Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Syýasat we ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Syýasat we ykdysadyýet
06.09.2025 13:29
4k+
Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar babatynda ygtyýarly edara boldy
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hem-de elektron hökümetiň işi babatynda ygtyýarly edara diýlip kesgitlenildi. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi
06.09.2025 13:06
12k+
Türkmenistanyň ugradan ynsanperwerlik kömegi Kabula bardy
5-nji sentýabrda Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň ýük uçary Aşgabat — Kabul ugry boýunça ýörite uçuşy amala aşyryp, goňşy ýurtda bolup geçen ýertitreme zerarly ejir çekenlere niýetlenen dürli önümleri we harytlary owgan halkyna ýetirdi
06.09.2025 09:59
5.3k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
5-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň başlygynyň orunbasary Kadzuhiko Amakawany kabul etdi. Kadzuhiko Amakawa Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy
06.09.2025 09:55
3.6k+
Türkmenistan Stambuldaky «Halal Expo 2025» halkara sergisine milli pawilýony bilen gatnaşar
Türkmenistan şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä gatnaşar. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýew bu halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi
06.09.2025 09:48
8.2k+
Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän täze önümhananyň açylyşyna taýýarlyk görülýär
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda çüýşe önümlerini öndürýän önümhananyň gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirildi. Bu barada 5-nji sentýabrda Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow habar berdi. Bellenilişi ýaly, bu desga bir gije-gündiziň dowamynda 100 tonna çüýşe önümlerini öndürmäge ukyply
06.09.2025 09:40
5.3k+
10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi
06.09.2025 09:36
5.6k+
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçiriler
“Türkmennebit” döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň degişli desgasynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler. 5-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer B
06.09.2025 09:30
5.2k+
Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy
Türkmenistanyň zähmet bazaryny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň Konsepsiýasy, şeýle hem bu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi
05.09.2025 10:35
1.3k+
OpenAI Hindistanda ägirt maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär
OpenAI Hindistanda uly maglumat merkezini gurmagy meýilleşdirýär. Ol ýurtda iň ulularyň biri we Aziýada emeli aň infrastrukturasyny ösdürmekde möhüm ädim bolup biler diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Çeşmeleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa azyndan 1 gigawatt kuwwatly desganyň gurluşygy üçin ýerli hyzmatdaşlary gözleýär
05.09.2025 10:20
11k+
Türkmenistan Owganystanda ýertitremeden ejir çekenlere ynsanperwerlik kömegini iberer
Türkmenistan doganlyk owgan halkyna, ilkinji nobatda, Owganystanyň ýertitremeden ejir çeken çagalaryna we ýaşaýjylaryna däri-dermanlary, azyk we iýmit, egin-eşik önümlerini, durmuşda zerur bolan beýleki önümleri ynsanperwerlik kömegi hökmünde iberer
04.09.2025 18:43
9.6k+
Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň geçiriljek ýeri Aşgabatdan Awaza geçirildi
2025-nji ýylda Türkmenistanyň Maýa goýum forumyny (TIF 2025) geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti çäräniň geçiriljek ýerini üýtgetdi. Forum 18–19-njy sentýabrda Hazar deňziniň kenaryndaky Awaza syýahatçylyk zolagynyň maslahatlar merkezinde geçiriler
04.09.2025 11:06
4.4k+
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy
3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler
04.09.2025 10:58
14k+
Serdar Berdimuhamedow Pekinde Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşdy
3-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Ikinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 80 ýyllygynyň hormatyna Pekinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy
03.09.2025 23:13
3.4k+
ABŞ-da kazyýet Google kompaniýasyna Chrome brauzerini satmazlyga rugsat berdi
2-nji sentýabrda ABŞ-nyň Kolumbiýa okrugy boýunça Okrug kazyýetiniň federal kazysy Amit Mehta Google kompaniýasynyň monopoliýa garşy işiň çäklerinde Chrome brauzerini ýa-da Android operasion ulgamyny satmaga ýa-da bermäge borçly däldigi barada karar çykardy
03.09.2025 15:53
2.6k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Sloweniýada Bled strategik forumynyň işine gatnaşdy
1–2-nji sentýabrda Sloweniýanyň Bled şäherinde Bled strategik forumy geçirildi. Forumyň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
03.09.2025 10:28
4k+
Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
2-nji sentýabrda Pekinde Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýan bilen duşuşdy
03.09.2025 10:20
4.5k+
Pekinde Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda täze ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi
Prezident Serdar Berdimuhamdowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň hytaý tarapynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Olarda dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
03.09.2025 10:14
4.6k+
Pekinde Serdar Berdimuhamedow bilen Si Szinpiniň arasynda gepleşikler geçirildi
2-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşyk geçirdi. Duşuşyk Pekinde Hytaýyň Halk ýygnaklar öýünde geçirildi
02.09.2025 13:42
7.2k+
Ilham Aliýew Aşgabatdaky foruma çakylygy üçin Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan foruma gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirdi
02.09.2025 13:34
8k+
Serdar Berdimuhamedow Wýetnamyň Prezidentini Garaşsyzlygynyň 80 ýyllygy bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Lyong Kyonga Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk gününiň 80 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi
02.09.2025 13:25
6.2k+
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde birnäçe teklipler bilen çykyş etdi
1-nji sentýabrda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Týanszin şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşdy. “ŞHG+” formaty hyzmatdaşlyk platformasy bolup, onuň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän, ýöne gurama agza bolmadyk ýurtlar özara gatnaşyk edýärler
02.09.2025 12:34
10k+
Gurbanguly Berdimuhamedow hususy pudagyň gazananlary barada gürrüň berdi: sanlar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň hususy pudagynyň ýeten sepgitleri barada belläp geçdi
02.09.2025 12:19
14k+
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde okuwlar nähili görnüşde alnyp barlar
1-nji sentýabrda Aşgabatda bir wagtyň dowamynda 3 müňe golaý talybyň bilim almagy üçin niýetlenen Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açyldy. Täze ýokary okuw mekdebinde dünýäniň öňdebaryjy okuw merkezleri, önümçilik we işewürlik kompaniýalary bilen bilim, ylym, önümçilik hyzmatdaşlygy, daşary ýurtly professor-mugallymlaryň, bilermenleriň sapak bermegi ýola goýlar
01.09.2025 19:15
5.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti Týanszinde ŞHG+ sammitinde çykyş etdi
Şu gün Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän port şäheri Týanszinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Onuň günüň ikinji ýarymynda «ŞHG+» formatynda guralan ýokary derejeli duşuşygyna Prezident Serdar Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşyp, çuň manyly çykyş etdi diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär
01.09.2025 19:05
4.9k+
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir troý unsiýa üçin 3550 dollardan geçdi
Comex biržasynda altynyň bahasy bir troý unsiýa üçin 3550 dollardan geçdi, bu hem täze taryhy rekord boldy. Irdenki söwdanyň dowamynda altyn üçin dekabr fýuçersleriniň bahasy iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 3552,4 dollara ýetdi
01.09.2025 16:44
4.3k+
Tramp binagärligiň nusgawy stilini ABŞ-nyň federal edaralary üçin esasy etdi
ABŞ-nyň Prezident administrasiýasy nusgawy binagärligi federal binalary gurmakda ileri tutulýan stil diýip yglan edýän permany çykardy. Resminama Making Federal Architecture Beautiful Again (Federal binagärligi ýene ajap edeliň) adyny aldy we Donald Trampyň saýlawdan öňki Make America Great Again (Amerikany ýene beýik edeliň) şygary bilen gabat gelýär
01.09.2025 16:33
8.4k+
Serdar Berdimuhamedow Týanszinde Si Szinpin bilen duşuşdy
31-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň ilkinji gününde “Meýszýan” sergi we maslahatlar merkezine bardy. Merkeziň foýesinde Türkmenistanyň Prezidentini HHR-iň Başlygy Si Szinpin hem-de onuň maşgalasy mähirli garşyladylar we bilelikde surata düşdüler
01.09.2025 16:02
6.2k+
Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ýaşlar merkezine baryp gördi
Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky ylmy-tehniki we medeni gatnaşyklar boýunça ýaşlar merkezine baryp gördüler. Bu ýerde myhmanlary Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygynyň orunbasary hanym Şen Beili garşylady
01.09.2025 15:51
2.5k+
Türkmenistanyň we Hytaýyň haýyr-sahawat gaznalary özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
Türkmenistanyň wekiliýetiniň HHR-e saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Hytaýyň Sun Sinlin adyndaky gaznasynyň başlygy hanym Li Biniň arasynda duşuşyk geçirildi
01.09.2025 15:31
15k+
Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Hytaýda bolup, birnäçe duşuşyklary geçirdi
Ýakynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň ýolbaşçylygynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy
01.09.2025 13:54
1.5k+
Hindistan ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar
30-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Aşgabatda öz diplomatik missiýasyny tamamlaýan Hindistanyň ilçisi Madhumita Hazarika Bhagat bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň häzirki ösüş derejesine ýokary baha berdiler
01.09.2025 13:51
1.1k+
DIM-nde geçirilen brifingde BMG-niň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan edildi
30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
01.09.2025 13:44
11k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrylmagy tabşyrdy
31-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýalar esasynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
01.09.2025 13:22
2.5k+
Serdar Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe we ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.09.2025 13:15
1.7k+
Serdar Berdimuhamedow gyrgyz halkyny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.09.2025 13:02
1.2k+
Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny ýurduň Milli güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
01.09.2025 12:58
4.2k+
“Ženmin Žibao” gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň makalasy çap edildi
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Ženmin Žibao” gazetinde makalasy çap edildi. "Ilki bilen, “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň öň ýanynda şu makalany çap etmek başlangyjy bilen çykyş edendigi üçin minnetdarlyk bildirýärin
01.09.2025 10:18
2.9k+
Serdar Berdimuhamedow okuwçylary we talyplary Bilimler güni bilen gutlady
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryny, talyp ýaşlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2025-2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli gutlady
01.09.2025 00:36
6k+
Balkan welaýaty Gazagystanyň Mangistau welaýaty bilen strategik hyzmatdaşlygyň maksatnamasy ylalaşyldy
28-nji awgustda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Gazagystanyň Mangistau welaýatyna bardy diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
31.08.2025 19:50
7.7k+
Serdar Berdimuhamedow dört günlük iş sapary bilen Hytaýa bardy
Şu gün, 31-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine we Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara gatnaşmak üçin dört günlük iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Týanszin şäherine geldi
«
1
…
36
37
38
…
260
»
«
1
…
33
34
35
36
37
38
39
40
41
…
260
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.