Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini getirijileri saýlamak boýunça bäsleşik yglan etdi

20.01.2026, 13:469,285

Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti sport iýmitini we ýörite iýmit goşundylaryny degişli halkara guramanyň güwänamasy bolan öndürijilerden satyn alyp, olary ýurdumyza getirmek hyzmatlaryny ýerine ýetiriji ni saýlap almak boýunça bäsleşik yglan etdi.

Bäsleşik boýunça teklipler 16-njy fewrala çenli Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň binasynda kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 54-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-98-15.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.