saglyk

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy
04.06.2025 15:47
4.4k+

Beýniniň rak keseli üçin täze immunoterapiýa hassalaryň ömrüni bir ýyldan gowrak uzaltdy

"Gaýtadan düzülen" T öýjüklerine esaslanýan goşa immunoterapiýa beýniniň rak keseli bolan glioblastoma keselli näsaglaryň ömrüni 12 aýdan gowrak uzaltdy. Bu barada Pensilwaniýa döwlet uniwersitetiniň (PSU) lukmançylyk mekdebiniň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berdi
Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler
02.06.2025 13:37
3.7k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler
Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda
02.06.2025 13:31
5.7k+

Iki sany derman serişdesi syçanlaryň ömrüni 30% uzaltdy. Indiki synag adamlarda

Maks Plank Jemgyýetiniň Garramagyň biologiýasy institutynda (Germaniýa) syçanlarda birnäçe synag geçirip gördüler. Barlagçylar rapamisin bilen trametinibiň birleşmeginiň haýwanlaryň ömrüni takmynan 30% uzaldýandygyny anykladylar
Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi
01.06.2025 19:16
6k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar
Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi
30.05.2025 16:54
5.7k+

Russiýada glaukoma operasiýalary üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi

Russiýada glaukomany hirurgiki bejermek üçin dünýäde ilkinji mikrostent döredildi. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň (RYA) prezidenti Gennadiý Krasnikow 28-30-njy maý aralygynda Moskwada geçirilýän RYA-nyň umumy ýygnagynda mälim etdi
Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar
29.05.2025 16:09
1.7k+

Daşkentde Merkezi Aziýa ýurtlary we ÝUNISEF çagalaryň hukuklaryny goramak boýunça tejribe alyşdylar

27-nji maýda Daşkent şäherinde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp, “Çagalaryň hatyrasyna dialog: Merkezi Aziýa we ÝUNISEF” atly ýokary derejeli forum geçirildi. Forumy Özbegistanyň Saglygy goraýyş ministrligi, “Zamin” halkara jemgyýetçilik gaznasy hem-de BMG-niň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) gurady
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy
26.05.2025 23:21
3.3k+

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ministri BSGG-niň Baş müdirine Aşgabatdaky foruma çakylygy gowşurdy

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Myrat Mämmedow Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň Ženewada geçirilen 78-nji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler
26.05.2025 16:58
7.3k+

Seýrek keselli bäbegi özüne ýöriteläp döredilen derman serişdesi bilen halas etdiler

ABŞ-da gaty seýrek genetiki bozulmasy bolan çaga halas edildi. Alymlar onuň DNK-syndaky ýalňyşlygy düzedýän dermany işläp taýýarladylar. Bu diňe bir näsag üçin ýöriteläp derman döredilen ilkinji ýagdaýdyr diýip, “Bereg” neşiri ýazýar
Taýwanda dünýädäki ilkinji robot şepagat uýasy lukmanlara kömek edip başlady
23.05.2025 18:46
5.1k+

Taýwanda dünýädäki ilkinji robot şepagat uýasy lukmanlara kömek edip başlady

Taýwanyň hassahanalarynda lukmançylyk işgärlerine ýardam bermek üçin döredilen dünýäde ilkinji Nurabot robot şepagat uýalary synagdan geçirilip başlandy. Enjam ýönekeý işleri ýerine ýetirýär: dermanlary eltip berýär, palatalara aýlanyp çykýar we gelýänlere ýoldaş bolýar
BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi
23.05.2025 12:05
2.3k+

BSGG üç ýyl çekeleşmeden soň pandemiýalar bilen göreş şertnamasyny kabul etdi

Ženewada geçirilen Bütindünýä saglygy goraýyş assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda BSGG-niň pandemiýalar bilen göreşmek boýunça şertnamasy kabul edildi. Bu resminama babatynda maslahatlar COVID-19 pandemiýasynyň güýjän döwründe başlap, üç ýyl dowam etdi
Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi
23.05.2025 11:44
4.4k+

Hytaýyň dermany rak keseliniň üç görnüşine garşy göreşmekde oňyn netijeleri görkezdi

Hytaýyň Gonkong uniwersitetiniň barlagçylary D3S-001 dermanynyň kliniki synaglarynyň birinji tapgyryny tamamladylar. Derman ownuk däl öýjükli öýken, kolorektal we KRAS-G12C mutasiýaly aşgazan asty mäziniň çişlerini (rak keseli) bejermek üçin niýetlenendir diýip, South China Morning Post habar berýär
Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar
21.05.2025 15:54
5.9k+

Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy
9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir
21.05.2025 15:17
11k+

9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler
ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi
20.05.2025 15:33
9.5k+

ABŞ-da ilkinji gezek adama peşew haltasyny göçürmek boýunça operasiýa geçirildi

Amerikaly hirurglar dünýäde ilkinji gezek adama donor peşew haltasyny göçürdiler. Operasiýa 2025-nji ýylyň maý aýynda Los-Anjelesde Kaliforniýa uniwersitetiniň ýanyndaky Ronald Reýgan lukmançylyk merkezinde geçirildi
Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler
19.05.2025 18:12
5k+

Alymlar düwünçejikde ýüregiň emele gelşini ilkinji gezek wideo ýazga geçirdiler

London uniwersitet kollejiniň we Frensis Krik institutynyň barlagçylary janly syçan düwünçeginde ýüregiň emele gelşiniň ilkinji 3D wideosyny aldylar. Bu barada MedicalXpress neşiri habar berdi. Ýüregiň öýjükleri bolan kardiomiositler fluoresent markerleri bilen bellik edildi we dürli reňklerde yşyklandyryldy
Alymlar uzak oturmagyň Alsgeýmer keseliniň ösüşini çaltlaşdyrýandygyny subut etdiler
18.05.2025 16:36
4.8k+

Alymlar uzak oturmagyň Alsgeýmer keseliniň ösüşini çaltlaşdyrýandygyny subut etdiler

Amerikaly neýrofiziologlar uzak wagtlap oturmagyň beýniniň çal maddasynyň mukdarynyň azalmagyna we Alsgeýmer keselli adamlaryň epizodik ýadynyň ýaramazlaşmagyna getirýändigini anykladylar diýip, EurekAlert ýazýar
Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar
17.05.2025 09:11
7k+

Semizlige garşy meşhur «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşi çykarylar

Daniýaly «Novo Nordisk» farmasewtika korporasiýasy bilen «Septerna» amerikan biotehnologiýa kompaniýasy 2-nji görnüşli süýjüli diabete (süýji kesele) we semizlige garşy «Ozempik» sanjymynyň tabletka görnüşini çykarmagy meýilleşdirýärler
BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar
15.05.2025 11:52
5.8k+

BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar

Ýyl geçdigisaýyn global saglygy goraýyş ulgamynda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barha artýar. 2030-njy ýyla çenli olaryň ýetmezçiligi 4,1 mln adama barabar bolup biler diýlip, Bütindünýä saglygy gorayş guramasy, Halkara şepagat uýalarynyň geňeşi we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar
Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy
14.05.2025 15:50
2k+

Guş dümewine garşy täze işjeň birleşmeler tapyldy

Russiýaly alymlar Morrisonyň goriçnigi (Peucedanum morisonii) atly dermanlyk ösümlikden alnan kumarin esasynda guş dümewine garşy täze birleşmeleri işläp taýýarladylar. Bu birleşmeler lukmançylykda wirusly ýokanç keselleri bejermek üçin ulanylyp bilner diýip, patente salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär
Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler
13.05.2025 13:17
4.8k+

Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler

Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir
Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler
12.05.2025 16:12
2.4k+

Italiýaly alymlar näsagyň demi boýunça böwrek keselini anyklamak üçin datçik döretdiler

Italiýaly fizikler we lukmanlar hassanyň goýberýän deminiň düzümi boýunça ötüşen böwrek keselini anyklap biljek arzan datçigi işläp düzdüler. Bu barada ACS Sensors žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar. Sensor çeýe elektronika we porfirinler toparyna degişli dört organiki maddanyň molekulalary goşulan PEDOT/PSS polimerine esaslanýar
Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler
12.05.2025 06:48
7.7k+

Alymlar adamlaryň ýaralarynyň haýal bitmeginiň sebäbini düşündirdiler

Ýaponiýanyň Rýukýu uniwersitetiniň alymlary tarapyndan geçirilen barlagyň netijesine görä, adamyň derisiniň gaýtadan dikeliş tizligi beýleki süýdemdirijilere we gemrijilere garanyňda has haýal bolýar. Munuň sebäbi, adamlarda tüý follikulalarynyň ýitmegi we der mäzleriniň ösmegi bilen baglanyşyklydyr
Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar
11.05.2025 22:41
6.3k+

Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär
Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar
08.05.2025 16:41
6.3k+

Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar

Amerikaly neýrohirurglar göz hanasyndan aralaşmak arkaly kelleçanagyň düýbündäki çişi aýyrmak bilen özboluşly operasiýany amala aşyrdylar. Operasiýa 19 sagat dowam etdi we munuň üçin ýokary takyklyk gerek boldy
800 ýylan çakmasyndan aman galan adamyň ganyndan 13 sany howply ýylanyň zäherine garşy derman döredildi
06.05.2025 11:54
23k+

800 ýylan çakmasyndan aman galan adamyň ganyndan 13 sany howply ýylanyň zäherine garşy derman döredildi

Alymlar 13 sany howply ýylan görnüşiniň, şol sanda gara mambanyň, şa kepjebaşynyň we gaplaň ýylanynyň zäherini netijeli zyýansyzlandyryp biljek üç komponentli serişdäni hödürledi. Bu barada Cell ylmy neşirinde habar berildi
BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi
06.05.2025 11:17
4.2k+

BSGG-yň Ýewropa sebiti boýunça edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi

Golaýda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Daniýa Patyşalygynyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän Ýewropa sebiti edarasynda Türkmenistanyň güni geçirildi. Çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy diýip, TDH habar berýär
Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler
04.05.2025 13:43
1.7k+

Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler

Halkara alymlar konsorsiumy antibiotikleriň ornuny tutup biljek, ýöne başgaça işleýän täze molekulany döretdi. Ol bakteriýalary öldürmegiň ýerine, olary adam immunitetiniň öňünde has ejiz edýär, ýagny bedeniň özüne ýokançlyga garşy göreşmäge kömek edýär
Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy
01.05.2025 13:07
7.4k+

Düwürtiklere garşy ilkinji sanjymyň kliniki synaglary başlandy

Sanofi farmasewtika kompaniýasy düwürtiklere (aknelere) garşy sanjym boýunça kliniki synaglaryň başlandygyny mälim etdi. Bu barlaglara düwürtiklerden ejir çekýän uly ýaşly adamlar hem gatnaşýar diýip, «Live Science» neşiri habar berýär
Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler
30.04.2025 12:25
6.4k+

Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar
Neuralink ilkinji gezek gapdal amiotrofik sklerozly hassa çip oturtdy
29.04.2025 19:16
6.9k+

Neuralink ilkinji gezek gapdal amiotrofik sklerozly hassa çip oturtdy

Arizonanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Bredford Smit dünýäde Neuralink implanty oturdylan üçünji adam boldy. Ol şeýle operasiýa geçirilen gapdal amiotrofik sklerozly ilkinji gürläp bilmeýän hassadyr. Neuralink kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen çibiň netijesinde Smit pikiriň güýji bilen kompýuteri dolandyrýar, tekst ýygýar we wideo redaktirleýär
Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler
25.04.2025 16:19
3.2k+

Alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny kesel ýüze çykmazdan has öň tanamagy öwrendiler

Amerikaly alymlar Alsgeýmer keseliniň alamatlaryny ilkinji gezek 44 ýaşdan kiçi adamlarda anykladylar. Ozal geçirilen barlaglar, esasan, 50 ýaşdan uly näsaglara gönükdirilipdi. Täze maglumatlar, töwekgelçiligi ir kesgitlemäge we keseliň öňüni almaga mümkinçilik bermek bilen, diagnostika çemeleşmäni üýtgedip biler
ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady
25.04.2025 16:17
3.6k+

ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady

Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär
Eşidişi dikeltmäge niýetlenen täze çeýe neýroimplantat makakalarda üstünlikli synag edildi
21.04.2025 12:01
3.2k+

Eşidişi dikeltmäge niýetlenen täze çeýe neýroimplantat makakalarda üstünlikli synag edildi

Ýewropanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň barlagçylary beýniniň sesleri kabul edýän bölegine birikdirilýän çeýe elektrodlar we elektronika toplumyny döretdiler. Enjam makaka-rezuslarda üstünlikli synag edildi diýip, Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär
Johnson & Johnson OTTAVA hirurgiki robotynyň kliniki synaglaryna başlady
19.04.2025 08:56
2.3k+

Johnson & Johnson OTTAVA hirurgiki robotynyň kliniki synaglaryna başlady

Johnson & Johnson MedTech kompaniýasy özüniň täze OTTAVA hirurgiki ulgamynyň kliniki synaglaryna başlady. Robotyň ulanylmagynda ilkinji operasiýalar üstünlikli geçdi. OTTAVA ýumşak dokuma operasiýalary üçin döredildi
Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş merkezlerine iş saparyny amala aşyrdy
17.04.2025 10:51
21k+

Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş merkezlerine iş saparyny amala aşyrdy

16-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Ahal welaýaty boýunça iş
Pfizer semizlige garşy dermanlary işläp taýýarlamagyny bes etdi
17.04.2025 07:40
2.1k+

Pfizer semizlige garşy dermanlary işläp taýýarlamagyny bes etdi

Pfizer kompaniýasy Novo Nordisk we Eli Lilly kompaniýalarynyň bazardaky meşhur horlandyryjy serişdelerine garşy taýýarlaýan dermanyny işläp düzmegi bes etdi. Bu kararyň kabul edilmegine klinik synaglara gatnaşan bir näsagda bagyr zeperlenmesiniň ýüze çykarylmagy sebäp boldy
Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy
16.04.2025 18:42
9.2k+

Hytaýda bir çaga magnit lewitasiýaly örän ýeňil ýürek oturdyldy

Uhandaky Tunszi lukmançylyk kollejiniň ýanyndaky Bileleşik hassahanasynyň lukmanlary özboluşly operasiýa geçirdi. Olar ýedi ýaşly çaga magnit lewitasiýaly emeli ýüregi oturtdy. Bu ýüregiň agramy bary-ýogy 45 gram bolup, diametri 2,9 sm ýetýär
Emeli aň ýüregiň durmagyny iki hepde öňünden anyklamagy öwrendi
15.04.2025 23:11
3.9k+

Emeli aň ýüregiň durmagyny iki hepde öňünden anyklamagy öwrendi

Fransiýadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary ýüregiň duýdansyz durmak howpuny iki hepde öňünden anyklap bilýän innowasion emeli aň ulgamyny işläp düzdiler. Bu barada geçirilen ylmy-barlagyň netijeleri «European
BSGG geljekki pandemiýalara garşy göreşmek barada şertnama boýunça doly ylalaşyga ýakyn geldi
14.04.2025 23:50
2.6k+

BSGG geljekki pandemiýalara garşy göreşmek barada şertnama boýunça doly ylalaşyga ýakyn geldi

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna (BSGG) agza ýurtlaryň wekilleri geljekde ýüze çykyp biljek pandemiýalaryň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan halkara şertnamanyň esasy maddalary boýunça ylalaşyga geldiler
Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady
09.04.2025 16:31
4k+

Saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady

8-nji aprelde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady. Iki günlük
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.