Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Ýaponiýa
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Ýaponiýa
28.05.2025 13:59
5.3k+
«Resilience» ýapon moduly Aýa gonmazdan öň surat iberdi
«ispace» ýapon kompaniýasy «X» sosial torunda «Resilience» gonuş modulynyň täze düşüren suratyny paýlaşdy. Suratda Aýyň Günorta polýusy we onuň töweregi görünýär. Modul şu ýylyň ýanwarynda «Falcon 9» raketa göterijisi arkaly Ýeriň hemrasyna ugradyldy
23.05.2025 19:17
3.8k+
Ýapon alymlary emeli aňa ganyň lagtalanmagyny öňünden anyklamagy öwretdiler
Tokio uniwersitetiniň alymlary gan damarlarynda gan lagtalarynyň (tromblaryň) döremegini häzirki wagtda ýüze çykarmaga mümkinçilik berýän täze usuly hödürlediler. Bu tehnologiýa täze nesil mikroskop bilen emeli aňyň utgaşmasyna esaslanýar
15.05.2025 11:27
3.5k+
Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi
Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär
12.05.2025 16:32
3.4k+
Nissan Ýaponiýada 1 mlrd-lyk taslamasyny ýatyrýar. Kompaniýa ýitgiler sebäpli çykdajylaryny azaldýar
Nissan Motor kompaniýasy Ýaponiýanyň Kitakyusýu şäherinde elektrik ulaglary üçin LFP batareýalaryny öndürýän zawod gurmagy goýbolsun etdi. Taslamanyň bahasy 153,3 milliard ýena (takmynan 1,05 milliard dollar) bolmalydy diýip, Reuters belleýär
12.05.2025 07:03
2.5k+
Ýaponiýanyň ispace-niň Resilience moduly 4 aýlyk uçuşdan soň Aýyň orbitasyna ýetdi
Ýaponiýanyň ispace kompaniýasynyň ýanwar aýynda Hakuto-R Mission 2 missiýasynyň çäginde uçurylan Resilience Aý moduly Aýyň orbitasyna üstünlikli girdi. Apparaty 5-nji iýunda Ýeriň hemrasynyň üstüne gondurmak meýilleşdirilýär diýip, işläp düzüjiler habar berdiler
11.05.2025 22:25
11k+
Diňe benzinli Corolla-lar geçmişde galdy. Toyota 15 700 dollardan täze gibrid Corolla-ny hödürledi
Toyota Ýaponiýada Corolla awtomobilleriniň täzelenen hataryny hödürledi we ýurtda satylýan ähli modelleriň indi diňe gibrid boljakdygyny habar berdi. Bu awtomobilleriň hem benzin, hem elektrik hereketlendirijisini ulanjakdygyny aňladýar
08.05.2025 12:12
2.3k+
Ýaponiýada ýaşy 2,6 mln ýyl bolan gadymy kebelek tapyldy: onuň 9 sm ganatlary bolupdyr
Alymlar Ýaponiýada ozal näbelli kebelegiň daşa öwrülen galyndylaryny tapdy. Bu tapyndy Osakadan, takmynan, 180 km uzaklykda, Hiogo prefekturasynyň Sin’onsen şäherçesinde ýüze çykaryldy. Kebelegiň ganatynyň gerimi dokuz santimetre ýetipdir
05.05.2025 15:19
5.6k+
Ýaponiýaly boksçy Naoýa Inoue dördünji gezek absolýut çempion titulyny gorady
Las-Wegasda (ABŞ) 5-nji maýa geçilen gije professional boks agşamy geçirildi. Agşamyň esasy söweşinde ýaponiýaly Naoýa Inoue amerikaly Ramon Kardenasy tehniki nokaut bilen ýeňdi we yzygider dördünji gezek ikinji ýeňil agramda absolýut çempion adyny gorady
30.04.2025 14:08
15k+
Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi
Ýaponiýada ýaşaýan 27 ýaşly hytaýly talyp 4 günüň dowamynda Fudzi dagynyň gerşlerinden iki gezek halas edildi. Ýaş ýigit ýitiren smartfonyny gözläp, daga dolanyp barypdyr diýip, «BBC» habar berýär. Ilkinji gezek 22-nji aprelde ony dagyň, takmynan, 3000 metr belentligindäki ýodadan dikuçar bilen alyp gaýtdylar
30.04.2025 11:47
7.6k+
Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy
Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy
29.04.2025 21:45
10k+
Ýaponiýada ýertudanany özbaşdak ýygnap bilýän robot döredildi
Osaka uniwersitetiniň inženerleri ýyladyşhananyň içinde özbaşdak hereket edip, dikligine ekilen ýertudanalardan miwelerini ýygnap bilýän roboty hödürlediler. Prototip nawigasiýa üçin LiDAR sensorlardan peýdalanýar we geljekde işçi güýjüniň ýetmezçiliginiň öwezini dolmagy maksat edinýär diýip, «Interesting Engineering» neşiri habar berýär
28.04.2025 12:20
5.4k+
Kaliforniýa Ýaponiýany geçip, dünýäniň iň uly 4-nji ykdysadyýeti boldy
24-nji aprelde ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň gubernatory Gewin Nýusom Halkara pul gaznasynyň (IMF) 2024-nji ýyl boýunça maglumatlaryna görä, Kaliforniýanyň nomininal jemi içerki önüminiň (JIÖ-niň) 4,1 trln dollara ýetendigini aýtdy
24.04.2025 17:55
6.7k+
Ýaponiýada ýyldyrym urmasyny özüne kabul edýän dronlar synagdan geçirildi
Ýaponiýada Nippon Telegraph and Telephone (NTT) kompaniýasy tarapyndan döredilen ýyldyrym urgusyny sowýan dronlaryň synaglary geçirildi. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär. Synaglar 2024-nji ýylyň dekabryndan 2025-nji ýylyň ýanwary aralygynda 900 metr belentlikde Hamada şäheriniň golaýyndaky daglarda geçirildi
17.04.2025 22:18
2.4k+
Ýaponiýadaky howa menziliniň ady wagtlaýyn «Hello Kitty» diýlip üýtgedildi
Ýaponiýanyň Kunisaki şäherinde alty aýlap «Oita Hello Kitty howa menzili» diýlip atlandyryljak täze howa menzili açyldy. Bu barada Sanrio Entertainment kompaniýasy «PR Times» portaly arkaly habar berdi. Bu üýtgeşme Oita prefekturasynyň 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Osakada geçiriljek «EKSPО — 2025» sergisine gatnaşmagy bilen baglanyşyklydyr
16.04.2025 17:52
4.1k+
Türkmenistan Ýaponiýa bilen senagat we energetika taslamalary boýunça birnäçe ikitaraplaýyn ylalaşyklara gol çekdi
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi. Gol çekilen resminamalaryň hatarynda: «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd
16.04.2025 17:46
9.1k+
Serdar Berdimuhamedow ýapon kompaniýalaryna birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri geçiren duşuşygynyň barşynda ýapon işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk tekliplerini beýan etdi. Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys
16.04.2025 10:35
5.3k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy
15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi
15.04.2025 18:30
7.5k+
Serdar Berdimuhamedow Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory boldy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýaponiýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Sukuba uniwersitetiniň «hormatly doktory» diýen at dakyldy. 15-nji aprelde «Imperial Tokyo» myhmanhanasynda
15.04.2025 18:28
3.4k+
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy
Şu gün, 15-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Tokioda Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba bilen duşuşdy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany düýn Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä
15.04.2025 18:23
4.1k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün irden Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy. Bu barada "Türkmenistan" gazetiniň elektron neşiri habar berýär. Ýapon Imperatorynyň
15.04.2025 07:28
8.8k+
Serdar Berdimuhamedowyň «EKSPO — 2025-de» Türkmenistanyň Milli gününiň açylyşyndaky ÇYKYŞY
(Osaka şäheri, 2025-nji ýylyň 14-nji apreli) Hormatly dabara gatnaşyjylar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, siziň ähliňizi “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs
15.04.2025 07:25
4.6k+
Serdar Berdimuhamedow Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
14-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa
14.04.2025 16:19
6.7k+
«EKSPO — 2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli güni geçirilýär
Şu gün, 14-nji aprelde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde Türkmenistanyň Milli güni guraldy. Bu iri gözden geçirilişe 160-a golaý ýurt gatnaşýar. “Türkmenistan”
14.04.2025 12:23
8.1k+
Serdar Berdimuhamedow Osakada «EKSPO — 2025-däki» Türkmenistanyň pawilýonyna baryp gördi
14-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň çäginde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşdy. Bu barada “Türkmenistan”
13.04.2025 16:36
9.8k+
Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady
Şu gün, 13-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sapar bilen Ýaponiýa ugrady diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi
12.04.2025 10:39
9.4k+
Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrar
11-nji aprelde geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş saparyna görülýän taýýarlyk boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
10.04.2025 13:26
5.3k+
Bridgestone ýapon kompaniýasy Aýda ýöremek üçin polat tekerleri işläp taýýarlady
Bridgestone ýapon kompaniýasy kiçi we orta ölçegli Aý rowerleriniň ýöreýiş ukybyny kämilleşdirmäge synanyşýar. Şu maksat bilen, olar ikinji nesil tekerleriň tutuşlygyna polatdan ýasalan iki täze görnüşini işläp
09.04.2025 14:08
3.7k+
Deňizde bir gijäniň dowamynda dargamaga ukyply plastik işlenip düzüldi
RIKEN atly ýapon ylmy-barlag institutynyň işgärleri deňiz suwunda doly dargaýan we yzynda mikro bölejikleri galdyrmaýan täze görnüşli plastigi işläp düzdüler. Plastika «supramolekulýar polimerlere» esaslanýar.
09.04.2025 11:31
2.6k+
Türkmenistanyň Bilim ministrligi wodorod energiýasy boýunça Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eder
7-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň arasynda wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy-barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda
06.04.2025 16:09
2.1k+
Maks Werstappen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji gezek ýeňiji boldy
27 ýaşly niderlandly ýaryş sürüjisi hem-de Formula-1-iň dört gezek çempiony Maks Werstappen «Red Bull» toparynyň wekili hökmünde «Suzuka» ýaryş ýolunda geçirilen Ýaponiýanyň Gran-prisinde yzly-yzyna dördünji ýeňşini
06.04.2025 12:36
7.1k+
Ýaponiýanyň ilçisi Balkan welaýatynda saparda boldy
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hirosi Sasaki ýakynda Balkan welaýatyna sapary amala aşyrdy. Ýaponiýanyň diplomatik edarasynyň saýtynda habar berilişi ýaly, saparyň çäklerinde
06.04.2025 11:40
2.5k+
Aşgabatda ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagy geçiriler
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berdi. Synagy tabşyrmak
31.03.2025 20:16
9.6k+
Toyota, Nissan, Honda ... fewralda haýsy ýapon awtoulag ägirdi satuwda öňdebaryjy boldy?
Ýaponiýanyň awtoulag öndürijileri 2025-nji ýylyň fewral aýynyň önümçilik we satuw netijelerini yglan etdiler. Kompaniýalar dürli öndürijilik görkezijilerini görkezdiler. Umuman aýdanyňda, bazar pudagyň global üýtgeýän
24.03.2025 18:48
6.7k+
Ýaponiýada sakura gülläp başlady
Ýaponiýada köpden bäri garaşylýan - sakuranyň gülleýän möwsümi başlandy. Koti we Kumamoto prefekturalaryndaky agaçlarda ilkinji bäş-alty sany gunça pyntyk gülledi diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär. Sakuranyň
19.03.2025 12:14
4.5k+
Ýaponiýada syýahatçylary azaltmak üçin Fudzi dagyna çykmak tölegli bolar
2025-nji ýylyň iýul aýyndan sentýabr aýy aralygynda Ýaponiýada dört esasy ugur boýunça Fudzi dagyna çykmak üçin 4000 ýena (takmynan, ABŞ-nyň 26 dollary) möçberinde töleg giriziler. Ozal töleg diňe Ýosida ýodasynda
16.03.2025 22:02
5.1k+
Ýaponiýada 3D-printerde demir ýol stansiýasy çap ediler
Ýaponiyada dünýäde ilkinji 3D-printerde çap edilen demir ýol stansiýasynyň gurluşygyna başlandy. Bu taslamany «West Japan Railway» bilen binalary 3D çap etmek boýunça ýöriteleşen «Serendix Inc.» kompaniýasy bilelikde
15.03.2025 05:47
1.7k+
Türkmenistanyň “EKSPO — 2025” sergisiniň çäklerinde geçirjek çäreleriniň sanawy işlenip taýýarlanyldy
Türkmenistan şu ýylyň aprel-oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine ýokary derejede gatnaşmak boýunça taýýarlyk işlerini alyp barýar. 14-nji martda geçirilen
11.03.2025 21:54
3k+
Ýaponiýada ilatyň garramagy bilen hyzmatçylyk ulgamynda robotlara bolan isleg artýar
Ýaponiýada ilatyň garramagy we işçi güýjüniň ýetmezçiligi sebäpli, ýerli kompaniýalar barha köp hyzmatçy robotlara ýüz tutýarlar diýip, «Bloomberg» neşiri habar berýär. Fuji Keizai gözleg kompaniýasynyň maglumatlaryna
11.03.2025 17:32
7.9k+
Ýaponiýa bazary durnuklaşdyrmak üçin strategiki ätiýaçlyklaryndan tüwi satyp başlady
Ýaponiýanyň Oba hojalyk ministrligi dänäniň bahasynyň ýokarlanmagynyň öňüni almak maksady bilen, strategiki ätiýaçlyklaryndan tüwi satyp başlady. Ilkinji auksion 10-njy martda geçirildi diýip, «The Japan News» habar
11.03.2025 15:18
5k+
Toyota bölek şaýlaryň ýetmezçiligi sebäpli ýene bir gurnama hataryny togtadýar
Ýaponiýanyň Toyota Motor kompaniýasy ýakynda konsern üçin zerur şaýlary taýýarlaýan Chuo Spring kompaniýasynyň zawodynda bolan partlama sebäpli ýene bir gurnama hatarynyň işini togtatmaga mejbur bolýar. Bu barada
«
1
…
5
6
7
…
20
»
«
1
2
3
4
5
6
7
8
9
10
…
20
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.