Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
24.09.2025 14:13
3.5k+
"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" ýapon multfilmi taryhda iň köp girdeji gazanan animasiýa boldy
"Melgunlary ýok ediji: Ümmülmez gala" («Истребитель демонов: Бесконечная крепость») atly ýapon animasiýa filmi dünýäniň kassa ýygynda 555 million dollar gazanyp, häzirki döwürde iň köp girdeji gazanan anime filmine öwrüldi
24.09.2025 13:22
3.3k+
Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň prezidentligine saýlandy
Kristofer Nolan Amerikanyň Režissýorlar gildiýasynyň täze prezidenti wezipesine bellendi diýip, Variety neşiri habar berýär. “Interstellaryň” we “Oppengeýmeriň” döredijisi 2021-nji ýyldan bäri gurama ýolbaşçylyk eden Lesli Linka Gletteriň ornuna geçdi
24.09.2025 12:38
3.6k+
“Türkmenfilm” Tikenjik bilen Mymyjyk multserialynyň täze bölümlerini taýýarlap başlady
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi Tikenjik bilen Mymyjygyň başdan geçirmeleriniň 3-4-nji bölümleriniň önümçiligine girişdi. 6 ýaşa çenli çagalar üçin niýetlenen bu multserilada Tikenjik atly kirpijik bilen Mymyjyk atly towşanjygyň başdan geçirýän gyzykly wakalary beýan edilýär
24.09.2025 11:00
7.5k+
Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” filminiň prikwelini düşürer
Režissýor Jorj Miller serial görnüşinde “Telbe Maks: Gazap ýoly” (Безумный Макс: Дорога ярости) filminiň prikwelini taýýarlaýar. Taslamanyň önümçiligi bilen HBO Max akym platformasy meşgullanar diýip, World Of Reel habar berýär
24.09.2025 09:51
4.2k+
Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzinde hususy dynç alyş merkezini açar
Amerikaly aktýor Robert De Niro Karib deňzindäki Barbuda adasynda täze dyçn alyş merkezini (kurort) açmagy meýilleşdirýär diýip, Bloomberg habar berýär. Merkezi 2026-njy ýylyň noýabr aýynda açmak meýilleşdirilýär
22.09.2025 00:40
3.2k+
“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” filminiň ekranlaşdyrylyşynda oýnar
“Tagt oýunlarynyň” ýyldyzy Kit Harington Çarlz Dikkensiň “Iki şäher hakyndaky powestler” atly täze ekranlaşdyrylmasynda baş keşpleriň birini ýerine ýetirer. Dört bölümli mini serialy Bi-bi-si bilen MGM + döredýär diýip, Variety habar berdi
22.09.2025 00:36
4.8k+
Ortaýer deňzinde Raýan Goslingiň düşmeginde “Ýyldyzlar urşy” filmi surata düşürilip başlandy
“Ýyldyzlar urşy” atly meşhur kino seriýasynyň “Ýyldyz gyryjysy” (“Звездный истребитель”) diýip atlandyrylan onunjy bölümi surata düşürilip başlandy. Režissýor Şon Lewi surata düşüriş meýdançasyndan bir fotosuraty sosial torlara ýerleşdirdi
21.09.2025 20:00
7.5k+
Magtymguly hakyndaky türkmen-özbek filmi Bolgariýada kinofestiwalyň baş baýragyny aldy
Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematograflarynyň hyzmatdaşlykda döreden «Magtymguly Pyragy» çeper filmi Bolgariýada geçirilen XIII Halkara «Slavýanska prikazka» kinofestiwalynyň baş baýragyna mynasyp boldy. Bu barada festiwalyň resmi Facebook sahypasynda habar berildi
20.09.2025 14:21
4.6k+
Leonardo Di Kaprio bilen Jennifer Lourens režissýor Skorsezeniň täze filminde oýnar
Martin Skorseze “Gije nämeler bolýar” (Что происходит ночью) ady bilen täze film taýýarlaýar. Ol Piter Kemeronyň romanyna esaslanýar. Filmde baş keşpleri Leonardo Di Kaprio bilen Jennifer Lourens ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri ýazýar
20.09.2025 14:20
2.4k+
“Angry Birds 3 kinoda” 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykar. Ses bermäge MrBeast gatnaşar
Paramount “Angry Birds 3 kinoda” multfilminiň ilkibaşda meýilleşdirilenden ir – 2026-njy ýylyň 23-nji dekabrynda çykjakdygyny habar berdi. Ozal premýera 2027-nji ýylyň 29-njy ýanwaryna meýilleşdirilipdi. Möhleti üýtgetmek bilen döredijiler mekdep okuwçylarynyň Täze ýyl mynasybetli dynç alyş günlerinde multfilme tomaşa etmegine mümkinçilik bermek isleýär
20.09.2025 06:56
2.9k+
Disney, Universal we Warner Bros. Hailuo AI hytaý kompaniýasyny kazyýete berdi
Amerikanyň Walt Disney, Universal we Warner Bros. Discovery kino kompaniýalary Comcast korporasiýasy bilen bilelikde, emeli aň esasly şekil generatory Hailuo AI-ni döreden Hytaýyň MiniMax kompaniýasyny kazyýete berdi
20.09.2025 06:36
4.9k+
Tankytçylar Di Kaprionyň gatnaşmagynda çykan “Bir söweşden soň beýleki” filmine ýokary baha berdi
26-njy sentýabrda režissýor Pol Tomas Andersonyň baş keşbi Leonardo Di Kaprionyň ýerine ýetirmeginde çykan “Bir söweşden soň beýleki” (Битва за битвой) drama trilleriniň premýerasy boldy. Köpçülige ýaýramazdan ozal film tankytçylara görkezildi we ýokary bahalara eýe boldy: Rotten Tomatoes platformasynda 68 synyň esasynda 97% we Metacritic-de 33 synyň esasynda 100-den 96 bal
19.09.2025 00:58
5.5k+
Şalame Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýor boldy
Aktýor Timoti Şalame High Side (“Beýik tarap”) jenaýat trillerine gatnaşandygy üçin hak ujy hökmünde 25 mln dollar alar. Bu barada The New York Times gazeti ýazýar. Şeýle mukdar 29 ýaşly Şalameni Golliwudda iň köp hak alan ýaş aktýora öwürýär
18.09.2025 13:44
1.3k+
Ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen barada detektiw serial düşüriler
Tanymal daniýaly ýazyjy-ertekiçi Hans Kristian Andersen “Ertekiçi detektiw” serialynyň baş gahrymany bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär. “Betnyşan ördejik” we “Külbikejik” ertekileriniň awtorynyň keşbini aktýor Dugreý Skott ýerine ýetirer
17.09.2025 16:51
2.9k+
“Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasyna 7,4 mln adam tomaşa etdi
CBS kanalynda 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň ýaýlymyna 7,4 mln adam tomaşa etdi. Bu ABC-de ýaýlyma berlen geçen ýylky dabara bilen deňeşdirilende 8% köpdür. Şol wagt ol 2021-nji ýyldan bäri iň meşhur dabara bolupdy diýip, Variety ýazýar
17.09.2025 09:29
3.9k+
Netflix “Jadygöý” serialynyň dördünji möwsüminiň çykjak senesini aýdyp, tizeri hödürledi
Netflix опубликовал официальный тизер четвёртого сезона «Ведьмака» и раскрыл, что премьера состоится 30 октября 2025 года. Теперь роль главного героя Геральта вместо Генри Кавилла будет исполнять Лиам Хемсворт
16.09.2025 19:16
7.8k+
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň gatnaşyklary hakynda dokumental filmiň taslamasy maslahatlaşyldy
Tbiliside Türkmenistanyň ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow bilen gruziýaly kinematograf Tengiz Malania duşuşdy. Duşuşyk iki ýurduň köpugurly gatnaşyklary barada dokumental film döretmek mowzugyna bagyşlandy. Ilçi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanjak çäreler barada aýtdy
16.09.2025 18:27
2.9k+
“Doga: Soňky dessurlar” iki hepdede 330 mln dollardan gowrak ýygnady
“Doga: Soňky dessurlar” (Заклятие: Последние обряды) elhençlik filminiň kassa ýygymy iki hepde prokatyň dowamynda bütin dünýäde 330 mln dollardan geçdi. Bu barada Variety ýazýar. Ikinji dynç günleriniň jemi boýunça, film ABŞ-da 131 mln dollar ýygnap, kassa ýygymy boýunça ikinji orny eýeledi
16.09.2025 14:42
2.2k+
Şekspiriň keşbinde Pol Meskalyň oýnamagyndaky film Torontodaky kinofestiwalyň baş baýragyny aldy
Režissýor Hloýa Çžaonyň “Hamnet” dramasy Torontodaky 50-nji halkara kinofestiwalynda baş baýragyň – tomaşaçylaryň baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Film ýazyjy Meggi O’Farrelliň 2020-nji ýylda çykan adybir romanyna esaslanýar
15.09.2025 16:55
7.9k+
Londonda Jeýms Bonduň jaýy satuwa çykaryldy: bahasy £6,45 mln
Londonda britaniýaly ýazyjy Ýan Flemingiň romanlarynyň gahrymany – meşhur “007 agenti” Jeýms Bond bilen baglanyşykly diýlip hasaplanýan jaý satuwa çykaryldy. Onuň bahasy 6,45 mln funt sterlinge barabar diýip, Mansion Global habar berýär
15.09.2025 16:19
3.5k+
“Kinostudiýa” serialy 13 “Emmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy
14-nji sentýabrda Los-Anjelesde 77-nji “Emmi” telewizion baýragynyň gowşurylyş darabasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi 13 heýkele mynasyp bolan, şol sanda “Iň gowy komediýa serialy” kategoriýasynda ýeňiş gazanan “Kinostudiýa” serialy boldy diýip, Variety habar berýär
15.09.2025 15:08
1.2k+
Nintendo “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň tizerini görkezdi
Nintendo Direct tanyşdyrylyşynda “Doganlar Super Mario kinoda” multfilminiň dowamynyň ilkinji tizeri görkezildi. Täze multfilm The Super Mario Galaxy Movie adyny aldy. Tizer sýužeti açyp görkezmeýär. Wideoda kamera ilki agajyň aşagynda ýatan Mariony görkezýär, soňra şa gyzy Pijiň galasyna golaýlaýar, soň bolsa kosmosa okdurylýar
15.09.2025 09:53
4.3k+
Legendary Germiona bilen Malfoýyň söýgüsi barada muşdaklaryň hekaýatyny ekranlaşdyrar
Legendary amerikan kinokompaniýasy Garri Potter baradaky kitaplardan Germiona Greýnjer bilen Drako Malfoýyň gizlin söýgüsi barada fanfikiň esasynda döredilen kitap üçin hukuk satyn aldy. The Hollywood Reporter-iň habar bermegine görä, şertnamanyň bahasy 3 mln dollar boldy
14.09.2025 21:02
2.1k+
Paramount kompaniýasy Warner Bros.-y satyn almak barada teklip taýýarlaýar
Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros Discovery-ny (WBD) satyn almak barada teklip taýýarlaýar. Bu ABŞ-da mediakompaniýalaryň iň uly birleşmesi bolup biler diýip, The Guardian habar berýär. Şertnama Warner Bros
13.09.2025 14:59
1.9k+
OpenAI emeli aňyň kömegi bilen doly metražly multfilm döreder we ony Kannda görkezer
OpenAI-yň döredijilik hünärmeni Çad Nelson özüniň gysga metražly “Ownuk jandarlar” multfilmini doly metražly multfilme öwrer. Taslama DALL-E 2 neýroulgamynyň kömegi bilen döredildi diýip, The Wall Street Journal ýazýar
12.09.2025 18:27
3.9k+
Horror žanryndaky kitaplaryň awtory Stiwen King gowy görýän 10 filmini paýlaşdy
Amerikaly ýazyjy Stiwen King X sosial ulgamynda öz gowy görýän filmleriniň sanawyny hödürledi diýip, Deadline habar berýär. Awtor sanawa öz eserleriniň ekranlaşdyrmasyny goşmady: “Mizeri” (1990, režissýor Rob Raýner), “Ýanymda gal” (1986, režissýor Rob Raýner, “Beden” powestiniň ekranlaşdyrmasy), “Şouşenkden gaçyş” (1994) we “Ýaşyl milýa” (1999, ikisi-de – režissýor Frenk Darabont)
11.09.2025 19:49
7.2k+
Modelýer Jorjo Armani barada film düşüriler
“Ferrari” filmini döredijileriň biri bolan italýan prodýuseri Andrea Ýerwolino modelýer Jorjo Armani barada terjimehal filminiň düşüriljekdigini mälim etdi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Film XX we XXI asyrlaryň iň abraýly moda dizaýnerleriniň biri diýlip atlandyrylýan Armaniniň şahsy we hünär durmuşyna bagyşlanar
11.09.2025 10:12
4.9k+
“Jumanji 3” filmi noýabrda düşürilip başlanar - Dueýn Jonson
Aktýor Dueýn Jonson “Jumanji 3” filminiň şu ýylyň noýabrynda düşürilip başlanjakdygyny habar berdi. Taslama barada giňişleýin maglumatlar we onuň premýerasynyň senesi entek belli däl. Täze bölümiň ikinji filmiň sýužetini dowam etdirmegine we gahrymanlaryň täze başdangeçirmelerini görkezmegine garaşylýar
11.09.2025 06:32
4.7k+
Netflix “Kalmar oýnunyň” we “Sýogunyň” stilinde samuraýlar baradaky serialyň tizerini görkezdi
Netflix akym hyzmaty “Samuraýlaryň soňkusy” (Last Samurai Standing) ýapon serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Ilkinji iki bölümiň premýerasy 2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Pusandaky 30-njy halkara kinofestiwalynda bolar, alty bölümiň ählisi 13-nji noýabrda platformada çykar
10.09.2025 10:15
4.4k+
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi Warner Bros. kompaniýasyna $125 mln getirdi
Jeýms Gannyň “Supermen” filmi 2025-nji ýylda Warner Bros. kompaniýasynyň iň üstünlikli taslamasy boldy. Ol prokatda, takmynan, 614 mln dollar ýygnady diýip, Variety neşiri habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä
09.09.2025 13:11
5.3k+
Orson Uellesiň filminiň ýitirilen 43 minudyny emeli aňyň kömegi bilen döretmek isleýärler
Showrunner kompaniýasy Orson Uellesiň 43 minudy ýitirilen hasaplanýan “Ambersonlaryň ajaýyplygy” filmini dikeltmegi maksat edinýär. Bu barada Entertainment Weekly neşiri habar berdi. Dikeldiş üçin uzyn we çylşyrymly materiallary döretmäge niýetlenen täze emeli aň modeli ulanylar
09.09.2025 09:55
3.6k+
Warner Bros. Discovery öz gahrymanlaryny ulanandygy üçin Midjourney-i kazyýete berdi
Warner Bros. Discovery awtorlyk hukuklaryny bozandygy barada Midjourney neýroulgamynyň işläp düzüjisiniň üstünden kazyýet arzasyny berdi diýip, The Hollywood Reporter habar berýär. Resminamada ulanyjylaryň awtorlyk hukugy bilen goralýan kult gahrymanly şekilleri we wideolary döredip biljekdigi bellenýär
08.09.2025 16:25
3.9k+
“Ýyldyz söweşlerinden” Dart Weýderiň lazer gylyjy 3,65 mln dollara satyldy
“Ýyldyz söweşleri” trilogiýasyndan Dart Weýderiň gyzyl şöhle gylyjy Propstore auksionynda 3,654 mln dollara satyldy. Bu barada ABC News habar berýär. Bu franşizadan häzire çenli satuwa çykarylan iň gymmat rekwizit predmeti boldy
08.09.2025 13:23
2.5k+
Uill Smit we Paramount täze kino taslamalary üçin şertnama baglaşdy
Aktýor Uill Smit tarapyndan esaslandyrylan Westbrook prodýuserlik kompaniýasy Paramount bilen şertnama baglaşdy. Onuň şertlerine görä, Smit franşiza boljak blokbasterleri döretmäge gatnaşar, Paramount bolsa olary ýaýratmak üçin hukuk gazanar diýip, Deadline habar berýär
07.09.2025 19:55
2.4k+
Wenesiýa festiwalynyň “Altyn ýolbars” baýragyny Jim Jarmuşyň filmi aldy
82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň baş baýragyny – “Altyn ýolbarsy” Jim Jarmuşyň “Kaka, eje, uýa, dogan” (Отец, мать, сестра, брат) filmi aldy. Film režissýoryň soňky alty ýylda ilkinji işi boldy. Ol maşgalalara bagyşlanan üç nowelladan ybarat
07.09.2025 19:38
2.4k+
Jeýms Gann “Supermeniň” dowamynyň adyny we çykjak senesini aýtdy
“Supermeniň” dowamy “Ertiriň adamy” goşmaça adyna eýe boldy we 2027-nji ýylyň iýulynda çykar. Bu barada režissýor we DC Films-iň egindeş başlygy Jeýms Gann sosial ulgamlarda habar berdi. Ol habara Supermeniň söweş kostýumyndaky Leks Lýutoryň ýanynda duran komiks suratyny goşdy
07.09.2025 19:26
8k+
Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasyndan ýyldyza mynasyp boldy
Oskar baýragynyň eýesi Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada Fox habar berýär. Dabara penşenbe güni Los-Anjelesde geçirildi. Ony kärdeşleri – aktýorlar Al Paçino, Wiola Dewis we Oktawiýa Spenser goldady
07.09.2025 19:23
1.8k+
Momoa we 50 Cent bilen Street Fighter oýnunyň ekranlaşdyrmasy 2026-njy ýylyň oktýabrynda çykar
Paramount kompaniýasy Street Fighter oýny boýunça “Köçe söweşijisi” filminiň premýerasynyň 2026-njy ýylyň 16-njy oktýabrynda boljakdygyny mälim etdi. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Ilkibaşda taslama Lionsgate-iň elindedi we 2026-njy ýylyň martynda çykarmak meýilleşdirilipdi
06.09.2025 17:32
7.7k+
Ledi Gaga we Tim Býorton “Uensdeý” üçin döredilen aýdymyň wideosyny çykardy
Aýdymçy Ledi Gaga “The Dead Dance” aýdymy üçin klip çykardy, ol režissýor Tim Býorton tarapyndan düşürildi. Bu kompozisiýa “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsüminiň saundtregine girdi. Wideoda Gaga diwarda bäbek gurjaklaryň arasynda dur we tans edip başlaýar
05.09.2025 17:22
10k+
“28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji treýleri peýda boldy
Sony Pictures “28 ýyldan soň: Süňkler ybadathanasy” filminiň ilkinji doly treýlerini çykardy. Treýlerde tanyş gahrymanlar bilen birlikde täze keşpler hem bar. Filmiň öňki ýordumy ölüm halynda ýatan ejesi üçin lukman gözleýän oglan hakda
«
1
…
13
14
15
…
40
»
«
1
…
10
11
12
13
14
15
16
17
18
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.