HBO “Garri Potter” serialynda ikinji derejeli keşpler üçin aktýorlary saýlady

10.06.2025, 21:515,139
1 / 7

HBO Original Garri Potter baradaky serialda ikinji derejeli keşpler üçin tassyklanan aktýorlaryň atlaryny mälim etdi.

“Hogwarts” mekdebiniň okuwçysy we baş gahrymanyň garşydaşlarynyň biri bolan Drako Malfoýy britaniýaly aktýor Loks Pratt oýnar. Ozal ol Uilýamm Goldingiň romany boýunça düşürilen “Siňekleriň hökümdary” serialynda keşpleriň birini ýerine ýetiripdi.

Tom Felton (“Garri Potter” kinofranşizasynda Drako Malfoýyň obrazynda) we Loks Pratt
Drakonyň kakasynyň – jadygöý Lýusius Malfoýyň keşbini aktýor Jonni Flinn ýerine ýetirer. Jadygöý we Ron Uizliniň ejesi Molli Uizlini ekranda Ketrin Parkinson janlandyrar.

Jeýson Aýzeks we Jonni Flinn

Juli Uolters we Ketrin Parkinson

Şeýle-de, Garri Potteriň deň-duşlarynyň keşpleri üçin aktýorlar saýlandy: Leo Erli (Simus Finniganyň keşbinde), Alessiýa Leoni (Parwati Patil) we Sienna Musa (Lawanda Braun).
Garriniň daýzasyny we daýysyny – Petuniýa we Wernon Dursleýi – Bel Pauli we Deniel Rigbi oýnar. Jadygöýlik ministri Kornelius Fajyň keşbini Berti Karwel ýerine ýetirer.

Fiona Şou we Bel Pauli

Riçard Giffits we Deniel Rigbi

Robert Hardi we Berti Karwel

Ýatlap geçsek, HBO 2023-nji ýylyň aprel aýynda serialyň üstünde işlenip başlanandygyny habar berdi. Döredijileriň aýtmagyna görä, serial Joan Roulingiň “meşhur kitaplarynyň doly ekranlaşdyrmasy” bolar.
Serialy düşürmek işleri 2025-nji ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Birinji möwsümiň 2026-njy ýylda çykmagyna garaşylýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.