Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
ýokary tehnologiýalar
Baş sahypa
/
Habarlar
/
ýokary tehnologiýalar
30.01.2026 10:44
1.2k+
Hytaýyň X-Humanoid adam şekilli roboty ilkinji gezek orbitadaky hemra bilen gönüden-göni aragatnaşyga girdi
Hytaýyň X-Humanoid kompaniýasynyň gumanoid (adam şekilli) roboty Ýeriň pes orbitasyndaky hemra bilen gönüden-göni baglanan dünýäde ilkinji robot boldy. Interesting Engineering neşiriniň habar bermegine görä, bu synag Pekinde geçirilen Täjirçilik kosmos senagatynyň ýokary hilli ösüşi boýunça Üçünji maslahatyň çäginde amala aşyryldy
30.01.2026 03:15
2.7k+
Howa arkaly 120 Gbit/s: alymlar örän çalt işleýän simsiz maglumat ugradyş ulgamyny döretdiler
Irwaýndaky Kaliforniýa uniwersitetiniň (UC Irvine) barlagçylary maglumatlary sekuntda 120 Gbit (takmynan sekuntda 15 gigabaýt) tizlikde geçirmäge ukyply simsiz kabul ediji-geçirijini işläp düzdüler. Deňeşdirmek üçin: «Wi-Fi 7» ulgamynyň nazary taýdan iň ýokary çägi 30 Gbit/s töweregi, «5G mmWave» aragatnaşyk ulgamynyňky bolsa 5 Gbit/s çenli ýetýär
30.01.2026 03:01
1.6k+
Şanhaýda robotlar üçin bogun öndürýän dünýäde ilkinji zawod açyldy
Şanhaýda adamşekilli robotlar üçin elleriň, aýaklaryň we beýleki «beden agzalarynyň» hereketine jogap berýän bogunlary öndürmäge ýöriteleşdirilen dünýäde ilkinji zawod işe girizildi. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
29.01.2026 19:40
4.5k+
Singapur emeli aňy ösdürmek üçin 786 million dollardan gowrak serişde sarp eder
Singapur emeli aň ulgamynda gözlegleri we işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmegiň Milli meýilnamasyna (NAIRD) 1 mlrd Singapur dollaryndan ($786 mln) gowrak serişde gönükdirer. Bu barada Singapuryň Sanly ösüş we maglumat ministrligi (MDDI) habar berýär diýip, Channel News Asia belleýär
29.01.2026 16:22
7.4k+
Eýesiniň yzyna özi düşüp ýörýän uçýan saýawan döredildi
YouTube-daky "I Build Stuff" kanalynyň awtory, inžener Jon Sze ýagyş ýaganda adamyň yzyna özbaşdak eýermäge ukyply awtonom uçýan saýawan oýlap tapdy. Enjam dron tehnologiýalaryna esaslanyp bolup, adamyň depesinde pasyrdaýar we saýawany elde saklap durmak zerurlygyny aýyrýar
29.01.2026 13:43
2k+
Analog çip sanly prosessorlardan 5000 esse netijeli bolup çykdy
Italiýada maglumatlary işläp taýýarlamakda energiýa sarp edilişini sanly çözgütler bilen deňeşdirilende 5000 essä çenli azaldýan analog prosessoryň prototipi işlenip düzüldi. Milanyň politehniki uniwersitetiniň barlagçylarynyň TechXplore neşirine beren maglumatyna görä, bu enjam robototehnika we emeli akyl ulgamlary üçin niýetlenendir
29.01.2026 07:04
2.1k+
Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi
Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy
29.01.2026 02:06
2k+
Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler
Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi. Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar
28.01.2026 16:25
4.8k+
Kosmonawtlar üçin kir ýuwujy maşyn we duş kabinasy döredilýär
2026-njy ýylyň tomsunda Halkara kosmos stansiýasy (HKS) üçin niýetlenen kir ýuwujy maşynyň prototipiniň ýerüsti synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär. Bu barada «Himiýa maşyn gurluşygynyň ylmy-gözleg instituty» paýdarlar jemgyýetiniň geljegi uly taslamalar bölüminiň başlygy Ýewgeniý Uýmanowa salgylanyp, TASS habar berýär
28.01.2026 11:48
7.6k+
Hytaýda robot-it −30 °C sowukda we boýy 4 metre ýetýän garda synagdan geçirildi
Deep Robotics kompaniýasy LYNX M20 robot-itini Hytaýyň demirgazygyndaky örän sowuk gyş şertlerinde synagdan geçirdi. RIA Nowosti-niň habar bermegine görä, synaglar Içki Mongoliýanyň Hulun-Buir şäher sebtinde bolup geçdi
26.01.2026 08:45
1.4k+
Epic bilen Google assyrynlyk bilen 800 million dollarlyk şertnama baglaşdylar
Epic Games we Google kompaniýalary Unreal Engine oýun hereketlendirijisini (dwižogyny) hem-de hyzmatlaryny bermek barada 800 million dollarlyk ylalaşyga geldiler. Bu barada San-Fransiskonyň okrug kazyýetinde mälim boldy, diýip The Verge neşiri habar berýär
26.01.2026 04:09
5.2k+
Hytaý alymlary saçyň tary ýaly inçe we çeýe sapaga millionlarça tranzistory sygdyrdylar
Hytaýda çeýe elektronikanyň geljekdäki köpçülikleýin önümçiligi üçin esas döredildi. Taslamany düzüjiler inçejik çeýe sapak görnüşinde mikroshema taýýarladylar. Geljekde şeýle sapaklardan hasaplamalary ýerine ýetirip, neýroulgamlar bilen işläp we maglumatlary görkezip biljek matalary dokap bolar
23.01.2026 20:24
2.5k+
Robot el dyrmaşyp we elýeterden uzakdaky zatlary gapjap alyp bilýär
Lozannanyň Federal politehniki mekdebiniň (EPFL) alymlary özbaşdak hereket edýän we zatlary gapjap tutup bilýän robot eli döretdiler. Biraz möýi ýatladýan robot esasy manipulýator golundan «gopup», elýeterden uzakdaky ýerlere ýetip, zerur zatlary «ele salyp», yzyna gaýdyp bilýär
19.01.2026 15:08
3.4k+
Adamyň ýüz hereketlerini gaýtalaýan robot döredildi
Täze robot söhbetdeşiniň ýüz keşbiniň nähili boljakdygyny öňünden duýýar we 11 dilde dodak hereketlerini gaýtalaýar. Kolumbiýa uniwersitetiniň alymlary robotlara adamyň başdan geçirip duran ýagdaýyndaky dodak we ýüz hereketlerini sinhronlaşdyrmaga mümkinçilik berýän tehnologiýany hödürlediler
14.01.2026 10:51
2.9k+
Akylly pyçaklar we «janly» suratlar: CES 2026-da tehnologiýa innowasiýalary
Geçen hepde Las-Wegasda CES 2026 halkara sarp ediş elektronika sergisi tamamlandy. Şu ýyl çäre 150 müň töweregi myhmany we öz soňky önümlerini hödürlän dört müňden gowrak tehnologiýa kompaniýasynyň wekillerini özüne çekdi
04.01.2026 12:12
6.3k+
Science žurnaly 2025-nji ýylyň on sany esasy ylmy üstünligini aýtdy
Abraýly Science ylmy žurnalynyň redaksiýasy 2025-nji ýylda gazanylan möhüm 10 sany ylmy üstünligiň sanawyny düzmek bilen bu ýyly jemledi. 1. Gaýtadan dikeldilýän energetika Bu gezek neşir reýtingiň başynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň – Günüň, ýeliň we gidroenergetikanyň ulanylyşynyň çalt depginde ösüşini ýerleşdirdi
02.01.2026 11:21
2.1k+
LG CES 2026-da öý işlerine kömek etmek üçin niýetlenen CLOiD robotyny görkezer
LG CLOiD roboty barada täze maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa bu roboty 6-9-njy ýanwar aralygynda Las-Wegasda geçiriljek CES 2026 halkara sergisinde tanyşdyrar. CLOiD LG-niň hojalyk robototehnikasyny ösdürmekdäki täze tapgyryny alamatlandyrýar
29.12.2025 13:59
3.5k+
Şweýsariýaly alymlar howa köpürjiklerinden ýasalan «myşsaly» ýumşak robot döretdiler
Şweýsariýanyň Sýurih federal tehnologiýa institutynyň (ETH Zurich) alymlary skat balygynyň hereketlerini gaýtalap bilýän, simsiz işleýän Stingraybot atly kiçijik roboty işläp taýýarladylar. Enjamyň ini takmynan 4 santimetr bolup, ol lukmançylyk barlaglary we hassalary hirurgiki däl usulda bejermek üçin niýetlenendir diýip, New Atlas neşiri habar berýär
25.12.2025 12:15
2.8k+
Emeli aň termoyadro plazmasyny modelirlemegi birnäçe günden sekuntlara çenli çaltlandyrdy
Alymlar termoýadro plazmasynyň modelirlemesini müňlerçe esse çaltlandyrmaga ukyply bolan emeli aň esasyndaky guraly tanyşdyrdylar. GyroSwin ulgamy Beýik Britaniýanyň Atomyň energiýasy boýunça müdirliginiň (UKAEA), Linssdäki Iogann Kepler uniwersitetiniň we Emmi AI kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzüldi
15.12.2025 08:34
1.8k+
ABŞ-da gatanda CO₂-ni siňdirýän beton işlenip düzüldi
Massaçusetsdäki Wuster Politehniki Institutynyň (WPI) alymlary Fermentatiw Gurluşlyk Materialy (ESM) diýlip atlandyrylýan innowasion gurluşyk materialyny işläp düzdüler. Onuň esasy aýratynlygy uglerod-negatiw bolmagydyr: gatama prosesinde ol kömürturşy gazyny çykarman, tersine, atmosferadan kömürturşy gazyny işjeň özüne siňdirýär
12.12.2025 15:36
5.8k+
Robot-hirurg ilkinji gezek kataraktany aýyrmak boýunça operasiýa geçirdi
Lukmançylyk bilen inženerçiligiň çatrygynda göz hirurgiýasynda uly öwrülişikleri wada berýän düýpli öňe gidişlik boldy: Kaliforniýanyň Los-Anjeles uniwersitetinde (UCLA) işlenip düzülen robot ulgamy dünýäde ilkinji gezek adamda kataraktany aýyrmak boýunça operasiýany üstünlikli geçirdi
04.12.2025 13:39
6.6k+
Hytaýly alymlar howadan suw alýan “awtobus duralgasyny” döretdiler
Szýaotun Şanhaý uniwersitetiniň alymlary agyz suwuny gönüden-göni atmosfera howasyndan almaga mümkinçilik berýän tehnologiýany döretdi. Bu barada China Daily habar berýär. Bu tehnologiýa kondensasiýa, çyglylygy siňdirmek we ýylylyk nasosy ýaly usullary ulanýar
27.11.2025 10:26
1.7k+
Alymlar ilkinji gezek biologik materiallar bolmazdan emeli beýni dokumasyny döretdi
Riwersaýddaky Kaliforniýa uniwersitetiniň bioinženerleri beýni dokumasyna meňzeş doly emeli dokumanyň döredilendigini habar berdi. Alymlara ilkinji gezek şeýle materialy hakyky biologik maddalary ulanmazdan döretmek başartdy
24.11.2025 12:03
4.5k+
Hytaý roboty durmazdan 100 km-den gowrak ýol geçip, Ginnesiň rekordyny goýdy
Hytaýyň AgiBot (Zhiyuan Robotics) kompaniýasynyň adam şekilli roboty Suçžou bilen Şanhaýyň arasynda durmazdan 106 km ýol geçdi. Bu üstünlik “gumanoid robotynyň iň uzak pyýada syýahaty” hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
16.11.2025 18:09
2.9k+
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Sanly çözgüt – 2025» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu çäre ýurduň telekommunikasiýa we IT ulgamynda esasy waka bolan «Türkmentel–2025» XVIII Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň dabaraly ýapylyşynyň çäklerinde geçirildi
15.11.2025 00:14
8.9k+
Russiýanyň ilkinji gumanoid roboty tanyşdyryldy: birnäçe ädimden soň ol ýykyldy
Moskwada Russiýanyň emeli aňly (EA) ilkinji adam şekilli (gumanoid) robotynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada TASS agentligi Milli Tehnologiýa Koalisiýasyna salgylanyp habar berdi. "Moskwa" agentliginiň maglumatyna görä, "Aýdol" (Aidol) atly robot deňagramlylygyny saklap bilmän, eýýäm tanyşdyrylyşyň başynda ýykyldy
11.11.2025 15:19
4.1k+
Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler
Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar
10.11.2025 13:10
5.8k+
Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler
Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi
04.11.2025 19:42
3.9k+
Günorta Koreýada ekzoskeletli geýimköpçülikleýin öndürilmäge taýyn edildi
Günorta Koreýada täze görnüşli ekzoskelet oturdylan ýeňil geýim — “robo-mata” bilen işlýän kostýum köpçülikleýin önümçilige taýyn edildi. Bu çözgüt Koreýanyň Maşyngurluşyk we materiallar institutynyň (KIMM) robotika boýunça Öňdebaryjy tehnologiýalar merkezinde işlendi diýip, Eurekalert habar berýär
04.11.2025 19:08
3.7k+
«Sanly çözgüt – 2025» bäsleşigine şu günki güne çenli 350-den gowrak sanly taslamalar gelip gowuşdy
Türkmenistanda «Sanly çözgüt – 2025» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär. Bäsleşik yglan edilen gününden bäri, ýurdumyzyň tehnologik özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriniň, talyp we okuwçy ýaşlarynyň 350-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy
28.10.2025 12:54
7.4k+
Şençhende geljegiň logistikasy ýola goýuldy: köçelerde eýýäm 10 müň sany robot-furgon hereket edýär
Şençhende köçelerde we hatda metroda hem 10 000 sany robotlaşdyrylan furgon gatnadylyp başlandy. Olar SF Express atly logistika kompaniýasy tarapyndan ýükleri adam gatnaşmazdan daşamak üçin ulanylýar. Bu furgonlary Neolix kompaniýasy öndürýär
24.10.2025 12:18
4.6k+
Time 2025-nji ýylyň iň beýik 300 oýlap tapyşynyň reýtingini hödürledi
Time žurnaly Time’s Best Inventions 2025 reýtingini – soňky 365 günde döredilen iň möhüm oýlap tapyşlaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl redaksiýa 300 innowasiýany saýlady – bu öňkülerden has köpdür. Oýlap tapyşlar kategoriýalar boýunça bölündi: robototehnika, gözellik, dynç alyş, saglyk, dizaýn, oba hojalygy, iýmit, emeli aň we beýlekiler
23.10.2025 09:51
5.6k+
“Dünýäniň iň berk çadyry”: nemes kompaniýasy sagatda 180 km tizlikli şemala çydamly çadyr döretdi
Germaniýanyň Heimplanet kompaniýasy “dünýäde iň berk ekspedisiýa çadyry” hökmünde tanadylan Mavericks Blue Ice modelini görkezdi diýip, New Atlas ýazýar. On adama niýetlenen bu çadyr sagatda 180 kilometre çenli ýele çydamly
16.10.2025 10:31
10k+
Ýaponiýada AI bilen işleýän “adam ýuwujy kirmaşyn” görkezildi: 15 minuda ýuwup, guradyp berýär
Ýaponiýanyň Osaka şäherinde ýerleşýän Science kompaniýasy “Mirai Renjian” atly täsin enjamy — awtomatiki tämizleýji we rahatlandyryjy owkalaýjy kapsulany (“adam ýuwujy kirmaşyny”) hödürledi. Täze enjam emeli aň (AI) tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylypdyr
15.10.2025 15:13
3.8k+
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy suw geçirmeýän DR02 gumanoid robotyny görkezdi
Hytaýyň Deep Robotics kompaniýasy DR02 atly gumanoid robotyny tanyşdyrdy. Bu robot çylşyrymly senagat we köçe şertlerinde işlemäge ukyply. Onuň korpusy IP66 standartyna laýyklykda suwdan we tozandan goragly, bu robotyň ýagyşly, tozanly we ýokary çyglylyk şertlerinde işläp bilmegine mümkinçilik berýär
09.10.2025 17:10
5.7k+
Alymlar bir öýi bir günläp energiýa bilen üpjün edip bilýän beton batareýasyny döretdiler
Massaçusets Tehnologiýa Institutynyň (MIT) alymlary öň işlenip düzülen elektron geçiriji uglerodly betony (ec3) kämilleşdirdiler. Bu işläp taýýarlama öýüň binýadyny ýa-da diwarlaryny energiýa saklaýan enjama öwürýär diýip, New Atlas habar berýär
06.10.2025 10:46
7.7k+
Awstraliýaly robot möý bir jaýy 24 sagadyň içinde çap edýär
Awstraliýada äpet möý şekilli üýtgeşik gurluşykçy robot oýlanyp tapyldy. Crest Robotics we Earthbuilt Technology kompaniýalary tarapyndan döredilen, "Şarlotta" diýlip atlandyrylýan oýlap tapyş, takmynan, 200 inedördül metrlik jaýy 24 sagadyň içinde çap etmäge ukyplydyr diýip, ABC habar berýär
06.10.2025 10:42
4.7k+
Alymlar ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini ösdürip ýetişdirdiler
Oregonyň Saglyk we ylym uniwersitetiniň alymlary ilkinji gezek deri öýjüklerinden adamyň ýumurtga öýjüklerini döretdiler. Bu tehnologiýa önelgesizligi bejermekde öwrülişik döredip, ýaş, kesel ýa-da himiýa bejergisiniň täsiri sebäpli ýumurtga öndürmek ukybyny ýitiren aýallar üçin täze mümkinçilik döredip biler diýip, "The Guardian" gazeti habar berdi
19.09.2025 14:45
2.3k+
Finger Maus – täze barmak syçanjygy hödürlendi
Tehnologiýa bazarynda täze enjam – Finger Maus gajeti peýda boldy. Ol kursory stol we halyça bolmazdan gönüden-göni howada dolandyrmaga mümkinçilik berýär diýip, TechSpot habar berýär. Enjam süýem, orta ýa-da ogulhajat barmaga dakylýar we simsiz syçanjyk ýaly işleýär
18.09.2025 13:42
5.9k+
ABŞ-da böwrekdäki daşy aýyrmak bejergisinde ilkinji gezek robotlaşdyrylan Focalist ulgamyny ulandylar
Lukmançylyk tehnologiýalary pudagynda işleýän Mendaera kompaniýasy robotlaşdyrylan göçme Focalist ulgamyny ulanyp, dünýädäki ilkinji operasiýanyň geçirilendigini yglan etdi. Mayo Clinic Arizona-nyň urology Karen Stern ony böwrekdäki uly daşlary bejermegiň adaty görnüşi bolan howply nefrolitotomiýa (PCNL) wagtynda ulandy
«
1
…
5
6
7
…
18
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
…
18
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.