Syýasat we ykdysadyýet

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi
14.03.2026 10:01
1.2k+

Pekinde Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

13-nji martda Pekin şäherinde şu ýylyň 28–30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-Hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi
14.03.2026 09:35
5.7k+

Ýokary girdeji, ýokary salgyt: Waşington «millionerler salgydy» baradaky kanuny kabul etdi

Waşington ştatynyň kanun çykaryjylary «millionerleriň salgydy» hökmünde belli bolan ýokary girdejiler üçin girdeji salgydyny girizmek baradaky kanun taslamasyny kabul etdi. Bu barada «The New York Times» (NYT) habar berýär
R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
14.03.2026 09:29
2.4k+

R.Meredow we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň wekilhanasynyň ýolbaşçysy ynsanperwer hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

13-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar
14.03.2026 00:49
5.9k+

Türkmenistanyň wekillerini Londona — IMO-nyň ştab-kwartirasyna ugradarlar

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hem-de beýleki degişli edaralaryň wekiliýetleri 2026-njy ýylyň dowamynda Halkara deňiz guramasynyň (IMO) Londondaky ştab-kwartirasyna guraljak saparlara gatnaşar
Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi
13.03.2026 09:38
1.6k+

Türkmenistanyň DIM-inde HZG-niň wekilleri bilen pudagara tegelek stol maslahaty geçirildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) wekilleriniň gatnaşmagynda zähmet, durmuş taýdan goraglylyk we durnukly ösüş meselelerine bagyşlanan tegelek stol maslahaty geçirildi
Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi
13.03.2026 09:35
1.2k+

Türkmenistan bilen HZG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory Piter Wan Rooý bilen duşuşyk geçirdi
Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
12.03.2026 20:33
1.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Tokioda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A. Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi
12.03.2026 19:56
7.1k+

Türkmenistanyň we Türkiýäniň migrasiýa edaralarynyň wekilleri iş maslahatyny geçirdi

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy
12.03.2026 19:41
2.4k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Awstraliýanyň ilçisi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A. Gurbanow Awstraliýanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär
Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi
12.03.2026 11:32
2.7k+

Hose Antonio Kast Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi

Hose Antonio Kast resmi taýdan Çiliniň prezidenti wezipesine girişdi. Walparaiso şäherindäki Kongres binasynda geçirilen kasam kabul ediş dabarasy Meganoticias teleýaýlymy arkaly göni efirde görkezildi. Täze prezident
Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
12.03.2026 09:39
2.7k+

Serdar Berdimuhamedow Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Antoniu Žoze Seguruwa Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Döwlet
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy
11.03.2026 23:51
4.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Halkara Zähmet Guramasynyň wekili bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D. Gulmanowa Halkara Zähmet Guramasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory jenap Peter wan Roý bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy
11.03.2026 23:37
6.4k+

Türkmenistanyň Baş konsuly Stambulyň häkimi bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 11-nji martynda Stambul welaýat häkimliginiň binasynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly Ö. Jumanazarow bilen Stambulyň häkimi Dawut Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
Dünýäniň iň ýaş milliarderleri kimler?
11.03.2026 20:33
18k+

Dünýäniň iň ýaş milliarderleri kimler?

Forbes 2026-njy ýylda ýaşy heniz 30-a ýetmedik milliarderleriň sanawyny düzdi. Sanawa jemi 35 adam girdi. Olaryň umumy baýlygy 92,4 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar. Ýaşlaryň aglabasy öz baýlygyny miras arkaly, az sanlysy bolsa telekeçilik ukyplary bilen gazanypdyrdylar
Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi
11.03.2026 18:42
3.9k+

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy çap edildi

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Arkalaşykda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy çap edildi. Konsepsiýa bäş sany esasy ugry: parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmegi, ykdysady we ulag baglanyşygyny ösdürmegi, sanly özgertmeleri, ekologik gün tertibini hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmegi öz içine alýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady
11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy
10.03.2026 15:55
4.9k+

Türkmenistanyň ilçisi Portugaliýanyň Prezidentiniň wezipä girişmek dabarasyna gatnaşdy

9-njy martda Lissabondaky Respublika Assambleýasynyň binasynda Portugaliýanyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipä girişmek dabarasy boldy. Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň Portugaliýadaky ilçisi (oturýan ýeri Pariž şäherinde) M
Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady
09.03.2026 16:48
4.5k+

Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady

Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady
09.03.2026 14:53
2.7k+

Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy öz işine başlady

2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary S.Muhammetdurdyýew bilen Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attaryň arasynda duşuşyk geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy
09.03.2026 02:23
9.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi
Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy
09.03.2026 01:51
12k+

Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy
09.03.2026 01:34
6.8k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň işewürlik we söwda merkezleriniň içki bezeg taslamalary bilen tanyşdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň durmuşa geçirilişi, şeýle hem gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary we olaryň içki bezegleri bilen tanyşdy
Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy
07.03.2026 17:52
2.8k+

Brand Finance dünýäniň iň gymmat bank brendleriniň adyny aýtdy

Brand Finance konsalting kompaniýasy dünýäniň iň gymmat 500 bank brendiniň her ýylky reýtingini hödürledi. Hytaýyň Industrial Commercial Bank of China (ICBC) banky reýtingiň lideri bolmagynda galýar. Bir ýylyň dowamynda bu bankyň brendiniň bahasy 14,9% artyp, 90,8 milliard dollara ýetdi
Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy
07.03.2026 13:41
12k+

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň DIM-iniň ýolbaşçylary sebitdäki ýagdaýy maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady
07.03.2026 10:10
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň strategiýasyny tassyklady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmek boýunça 2026–2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada TDH habar berdi
Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi
07.03.2026 09:43
4.2k+

Brýusselde Türkmenistan — Ýewroparlament 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropa Parlamentiniň arasynda 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi. Gepleşikleriň dowamynda
Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi
07.03.2026 07:35
14k+

Wepa Hajyýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (Nýu-Ýork şäheri) ýanyndaky täze hemişelik wekili wezipesine Wepa Hajyýew bellenildi. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär. Prezident Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda degişli Permana gol çekdi
Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy
07.03.2026 07:35
18k+

Aksoltan Ataýewa 32 ýyldan soň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 6-njy martda Aksoltan Toreýewna Ataýewany Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (ştab-kwartirasy ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär) ýanyndaky hemişelik wekili wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi
Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky täze ilçisi wezipesine bellenildi
07.03.2026 07:32
11k+

Esen Aýdogdyýew Türkmenistanyň ABŞ-daky täze ilçisi wezipesine bellenildi

6-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Esen Muhammedowiç Aýdogdyýewi Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi
Türkmenistanyň we Pakistanyň zenan parlamentarileriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi
06.03.2026 16:04
2.5k+

Türkmenistanyň we Pakistanyň zenan parlamentarileriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisinde Pakistan Yslam Respublikasynyň zenan parlamentarileri bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada edaranyň metbugat gullugy habar berýär. Söhbetdeşligiň
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy
06.03.2026 15:41
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi
06.03.2026 11:53
1k+

Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşdy
Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi
06.03.2026 08:45
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Adam hukuklary boýunça sebitleýin wekili bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa üçin sebitleýin wekili Matilda Bogneriň arasynda gepleşikler geçirildi
Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
05.03.2026 20:23
1.9k+

Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy
05.03.2026 20:06
12k+

Taňryguly Atahallyýew Täjigistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Duşenbe şäherine iş sapary bilen gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi
Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy
05.03.2026 15:54
5.8k+

Hytaý Halk Respublikasynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň geljegi maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew bilen Hytaýyň Daşary işler ministriniň kömekçisi jenap Lýu Biniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär
Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy
05.03.2026 15:32
1.9k+

Türkmenistanyň Ilçisi Bolgariýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy

2026-njy ýylyň mart aýynyň başynda Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Aýdogdyýew Sofiýa şäherinde saparda boldy. Saparyň esasy maksady Bolgariýanyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmakdy
Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi
05.03.2026 11:48
14k+

Türkmen-eýran serhediniň üsti bilen Türkmenistana 16 döwletden 200 adam geçdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Ýakyn Gündogar sebitinde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaý bilen baglylykda ýörite habar ýaýratdy. Habarda ýurduň ynsanperwerlik we özara hormat goýmak ýörelgelerine, şeýle hem halkara borçnamalaryna ygrarlydygy bellenilip, daşary ýurt raýatlarynyň we ulag serişdeleriniň türkmen-eýran serhedinden geçmegi üçin ähli zerur şertleri üpjün edýändigi nygtalýar
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  
05.03.2026 06:25
15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär
Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi
05.03.2026 05:58
6.1k+

Türkmenistanda saýlawçylar bilen dalaşgärleriň duşuşyklaryna badalga berildi

2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri işjeň dowam edýär. Häzirki wagtda ýurduň ähli künjeklerinde dalaşgärleriň we olaryň ynanylan wekilleriniň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.