Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi talyplyga çagyrýar

23.07.2025, 14:0011,509

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki Agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Oba hojalygyny mehanizmleşdirmek.
  2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda).
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).
  4. Gidromeliorasiýa.
  5. Weterinar lukmançylygy.
  6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
  7. Maglumat ulgamlary we programmirlemek.
  8. Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
  9. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy .
  10. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
  11. Çörek, süýji we unaş önümleriniň tehnologiýasy. 
  12. Turşatma önümçiliginiň we çakyryň tehnologiýasy.
  13. Ösümlikleri goramak.
  14. Agrohimiýa.
  15. Ýer gurluşygy we kadastrlar.

Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 18-nji awgusta çenli kabul edilýär.
Salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etr., 2070 (Tähran) köçe, 6;
Telefon: 34-91-24

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.