Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ykdysadyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ykdysadyýet
30.03.2026 11:09
4.6k+
Latyn Amerikasy dünýä azyk bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar
Latyn Amerikasy dünýäniň esasy azyk üpjün edijileriniň biri hökmündäki ornuny berkidýär. Sebitdäki ýurtlar soýa we sygyr etinden başlap, kofe we awokado çenli dünýäde üpjünçiligiň uly bölegini emele getirýär.
28.03.2026 23:25
12k+
Gyrgyzystan ilkinji gezek öz milli walýutasyny çap edip başlady
Gyrgyzystan garaşsyzlyk ýyllaryndan bäri ilkinji gezek milli walýutasy bolan somy özbaşdak çap etmäge girişdi. Bu barada ýurduň prezidenti Sadyr Žaparow mälim etdi.
28.03.2026 08:35
15k+
100 dollarlyk kagyz pullarda Donald Trampyň goly peýda bolar
ABŞ-nyň geljekki 100 dollarlyk banknotlarynda Donald Trampyň goly bolar. Bu barada Maliýe ministrligi habar berdi.
21.03.2026 16:03
8.2k+
Türkmenistan Hytaýa jemi 460 milliard kub metre golaý tebigy gaz iberdi
2026-njy ýylyň 1-nji martyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazynyň umumy möçberi 460 milliard kub metre golaý boldy. Bu sanlary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň «CGTN» teleýaýlymynyň alypbaryjysy He Ýanke beren interwýusynda mälim etdi
21.03.2026 15:32
3.9k+
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2007-nji ýyldan bäri 20 esse artdy
Hytaý köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşy bolmagynda galýar. 2007-nji ýyldan bäri ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygy 20 esse artdy we her ýyl 9–10 milliard amerikan dollaryna barabar bolýar
21.03.2026 14:37
5.1k+
Hytaý dünýä bazaryndan kümüş goruny «syryp-süpürýär»
Hytaý 2026-njy ýylyň başynda kümüş importyny ep-esli artdyrdy. Satyn alyşlar soňky sekiz ýylda iň ýokary derejesine ýetdi diýip, «Bloomberg» habar berýär. Import edijiler ýurduň içindäki senagat we maýa goýum isleglerini kanagatlandyrmak üçin çig maly gyssagly satyn alýar
21.03.2026 07:31
3.1k+
Daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça resminamalaryň taslamalary makullandy
20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi
20.03.2026 18:53
8.8k+
ABŞ-da Trampyň şekili bilen tylla teňňe çykarylar
ABŞ-da häzirki prezident Donald Trampyň şekili ýerleşdirilen ýadygärlik tylla teňňesini çykarmak baradaky karar tassyklanyldy. Bu barada ABŞ-nyň Inçe sungatlar komissiýasyna salgylanýan RIA Nowosti habar berýär
19.03.2026 16:04
2.3k+
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» forumy täze mümkinçiliklere ýol açdy
Türkmenistanda hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly II halkara forum geçirildi. Çäre 18-nji martda ýurduň Söwda-senagat edarasynda boldy we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan serginiň çäginde guraldy
17.03.2026 18:15
2.8k+
Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar
Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň
16.03.2026 16:23
1.4k+
Geçen hepde TDHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 9 mln dollaryndan geçdi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda jemi 34 sany geleşik hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Gruziýanyň işewürleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen polipropileni we binýatlyk ýagy satyn aldy
09.03.2026 16:48
4.5k+
Nebitiň bahasy 2022-nji ýyldan bäri ilkinji gezek 120 dollara çenli gymmatlady
Brent markaly nebitiň bahasy gymmatlap, soňky takmynan üç ýylyň içinde ilkinji gezek bir barel üçin 120 dollar derejesine golaýlady. Dynç günlerinden soň Aziýadaky ilkinji söwdalarda bir barel Brent nebitiniň bahasy 109 dollara çenli ýokarlandy
06.03.2026 15:41
1.3k+
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy
2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi
05.03.2026 20:23
1.9k+
Duşenbede türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi
2026-njy ýylyň 3-4-nji marty aralygynda Duşenbe şäherinde Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi boldy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
26.02.2026 09:36
2.2k+
Citrini Research-iň emeli aň baradaky hasabaty ABŞ-nyň birža indekslerini sarsdyrdy
ABŞ-nyň gazna bazary hepdäniň başyny howsalaly görkezijiler bilen açdy. Geň tarapy, munuň sebäbi iri korporasiýalaryň maliýe hasabatlary ýa-da döwlet düzgünleşdirijileriniň kararlary däl-de, eýsem Citrini Research toparynyň emeli aň (EA) baradaky täze ylmy hasabaty boldy
22.02.2026 11:35
7.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada aýtdy
Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy
16.02.2026 10:56
3.7k+
Hytaý kompaniýalary on ýyllyk arakesmeden soň dünýä bazarynda ýene işjeňleşýär
Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky aktiwleri işjeň satyn alyp başladylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdan çykýan birleşme we goşulyşma (M&A) geleşikleriniň umumy möçberi 12 milliard dollara ýetdi
15.02.2026 15:23
5.7k+
Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar
Hytaý 1-nji maýdan başlap, Afrikanyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin mälim etdi. TASS-yň maglumatyna
11.02.2026 11:51
3.1k+
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň söwda ministrini kabul etdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurda sapar bilen gelen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Ömer Bolaty kabul etdi. Duşuşygyň başynda myhman Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistanyň Prezidentine we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi diýip, TDH habar berýär
07.02.2026 09:32
5.3k+
-10%-den +6%-e çenli: kümüşiň bazar bahasy 1980-nji ýyldan bäri beýle hiňňildik uçmandy
Gymmatbaha metallaryň bazarynda durnuksyzlyk dowam edýär. Anna güni kümşüň bahasy ilki bilen 10% düşüp, bir unsiýa üçin 64 dollardan satyldy, soňra bolsa Aziýa söwda sessiýasynyň dowamynda büs-bütin ugruny üýtgedip, 6,2% galdy
05.02.2026 18:27
4.4k+
Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi
Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär
05.02.2026 18:18
2.3k+
Walmart bazar bahasy bir trillion dollara ýeten taryhda ilkinji bölek söwda ulgamy boldy
Walmart amerikan kompaniýasy bazar kapitalizasiýasy 1 trillion dollara ýeten dünýäde ilkinji bölek söwda ulgamy boldy. Ýaňy-ýakyna çenli «trillionçylar» toparyna diňe tehnologiýa ägirtleri giren bolsa, indi bu kluba dünýäniň iň iri oflaýn-reteýleri hem goşuldy diýip, Reuters habar berýär
05.02.2026 15:25
6.5k+
Günorta Koreýada miras salgydy baýlary ýurtdan gitmäge mejbur edýär
Günorta Koreýa dünýä boýunça baý adamlaryň iň köp gidýän ýurtlarynyň hataryna girdi. Munuň beýle bolmagy ýurtda bölekleýin hereket edýän miras salgydy ulgamy bilen baglanyşdyrylýar. Britaniýanyň Henley & Partners konsalting kompaniýasynyň seljermesine görä, geçen ýyl koreýaly millionerleriň ýurtdan gidenleriniň sany takmynan 2400 adam boldy
05.02.2026 10:51
3k+
2025-nji ýylda dünýädäki ähli gämileriň ýarysyndan gowragy Hytaýda guruldy
Hytaýyň gämi gurluşyk senagaty 2025-nji ýylda üç sany esasy görkeziji boýunça dünýäde ýene-de birinji orny eýeledi. Ýurt eýýäm 16 ýyl bäri yzly-yzyna öz liderligini saklap gelýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrligi habar berýär
05.02.2026 09:43
2.3k+
Bosch maliýe kynçylyklary zerarly 20 müň işgärini işden boşatmagy meýilleşdirýär
Bosch kompaniýasy ýyllyk girdejisiniň iki esse peselmegi sebäpli Germaniýada 20 müň işgärini boşadar. Bu barada Politico gazeti kompaniýanyň beýanatyna salgylanyp habar berýär. Şeýle karara ýurtdaky soňky 12 ýylyň dowamynda iň ýokary derejä ýeten işsizligiň esasynda gelinendigi aýdylýar
04.02.2026 20:46
3.2k+
Pişikler Tailand ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ykrar edildi
Tailandyň hökümeti pişikleri ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm bölegi diýip ykrar etdi. Bu barada Nikkei Asia neşiri N.C.C. Management & Development kompaniýasynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, pişikler üçin harytlar we hyzmatlar bazary 367,8 milliard bata (11,8 milliard dollar) ýetdi
02.02.2026 16:33
2.4k+
TDHÇMB-da bir hepdede 5,893 mln dollarlyk geleşikler baglaşyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy. Daşary ýurt alyjylary bilen baglaşylan geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 893 müň dollaryndan gowrak boldy diýip, TDH habar berýär
31.01.2026 14:33
7.8k+
Ilon Maskyň üç kompaniýasynyň birleşmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar
SpaceX kompaniýasy Ilon Maskyň beýleki kompaniýalary bolan xAI ýa-da Tesla bilen birleşmek mümkinçiligini maslahatlaşýar diýip, Reuters agentligi habar berýär. Gepleşikler şu ýyla meýilleşdirilen paýnamalaryň ilkinji gezek köpçülige hödürlenmegine (IPO) taýýarlyk görülýän wagty geçirilýär
31.01.2026 09:07
2.8k+
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
31.01.2026 03:24
14k+
Altyn bilen kümüş birden arzanlady
Gymmatbaha metallaryň bazary rekord derejedäki ösüşini bes edip, birdenem pese gaçdy. Bu barada Bloomberg agentligi habar berýär. Gymmatbaha metallaryň arzanlamagyna ilkinji nobatda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasynyň Kewin Uorşy Federal Rezerw Ulgamynyň (FRU) başlygy wezipesine hödürleýänligi baradaky habarlaryň netijesinde dollaryň güýçlenmegi sebäp boldy
30.01.2026 12:22
2.4k+
Aşgabatda mart aýynda IFT 2026 halkara maýa goýum forumy geçiriler
«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumy (IFT 2026) 18-nji martda Aşgabatda geçiriler. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda bolar. Forumyň guramaçylary hökmünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi TMT Consulting Group konsalting kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär
28.01.2026 19:46
7.7k+
7 trillion dollarlyk töwekgelçilik: ýapon obligasiýalarynyň peselmegi dünýä maliýe bazarlaryna wehim salýar
Dünýäniň maliýe ulgamy Ýaponiýadan gelýän täze durnuksyzlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýip, «Bloomberg» habar berýär. Uzak wagtlap iň ygtybarly serişde hasaplanan Ýaponiýanyň 7,3 trillion dollarlyk döwlet obligasiýalar bazary häzirki wagtda global maliýe sarsgynlygynyň merkezine öwrüldi
28.01.2026 15:06
2k+
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kanadanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Kanadanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Astana şäherinde) Kristofer Daggan bilen duşuşdy
28.01.2026 13:31
2.1k+
Türkiýäniň söwda ministri Aşgabatda geçiriljek türk eksport harytlarynyň sergisine gatnaşar
2026-njy ýylyň 10–12-nji fewraly aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport önümleriniň 12-nji sergisi geçiriler. Serginiň açylyş dabarasyna öz ýurdunyň resmi wekiliýetine ýolbaşçylyk etmek bilen Türkiýe Respublikasynyň söwda ministri Omer Bolat gatnaşar
27.01.2026 18:14
7.7k+
Boeing 600 uçar sargydyny bitirdi — bu soňky 7 ýylda kompaniýanyň rekordy
2025-nji ýylda Boeing Co. amerikan awiagurluşyk konserni müşderilere 600 sany täjirçilik uçaryny iberdi. Bu görkeziji geçen ýyldaky 348 uçar bilen deňeşdirilende 72% köpdür. Bu netije kompaniýa üçin 2018-nji ýyldan bäri, ýagny soňky ýedi ýylyň dowamynda iň ýokary görkeziji boldy
27.01.2026 18:00
6.8k+
Saud Arabystany Neom taslamasynyň gerimini kiçeltmegi we konsepsiýany üýtgetmegi meýilleşdirýär
Saud Arabystany 2017-nji ýylda badalga berlen «geljegiň şäherini» döretmek boýunça Neom taslamasynyň gerimini ep-esli kiçeltmegi we konsepsiýany bölekleýin üýtgetmegi göz öňünde tutýar. Bu barada «Financial Times» neşiri habar berýär
27.01.2026 16:31
8.7k+
«Şertnamalaryň enesi»: Ýewropa Bileleşigi we Hindistan 20 ýyl gepleşiklerden soň erkin söwda barada ylalaşyk gazandy
Ýewropa Bileleşigi we Hindistan tas 20 ýyla çeken gepleşiklerden soň, erkin söwda baradaky şertnamany ylalaşdy. Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bu ylalaşygyň global jemi içerki önümiň (JIÖ), takmynan, 25 göterimini we dünýä söwdasynyň üçden birine golaýyny öz içine alýandygyny aýtdy
26.01.2026 14:28
8.4k+
Altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi
Şu gün dünýä biržalarynda altynyň bahasy taryhda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 5000 dollardan geçdi. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, duşenbe güni irden gymmat bahaly metal bir unsiýa üçin 5100 dollar derejesinde satyldy
26.01.2026 08:45
1.4k+
Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär
26.01.2026 03:54
1.9k+
TCL täze hyzmatdaşlygyň çäklerinde Sony-nyň telewizor biznesini öz gözegçiligine alar
Sony we TCL kompaniýalary Sony korporasiýasynyň telewizor we hojalyk audio tehnikalaryny öndürmek boýunça biznesini dolandyrjak bilelikdäki kärhanany döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada kompaniýalaryň umumy beýanatynda aýdylýar
«
1
…
4
5
6
…
14
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
…
14
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.