oba hojalygy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy 37,5% artdy
27.11.2025 15:45
2.5k+

Türkmenistanyň we Gazagystanyň oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy 37,5% artdy

Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky oba hojalyk toplumynyň haryt dolanyşygy dokuz aýda $103 million dollara ýetdi. Ösüş 37,5% boldy diýip, Orient Gazagystanyň Oba hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär
Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi
26.11.2025 11:26
4k+

Türkmenistanyň azyk harytlary Erbilde Agro Pack Iraq 2025 sergisinde görkezildi

24-nji noýabrda Yragyň Erbil şäherinde "Agro Pack Iraq 2025" - azyk önümlerini gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary boýunça sekizinji halkara sergisi öz işine başlady. Çäre Erbil International Fairground meýdançasynda geçip, sebitiň ähli künjeklerinden öňdebaryjy öndürijileri, maýadarlary hem-de azyk we logistika pudagynyň hünärmenlerini bir ýere jemledi
FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär
26.11.2025 11:01
2.4k+

FAO Türkmenistanda epidemiologik gözegçilik boýunça okuw maslahatyny geçirýär

2025-nji ýylyň 24-29-njy noýabry aralygynda Aşgabatda keselçilik ojaklaryny derňemek boýunça ýöriteleşdirilen okuw maslahaty geçirilýär. Türgenleşik Türkmenistanyň weterinariýa gullugynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň we tebigaty goramak düzümleriniň hünärmenleri üçin guraldy
Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
12.11.2025 18:22
2k+

Türkmen oba hojalyk institutynda agroinnowasiýalar boýunça halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär

12-13-nji noýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigi geçirilýär
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
11.11.2025 10:13
7.6k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek boýunça halkara forum geçirildi
11.11.2025 00:53
2.3k+

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek boýunça halkara forum geçirildi

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Obasenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guraldy
Oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berdiler
11.11.2025 00:44
3.3k+

Oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berdiler

9-njy noýabrda Hasyl toýy mynasybetli dabaralaryň çäklerinde oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi. Bu barada TDH habar berýär
Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginde Hasyl toýy toýlandy
11.11.2025 00:39
7.1k+

Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginde Hasyl toýy toýlandy

9-njy noýabrda ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň
Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
10.11.2025 06:54
7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady
08.11.2025 09:52
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ähli halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Hasyl toýuny daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýram, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşany diýip atlandyrdy
Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi
30.10.2025 13:34
6.2k+

Türkmen oba hojalyk institutynda Topragy öwreniş boýunça II internet olimpiadasy geçirildi

29-njy oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda Türkmenistandaky ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda Topragy öwreniş boýunça II internet ders bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik institutyň içki portalynyň mümkinçiliklerinde peýdalanylyp geçirildi
Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi
30.10.2025 11:19
1.8k+

Türkmen Oba hojalyk instituty "Agroinnowasiýalar" halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini yglan etdi

Türkmen Oba hojalyk instituty Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigine arzalary kabul etmegini dowam edýär
Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler
30.10.2025 10:59
2.6k+

Türkmenistan we GIZ ekologiýa maksatnamalary boýunça täze ylalaşyklara gol çekdiler

Aşgabatda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) iki sany sebit maksatnamasy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Bu resminamalara Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow hem-de GIZ-iň ýurdumyzdaky çäreleriniň utgaşdyryjysy bolup çykyş edýän Ýoahim Fris gol çekdiler
Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler
27.10.2025 20:56
6k+

Türkmenistanyň we Ukrainanyň bilim edaralary ylym, bilim we atçylyk babatda hyzmatdaşlyk ederler

24-nji oktýabrda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen Ukrainanyň Bioresurslar we tebigatdan paýdalanmak boýunça Milli uniwersitetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
25.10.2025 15:12
2.1k+

Türkmenistanyň Mejlisinde Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Oba hojalygy we oba işleri boýunça Komitetiniň Başlygynyň orunbasary jenap Duan Çunhuanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi
Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär
21.10.2025 11:07
8.3k+

Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär

20–24 oktýabr aralygynda Türkmenistanda brusellýozyň öňüni almak, anyklamak we gözegçilik etmek boýunça okuw türgenleşigi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet weterinariýa gullugy habar berdi
Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» zawodlarynda tejribelik geçdiler
03.10.2025 11:01
7.2k+

Türkmen talyplary Germaniýada we Niderlandlarda «John Deere» zawodlarynda tejribelik geçdiler

13–20-nji sentýabr aralygynda Türkmen oba hojalyk instituty bilen Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň «Oba hojalygyny mehanizasiýasy» hünäriniň talyplary mugallymlary bilen bilelikde Germaniýada we Niderlandlarda ýokary derejeli önümçilik tejribesinden geçdiler
Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09.2025 09:58
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi
ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy
26.09.2025 11:42
6.7k+

ÝB Türkmenistana serhet weterinariýa gözegçiligi üçin niýetlenen täze enjamlary gowşurdy

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy okuw otaglaryna döwrebap enjamlar toplumy gowşuryldy. Serhet gözegçiligini kämilleşdirmek üçin niýetlenen bu enjamlar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA 10 maksatnamasynyň çäklerinde berildi
Türkmenistan sebitleýin taslamanyň çäginde weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini berkidýär
19.09.2025 15:13
4.4k+

Türkmenistan sebitleýin taslamanyň çäginde weterinariýa gullugynyň mümkinçiliklerini berkidýär

16-njy sentýabrda Aşgabatda “Merkezi Aziýada Bitewi Saglyk" - azyk ulgamyny goramak, geljekde pandemiýanyñ öňüni almak” atly sebitleýin taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Bütindünýä bankynyň Oba hojalygy boýunça baş ykdysatçysy Pýer Gerber bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi
11.09.2025 11:03
7k+

Türkmenistanda pagta ýygymy möwsümine badalga berildi

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna köpçülikleýin girişildi.  Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygy, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze zähmet ýeňişlerine tarap öňe barýan halkymyzyň rowaçlygy barada doga-dileg edip, “bismilla” bilen pagta ýygymyna badalga berdiler
10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar
06.09.2025 09:40
5.3k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanda pagta ýygymyna başlanar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutany hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy
04.09.2025 11:06
4.4k+

Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişi başlandy

3-nji sentýabrda Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi. Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, bu möhüm oba hojalyk möwsümi Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda birbada badalga aldy. Hormatly ýaşulular Beýik Biribardan ak bugdaýyň bol hasylyny dileg edip, ekişe badalga berdiler
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp berdi
30.08.2025 10:37
8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp berdi

29-njy awgustda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda oba hojalyk toplumyna gözgçilik edýän wise-premýer T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentinden 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp bermegi haýyş etdi
Kaliforniýadaky gurakçylyk 2025-nji ýylda badam hasylynyň azalmagyna getirer
22.08.2025 18:54
3.6k+

Kaliforniýadaky gurakçylyk 2025-nji ýylda badam hasylynyň azalmagyna getirer

2025-nji ýylda badam hasyly Kaliforniýadaky gurakçylyk sebäpli ep-esli azalar, çünki bu ýerde badamyň global möçberiniň, takmynan, 80%-i ösdürilip ýetişdirilýär diýip, The Telegraph ýazýar. Ýagdaý köp ýurtlarda çörekçileri we süýjülik öndürijileri adaty reseptlere gaýtadan seretmäge mejbur eder
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze etraplary döretmek bilen bagly teklipler maslahatlaşylar
21.08.2025 11:06
15k+

Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde täze etraplary döretmek bilen bagly teklipler maslahatlaşylar

20-nji awgustda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew täze etraplaryň birnäçesini döretmek bilen bagly teklipleriň taýýarlanylandygy barada aýtdy
Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi
13.08.2025 15:51
3.9k+

Aşgabatda “Bitewi saglyk” çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça 3-nji maslahat geçirildi

12-nji awgustda Aşgabatda Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek meseleleri boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiň üçünji maslahaty geçirildi
Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar
10.08.2025 22:48
3.1k+

Türkmen alymlary ýyladyşhanalar üçin uniwersal suwuk dökün işläp taýýarlaýarlar

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýyladyşhanalar üçin KAS-28, -30 we -32 suwuk dökünleriniň döredilmegi boýunça işler tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, täze önümiň düzüminde kaliý, azot, ammiak selitrasy we beýleki peýdaly goşundylary bar
Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi talyplyga çagyrýar
23.07.2025 19:00
11k+

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi talyplyga çagyrýar

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär: Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
22.07.2025 09:50
12k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

21-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinň talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler
14.07.2025 19:22
10k+

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinň talyplary Özbegistanda tejribelik geçýärler

6 — 17-nji iýul aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinden 2 mugallym hem-de 20 talyp Özbegistanyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda tejribelik geçýärler
Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi
12.07.2025 16:34
6.3k+

Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi

11-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy
Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy
11.07.2025 12:05
8.6k+

Türkmenistanda 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy

Türkmenistanda Watan harmanyna guşgursak bugdaýyň 1 million 407 müň tonnasy tabşyryldy. Prezident Serdar Berdimuhamdow gallaçy daýhanlary şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmegi bilen gutlady. "Ussat
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
08.07.2025 10:01
7.7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen bagly häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

7-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler
06.07.2025 15:46
11k+

ABŞ-da mallary goramak üçin milliardlarça tohumsyz siňekler köpeldiler

ABŞ-nyň hökümeti Tehasda we Meksikada et senagatyny Amerikanyň tropik et siňeginiň (Cochliomyia hominivorax) zabun liçinkalaryndan halas etmek üçin uly taslamany durmuşa geçirip başlady. Bu siňekler mallaryň ýarasynda ýumurtga taşlaýarlar, bu bolsa iri şahly mallaryň kesellemegine we  ölmegine sebäp bolup bilýär
Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler
01.07.2025 20:24
8.5k+

Daşkent institutynyň talyplary Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler

25-nji iýun — 4-nji iýul aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.07.2025 08:00
6.4k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

30-njy iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy
24.06.2025 00:48
6.8k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy

23-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi
23.06.2025 16:26
9.4k+

Türkmenistanda 1 million tonnadan gowrak bugdaý taýýar edildi

Türkmenistanyň ussat gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrdylar.   Meýilnama laýyklykda, Ahal welaýaty boýunça 195 müň gektar meýdandan bugdaýyň 400 müň tonnasyny taýýarlamak meýilleşdirilýär
Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär
21.06.2025 00:01
6.5k+

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2026-njy ýylda bugdaýyň bol hasylyny öndürmek hakynda» Karara gol çekdi. 20-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew 2026-njy ýylyň hasyly üçin bugdaýyň düýbüni tutmak boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.