Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Hytaý
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Hytaý
16.04.2026 15:51
3.9k+
Türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek barada Ähtnama gol çekildi
15-nji aprelde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Pekiniň hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Bu...
16.04.2026 14:28
4.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy
15-nji aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň...
15.04.2026 18:26
2.6k+
Hytaýyň Unitree H1 roboty tizlik rekordyny goýdy — 36 km/sag tizlige ýetdi
Hytaýyň adam şekilli Unitree H1 roboty sekuntda 10 metre çenli tizligini artdyryp, androidleriň arasynda tizlik rekordyny goýdy. Bu barada «Humanoids Daily» neşiri habar berýär.
14.04.2026 20:51
4k+
Pekinde adampisint robotlaryň 70-den gowrak topary ýarym marafonyň öňüsyrasynda ylgawa çykdy
Pekinde adampisint (gumanoid) robotlar üçin Hytaýyň taryhynda ikinji gezek geçiriljek ýarym marafona taýýarlyk synaglary başlandy. Oňa ýüzden gowrak robot gatnaşar.
14.04.2026 14:41
1.8k+
Stellantis täze Opel we Alfa Romeo modellerini işläp düzmegi hytaýlylara tabşyrar
Stellantis konserni Opel we Alfa Romeo markalarynyň täze elektromobillerini işläp düzmek boýunça Hytaýyň Leapmotor kompaniýasy bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Reuters agentligi pudakdaky çeşmelerine...
13.04.2026 16:51
7.5k+
Hytaý buzlugy gyzgyn suw bilen 3413 metr çuňlukda burawlady
Hytaýyň 42-nji Antarktika ekspedisiýasy gyzgyn suw bilen burawlaýyş ulgamyny üstünlikli synagdan geçirdi we rekord 3413 metr çuňluga ýetdi diýip, Hytaýyň Tebigy gorlar ministrligine salgylanýan Sinhua habar...
11.04.2026 15:37
4.7k+
Gaz, logistika we emeli aň: Türkmenistan bilen Hytaýyň hökümetara komitetiniň mejlisinde näme maslahatlaşylar
Türkmenistanyň Prezidenti Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylaryny bellemek hakynda Karara gol çekdi. Resminama 10-njy...
11.04.2026 14:28
4.1k+
Hytaýda it-pişikler üçin gije-gündiz işleýän teleýaýlym açyldy
Hytaýda öý haýwanlarynyň görüş we eşidiş ukybyna görä ýörite taýýarlanan tölegli teleýaýlym işe başlady. Bu kanal «VIP-ýazylyşygy» bolan müşderiler üçin elýeterli bolup, ol it-pişikleriň nerw ulgamyna oňat...
11.04.2026 11:03
5.6k+
Hytaýda müňlerçe ýyl ozal ýitip giden ynsan nesliniň yzlary tapyldy
Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Buzluk döwründen soň Demirgazyk Hytaýda ýaşap, wagtyň geçmegi bilen doly ýitip giden ynsan neslini ýüze çykardylar. Bu barada Current Biology žurnalynda habar berilýär.
09.04.2026 16:20
3.6k+
Hytaýly paleontologlar ýüzlerçe million ýyl ozal ýaşan gadymy balyklaryň galyndylaryny tapdy
Hytaýda alymlar gadymy balyklar bilen baglanyşykly birwagtda iki sany açyş barada habar berdi: iň irki döwürlere degişli doly saklanyp galan süňkli balyklaryň biri tapyldy, şeýle hem şöhleýüzgüç balyklaryň...
08.04.2026 16:33
4.4k+
Tiz wagtdan Hytaýyň köçelerini janly ösümlikler yşyklandyryp başlar
Hytaýly biotehnologlar garaňkyda öz-özünden ýagtylyk saçýan, genetiki taýdan üýtgedilen täze ösümlikleri tanyşdyrdylar. Futurism neşiriniň ýazmagyna görä, bu täsin oýlap tapyş elektrik energiýasyny ulanmazdan,...
08.04.2026 11:43
14k+
Hytaýda 90 ýaşly goja maşgalasyny ýitirenden soň, eýýäm 30 ýyl bäri welosipedli ýurda aýlanýar
«South China Morning Post» neşiri Henan sebitiniň 90 ýaşly ýaşaýjysy Çžan Çžunýi baradaky gynançly wakany gürrüň berdi. Bu adam maşgala agzalarynyň ählisini ýitirenden soň, hasrata döz gelmek üçin 30...
06.04.2026 21:45
5.1k+
16 ýyllyk üstünlik: bu gün Xiaomi doglan gününi belleýär
Mundan 16 ýyl ozal, 2010-njy ýylyň 6-njy aprelinde Pekinde düýbi tutulan Xiaomi kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birine öwrüldi. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szyun bu şanly sene...
05.04.2026 22:12
5.3k+
Ilkinji gezek iki sany 200 megapiksel kameraly smartfon satlyga çykdy
Hytaýda smartfon dünýäsinde uly seslenme döreden Vivo X300 Ultra satuwa çykaryldy. Bu enjam taryhda ilkinji gezek iki sany 200 megapikselli kamera bilen enjamlaşdyrylan smartfondyr.
03.04.2026 20:56
12k+
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy
Hytaýyň demirgazyk-günbatarynda iri şahly mallaryň iki sürüsinde agsyl keseliniň ýaýramagy hasaba alyndy. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Oba hojalygy ministrligine salgylanyp, «Reuters» agentligi habar...
02.04.2026 00:01
1.6k+
Hytaýyň Kinetica-2 täjirçilik raketasy ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady
Hytaýyň CAS Space hususy kompaniýasy Kinetica-2 raketasynyň ilkinji uçuşyny üstünlikli tamamlady. Uçurylyş Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Dongfeng täjirçilik uçuş meýdançasyndan amala aşyryldy.
01.04.2026 14:31
10k+
Iň uly süýji suw gorlaryna eýe bolan ýurtlaryň reýtingi
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, Braziliýa takmynan 5.661 milliard kub metr bilen dünýäde süýji suw gorlary boýunça birinji orny eýeleýär.
31.03.2026 12:06
2.8k+
«Ýönekeý» Hytaýda okamak isleýänlere CSCA synagyna taýýarlyk görmäge ýardam berýär
«Ýönekeý» kompaniýasy dalaşgärlere CSCA (China Scholastic Competency Assessment) synagyny üstünlikli tabşyrmaga ýardam berdi. Bu synag 2026-njy ýyldan başlap Hytaýyň ýokary okuw jaýlaryna okuwa girmek üçin...
30.03.2026 10:56
3.7k+
Hytaýyň bir startapy kosmosda ýangyç doldurmaga niýetlenen “çeýe goly” synagdan geçirdi
Hytaýyň kosmos kompaniýasy orbitada çeýe robot goluny synagdan geçirdi. Bu işläp düzme kosmos gämilerine ýangyç guýmak we hyzmat etmek üçin niýetlenendir.
30.03.2026 09:59
11k+
Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi
Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri...
25.03.2026 17:44
7.2k+
«Ýönekeý» Hytaýdan elýeter bahadan harytlary onlaýn sargyt etmegi ýeňilleşdirýär
«Ýönekeý» marketpleýsi Hytaýdan harytlary aňsat, tiz we elýeter bahadan satyn almak üçin täze mümkinçilikleri hödürleýär. Türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen bu platforma öýden çykman, onlaýn görnüşde dürli harytlary sargyt etmäge ýardam edýär
24.03.2026 11:01
2.9k+
Türkmenistan we Hytaý gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy
23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy
22.03.2026 15:20
3.4k+
Hytaýda ysmaz keselli adamlara niýetlenen beýni implantyny söwda maksatly ulanmaga rugsat berildi
Hytaý häkimiýetleri Neuracle Technology (Shanghai) kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen ilkinji inwaziw (kelleçanak içine ýerleşdirilýän) «beýni-kompýuter» interfeýsini söwda maksatly ulanmaga rugsat berdi. Şeýle-de Hytaýyň Lukmançylyk önümleri boýunça milli müdirligi bu enjamy bazara çykarmak hukugyny tassyklady
22.03.2026 03:49
3.5k+
«Şençžou-21» ekipažy orbitada ilkinji «kosmos» pomidorlarynyň hasylyny ýygdy
Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyndaky «Şençžou-21» missiýasynyň ekipažy «kosmos pomidorlarynyň» ilkinji hasylynyň üstünlikli ýygnalandygyny habar berdi. Hytaýyň merkezi telewideniýesiniň (CCTV) maglumatyna görä, astronawtlar aeroponika desgasynyň kömegi bilen "çerri" pomidorlary ösdürip ýetişdirdiler
21.03.2026 16:48
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow: Hytaýda ähli zat gowy bolsa, bütin dünýäde hem gowy bolar
Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke interwýu wagtynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa HHR-iň Başlygy Si Szinpini nähili lider hökmünde görýändigi barada sowal berdi
21.03.2026 16:29
5.9k+
Hytaýda 10 müňden gowrak türkmen raýaty bilim alýar
Hytaýda Türkmenistanyň 10 müňden gowrak raýaty bilim alýar. Bu baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi
21.03.2026 16:21
21k+
Halk Maslahatynyň Başlygy: Atylan ok harbymy, esgermi ýa-da çagamy… saýgarmaýar
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dünýädäki häzirki ýagdaýlar barada öz garaýyşlaryny aýtdy. Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşliginde türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda dünýädäki ýagdaýlaryň çylşyrymlydygyna garamazdan, halkara hukuk gurallaryna daýanyp, durnuklylygy dikeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi
21.03.2026 16:03
8.2k+
Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi
2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi
21.03.2026 15:32
3.9k+
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar
21.03.2026 15:16
3.2k+
Müňýyllyklar bilen berkän gatnaşyklar: Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň gözbaşy barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeşlikde türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň taryhy gözbaşy we çuňňur kökleri barada gürrüň berdi
21.03.2026 14:37
5.1k+
Hytaý dünýä bazaryndan kümüş goruny «syryp-süpürýär»
Hytaý 2026-njy ýylyň başynda kümüş importyny ep-esli artdyrdy. Satyn alyşlar soňky sekiz ýylda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Import edijiler ýurduň içindäki senagat we maýa goýum isleglerini kanagatlandyrmak üçin çig maly gyssagly satyn alýar
21.03.2026 14:07
3.9k+
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «CGTN» teleýaýlymyna interwýu berdi
Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy He Ýanke bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligiň doly teksti Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi
21.03.2026 02:08
3k+
Guşlar, tilkiler we duman: Nandagang surat bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Hytaýdaky Nandagang suw-batgalyk ýerleri dünýäniň iň gowy suratçylarynyň ünsüni özüne çekýän ýere öwrüldi. Olar bu tebigat goraghanasyna bagyşlanan uly halkara bäsleşigine gatnaşdylar. Gündogar Aziýa-Awstraliýa migrasiýa ýolunda ýerleşýän bu özboluşly ýer göçegçi guşlar üçin möhüm dynç alyş nokady bolup hyzmat edýär we ýabany tebigatyň el degrilmedik keşbini saklap gelýär
21.03.2026 01:05
8.6k+
Türkmenistanyň Prezidenti «Galkynyş» gaz käniniň IV tapgyryny özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Galkynyş» äpet gaz käniniň dördünji tapgyryny senagat taýdan özleşdirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi. Döwlet
20.03.2026 11:48
13k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy
20.03.2026 11:40
4.8k+
Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy
Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy
20.03.2026 11:17
3.5k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy
Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
20.03.2026 10:58
4.9k+
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi
19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady
19.03.2026 18:11
4.1k+
«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär
«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär
19.03.2026 15:51
3.3k+
Pekinde Raşid Meredow bilen Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi
18-nji martda Pekinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy boldy. Gepleşikler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa amala aşyrýan saparynyň çäginde geçirildi
«
1
…
3
4
5
…
42
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
…
42
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.