Türkmenistanyň wekili Tehasda halkara bilim hepdeligine gatnaşdy

Şu gün, 09:542,012

19-njy noýabrda ABŞ-nyň Tehas ştatynyň San-Antonio şäherinde «Bilim edaralaryny dolandyrmakda strategik hyzmatdaşlyk we liderlik» atly halkara maksatnamanyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy Gülnabat Gurdowa gatnaşdy diýip, ministrlik habar berdi.

Maksatnamanyň Detroýt we Baltimor şäherlerinde geçirilen tapgyrlarynyň dowamy bolan bu bilelikdäki çäre dünýäniň 20 döwletinden bilim ulgamynyň 27 wekilini bir ýere jemledi. Nobatdaky tapgyr bilim ulgamynda halkara dialogyny işjeňleşdirmäge, öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga we köptaraplaýyn akademiki hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirildi. 

Halkara bilim hepdeliginiň çäginde Alamo Colleges District kollejler birleşiginiň, San-Antonio şäheriniň Halkara myhmanlar geňeşiniň hem-de FHI 360 guramasynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Gatnaşyjylar San-Antoniodaky Tehas uniwersitetiniň, University of the Incarnate Word, Texas A&M University–San Antonio ýokary okuw mekdepleriniň, San Antonio College we Northwest Vista College kollejleriniň, şeýle hem halkara bilim guramalarynyň we işewür toparlaryň wekilleri bilen pikir alyşdy.

Gepleşikleriň dowamynda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda durnukly akademiki gatnaşyklary ýola goýmak, professor-mugallymlaryň we talyplaryň alyş-çalyşlaryny giňeltmek, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar bäş kolleji birleşdirýän hem-de 100 müňden gowrak talyba hyzmat edýän Alamo Colleges District birleşiginiň işi, Meksikanyň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlykda iňlis dili mugallymlarynyň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalar, şeýle hem dürli ýurtlaryň bilim edaralarynyň arasynda bilelikdäki okuw taslamalaryny amala aşyrmaga mümkinçilik berýän bilelikdäki halkara onlaýn okuw modeli (COIL) bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň wekiliniň bu halkara maksatnama gatnaşmagy ýurtda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek baradaky Konsepsiýanyň wezipelerini durmuşa geçirmek, sanly bilimi ösdürmek hem-de Türkmenistan bilen ABŞ-nyň we dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky ylym-bilim we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň möhüm bölegi boldy.