Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

31.01.2026, 09:072,807

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli Karara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.
Bu resminama «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek, şeýle hem sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi.
Prezidentiň Kararyna laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine agzalan maksatnamanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.