Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
emeli aň
Baş sahypa
/
Habarlar
/
emeli aň
18.01.2026 20:08
2.2k+
ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar
OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler
18.01.2026 19:47
2.2k+
Microsoft, Meta we Amazon kompaniýalary Wikipedia-ny ulanýandyklary üçin tölemäge razy boldular
Microsoft, Meta, Amazon, Perplexity we Mistral AI kompaniýalary Google-yň göreldesine eýerdiler. Olar Wikipedianyň kontentlerini we maglumatlaryny ulanmak üçin Wikimedia gaznasyna («Фонду Викимедиа») töleg tölemäge razy boldular
18.01.2026 15:59
1.4k+
OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi
OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir
18.01.2026 11:41
2.6k+
AstraZeneca rak keselini bejermekde emeli aňy ulanmak üçin täze startap satyn alýar
Britaniýa-şwed derman senagaty ägirdi bolan AstraZeneca, emeli aň (EA) ulgamynda işleýän Amerikanyň Modella AI startapyny satyn alýandygyny yglan etdi. Bu ylalaşyk rak keselini bejermek üçin niýetlenen dermanlaryň döredilme döwrüni gysgaltmaga gönükdirilendir
17.01.2026 22:44
1.2k+
OpenAI Cerebras-dan 10 milliard dollarlyk hasaplaýyş güýjüni satyn alar
OpenAI startap Cerebras Systems-den hasaplaýyş güýjüni satyn almak barada ylalaşyga gol çekdi. Şertnama laýyklykda, ChatGPT-ni işläp düzüjä üç ýylyň dowamynda 750 megawatta çenli serişdeler elýeterli bolar. The Wall Street Journal-yň ýazmagyna görä, şertnamanyň umumy bahasy 10 milliard dollardan hem geçýär
17.01.2026 15:03
5.3k+
Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar
Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi
17.01.2026 14:58
7.5k+
Bir gijelik uky esasynda 130 keseli anyklamak mümkin
Täze barlaglar uky derňewiniň horlama ýa-da demikme ýüze çykmasyndan has köp maglumat berip biljekdigini görkezdi. Nature Medicine žurnalynda çap edilen giň möçberli gözleg, uky laboratoriýasynda uklanyp geçirilen bir gijäniň köp sanly agyr keselleriň döremek howpuny olaryň ýüze çykmagyndan birnäçe ýyl öň kesgitläp biljekdigini subut etdi
15.01.2026 22:08
1.4k+
Apple has "akylly" Siri-ni döretmek üçin Google Gemini tehnologiýasyny saýlady
Apple we Google kompaniýalary köp ýyllyk hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdylar. Bu ylalaşygyň çäklerinde Gemini emeli aň modeli Siri ses kömekçisiniň täzelenen wersiýasyny döretmek üçin ulanylar. Siri-niň täze görnüşini şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrmak meýilleşdirilýär
14.01.2026 11:19
3.4k+
Maskyň xAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginde ýitgisi 1,46 mlrd dollara ýetdi
Ilon Mask tarapyndan esaslandyrylan we emeli aň gurşawynda işleýän xAI kompaniýasy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini 1,46 mlrd dollar arassa ýitgi bilen tamamlady. Bu barada kompaniýanyň içerki resminamalaryna salgylanyp, Bloomberg habar berýär
14.01.2026 11:06
2k+
Google derňewlerden soň gözleg ulgamyndan saglyk üçin howply EA jogaplaryny aýyrdy
Google kompaniýasy The Guardian tarapyndan barlanylandan soň, emeli aň tarapyndan döredilýän gysgaça jogaplaryň (AI Overviews) bir bölegini aýyrdy. Žurnalistler bu jogaplaryň lukmançylyk maglumatlarynda ýalňyşlyklary saklaýandygyny anyklady
14.01.2026 11:05
2k+
Emeli aň geçen ýyl IT pudagynda 240 müň işgäriň işden çykarylmagyna sebäp boldy
RationalFX kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda global tehnologiýa pudagynda 244 851 işgär kemeldi. Çünki, Intel, Amazon we Microsoft ýaly uly kompaniýalar emeli aň tehnologiýalaryna uly möçberde maýa goýmagyny dowam etdirýär
14.01.2026 09:39
4k+
Ilon Maskyň Grok çat-boty Gemini bilen birlikde Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler
Ilon Maskyň xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Grok çat-boty ýanwar aýynyň ahyryna çenli Pentagonyň kompýuter ulgamyna birikdiriler we edaranyň gulluk maglumatlaryndan başlap, aňtaw materiallaryna çenli ähli maglumatlaryna elýeterli bolar
13.01.2026 16:15
6.6k+
Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy
Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär
11.01.2026 13:19
2.6k+
Samsung emeli aňly täze sowadyjysyny tanyşdyrdy: ol iýmitleri seljerýär we reseptler hödürleýär
Las-Wegasda geçirilen CES 2026 sergisinde Samsung kompaniýasy özüniň täzelenen Bespoke AI Refrigerator Family Hub sowadyjylar seriýasyny görkezdi. Bu enjam Google-yň Gemini atly giň göwrümli dil modeliniň kömegi bilen adaty aşhana enjamyndan akylly kömekçä öwrüldi
11.01.2026 12:07
750
Microsoft Edge brauzeri «Copilot» stilindäki täze keşbe eýe boldy
Microsoft korporasiýasy Edge brauzeri üçin giň gerimli dizaýn täzelenmesini synagdan geçirip başlady. Bu täze keşp emeli aň kömekçisi bolan Copilot-yň wizual stilinde taýýarlanyp, ulanyjylara has "akylly" we döwrebap interfeýsi hödürleýär
11.01.2026 12:00
2.4k+
Google TV üçin Gemini: Telewizoryňyz indi sizi diňleýär we düşünýär
Telewizorlar diňe bir ekran bolmagyny bes edip, öýüňiziň akylly söhbetdeşlik hyzmatdaşyna öwrülýär. Google TV üçin täze Gemini täzelenmesi tehnika bilen gatnaşygy adaty bir söhbetdeşlik derejesine çykardy. Indi telewizoryň sazlamalaryny üýtgetmek üçin pult arkaly çylşyrymly menýularda wagt ýitirmek gerek däl
10.01.2026 18:29
1.5k+
ChatGPT-de saglyk baradaky soraglar üçin aýratyn bölüm peýda boldy
OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de täze funksiýany – saglyk bilen baglanyşykly soraglar üçin ChatGPT Health ady bilen aýratyn bölümi hödürledi. Bu režimde ulanyjylar has şahsylaşdyrylan jogaplary almak üçin lukmançylyk ýazgylaryny we bedeniň ýagdaýyna gözegçilik ediji programmalary birikdirip bilýär
10.01.2026 11:15
2.4k+
Her gün 40 mln adam ChatGPT-ä saglyk baradaky soraglar bilen ýüz tutýar
Her gün dünýäde 40 milliondan gowrak adam saglyk barada maglumat almak üçin ChatGPT-ni ulanýar. OpenAI-iň hasabatyna görä, çat-botda ähli habarlaryň 5%-den gowragy lukmançylyk temasy bilen baglanyşykly diýip, Axios neşiri habar berýär
05.01.2026 15:06
2.2k+
Kembrij we Google DeepMind emeli aňy «şahsyýet» hökmünde barlamak üçin test döretdi
Kembrij uniwersitetiniň we Google DeepMind-yň ylmy gözlegçileri uly dil modellerinde (LLM) «şahsyýetiň» bardygyna ýa-da ýokdugyna baha bermegiň ilkinji ylmy esasly usulyny hödürledi. Çemeleşme üçin esas bolup adamlaryň häsiýetine baha bermek üçin ulanylýan adaty psihologik testler hyzmat etdi
03.01.2026 23:42
1k+
OpenAI ses arkaly dolandyrylýan aýratyn enjamy taýýarlaýar
OpenAI audiomodel işine ünsi gönükdirip, ses arkaly işleýän şahsy enjamy döretmegi göz öňünde tutýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin kompaniýa gözlegçileri, inženerleri we önüm menejerlerini bir topara birikdirdi diýip, The Information habar berýär
01.01.2026 19:00
2.3k+
OpenAI emeli aň töwekgelçiliklerine baha bermek bölüminiň başlygy wezipesi üçin boş iş ornuny açdy
OpenAI emeli aň modelleriniň ösüşi bilen baglanyşykly bolan töwekgelçiliklere baha bermek we öňüni almak bilen meşgullanjak bölüm başlygyny gözleýändigini yglan etdi. Täze wezipe EA-nyň mümkinçilikleriniň artmagy bilen ýüze çykýan mümkin bolan howplaryň seljerilmegini göz öňünde tutýar
31.12.2025 08:21
5.6k+
Barlaglar: YouTube-yň maslahat berýän her bäşinji wideosy — emeli aň tarapyndan döredilen pes hilli mazmundyr
«Kapwing» kompaniýasynyň geçiren barlaglaryna görä, «YouTube» platformasynyň täze ulanyjylara hödürleýän wideolarynyň takmynan 20%-i tomaşa sanyny emeli usullar bilen köpeltmek üçin döredilen, emeli aňyň (EA) pes hilli önümidir
27.12.2025 16:30
2.4k+
ChatGPT her ulanyjy üçin ýylyň jemini görkezip başlady
ChatGPT-de indi Spotify Wrapped ýaly şahsy ýylyň jemini jemlemek funksiýasy peýda boldy. Täze gural «ChatGPT bilen ýylyňyz» adyny aldy we häzirlikçe birnäçe ýurtda, şol sanda ABŞ-da, Beýik Britaniýada, Kanadada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada çäkli ulanyjylar üçin elýeterlidir
25.12.2025 12:15
2.8k+
Emeli aň termoyadro plazmasyny modelirlemegi birnäçe günden sekuntlara çenli çaltlandyrdy
Alymlar termoýadro plazmasynyň modelirlemesini müňlerçe esse çaltlandyrmaga ukyply bolan emeli aň esasyndaky guraly tanyşdyrdylar. GyroSwin ulgamy Beýik Britaniýanyň Atomyň energiýasy boýunça müdirliginiň (UKAEA), Linssdäki Iogann Kepler uniwersitetiniň we Emmi AI kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi
24.12.2025 14:38
3.7k+
Sony wideooýunlarda kontenti awtomatik süzgüçden geçirmek üçin EA işläp taýýarlaýar
Sony kompaniýasy wideooýunlarda we beýleki media faýllarda audiowizual kontenti süzgüçden geçirmek üçin niýetlenen emeli aň modelini patentledi. Tehnologiýa ulanyjynyň şahsy isleglerine we onuň käbir sahnalara duýgurlygyna esaslanyp, materiallary awtomatik usulda redaktirleýär we sazlaýar
22.12.2025 16:26
3.3k+
Amerikan startapy dünýäniň iň ykjam emeli aň superkompýuterini hödürledi
Amerikanyň Tiiny AI startapy, Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan dünýäniň iň kiçi şahsy emeli aň (EA) superkompýuteri hökmünde ykrar edilen Tiiny AI Pocket Lab enjamyny tanyşdyrdy. Täze önüm barada Interesting Engineering neşiri habar berýär
22.12.2025 15:14
2.7k+
Gemini Google-yň emeli aňda ýasalan mazmunyny tanamagy öwrendi
Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar. Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler
19.12.2025 17:58
3.7k+
Tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalary EA "köpürjigi" bilen bagly gorky sebäpli aşak düşdi
ABŞ-nyň gazna bazarynda emeli aňa ýöriteleşýän tehnologiýa kompaniýalarynyň paýnamalarynyň pese gaçyşy hasaba alyndy. Onuň esasy sebäbi Blue Owl Capital maýa goýum kompaniýasynyň Miçiganda Oracle-yň 10 mlrd dollarlyk maglumat merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmekden boýun gaçyrmagy boldy diýip, Financial Times ýazýar
19.12.2025 15:51
2.1k+
ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy
OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
18.12.2025 23:03
2.5k+
OpenAI täze ChatGPT Images surat generatoryny işe girizdi
OpenAI kompaniýasy tekst beýany boýunça surat döretmek we redaktirlemek üçin GPT-5.2-niň esasynda täze ChatGPT Images modelini işe girizdi. Esasy maksat jikme-jiklikleri saklap, suratlary mümkin boldugyndan hakyky ýaly etmekden ybarat
17.12.2025 16:30
7.4k+
Hytaýyň polisiýasy ulaglar barada maglumat berýän emeli aňly äýnekleri ulanmaga başlady
Hytaýyň Çanşa şäherindäki ýol polisiýasy ulaglary barlamak işini çaltlaşdyrmak maksady bilen, emeli aň (EA) bilen üpjün edilen akylly äýnekleri ulanmaga başlady. Täze enjamlaryň kömegi bilen ofiserler ulaga diňe bir gezek göz aýlamak arkaly, birnäçe sekuntda ol barada doly maglumat alyp bilýärler
17.12.2025 12:19
4.4k+
ÝHHG türkmen blogçylary we mazmun döredijileri üçin gysga möhletli okuw geçirdi
ÝHHG-niň Aşgabat merkezinde ýörite ýerli blogçylara we mazmun döredijilere niýetlenen metbugat hem hukuk sowatlylygy boýunça gysga möhletli okuw geçirildi. "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiriniň habar bermegine görä, milli alyp baryjylaryň we halkara Gazagystandan bilermen Adil Jalilowyň gatnaşmagynda geçirilen bu çärede jemgyýetçilik pikirini döredýänleri taýýarlamagyň strategik ähmiýeti nygtaldy
15.12.2025 09:20
1k+
Walt Disney OpenAI kompaniýasyna 1 mlrd dollar maýa goýar
Walt Disney Company amerikan kompaniýasy we OpenAI emeli aň işläp düzüjisi üçýyllyk ygtyýarnama şertnamasyny baglaşdy. Onuň çäklerinde Disney hyzmatdaşyna 1 mlrd dollar maýa goýar. Deadline neşiriniň maglumatlaryna görä, OpenAI-iň Sora generatiw programmasy emeli aňyň kömegi bilen wideolary döretmek üçin 200-den gowrak Disney personažyny öz içine alýan ýygynda elýeterli bolar
15.12.2025 07:37
1.2k+
Google we Warby Parker 2026-njy ýylda gündelik ulanmak üçin emeli aňly äýnegini çykararlar
Google we Warby Parker kompaniýalary özleriniň bilelikde işläp taýýarlan emeli aňly akylly äýnekleriniň bazara çykaryljak senesini tassykladylar. Satuwa goýberilişi 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär. "Interesting Engineering" neşiriniň ýazmagyna görä, bu hyzmatdaşlyk yglan edilenden soň ilkinji takyk bildirişdir
13.12.2025 17:18
4.9k+
Emeli aňy döredenler «Time» tarapyndan «Ýylyň adamy» diýlip ykrar edildi
«Time» amerikan žurnaly tarapyndan «Ýylyň adamy» adyny emeli aňy döredijiler aldy. Neşiriň daşyna Meta-nyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, AMD-yň baş direktory Liza Su, xAI, SpaceX we Tesla kompaniýalarynyň ýolbaşçysy
07.12.2025 12:29
4.4k+
Türkmenistanda emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan maslahat geçirildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde utgaşykly görnüşde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Emeli aňyň milli tehnologiýalary – Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň innowasion guraly» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
07.12.2025 11:56
1.6k+
Grokipedia redaktirlemek üçin açyldy-da, şol bada meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldy
Ilon Mask tarapyndan döredilen xAI kompaniýasynyň Grokipedia platformasy ulanyjylar tarapyndan açyk redaktirlemek üçin elýeterli boldy, ýöne bu düzedişleri barlamak we tassyklamak mehanizminde düýpli kemçilikleri ýüze çykardy
05.12.2025 11:54
3.1k+
Runway “kinematografik hildäki” HD wideo generatoryny görkezdi: ol şolbada Veo 3 we Sora 2 Pro-den geçdi
Runway emeli aň tarapyndan döredilen wideolaryň hakykata golaýlygyny täze derejä çykarýan Gen 4.5 modelini hödürledi. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Täze generator dessine "Artificial Analysis"-iň "Video Arena" atly, tekst beýanyndan wideo döretmäge niýetlenen EA modelleriniň reýtinginde Google Veo 3 we OpenAI Sora 2 Pro ýaly esasy bäsdeşlerinden öňe geçip, birinji orny eýeledi
05.12.2025 09:09
4.1k+
Maglumat merkezlerinde emeli aň 2035-nji ýyla çenli iň uly energiýa sarp edijileriniň biri bolar
2035-nji ýyla çenli dünýädäki maglumat merkezleri tarapyndan elektrik energiýasynyň sarp edilişi tas üç esse ýokarlanyp, häzirki 40 gigawattdan 106 gigawatta (GWt) ýeter. Şeýle ösüş maglumat merkezleriniň uly bolmagy we emeli aň sebäpli olaryň iş ýüküniň artmagy bilen baglanyşyklydyr
05.12.2025 08:59
5.9k+
Apple bäsdeşlerden yza galýandygy sebäpli emeli aň bölüminiň başlygyny çalyşdy
Apple korporasiýasy maşyn bilimini we emeli aňy ösdürmek boýunça strategiýany işläp taýýarlamaga jogap berýän Apple Intelligence bölümçesindäki üýtgeşmeler barada habar berdi. Muny The Guardian ýetirýär. Bölüme ýedi ýyl ýolbaşçylyk eden Jon Jannandrea işden çykaryldy
«
1
…
6
7
8
…
28
»
«
1
…
3
4
5
6
7
8
9
10
11
…
28
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.