Fransiýada döwlet gullukçylaryna Google Meet we Zoom ulanmagy gadagan ederler

28.01.2026, 21:061,963

Fransiýanyň hökümeti döwlet gullukçylaryna Google Meet, Zoom we Microsoft Teams ýaly Amerikanyň wideoaragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýär. Bu barada Politico habar berdi.
Neşiriň berýän maglumatyna görä, premýer-ministriň diwany ýakyn günlerde resmi wezipeli şahslara wideoaragatnaşyklary diňe Fransiýanyň öz Visio platformasy arkaly geçirmek baradaky talapnamany ýollar. Bu platforma ýörite döwlet edaralarynda ulanmak üçin niýetlenendir.
Şeýle-de habarda bellenilişi ýaly, bu karar Ýewropada ABŞ-nyň kompaniýalary tarapyndan hödürlenýän sanly hyzmatlara baglylygyň artmagy bilen bagly aladalaryň çäginde kabul edildi.

Mundan ozal hem Fransiýa sanly aragatnaşyk ulgamynda şuňa meňzeş ädimleri ädipdi. 2025-nji ýylyň tomsunda resmi şahslara WhatsApp we Telegram messenjerlerinden ýüz öwürmek barada görkezme berlipdi. Olaryň deregine bolsa döwlet edaralarynyň islegleri üçin ýörite işlenip düzülen Tchap messenjerine geçmek teklip edilipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.