Türkmenistanda ABŞ-nyň goldawy bilen «AI for Prosperity» bilim taslamasy başlaýar

Şu gün, 15:25446

Türkmenistanda hünärmenlere işde emeli aň tehnologiýalaryny ulanmagy amaly taýdan öwretmäge gönükdirilen «AI for Prosperity» («Rowaçlyk üçin EA») bilim taslamasy ýola goýulýar.

Taslamany «Türkmenistanyň Ýaşlarynyň üstünlikleri» jemgyýetçilik birleşigi ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde Uçurymlaryň innowasion taslamalaryny goldamak gaznasynyň (AEIF) üsti bilen durmuşa geçirýär.

Gatnaşmaga Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden wekiller çagyrylýar. Maksatnamada iki ugur göz öňünde tutulýar:

  • «Işewürlik üçin EA» — telekeçiler, kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri üçin;

  • «Bilim üçin EA» — bilim edaralarynyň, okuw we trening merkezleriniň mugallymlary, usulyýetçileri we dolandyryş işgärleri üçin.

Guramaçylar jemi 36 gatnaşyjyny saýlap alar. «Işewürlik üçin EA» ugruna gatnaşyjylar üçin göni görnüşdäki intensiw treningler 2026-njy ýylyň 17–19-njy dekabrynda, bilim ulgamynyň wekilleri üçin bolsa 2027-nji ýylyň 7–9-njy ýanwarynda Aşgabatda geçiriler.

Okuwdan soň gatnaşyjylar bilermenleriň goldawy bilen öz edaralarynyň wezipeleri üçin hususy EA çözgütlerini işläp taýýarlar. Netijeler «EA tejribede: bilim we işewürlik» atly jemleýji forumda hödürlener, şol ýerde tejribe alyşmak mümkinçiligi hem-de çagyrylan spikeriň we milli bilermenleriň çykyşlary hem guralar.

Maksatnama gatnaşmak mugt. Arzalar 2026-njy ýylyň 25-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Arza bermek üçin şu salgydaky onlaýn anketany dolduryň. Maksatnama gatnaşmak üçin saýlanyp alnan ýagdaýyňyzda, guramaçylar habarlaşar.

Maksatnama we gatnaşmak şertleri boýunça soraglary anyklamak üçin elektron poçta: ja.turkmenistan@gmail.com.