaryşlaryň çägine girmez. Liverpoolecho neşiriniň habar bermegine görä, mersisaýdlylaryň öňki baş tälimçisi 28-nji martda geçiriljek «Liwerpul» bilen Dortmundly «Borussiýanyň» ýyldyzlarynyň oýnuna gatnaşar
Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi
30.01.2026 12:48
5.2k+

Getji UFC-niň ýeňil agramly iň gowy söweşijileriniň reýtinginde Sarukýandan öňe geçdi

Amerikaly Jastin Getji ýeňil agramda UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde birinji orny eýeläp, Arman Sarukýany ikinji orna düşürdi. Bu barada promouşeniň resmi saýty habar berýär. Sanawdaky üýtgeşmeler Las-Wegasda geçirilen UFC 324 ýaryşyndan soň bolup geçdi
PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde
30.01.2026 11:14
16k+

PFL-iň iň gowy söweşijileriniň ilkinji reýtingi düzüldi: Ýagşymyradow öz agramyndaky diwizionyň üçlüginde

Usman Nurmagomedow agram derejesine garamazdan PFL-iň iň gowy söweşijileriniň taryhda ilkinji resmi reýtinginde birinji orny eýeledi. Bu barada promouşeniň metbugat gullugy habar berdi. Guramanyň Combat Registry portaly bilen bilelikde girizen orunlary paýlamak ulgamy erkekleriň ýedi we zenanlaryň bir diwizionyny öz içine alýar
101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar
30.01.2026 10:57
5.4k+

101 müň tomaşaçy: Argentinanyň "Riwer Pleýt" klubunyň stadiony dünýäde ikinji iň uly futbol arenasy bolar

Argentinanyň “Riwer Pleýt” futbol kluby öz öý meýdançasy bolan “Monumental” stadionyny giňeltmek taslamasyna badalga berlendigini yglan etdi. Durkuny täzelemek işleri tamamlanandan soň, arenanyň sygymy 85 müňden 101 müň tomaşaça çenli artar
Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy
30.01.2026 10:48
4.1k+

Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy

UEFA Ýewropa ligasynyň 2025/26 möwsüminiň umumy tapgyry tamamlandy. 30-njy ýanwara geçýän gije tamamlan oýunlaryň netijeleri boýunça ýaryşyň pleý-off tapgyrynda çykyşyny dowam etdirjek 24 topar mälim boldy. Iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galanlary bolsa utulan-çykdy oýunlarynda güýç synanyşarlar
$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolynyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi
30.01.2026 06:43
5k+

$13 mlrd oýun-oýunjak zat däl: dünýä futbolynyň transfer çykdajylary rekord derejä ýetdi

2025-nji ýylda dünýäniň futbol klublary transferler üçin rekord derejedäki pul möçberini — 13,08 milliard dollary sarp etdiler. Bu barada Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) hasabatynda bellenilýär. 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende, çykdajylar 52,3% ýokarlandy
CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi
29.01.2026 20:39
8.8k+

CAF Afrika Kubogynyň finalyndaky bidüzgünçilikleri üçin Senegal bilen Marokko temmi berdi

Afrika Futbol Konfederasiýasy (CAF) Senegal bilen Marokkonyň ýygyndylarynyň arasynda Afrika Milletler Kubogynyň finalynda bolup geçen düzgün bozmalar boýunça temmilerini yglan etdi. Şol duşuşykda Senegal Marokkony goşmaça wagtda 1:0 hasabynda ýeňip, taryhynda ikinji gezek ýaryşyň ýeňijisi bolupdy
2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy
29.01.2026 15:25
9.9k+

2 ýaşda 2 rekord: Mançesterli oglanjyk snuker boýunça Ginnesiň iki rekordynyň eýesi boldy

Mançesterli iki ýaşly oglanjyk Jud Ouens bilýardyň snuker oýnunda iki sany çylşyrymly urgyny ýerine ýetiren iň ýaş adam hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Jud «pool» urgusyndan soňra topy yzyna bökdürmek (bounce shot) tärini üstünlikli ýerine ýetirdi
Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar
29.01.2026 13:24
8.1k+

Taýson Fýuri russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen söweşmek üçin ringe dolanýar

Boks boýunça öňki dünýä çempiony Taýson Fýuri 11-nji aprelde russiýaly Arslanbek Mahmudow bilen duşuşar. Bu barada britaniýaly boksçy özüniň Instagram sahypasynda habar berdi. «Bu resmi habar. Men öz halaýan işime dolanýaryn» – diýip, Fýuri ýazdy
Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady
29.01.2026 09:44
8.9k+

Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi.   Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi
Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi
29.01.2026 09:14
9.7k+

Diňe ýeňip gelen «Arsenal», «Realyň» şowsuzlygy, derwezebanyň salan goly: ÇL-de umumy tapgyr jemlendi

29-njy ýanwara geçilýän gije UEFA Çempionlar ligasynda umumy tapgyryň oýunlary jemlendi. Olaryň netijesinde, Ýewropanyň iň esasy klub ýaryşynyň göni 1/8 finalyna çykan sekiz topar belli boldy. Ýaryş jedweliniň birinji ornuny «Arsenal» topary eýeledi
«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi
27.01.2026 22:40
6.5k+

«Barselona» Fermin Lopes bilen şertnama baglaşdy, ýöne Drony PSŽ-ä goýberdi

«Barselona» futbol klubunyň ýetişdiren oýunçysy Dro Fernandes PSŽ-niň oýunçysy boldy. Bu transfer barada parižli klubuň resmi saýty habar berdi.  18 ýaşly ispaniýaly ýarymgoragçy 2030-njy ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy
Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler
27.01.2026 01:06
1.4k+

Aziýanyň ýetginjekler oýunlary 2029-njy ýylda Daşkentde geçiriler

Daşkent şäherinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Çäräniň birinji gününiň esasy çözgüdi Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheriniň 2029-njy ýylyň Aziýanyň ýetginjekler oýunlarynyň paýtagty diýlip resmi taýdan tassyklanmagy boldy
Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar
26.01.2026 17:25
4.2k+

Türkmenistan Daşkentde geçirilýän Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş assambleýasyna gatnaşýar

26-njy ýanwarda Özbegistanyň paýtagtynda 45 döwletden wekiliýetleriň gatnaşmagynda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň (AOG) 46-njy Baş assambleýasy geçirilýär. Bu halkara sport çäresinde Türkmenistana ýurduň Milli Olimpiýa komitetiniň baş sekretary Ata Akmämmedowyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýet wekilçilik edýär
Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi
26.01.2026 17:22
4.7k+

Türkmen tennisçi gyzlary Bahreýndäki ATF ýaryşynda baýrakly orunlary eýeledi

Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşa çenli türgen gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara ýaryşynda türkmen tennisçileri üstünlikli çykyş etdi. Ýaryşlar Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we dünýäniň 17 ýurdundan türgenleri jemledi
Ýaşlar öňe saýlanýar: Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň netijeleri belli boldy
26.01.2026 11:22
2.2k+

Ýaşlar öňe saýlanýar: Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň I ligasynyň netijeleri belli boldy

Aşgabatda 18-24-nji ýanwar aralygynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň Birinji ligasynyň ýaryşy geçirildi. Onuň netijesinde täze möwsümde Ýokary ligada çykyş etjek oýunçylar kesgitlendi. Bu ýaryş nesilleriň çalşygyny alamatlandyrdy: ýaş küştçüler tejribeli ussatlar bilen ynamly bäsleşip, öňdebaryjy orunlary eýeleýär
Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar
26.01.2026 09:29
3.1k+

Netflix boksçy Saul «Kanelo» Alwares barada film taýýarlaýar

Netflix boks boýunça dünýäniň öňki absolýut çempiony Saul «Kanelo» Alwares barada doly göwrümli dokumental filmi çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Filmiň önümçiligi bilen «Golden Steýt» klubunyň basketbolçysy Stefen Karri tarapyndan 2018-nji ýylda esaslandyrylan «Unanimous Media» kompaniýasy meşgullanar
Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?
25.01.2026 23:37
8.7k+

Indi bolsa gonorarlary hasaplalyň: UFC 324-de kim näçe gazandy?

25-nji ýanwar irden Las-Wegasdaky (ABŞ) "T-Mobile Arena-da" UFC 324 ýaryşy geçdi. Bu ýaryş liganyň şu ýyldaky ilkinji çäresi we Paramount bilen baglaşylan täze şertnamanyň çägindäki ilkinji waka boldy. Ýaryşyň netijeleri boýunça "Sporty Salaries" neşiri söweşijileriň alan gonorarlary baradaky maglumatlary çap etdi
Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy
25.01.2026 23:14
5.1k+

Ýewropanyň çempiony Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubunyň oýunçysy boldy

«Aktobe» futbol kluby Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we «Mançester Ýunaýtediň» öňki wingeri Luiş Nani bilen şertnama baglaşandygyny yglan etdi. 39 ýaşly futbolçy bilen baglaşylan ylalaşyk şu ýylyň ahyryna çenli niýetlenendir
UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri
25.01.2026 14:07
9.8k+

UFC 324-üň netijeleri: Şon O’Melliniň we Umar Nurmagomedowyň ýeňişleri

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC-niň şu ýylda ilkinji ýaryşy UFC 324 geçirildi. Agşamyň esasy tutluşygynda amerikaly Jastin Getji britaniýaly Peddi Pimblett bilen söweşde ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagyny gazandy
Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy
25.01.2026 13:22
6.2k+

Getji UFC 324-de Pimblettden üstün çykyp, guramanyň wagtlaýyn çempiony boldy

25-nji ýanwarda irden Las-Wegasda (ABŞ) UFC 324 ýaryşy geçirildi. 2026-njy ýylda guramanyň ilkinji söweş agşamynyň esasy wakasy amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblettiň arasynda ýeňil agramda wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin söweş boldy
Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy
25.01.2026 02:55
1.7k+

Jokowiç «Uly tuwulga» ýaryşlarynda 400 ýeňiş gazanan ilkinji tennisçi boldy

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç taryhda «Uly tuwulga» ýaryşlarynyň ýekelikdäki bäsleşiginde 400 ýeňiş gazanan ilkinji türgen boldy. Bu rekord görkezijisi türgeniň Awstraliýanyň açyk çempionatynyň (Australian Open) dördünji tapgyryna çykmagy bilen hasaba alyndy
Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy
24.01.2026 18:42
6.5k+

Öňki basketbolçy Dennis Rodmanyň gyzy dünýäde iň köp gazanýan futbolçy boldy

«Waşington Spirit» klubunyň we ABŞ-nyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Triniti Rodmanyň täze şertnamasy ony dünýäde iň köp gazanýan futbolça öwürdi. Bu barada ESPN habar berýär. 23 ýaşly futbolçy Milli zenan futbol ligasyndan (NWSL) «Waşington» bilen şertnamasyny üç ýyl, 2028-nji ýyla çenli uzaltdy
Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi
24.01.2026 16:58
13k+

Söweş ýatyryldy: UFC söweşijisi agram çekilenden soň dessine huşuny ýitirdi

UFC-niň ýeňil agramdaky söweşijisi Kameron Smazerman agram çekilişikden soň, dessine huşuny ýitirdi. Netijede onuň söweşi ýatyryldy. 28 ýaşly amerikaly türgende agram çekilýän wagty hiç hili mesele ýok ýalydy. Emmä nämüçindir agramy 135,5 funt (61,5 kg) çykan söweşiji tereziniň ýanyndan birnäçe ädim daşlaşyp, ýykyldy
Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi
24.01.2026 16:54
4k+

Laporta «Barselonanyň» prezident saýlawlarynyň senesini yglan etdi

15-nji martda «Barselona» futbol klubunyň prezident saýlawy geçiriler. Şeýle karar Kataloniýaly klubuň direktorlar geňeşiniň mejlisinden soň kabul edildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy klubuň häzirki prezidenti Joan Laporta salgylanyp habar berdi
PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar
24.01.2026 00:25
1.2k+

PUMA McLaren üçin resmi taýdan egin-eşikleri çykarar

McLaren sport geýimlerini we enjamlaryny öndüriji PUMA bilen köp ýyllyk şertnama baglaşandygyny yglan etdi. Şertnama laýyklykda, PUMA Formula 1 sürüjileri bolan Lando Norris we Oskar Piastri üçin ýörite eşikleri öndürer
Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
23.01.2026 23:33
5.1k+

Aşgabatda FIFA-nyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bilen bilelikde Aşgabatda üç günlük okuw maslahatyny gurady. Maslahatyň çäklerinde 23-nji ýanwarda "Ýyldyz" myhmanhanasynda Aşgabatda höwesjeň futbol gurşawynyň seljermesine bagyşlanan çäre geçirildi
Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyry: «Lion» we «Aston Willa» möhletinden ir 1/8 finala çykdy
23.01.2026 15:33
4.6k+

Ýewropa ligasynyň 7-nji tapgyry: «Lion» we «Aston Willa» möhletinden ir 1/8 finala çykdy

23-nji ýanwara geçilen gije UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň umumy tapgyrynyň ýedinji oýunlary geçirildi. Onuň netijesi boýunça möhletinden ir 1/8 finala çykmagy kepillendiren ilkinji klublar kesgitlendi. Olar 18 utuk gazanan «Lion» (Fransiýa) we «Aston Willa» (Angliýa) boldy
Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy
22.01.2026 13:19
8.9k+

Çempionlar ligasy: «Barselona», «Liwerpul», «Bawariýa» we «Ýuwentus» ýeňiş gazandy

Çarşenbe güni UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň galan ýedinji oýunlary geçirildi. Öňdebaryjy toparlaryň köpüsi ýeňiş gazanyp, öz hasabyna üç utuk goşdy. «Bawariýa» – «Ýunion» 2:0 «Bawariýa» taryhda Çempionlar ligasynda 250 ýeňiş gazanan ikinji klub boldy
AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady
22.01.2026 01:25
14k+

AFK Aşgabatdaky Olimpiýa stadionyny «Arkadag» - «Al-Nasr» duşuşygynyň geçjek ýeri hökmünde tassyklady

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy (AFK) Aşgabadyň köpugurly «Olimpiýa» stadionyny AFK-nyň Çempionlar ligasy-2-niň 1/8 finalynyň birinji duşuşygy üçin «Arkadag» toparynyň öý meýdançasy hökmünde resmi taýdan tassyklady
FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady
22.01.2026 01:14
11k+

FIFA 2026-njy ýyldaky ilkinji täzelenen reýtingini çykardy: Türkmenistan öňki ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň 2026-njy ýyldaky ilkinji sanawyny neşir etdi. Türkmenistanyň milli ýygyndysy sanawda öňki ornuny saklap, 137-nji basgançakda ýerleşdi. Ýygyndymyz sanawda Filippinleriň (136) we Merkezi Afrika Respublikasynyň (138) arasynda ýerleşýär
UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler
21.01.2026 23:29
6.9k+

UFC 324-nyň tutluşyklary: Getji we Pimblett wagtlaýyn çempionlyk ugrunda göreşerler

25-nji ýanwarda irden ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde UFC 324 sport şüweleňi geçiriler. Ýaryşyň esasy wakasy — ýeňil agramda (70,3 kg) boş galan wagtlaýyn çempionlyk guşagy ugrundaky göreş bolar. Bu tutluşykda amerikaly Jastin Getji bilen britaniýaly Peddi Pimblett garşylaşar
ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy
21.01.2026 13:18
7.1k+

ÇL: «Arsenal» «Interi» utdy, «Siti» we «PSŽ» utuldy, «Real» «Monakodan» üstün çykdy

Çarşenbe gününe geçilen gije Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 7-nji oýunlary geçirildi. Oýun güni uly ýeňişler we garaşylmadyk ýeňlişler bilen dartgynly boldy. «Inter» – «Arsenal» – 1:3 Günüň esasy oýny Milandaky duşuşyk boldy
Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi
21.01.2026 10:36
4.7k+

Aşgabatda 2026-njy ýylda geçiriljek sport we medeni çäreleri beýan etmek üçin ýörite media topar döredildi

Döredilen media toparyň düzümine ýurduň bäş sany öňdebaryjy ýokary okuw mekdebiniň — Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň
«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi
21.01.2026 10:18
9.2k+

«Ýuwentus» Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemeli boldy. Turinde kazyýet klubuň arzasyny ret etdi

Turiniň kazyýeti «Ýuwentus» klubunyň arbitraž kazyýetiň Kriştianu Ronalduwa 9,7 mln ýewro tölemek baradaky kararyna garşy arzasyny ret etdi. Bu barada La Gazzetta dello Sport neşiri habar berdi. 2024-nji ýylda arbitraž «Ýuwentusy» futbolça 9,7 mln ýewro tölemäge borçlandyrypdy
Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi
20.01.2026 14:02
21k+

Türkmenistanyň ýygyndysynyň iň gymmat futbolçysy Gyrgyzystanyň «Bars» klubuna geçdi

«Bars» gyrgyz futbol kluby Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 25 ýaşly merkezi ýarym goragçysy Teýmur Çaryýewiň transferini resmi taýdan yglan etdi. «"Bars" futbol kluby türkmenistanly ýarym goragçy Teýmur Çaryýew bilen şertnama baglaşylandygyny şatlyk bilen habar berýär» diýlip, klubuň metbugat gullugynyň maglumatynda aýdylýar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi
20.01.2026 13:46
9.2k+

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny degişli halkara guramanyň güwänamasy bolan öndürijilerden satyn alyp, olary ýurdumyza getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetiriji ni saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi
Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär
20.01.2026 12:09
3.8k+

Aşgabatda çekeleşikli ýagdaýda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty - I liga geçirilýär

18—24-nji ýanwar aralygynda Aşgabat şäheriniň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça Türkmenistanyň çempionaty — I liga geçirilýär. Çempionata 81 küştçi gatnaşýar, şol sanda 27-si — gyzlaryň arasynda, 54-si — açyk derejede
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.