Gurbanguly Berdimuhamedow

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
21.03.2026 08:25
5.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

20-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow uçardan Gazagystanyň gözelligini synlap, K.K.Tokaýewe hat iberdi
20.03.2026 13:18
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow uçardan Gazagystanyň gözelligini synlap, K.K.Tokaýewe hat iberdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň çäkleriniň üstünden uçup barýarka, bu ýurduň tebigat gözelligini synlap, dostluk, doganlyk gatnaşyklaryny ýene bir gezek nygtamak bilen, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hat ýollady
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy
20.03.2026 11:48
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy
Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy
20.03.2026 11:40
4.8k+

Türkmenistan hytaý atşynaslaryny Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy

Hytaýyň «Equuleus» halkara atçylyk toplumynda ahalteke bedewleriniň ýerli muşdaklarynyň öňünde çykyş eden Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda atçylygyň ösdürilişi barada gürrüň berdi we hytaý tarapyny halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy
20.03.2026 11:17
3.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda ahalteke bedewleriniň muşdaklary bilen duşuşdy

Hytaýa saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary we ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi
20.03.2026 10:58
4.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýda «Equuleus» atçylyk toplumyna baryp gördi

19-njy martda Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde «Equuleus» halkara atçylyk toplumyna baryp gördi. Toplumyň girelgesinde ony Hytaý Atçylyk assosiasiýasynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we atçylyk toplumynyň wekilleri garşylady
Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady
19.03.2026 10:26
15k+

Milli Lider Prezident Serdar Berdimuhamedowy wezipesine girişen güni bilen gutlady

Şu gün — 19-njy martda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň türkmen halky tarapyndan döwlet Baştutany hökmünde saýlanyp, wezipä girişmegine dört ýyl bolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowa türkmen halkynyň we Halk Maslahatynyň adyndan gyzgyn gutlaglaryny ýollady
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
19.03.2026 10:21
8.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýyň CNPC korporasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran dostluk saparynyň çäklerinde Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) direktorlar geňeşiniň başlygy Daý Houlýan bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi
19.03.2026 07:21
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Prezidentiň adyndan Si Szinpine ahalteke bedewini sowgat berdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa saparynyň çäklerinde Si Szinpin bilen geçirilen duşuşykdan soň, onuň bilen dostlukly gezelenç etdi. Bu waka iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmegiň we ýokary derejeli ynamyň aýdyň nyşanyna öwrüldi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy
19.03.2026 06:51
6.2k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna (HHR) amala aşyran dostluk saparynyň dowamynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen resmi duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady
11.03.2026 02:01
25k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýranyň Beýik Liderini gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aýatolla Seýed Mojtaba Hoseýni Hameneýä Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Lideri wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýollady
Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy
09.03.2026 03:24
8.1k+

Arkadag şäherinde bejergi alýan gyzjagazlara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

8-nji martda Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi
Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady
09.03.2026 03:19
8.9k+

Milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynda gelin-gyzlary gutlady

Halkara zenanlar gününiň bellenilýän säherinde Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda zenanlaryň baýramy mynasybetli gutlag sözi bilen çykyş etdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy
09.03.2026 02:23
9.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki seýilgähiň gurluşygy boýunça belliklerini aýtdy

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň seýilgähiniň gurulýan ýerine baryp gördi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde görkezildi
Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy
09.03.2026 01:51
12k+

Milli Lider ýaşaýjylary Arkadag şäherine göçürmek meselesine toplumlaýyn çemeleşmäge çagyrdy

7-nji martda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda şäheriň häkimi G.Mämmedowanyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi
09.03.2026 01:39
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. 7-nji martda Arkadag
Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi
02.03.2026 23:55
22k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi
Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi
01.03.2026 21:44
9.4k+

Halk Maslahatynyň Başlygy Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi we atly gezelenç etdi

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna baryp gördi. Ol ýerde Milli Lider Hanbeg atly bedewe atlanyp, birsellem gezim etdi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy
01.03.2026 21:31
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň 5 ýyllygyna taýýarlyk ara alnyp maslahatlaşyldy

28-nji fewralda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Maslahat şäheri ösdürmegiň häzirki zaman meselelerine we öňde duran çärelere taýýarlyk görmäge bagyşlandy
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy
01.03.2026 21:23
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyry bilen tanyşdy

28-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmagyň barşy bilen tanyşdy. Iş saparynyň dowamynda ol alnyp barylýan gurluşyklar we hödürlenen taslama çözgütleri bilen tanyşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Florida ştatyna işewürlik, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaş hökmünde garaýar
24.02.2026 19:00
14k+

Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistan Florida ştatyna işewürlik, sport we syýahatçylyk pudaklarynda hyzmatdaş hökmünde garaýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň dowamynda «Al Arabiya» teleýaýlymyna beren interwýusynda amerikan tarapy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada gürrüň berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumynyň işi bilen tanyşdy
24.02.2026 18:44
8.5k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-da «La Victoria» atçylyk toplumynyň işi bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatynyň Wellington şäherinde ýerleşýän «La Victoria» atçylyk toplumyna bardy. Bu toplum işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny, athanalary, türgenleşik meýdançalaryny we çüwdürimli köli hem-de beýleki ugurdaş desgalary özünde jemleýär
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň golf klublaryna sapary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar
24.02.2026 18:13
8.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-nyň golf klublaryna sapary hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a amala aşyran saparynyň çäginde Florida ştatyndaky «Panther» milli golf klubuna we «Sandhill Crane Golf Club» okuw-türgenleşik merkezine baryp gördi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi
22.02.2026 12:31
7.4k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Germaniýada iş maslahatyny geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparyny tamamlap, Germaniýa Respublikasyna bardy we bu ýerde degişli ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada TDH habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy
22.02.2026 12:21
9.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde bu ýurduň tanymal syýasatşynas işewür adamlary bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri işewürler Stiw Winn, Aýzek Perlmutter, “Oxbow Group” kompaniýasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Wilýam Koh bilen duşuşdy
Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy
22.02.2026 12:10
6.7k+

Arkadag şäherinde we Awazada guruljak golf meýdançalarynyň taslamalary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-a saparynyň çäklerinde “Nicklaus Companies” kompaniýasynyň prezidenti Jon Riz we kompaniýanyň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri bilen duşuşdy. Onda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada aýtdy
22.02.2026 11:35
7.8k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada aýtdy

Amerikan kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda umumy bahasy 45 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan ýüzlerçe ykdysady taslamalar amala aşyryldy we aşyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaz eksporty, Transhazar gaz geçirijisiniň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdi
22.02.2026 11:20
9.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň gaz eksporty, Transhazar gaz geçirijisiniň geljegi barada garaýyşlaryny beýan etdi

Türkmenistan häzirki zaman geoykdysady şertlerde energetika strategiýasyny, şol sanda halkara bazarynda örän jogapkärçilikli, oýlanyşykly esasda şekillendirýär. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Han bilen intwerýusynda aýtdy
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi
22.02.2026 10:55
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-da “Al-Arabiýa” teleýaýlymyna interwýu berdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ saparynyň çäklerinde millionlarça teletomaşaçylary bolan “Al-Arabiýa” teleýaýlymynyň esasy alyp baryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a sapar bilen ugrady
17.02.2026 06:20
16k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ABŞ-a sapar bilen ugrady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri 16-njy fewralda ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ABŞ-a ugrady
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady
09.02.2026 09:35
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň we Ermenistanyň ýolbaşçylaryny halkara baýragy bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana adamzadyň doganlygy ugrunda halkara Zaýed baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlagyny ýollady
Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi
05.02.2026 02:37
5.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi
05.02.2026 02:19
5.1k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi

4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi
05.02.2026 02:14
11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Galkynyş» toparyna 3 million manat we at eýerleri sowgat berildi

Arkadag şäherindäki Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi
Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi
05.02.2026 02:14
8.8k+

Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi

4-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we «At-myrat» okuw merkeziniň okuwçylary bilen duşuşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi
01.02.2026 23:17
18k+

Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag»–«Al-Nasr» oýnunyň öňüsyrasy Olimpiýa stadionyny gözden geçirdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, Olimpiýa stadionynyň öňde boljak halkara futbol bäsleşigine taýýarlyk derejesi bilen tanyşdy. Gürrüň
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi
28.01.2026 06:19
15k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki işleriň guralyşyna nägilelik bildirdi

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
28.01.2026 05:54
9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy

27-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň dowamynda ol şäherde gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalaryň, şaýollaryň we köprüleriň gurluşyk-modernizasiýa işleriniň barşy bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi
24.01.2026 03:26
7.2k+

Gurbanguly Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekilini kabul etdi

23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistandaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
18.01.2026 10:00
5.8k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

17-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.