Türkmenistan we Hytaý gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini maslahatlaşdy

24.03.2026, 06:012,872
1 / 2

23-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaýyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin bilen duşuşyk geçirdi.

Taraplar Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini maslahatlaşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaýa golaýda amala aşyran saparyna we onuň HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygyna aýratyn üns berildi.

Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar bu saparyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek barada hem pikir alyşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.