Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

13.01.2026, 11:156,605

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär.

Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär. Ol häzirki emeli aň bazaryny köp babatda, internet kompaniýalarynyň uly möçberde maýa toplap, soňra aglabasynyň garaşylýan bahalaryň artmagy sebäpli bankrot bolan 1990-njy ýyllaryň ahyryndaky döwrüne meňzedýär. Onuň pikiriçe, maýadarlaryň emeli aňa gyzyklanmalarynyň barha artmagy bu boýunça täze işe başlan kompaniýalaryň uly bölegini maýa goýumlaryny yzyna gaýtaryp bilmezlik howpuna salýar we netijede maliýe ýitgilerine getirýär.
Geýts şeýle hem emeli aňyň täsir boýunça öňki tehnologik rewolýusiýalardan öňe geçip, adamzat tarapyndan döredilen iň özgerdiji gurala öwrüljekdigini tekrarlaýar we hut şonuň esasynda mümkin bolan töwekgelçilikleriň has-da artýandygyndan ynjalyksyzlanýar.
Ilkibaş aýdyşymyz ýaly, essäniň üns merkezinde  howpsuzlyk meselesi durýar. Bill Geýts bu meseläni gozgamak bilen, emeli aňyň hökümetler we hususy guramalar tarapyndan hem zyýanly maksatlar üçin ulanylmagynyň mümkindigini belläp, şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin tehnologiýalary we olary ulanmagy tertipleşdirýän  halkara kadalary işläp düzmäge çagyrýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.