Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasyndan ýyldyza mynasyp boldy

07.09.2025, 19:268,037
1 / 3

Oskar baýragynyň eýesi Jessika Çesteýn Golliwudyň Şöhrat alleýasynda ýyldyz aldy. Bu barada Fox habar berýär.

Dabara penşenbe güni Los-Anjelesde geçirildi. Ony kärdeşleri – aktýorlar Al Paçino, Wiola Dewis we Oktawiýa Spenser goldady.

“Bu ýyldyzyň öňünde durup, men Golliwudda bitirýän işimiziň ähmiýetini we beýik peşgeşini duýýaryn” – diýip, Çesteýn minnetdarlyk sözünde aýtdy.

Aktrisanyň has belli filmleriniň arasynda “Ömür daragty” (Древо жизни), “Hyzmatkär” (Прислуга), “Esasy nyşan” (Цель номер один / Zero Dark Thirty), “Interstellar” (Интерстеллар), “Marsly” (Марсианин) we “Ýat” (Память) bar. Sentýabryň ahyrynda ol Apple TV+-de “Sawant” serialynda peýda boldy we onuň prodýuseri hökmünde-de çykyş etdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.