Gurbanguly Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideriniň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirdi

02.03.2026, 18:5522,066

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana we eýran halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýiniň biwagt aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu agyr pursatda merhumyň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň ruhy Lideriniň ýatan ýeriniň ýagty, jaýynyň jennet bolmagyny dileg etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.