Saýlanan şäher
14 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
filmler we multfilmler
Baş sahypa
/
Habarlar
/
filmler we multfilmler
20.06.2025 09:28
3.4k+
Aşgabadyň kinoteatrlary we sirki tomaşaçylary gyzykly başdan geçirmelere we ýiti duýgulary duýmaga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki Türkmenistanyň Döwlet sirki paýtagtyň myhmanlaryny we ýaşaýjylaryny tutuş maşgala üçin hakyky baýramçylyga öwrüljek teatr-sirk çykyşyna çagyrýar. Sahnada “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary, şeýle-de “Türkmen jigitleri” we “Gündogaryň ýyldyzlary” toparlary çykyş eder
19.06.2025 10:00
2.8k+
Tom Kruz kino pudagyna goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragyny alar
Amerikan kinoakademiýasy kino pudagynyň ösüşine goşan goşandy üçin “Oskar” hormat baýragynyň geljekki eýelerini yglan etdi. Olaryň arasynda “Missiýa ýerine ýetirmesiz” franşizasynyň ýyldyzy we häzirkizaman Golliwudynyň esasy nyşanlarynyň biri bolan aktýor Tom Kruz hem bar
18.06.2025 10:00
3.6k+
“Ahyrky nokat: Gan baglanyşygy” Internetde elýeterli boldy
“Ahyrky nokat” horror-franşizasynyň altynjy bölümi bolan “Gan baglanyşygy” (Пункт назначения: Узы крови) filmi onlaýn kinoteatrlarda çykdy. Bu barada WhenToStream habar berýär. Warner Bros. studiýasy 50 mln dollar býujet bilen dünýä prokatynda 272 mln dollar gazandy
17.06.2025 19:38
9k+
Nýu-Ýorkda “The Last of Us” serialynyň ýyldyzy Pedro Paskala meňzeş adamlaryň bäsleşigi geçirildi
Nýu-Ýorkda meňzeş adamlaryň nobatdaky bäsleşigi geçirildi. Bu gezek guramaçylar myhmanlara “The Las of Us” (“Biziň soňkymyz”) we “Narko” seriallaryndaky keşpleri bilen tanalýan aktýor Pedro Paskala has meňzeş adamlary saýlamagy teklip etdi
17.06.2025 19:31
4.1k+
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” kinoremeýki prokatyň başynda $200 mln töweregi ýygnady
“Aždarhany nädip eldekileşdirmeli” (Как приручить дракона) multfilminiň oýun remeýki dünýä prokatyna 198 mln dollar kassa ýygymy bilen başlady. Bu barada Variety ýazýar. Ilkinji dynç günleri kassa ýygymy garaşylandan ýokary boldy
17.06.2025 19:22
4.1k+
Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar: “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” filminiň tizer-treýleri çykdy
Universal Pictures “Ýura eýýamynyň dünýäsi: Galkynyş” (Мир Юрского периода: Возрождение) filminiň täze tizer-treýlerini hödürledi. Wideo “Dinozawrlar Ýeri dolandyrýar” ady bilen çykdy. Filmiň premýerasy 2025-nji ýylyň 2-nji iýulyna meýilleşdirilýär
17.06.2025 12:58
1.8k+
Netflix Wensan Kassel bilen Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” filmini surata düşürer
Netflix Wiktor Gýugonyň “Pariždäki Bibimerýem ybadathanasy” nusgawy romanyny ekranlaşdyrmaga taýýarlanýar. “Kwazimodo” filmindäki baş keşbi fransuz aktýory Wensan Kassel ýerine ýetirer diýip, Deadline neşiri habar berýär
16.06.2025 17:37
2.1k+
Robert Eggers ýazyjy Dikkensiň “Roždestwo aýdymynyň” esasynda gorkunç film taýýarlaýar
Warner Bros. Çarlz Dikkensiň “Roždestwo aýdymy” (Рождественская песнь) powestiniň täze ekranlaşdyrmasynyň üstünde işläp başlady. Filmi döretmek bilen “Jadygöý” (Ведьма) we “Nosferatu” (Носферату) ýaly üstünlikli horrorlar bilen tanalýan Robert Eggers meşgullanar
16.06.2025 17:33
4.5k+
«Gök gürrüldedijiler*» filmi önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi
«Gök gürrüldedijiler*» (Громовержцы*) kinokomiksi dünýä boýunça prokatda 371 million dollar gazandy we önümçilik çykdajylaryny ödäp bilmedi. Bu barada «Variety» neşiri habar berýär. Neşiriň bellemegine görä, kassadaky gazançlara görä bu film Marvel kinoälemindäki iň şowsuz filmleriň biri boldy
15.06.2025 22:32
4.6k+
Netflix “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň soňky treýlerini görkezdi
Netflix “Kalmar oýny” serialynyň üçünji möwsüminiň soňky treýlerini hödürledi. Täze bölümleriň premýerasy 27-nji iýunda bolar. Wideoda baş gahryman Gi-Hun öňki oýunlary ýadyna salyp, dostlarynyň ölüminde we öz ýalňyşlyklarynda özüni günäkär hasaplaýar
15.06.2025 15:33
5.1k+
Disney we NBCUniversal öz personažlaryny ulanandygy üçin neýroulgamy kazyýete berdi
The Walt Disney Company we NBCUniversal kinokompaniýalary Los-Anjelesiň federal kazyýetine emeli aňyň kömegi bilen şekil döretmek bilen meşgullanýan Midjourney startapyna garşy şikaýat arzasyny berdi. Bu barada The New York Times habar berýär
13.06.2025 10:35
3.4k+
Repçi Snup Dogg barada baýopik düşüriler
Repçi Snup Dogg özi baradaky filmiň surata düşüriş işlerine gatnaşar. Bu filmde onuň dünýä meşhurlygyna alyp baran ýoly we aýdym-saz pudagyndaky ilkinji ädimleri barada gürrüň berler diýip, Deadline neşiri habar berýär
12.06.2025 18:20
2.9k+
Kann kinofestiwaly indiki ýyl üçin senäni tassyklady
2026-njy ýylda Kann kinofestiwaly 12-nji maýdan 23-nji maý aralygynda geçiriler. Bu barada ýakynda 78-nji möwsümini tamamlan festiwalyň resmi sosial ulgamlarynda habar berilýär. Kann kinobazarynyň geçiriljek senesi heniz belli däl
12.06.2025 12:25
2.8k+
Disney+ Marvel-den “Demir ýürek” mini-serialynyň täze treýlerini görkezdi
Disney+ “Gara babyr: Wakanda baky” (Чёрная Пантера: Ваканда навеки) filminiň dowamy bolan “Demir ýürek” mini-serialynyň ikinji treýlerini çykardy. Sýužetiň merkezinde Demir ýürek hökmünde tanalýan 15 ýaşly okuwçy we oýlap tapyjy Riri Uilýams durýar
11.06.2025 12:47
4.8k+
“Lilo we Stiç” remeýki kassa ýygymynda 770 million dollardan gowrak girdeji gazandy
Disney-iň “Lilo we Stiç” multfilminiň oýun remeýki dünýä boýunça kassa ýygymynda 772,5 million dollar toplady. Film 2025-nji ýylda girdejisi 1 milliard dollardan geçen ilkinji film bolup biler. Demirgazyk Amerikada film 335,8 million dollar, halkara bazarlarynda bolsa 436,8 million dollar girdeji gazandy
10.06.2025 21:51
5.1k+
HBO “Garri Potter” serialynda ikinji derejeli keşpler üçin aktýorlary saýlady
HBO Original Garri Potter baradaky serialda ikinji derejeli keşpler üçin tassyklanan aktýorlaryň atlaryny mälim etdi. “Hogwarts” mekdebiniň okuwçysy we baş gahrymanyň garşydaşlarynyň biri bolan Drako Malfoýy britaniýaly aktýor Loks Pratt oýnar
10.06.2025 21:41
6.7k+
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” $450 mln ýygnady, ýöne özüni ödemek üçin heniz kän gerek
“Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk” (Миссия невыполнима: Финальная расплата) filmi prokatyň iki uikendiniň dowamynda 450 mln dollar ýygnady. Bu barada Variety neşiri habar berýär. Kassa ýygymlarynyň üçden biri ($149 mln) amerikan bazarynyň paýyna düşdi, bu ýerde film “Lilo we Stiç” remeýki bilen bir hatarda prokatda öňdebaryjy bolmagynda galýar
10.06.2025 15:23
1.7k+
Warner Bros. Discovery iki kompaniýa bölünýär
Warner Bros. Discovery amerikan korporasiýasy iki garaşsyz jemgyýetçilik kompaniýasyna bölünýändigini habar berdi. Korporasiýanyň beýanynda bu çözgüdiň her bir iş ugrunyň mümkinçiliklerini doly açyp görkezmäge gönükdirilendigi aýdylýar
10.06.2025 13:12
3.2k+
“Jon-Uigiň” spin-off-y prokatda garaşylan netijäni bermedi
“Balerina” filmi – “Jon Uigiň” ilkinji doly metražly spin-off-y amerikan prokatyna 25 mln dollar bilen başlady. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, premýeradan öň film azyndan 35 mln dollar ýygnar diýlip garaşylypdy
08.06.2025 20:59
3.3k+
Denzel Waşington Marvel-iň “Gara Babyr 3” filminde düşer
Amerikaly aktýor Denzel Waşington “Gara Babyr” franşizasynyň üçünji bölüminde surata düşer. Bu maglumaty super gahrymançylykly filmiň režissýory Raýan Kugler "E News" gazetine beren interwýusynda tassyklandy. Waşingtonyň özi ozal Kugler üçin ýörite keşp döretmek isleýändigini aýdypdy
08.06.2025 17:41
2.4k+
“Barbini” döredijiler kinostudiýa açdy we eýýäm oýnawaçlar barada 14 taslama taýýarlaýar
Mattel oýnawaç öndürijisi Mattel Studios ady bilen hususy kinostudiýasynyň açylandygyny mälim etdi. Ol kompaniýanyň meşhur oýnawaçlarynyň esasynda filmleri we seriallary düşürer diýip, Deadline habar berýär. Täze bölümçe kompaniýanyň kino we teletaslamalaryň önümçiligi bilen meşgullanýan ähli bar bolan ugurlaryny birleşdirer
08.06.2025 11:23
6.1k+
“Keseki: Ýer” serialynyň doly derejeli treýleri çykdy
FX studiýasy şouranner Noa Houliden “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля) serialynyň ilkinji doly derejeli treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 12-nji awgustda bolar. Serialda waka “Prometeýden” birnäçe ýyl we franşizanyň ilkinji filminden 30 ýyl öň bolup geçýär
08.06.2025 11:18
3.4k+
Bred Pitt we Çenning Tatum howply motoýaryşlar barada filme prodýuserlik eder
Aktýorlar Çenning Tatum we Bred Pitt dünýäde iň howply ýaryşlaryň biri bolan meşhur Isle of Man TT motoýaryşy baradaky filmiň prodýuserleri bolup çykyş eder. Bu barada Deadline habar berýär. Bu filmde baş keşbi Tatum ýerine ýetirer
07.06.2025 19:34
8k+
Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordyny goýdy
Aktýor Tom Kruz ot alan paraşýut bilen 16 gezek böküp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girmegi başardy. Howply hokga (trýuk) franşizanyň «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») atly sekizinji filminiň surata düşürilýän wagty ýerine ýetirildi
07.06.2025 18:55
1.7k+
Iýulda Stiwen Kingiň «Institut» atly romany boýunça düşürilen serial görkeziler
Stiwen Kingiň adybir romany esasynda surata düşürilen «Institut» serialy 13-nji iýulda «MGM+» striming hyzmatynda görkeziler. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Taslama sekiz bölümden ybarat. Serialyň režissýory Jek Bender, ssenarisini bolsa Benjamin Kawell ýazdy
07.06.2025 11:37
8.7k+
«Missiýa ýerine ýetirmesizdäki» iň howply hokga TikTok wideosyndan gelip çykypdyr
Kann kinofestiwalynyň dowamynda režissýor Kristofer MakKuorri «Missiýa ýerine ýetirmesiz: Ahyrky hasaplaşyk» («Mission: Impossible – The Final Reckoning») filmindäki akyl ýetirip bolmajak hokgalaryň (trýuk) biriniň nädip dörändigi barada aýdyp berdi
06.06.2025 08:58
1.9k+
Jeýms Kemeron ýyrtyjy elflere garşy göreş hakyndaky “Şeýtanlar” romanyny ekranlaşdyrýar
“Titanik”, “Terminator” we “Awatar” filmleriniň döredijisi Jeýms Kemeron “Şeýtanlar” (“Дьяволы”) atly täze fentezi taslamasynyň edebi esasyny ýazar. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi. Film iňlis ýazyjysy Jo Aberkrombiniň adybir romany esasynda dörediler
05.06.2025 16:05
4.6k+
Killian Mýorfi “28 ýyl soň” trilogiýasynyň ähli filmlerinde peýda bolar
Irlandiýaly aktýor Killian Mýorfi täze “28 ýyl soň” (28 лет спустя) trilogiýasynyň ähli bölümlerine gatnaşar. Bu barada režissýor Denni Boýla salgylanyp, ING habar berýär. Boýl ssenariçi Aleks Garlend bilen bilelikde howply wirus baradaky filmiň dowamy üçin köpden bäri pikiriniň bardygyny aýtdy
05.06.2025 10:22
2.5k+
“Ýetginjeklik döwri” mini-serialy Gotham TV Awards-yň baş baýragyny aldy
Netflix-iň “Ýetginjeklik döwri” (Adolescence / Переходный возраст) mini-serialy Gotham TV Awards dabarasynda üç baýraga mynasyp boldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Nýu-Ýorkda geçirildi diýip, Variety habar berýär
05.06.2025 09:35
4k+
Collider soňky 30 ýylyň iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmlerini saýlady
Collider amerikan neşiri soňky 30 ýylda çykan iň ýaramaz düşürilen gorkunç filmleriň sanawyny hödürledi. Iň ýaramaz horror “Winni-Puh: Gan we bal” (Винни-Пух: Кровь и мед) filmi boldy. Collider ony “arassa ýaltalyk we içgysgynçlyk” hökmünde häsiýetlendirip, “Bu göz öňüne getirip boljak iň bir ýürekgysgynç we bir görnüşli horror-tejribeleriniň biri” diýip belledi
04.06.2025 15:36
2.3k+
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» filmi iýunyň ortalarynda sanly görnüşde çykar
«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» («Final Destination Bloodlines») horror filmi 17-nji iýunda sanly görnüşde elýeterli bolar diýip, «WhenToStream» portaly habar berýär. «Warner Bros.» studiýasynyň filmi ilkinji gezek maý aýynyň ortalarynda dünýä boýunça prokata çykdy we 50 million dollarlyk býujeti bilen 229 million dollar gazandy
03.06.2025 17:08
3.2k+
Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň onunjy bilelikdäki filmi 2026-njy ýylda çykar
Netflix akym hyzmaty Ben Afflek bilen Mett Deýmonyň gatnaşmagynda “RIP” jenaýat trilleriniň çykjak senesini yglan etdi. Onuň premýerasy 2026-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda bolar diýip, Deadline habar berýär. Filmiň sýužeti ogry-jümrüleriň mesgeninde millionlarça dollar tapýan Maýamiden polisiýa işgärleriniň topary barada gürrüň berýär
02.06.2025 17:30
6k+
“Kalmar oýnunyň” ahyrky möwsüminiň treýleri çykdy. Premýera – 27-nji iýunda
Tudum festiwalynyň çäklerinde “Kalmar oýnunyň” üçünji möwsüminiň treýleri görkezildi. Günorta koreý serialynyň global premýerasy 2025-nji ýylyň 27-nji iýunyna meýilleşdirilýär. Üçünji möwsümiň wakalary geçen ýylyň ahyrynda çykan ikinji möwsümiň gönüden-göni dowamy bolar
02.06.2025 17:26
3.4k+
Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizeri peýda boldy
Netflix akym hyzmaty režissýor Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Film noýabr aýynda çykar. “Frankenşteýn” tejribeleriň üsti bilen ähli adamlar üçin howp salýan hakyky nägehany döredýän doktor Wiktor Frankenşteýn barada gürrüň berýär
02.06.2025 14:14
7.5k+
«28 ýyl soň» filmi bir wagtda 20 sany iPhone-da surata düşürildi
Britaniýaly režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» («28 Years Later») horror filmini surata düşürmek üçin düýpgöter täze usuldan peýdalanypdyr. Filmiň käbir esasy sahnalary dürli ýerlere ýerleşdirilen şol bir wagtda 20-ä çenli iPhone smartfonynyň kömegi bilen surata düşürilipdir
02.06.2025 13:29
4.9k+
95 ýaşly Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlady
Oskar baýragynyň eýesi, amerikaly režissýor Klint Istwud täze filmiň üstünde işläp başlandygyny habar berdi. Bu barada Reuters habar berýär. Eastwood Awstriýanyň “Kurier” neşiriniň žurnalistlerine beren interwýusynda "Adamyň ýaşy ulaldygysaýyn öňküdenem gowy bolup bilmezligine sebäp ýok
02.06.2025 13:04
12k+
Jeki Çan haýsy kinolary has gowy görýändigini aýtdy
Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan özüniň gowy görýän filmleri barada aýtdy. Letterboxd neşiri bilen söhbetdeşlikde 71 ýaşly artist özünde uly täsir galdyran dört filmi agzap geçdi. Çan “Rokki” sport dramasynyň (Рокки
01.06.2025 13:50
3.3k+
Režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zady auksiona çykarylar
Julien’s Auctions auksion öýi Turner Classic Movies bilen bilelikde režissýor Dewid Linçiň 400-den gowrak şahsy zadyny satuwa çykarar diýip, Variety habar berýär. The David Lynch Collection atly auksion 18-nji iýunda Kaliforniýada onlaýn görnüşde geçiriler
31.05.2025 15:49
2.9k+
Netflix «Pyçaklar çykaryldy» filminiň trikweli üçin syrly tizerleri paýlaşdy
Netflix striming hyzmaty «Pyçaklar çykaryldy: Oýan, merhum» («Wake Up Dead Man: A Knives Out Mystery») atly filme degişli iki sany tizer paýlaşdy. Bu meşhur detektiw Benua Blank barada düşürilýän franşizanyň üçünji bölümi bolup, onuň keşbini ýene-de Deniel Kreýg ýerine ýetirýär
31.05.2025 13:58
1.7k+
“Tom we Jerriniň” anime wersiýasy YouTube-da mugt görkeziler
Warner Bros. kompaniýasy Tom & Jerri Gokko anime serialynyň treýlerini – syçan bilen pişigiň tükeniksiz oňşuksyzlygy hakyndaky meşhur “Tom we Jerri” multserialynyň täze wersiýasyny hödürledi. Bu treýlerde gahrymanlar, nusgawy multserialdaka garanyňda, biraz dostlukly gatnaşyklara ýykgyn edýärler
«
1
…
18
19
20
…
40
»
«
1
…
15
16
17
18
19
20
21
22
23
…
40
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.