Aşgabatda ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagy geçiriler

06.04.2025, 11:402,584
1 / 2

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça 2025-nji ýylyň ilkinji synagynyň (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) geçirilýändigi barada habar berdi.

Synagy tabşyrmak isleýänler synag boýunça maslahatlary we arzanyň formasyny almak üçin Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna (“Paýtagt” SM, 9-njy gat) ýüz tutmaly.
Arzalar 10-njy aprelden kabul edilip başlanar (sagat 09:30-dan 12:45-e çenli, 14:00-dan 17:00-e çenli).

Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synag Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 6-njy iýulynda geçiriler.
Ýapon dilini biliş derejesini anyklamak boýunça synag (Japanese-Language Proficiency Test, JLPT) - bu ýapon dili ene dili bolmadyk şahslar üçin ýapon dili biliminiň derejesini kesgitlemek boýunça halkara synagydyr.
Synaga gatnaşmak üçin ýaş we beýleki çäklendirmeler ýok, ýeke-täk şert – ýapon dili synaga gatnaşýanyň ene dili bolmaly däl. Synagy üstünlikli tabşyran ýagdaýynda gatnaşyja dil biliminiň islendik derejesini resmi ýagdaýda tassyklaýan şahadatnama berilýär.
Synag N5-den (iň pes) N1-e (iň ýokary) çenli bäş derejä bölünýär. Arzany tabşyrmak isleýän gatnaşyjy öz bilimine laýyklykda synagy tabşyrmak üçin derejesini özbaşdak kesgitlemeli. Synag kagyz göterijilerde ýazmaça test görnüşinde geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.